Latin

Derýada - 2

Total number of words is 3928
Total number of unique words is 2052
34.9 of words are in the 2000 most common words
49.6 of words are in the 5000 most common words
56.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Gülennam, meniň tabagyma suw goýup getir! — diýip ýüzlendim.
— Suw guýaýyn weli, sesiň näme titreýär? - diýip, gyz maňa mekirlik bilen sowal berdi.
Onuň adyny tutanymda sesimiň titräp gidendigini özüm hem duýupdym. Başga diýere zat
tapmadym-da:
— Seniň adyňy tutan adamyň sesiniň titremezligi boljak iş däl, ylaýta-da meniň
ýagdaýymdaky adamyň — diýip jogap berdim.
Ol aýratyn bir näz bilen suw getirdi-de, özüniň jereniňki ýaly owadan, köp manyly
nazaryny maňa dikdi:
— Ine, suw! Ýene näme gerek? — diýidi.
Men onuň elindäki suwly tabagy alyp gapdalda goýdum, iki goşaryndan gaýym tutdumda:
— Gülennam , men seni görmedik günüm däli-mejnun bolýaryn... Şuny bilýärmiň?- diýip
soradym.
Gyz elinden tutanyma garşylyk görkezmedi. Ýylgyrdy:
— Meni görmedik wagtyň nähili bolýandygyňy men näbileýin. Ol wagt men hem seni
görmeýärin ahyry...
— Gülennam, oýun etme, meniň ýagdaýyma düşün...
— Oýun edýän sen. Suwum gutardy diýdiň, suw getirip berdim. Taňryýalkasyn diýmegiň
ýerine elimden tutduň. Bu oýun bolman dagy näme?
Biziň mähriban dostlugymyz şu günden başlandy.
Gülennam näme üçin gyz bolup dörändigini bilmeýärin, ol özüniň bütin bolşy-gylygy
bilen oglana meňzeýärdi. Emma onuň görki-görmegini beýan etmäge dil gerekdi. Onuň boýy
ortadan ýokarrakdy. Ýüzi akdy, gözleri ullakandy, garady, tez maralyňky ýaly oýnaklap
durýardy. Saçy! Wah, onuň saçy ýaly saça men ömrümde duş gelemok. Beýle saç adam
balasynda bardyr diýseler ynanmazdym. Onuň owadan kellesi sähelçe öňe tarap egilse, dört
örüm ýogyn saçynyň ujy ýere degýärdi. Maňlaýy giňdi. Ol toý günleri, gurbanlyk ýa-da haýyt
baýramlarynda täze köýnek, täze köwüş geýip çykardy. Men gyzyň şu görnüşine guwanyp, ol
günleriň ählisini serhoş bolup geçirerdim. Ol günlerde näme edip, näme goýýandygymy
bilmezdim. Ol hem şeýledi, emma köp azar çekip, bildirmezlige çalyşýardy. Men muny niçiksi
bilýärdim diýseňiz-le, men muny onuň her bir basan ädiminden, dem alşyndan, göz astyndan
bakyşyndan, ah çekişinden bilýärdim. Men öz tamymyzyň ýanyna gidip işlän wagtlarymda ol
meniň yzymdan nahar elterdi. Yzymdan gelýän naharlar bir adam iýerden artyk bolýardy,
tagamly duýulýardy. Çörek mydama artyp galardy. Men gyzyň öz iýmeli zatlaryny meniň
paýymyň üstüne goşup gelýändigini duýýardym. Emma muny beýtme diýip bilmezdim. Oňa
gaty-gaýrym bir zat diýmäge diliň barjak däldi. Men iýip başlardym. Ol bolsa ýanymda oturyp,
süýji dili bilen meniň göwnümi götererdi. Meni şeýle bir ýagşy görýärdi weli, meniň elime
tiken ursa gözünden boýur-boýur ýaş dökerdi.
Ol gaty batyr, mert, şunuň bilen birlikde-de, gaty degişgen gyzdy. Özüni goramagy
başarýardy. Ol maşgalanyň ýeke perzendidi. Lälik ösüpdi. Her gün bir hili mylaýym bezzatlyk
ederdi. Sygra münerdi, ejesini käýindirerdi. Erkek oglanlar ýaly sapan atyp, jöwen gorardy.
Gijelerine hiç zatdan gorkmazdy. Käwagtlar öý üçin ýa-da telär etmek üçin gamyş gerek
bolanda, derýa kenaryna giderdi-de, eşege basyryp ýükläp gamyş getirerdi. Şeýle wagtlaryň
birinde jeňňeliň içinde Gülennama biri dil ýetipdir. Ýanyna gelip bälçiräp başlapdyr. Gyz bir
aýdypdyr, gitmändir, iki aýdypdyr, gimändir, gaýtam onuň elinden tutjak bolupdyr. Gülennam
gazaplanypdyr, birden ýaňkynyň gulagynyň ýumşajyk ýerini oragy bilen kesipdir, ol ýigidiň
özüni-de derýa oklaryn diýip gorkuzypdyr. Ýigit, “kime beren bi alla” diýip gaçypdyr. Gyzdan
şeýle basga galyp horluk çekenini aýtmakdan utanypdyr-da, gulagymy syçan kertdi diýipdir. Bu
habary iliň içinde Gülennamyň özi ýaýratdy. Ol ýigidiň bolşuna, oba adamlary iki ýyllap
güldüler. Gülennam edil erkek adam ýalydy. Hiç kime hakyny gidermezdi. Men dogrusyny
aýtsam, şeýle owadan, mähriban, her zatdan baş alyp çykyp bilýän gyza bütin ömrümde duş
gelmedim. Ol özboluşy, hiç kime meňzemeýän, batyr gyzdy. Şunuň bilen birlikde-de, örän
mylaýym gözeldi.
Ol meniň ýadymda edil şeýle bolup galdy. Suraty ýüregime edil şeýle bolup ýazyldy.
Biziň biri-birimize bolan söýgimiz älem ýaly giňdi, tükeniksizdi, düýplüdi. Jeýhun ýaly
joşgunlydy...
Rozy çep eli bilen ruly tutup, sag elini çep goltugyna sokdy. Ondan bir düwünjek
çykardy. Ol düwünçegi emaý bilen çözdi-de, onuň içinden towşanyň ýukajyk hamyndan tikilen
çaýhalta çykardy. Çaýhaltanyň ýarysyna çenli ak, gyzyl, sary, gara ýüpekden nagyş çekilipdir.
Bu nagyş örän inçe, örän gözel, örän nepisdi. Çaýhalta beýik ussadyň elinden çykan sungat
ýadygärligine meňzeýärdi.
Rozynyň ýüzüniň hamy titräp gitdi. Eli sandyrady. Gaşlary çytyldy. Maňlaýynyň
ýygyrtlary köpeldi.
— Şu halta indi kyrk bir ýaşynda gitdi. Muny Gülennam bejerdi. Maňa sowgat edip
berdi — diýende, altmyşdan geçen ýaşulynyň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi...
VIII
Rozy haltanyň-da, düwünçegiň-de eplemini bozman, öňküsi ýaly edip onuň daşyny emaý
bilen sarady. Ony çep goltugyna, edil ýüreginiň üstünde, köýneginiň iç ýüzünden ýörite tikilen
jübüsine saldy. Soňra elini çykardy-da, goýä şu aralykda ýaňky halta gaçyp galan bolaýmasyn
diýen ýaly, eli bilen onuň üstünden sypalap gördi. Şundan soň jany aram tapan ýaly boldy.
Emma ol ýene-de suwa seretdi. Köp wagtlap başyny galdyrman oturdy. Biziň ýagdaýymyz-da
öwerlik däldi. Rozy bu görkezen zady hem-de göz ýaşy bilen biziň halymyzy perişan etdi.
Rozynynyň gürrüňiniň ahyry aýylganç bir waka barada boljakdygy indi ikuçly däldi. Biziň
ýüreklerimiz muny öňünden duýdy. Biz indi bir hili howsala düşüp başladyk.
Diňe şol çaýhalta, onuň kyrk ýyllap güýçli bir ýüregiň ýylysyny alyp durmagy biziň
akylymyzy haýran edipdi. Rozy her demsaýy özüniň syrly boluşlary bilen biziň göz öňümizde
beýgelýärdi. Onuň häzirki ýagdaýy agyrdy. Ol başyny göterip bilmeýärdi. Onuň ýagyrnysynyň
hökgüsi edil biziň göz öňümizde ulalýardy, kellesi barha aşak egilýärdi. Ony ajaýyp bir gyza
bolan söýgi iki büküpdi... Indi bu hakykatdy.
Biz gürrüňiň yzyny şunça eşidesimiz gelse-de, ony gyssamaga milt edip bilmeýärdik. Bu
wagt bir zat diýseň, bir sowal berseň, Rozy edil biziň gözümizden gaýyp bolaýjak ýalydy. Indi
onuň gürrüňini şu ýerde kesmejegini biz bilýärdik. Ol bu hekaýatyň yzyny hökman dowam
etjekdi. Şunuň özi biziň ýüreklerimize teselli berýärdi. Emma oňa häzir geplemek kyndy, özüni
ele almalydy. Demini dürsemelidi.
Rozynyň başyny galdyrman suwa seredişi, suwuň kä ýerde towlam-towlam bolup çogup
durşuny görende, ondan gözüni aýryp bilmeýşi biziň üçin düşnüksizdi. Ýöne weli, gürrüňiň
dowamynda bu syryň-da açyljagyny biz bilýärdik.
Rozy birden gürrüňini dowam etmek bilen bizi geň galdyrdy. Onuň sesi öňküsi ýaly
güňleç çykdy:
— Siz meniň häzirki bolşuma geň galmaň. Men Güllennamyň yşkyna düşen
wagtlarymda, ýigrimi ýaşly ýigit wagtlarymda bütinleý başga hili adamdym. Dört eşegi hatara
durzup, olaryň üstünden böküp bilýärdim. Otuz ýaşly men diýen pälwanlaryň dyzyny ýere
degirýärdim. Amyderýanyň giň ýerlerinden ýüzüp geçmegi başarýardym. Derýa boýundaky
jeňňeliklerde bir gezek bir mekejin bilen başa-baş söweşe girip, onuň läşini serdim. Bu zatlar
indi ertekidäki ýaly bolup galdy. Siz, belki bu sözlere ynanýan hem dälsiňiz, ýöne, men weli,
ýalan sözlemegi başarmaýaryn. Şuny pugta bilip goýuň. Indi öňki gürrüňi dowam edeliň...
Şeýle diýmek bilen Rozy göreşe çykjak pälwan ýaly ellerini çermedi, ykjamlady, gürrüňe
başlady:
— Gülennam ikimiziň biri-birimizi söýşümizi men hiç zat bilen deňäp biljek däl. Bu
üýtgeşik söýgüdi. Soňabaka biz biri-birimizi ýarym gün görmän gezsek, edil akyldan azaşaýjak
ýaly bolýardyk. Güýz düşdi. Biziň toýumyzyň tutuljak pursaty golaýlaşýardy. Men öz
tamymyzyň töweregindäki jöweniň başyny gaňryp ýördüm. Sapa gotur bazara gidipdi. Bu
wagtlara çenli Gülennam ikimiziň gatnaşygymyz öse-öse iň belent derejä ýetipdi.
Ol meniň yzymdan nahar getirdi. Onuň ýüzüne gözüm düşen badyna Gülennamyň
keýpiniň ýokdugyny gördüm. Ýüregim gürsüldäp başlady. Gyz nahary goýdy-da, başyny aşak
saldy. Men biriniň göräýmeginden çekinip, ony jöweniň içine çekdim. Soňra bagryma basyp:
— Ezizim, mähribanym, janym Gülennam, bu nähili boluş? Bu nähili ýagdaý? —
diýdim.
Ol bir elini meniň boýnuma saldy. Beýleki eli bilen şu çep elimiň goşaryndan sypalady.
Ynha şu ýerde — diýip, Rozy çep eliniň ýeňini ýokary çekdi.
— Hawa, ine şu ýerden. Gülennamyň sypalan ýerine syn etseňiz, bu ýeriň hamy elimiň
başga ýeriniňkiden agrakdyr. Men ol wagt, elimi çermäp işleýärdim...
Biziň üçümiz-de Gülennamyň sypalan ýerine bütin pikirimizi berip syn etdik. Rozynyň
eliniň ol ýeriniň hamy başga ýeriniňkiden gara bolmasa, ak däldi. Rozy weli, eliniň ol ýeriniň
hamynyň başga ýeriniňkiden akdygyna ynanýardy. Şonuň üçin biz hem “şeýle garry” diýip
tassykladyk. Men, gara öý ýaly çagşan bu garry bedende şeýle beýik ýüregiň ýerleşýändigine
geň galyp, dodagymy dişledim.
Soňra nemli gözlerini maňa dikdi-de:
— Rozy jan, ezizim, ýüregim gysýar, oturyp-turup kararym ýetmeýär. Hernä Hudaý
ikimizi biri-birimize köp görmesin-dä... — diýdi.
Men çalaja ýylgyrdym-da:
— Ezizim, sen çagalyk edýärsiň? Ýürek gysmak bilen hiç kime hiç zat bolýan däldir. Sen
beýle diýme. Ine, hasyly ýygnap gutararys. Kakaň toýumyzy eder. Soňra el-ele berip ýaşap
başlarys — diýip, onuň alyn saçyndan ogşadym. Ol eziz saçyň her bir taryndan müşk ysy
gelýärdi.
— Hernä agzyňdan Hudaý eşitsin — diýip, Gülennam pamyk ýalyjak eli bilen meniň
barmaklarymy oýnady. — Ýöne , meniň ýüregim gysyberse bir erbet iş ýüze çykýar. Belki, bu
gezek hiç zat bolmaz. Howul bela, sowul bela!..
— Hiç zat bolmaz, hiç zat bolmaz, ezizim! Mert bol! — diýip, men oňa göwünlik berdim.
Gülennam gaýtdy. Men hars urup işledim. Jöwen başyny näçe çalt gaňyrsam, hasyl hem
şonça tiz ýygnalyp gutaryljakdy. Hasyl näçe tiz ýygnalsa hem biziň toýumyz şonça tizleşjekdi.
Men muny bilýärdim. Şonuň üçin-de janymy aýaman işleýärdim.
Sapa goturyň öz ýerindäki, meniň ýerimdäki hasyllary ýygnap gutardyk. Jöwen, mäş,
künji ýaly ekinlerden birneme hasyl aldyk. Kak serdik. Igde ýygnadyk. Sygrymyza, eşegimize,
bir jübüt öküzimize gyş üçin ot-iým taýýarladyk. Hemmämiz oturyp maslahat etdik. Hasaphesip işini etdik. Artykmaç dänämizi satyp, toýa taýýarlyk görmeli diýen karara geldik.
Sapa gotur öňki mylaýymlygy, şadyýanlygy bilen şeýle diýdi:
— Oglum Rozy, seni maňa Hudaý berdi. Men gyzymy gowy görýärin. Seni-de ondan
kem göremok. Maňa beýle diýmek gelişmese-de, gelişýän däldir, emma men gowy görýän
adamymyň ýanynda utanman geplemegi halaýaryn. Men, ikiňizi şu ýerde, öz tamymyzyň
ýanynda öýli-işikli etjek...
Gülennam kakasynyň bu sözünde utandy, daş çykdy. Sapa gotur mylaýym ýylgyrdy-da:
— Utanan bolýar weli, öz-ä seni ýaman görenok — diýdi. Men hem gyzardym. Soňra
ýaşuly oýun etmesini bes etdi-de, aýalyna ýüzlendi:
— Sen gyza, ýigide taýýarlanmaly zatlary taýýar et. Men gallalary sataşdyraýyn. Bu işi
sag-aman sowaly...
Men şol agşam ýatylmazynyň öň ýanynda Gülennamy gördüm. Biziň ikimiz-de
begenjimizden gözümize ýaş aýladyk.
Şeýdip, biziň toýumyz ýakynlaşýardy.
Emma şunuň bilen birlikde... gara günler hem golaýlaşýar eken...
IX
Şol güýz Sapa goturyň ýakyn görüşýän obadaşlaryndan Serdar juwazçy diýen adam
ilkinji bolup, ogluny öýerdi. Onuň çakylykçysyny ugradan badyna, Sapar gotur aýalyny ýanyna
çagyrdy.
— Serdaryň toýuna hemmämiz barmasak gaty görer. Emma men Gülennamy äkitmegi
halamok. Ol indi göze görnüpdir. Özi-de tüweleme gaty görmegeý.
— Wiý, kakasy, diýýäniň näme? Biziň maşgalamyz bilen kimiň näme işi bar? Onsoňam
Gülennam indi adagly edildi ahyry. Rozy-da biziň bile gider. Goýaweri, toýa hemmämiz
gideliň. Öz toýuň hem daş däl. Barmasak olar hem gelmez...
Yzymdan baranda, Gülennamyň ýüregini gysyşyny gürrüň berşi, Sapa goturyň ony toýa
äkitmek islemeýşi, meni bir hili geň galdyrdy. Belki, olar birzat eşidendirler. Ýok, beýle
bolmagy mümkin däl. Olaryň menden gizlin syrlary ýokdy. Şonuň üçin men muňa ähmiýet
bermedim.
Biz gapyny gulplap, dördümiz hem bile gitdik. Barsak toý gyzyşan eken. Ortada uly ot
ýakylypdyr. Onuň daşynda adamlar gaýda-gaýmalyşykdy. Bagşy aýdýardy. Gelin-gyzlar
dogup gelýän gün ýaly gyzaryşyp öýüň içinde-daşynda gezim edýärdiler, erkek adamlaryň
toparyna goşulmaýardylar. Heniz-de ýakynda-daşdan gelýän adamlaryň yzy üzülmeýärdi. Ine,
mydama bir bezzatlyk ýa-da ilde ýok zady etmäge öwrenen Mätnyýaz hem geldi. Onuň
çapylýan atlary, ýorga ýabylary kändi. Emma ol näme üçindir bu gün eşekli geldi. Adatda
eşege gaňňa salynýar. Ol bolsa eşegine atyň eýerini salypdyr, uýanlap, agyzdyrygyny-da
geýdiripdir. Eşegi at görnüşinde bezäpdir. Bilşiňiz ýaly ol meniň köne gandarymdy. Men
ondan gany göwnejaý edip almagyň pikirini bir minut-da ýadymdan çykarmaýardym. Bu
duýgy mende ylaýta-da soňky wagtlarda, Gülennam ikimiziň toýumyz golaýlaşdygyça
güýjeýärdi. Sebäbi men ösdüm, kemala geldim. Indi bolsa öýlenmeli. Emma bu şatlygymy
meniň enem-de, atam-da gowy durmuşy üçin meniň ejem horlukdan, inçe keselden öldi.
Atamy bolsa Mätnyazyň özi öldürdi. Bu aýylganç hakykatdy. Meniň oňa bolan gazabym
durdugyça güýjeýärdi. Meni ynjalykdan gaçyrýardy.
Ondan hemme adam gorkýardy. Onuň nähili adamdygyny men size aýdypdym. Ol
eşeginiň agyzdyrygyny çeýnedip gelende, hemme aýak üstüne galdy.
Ýerli-ýerden:
— Baý aganyň atyny tutuň!
— Mätnyýazyň atyny tutuň! — diýen sesler eşidildi. Onuň eşegi-de at hasaplanýardy. Iki
ýaşuly beýlekilere ýol bermän, hersi eşegiň bir jylawyndan ýapyşdylar. Haramzadanyň eşekden
göterip diýen ýaly düşürdiler. Iň gowy ýere eltip oturtdylar. Öňki iki gat keçäniň üstüne-de bir
täzeje haly getirip düşediler. Ol öňüne çaý alyp, töwerek-daşyna göz gezdirip çykdy. Soňra iki
dulugyndan derini akdyryp, jan edip aýdym aýdyp oturan bagşa:
— Aýtjak bolsaň oňlurak aýdaýt, bolmasa ortada garantgy ýaly bolup oturma! — diýdi.
Onuň bu ýerliksiz sözi hiç kime ýaramady. Sebäbi bu nädogrudy. Bagşy gowy aýdýardy.
Emma şeýle-de bolsa adamlar Mätnyýaza ýaranmak üçin çalaja ýylgyryşdylar. Bagşynyň özide:
— Bolýar, baý aga, geregiň aýdym bolsun! — diýip, belent owazly yşky aýdymlara
başlady.
Men märekäniň bir çetinde otyrdym. Mätnyýaz meni görmeýärdi. Men ony görýärdim,
içgin synlaýardym. “Eger men şu wagt şu adamyň kellesini kesäýsem ýa-da garnyny silkäýsem,
töwerekde oturanlar maňa içlerinden alkyş okardylar. Sebäbi bu adamlar ondan aňsatlyk bilen
dynyp bilseler, özlerini mergiden gutulandan kem saýjak däldiler...” diýen pikiri etmek bilen,
men ony gözden geçirýärdim. Eger-de Gülennam bolmasa, öňümizde uly toý garaşmaýan bolsa,
belki men “öler ada galar at” diýip, öz hyýalyma gelen işi şu wagt berjaý etsem hem ederdim.
Meni diňe Gülennam saklaýardy... Biz şäherden gaty uzaklaşaýdyk öýdýärin, yzymyza
dolanaýsak näderkä?
Biz diňe Rozy şeýle diýenden soň, özümize geldik, Günüň batyp barýandygyny,
howanyň has-da salkynlaşandygyny duýduk. Yza gaýdylaýsa-da kem däldi. Biz şäherden arany
gaty açypdyk.
— Gaýtsak kem bolmaz weli, siz şähere barýançaňyz bu gürrüňiň soňuny gutaryp
bilermikäňiz? Eger gutarmaryn öýtseňiz entegem gideliň — diýip, men jogap berdim.
Rozy:
— Gutararyn, sebäbi biz akymyň tersine gitmeli. Uzak ýöremeli bolarys. Gutarmasam-da
şäherden aňry geçer ötäýderis. Derýa gijesine-de gözeldir — diýdi.
Biz yzymyza dolandyk.
Rozy sözüni dowam etdi:
— Hawa, Gülennamyň söýgüsi meni bu hyýaly iş ýüzüne geçirmekden saklaýardy.
Garyplykda-da bolsa meniň bagtly ýaşasym gelýärdi. Ylaýta-da Sapa goturyň, onuň aýalynyň
menden edýän tamalaryny ödäsim gelýärdi. Muny ödejek bolsaň, bu ýerde gözsüz batyrlyk
etmek gerek däldi.
Bagşy aýdymyny gutardy. Dogrusy, onuň özi gutarmady, Mätnyýaz gutartdy. Ol bagşynyň
aýdyp oturan aýdymynyň arasy bilen:
— Bu gün göreş boljak dälmaýt?! — diýip gygyryp sorady-da, synyny silkip ýerinden
turdy. Adamlar hem turdular. Mätnyýaz, aýdyp başlan aýdymyny aýaklamaga gyssanýan bagşa:
— Tur, göreşe baraly, ýeke özüň ýurtda galan it ýaly uwlap oturma! — diýdi.
Göreş tutuljak meýdana barmak üçin aýallaryň üýşmeleňiniň gapdalyndan geçip
gitmelidi. Mähelle ol tarapa agdy. Mätnyýazyň dört töweregi obanyň ýaşulularyndan doludy.
Aýallaryň üýşmeleňiniň deňine barandan Mätnyýazyň gözi Gülennama düşdi. Gülennam häzir
bulutdan çykan aý ýaly töweregindäkilerden saýlanyp görünýärdi. Onuň üstündäki geýimler
täzedi, özüne gelişýärdi. Häzir oňa syn etmäne göz gerekdi! Gülennam biriniň özüne ýiti nazar
bilen seredýändigini duýdy-da, derrew gyzlaryň arasyna girip gizlendi. Emma indi giçdi!
Mätnyýaz birden ýuwaşja “hih!” diýip, içini çekip, aýak saklady. Ýiti nazaryny gyza dikdi. Men
gazaba münüp, ýumrugymy düwüp, öňe süýşen badyma meni sakladylar. Onýança
Mätnyýazyň:
— Ol kimiň gyzy? — diýen sesi gulagyma degdi.
Oňa jogap berdiler.
Bir ýaşuly erbet bir zadyň ýüze çykmagyndan gorkan ýaly:
— Ol adagly. Bäş-alty günden ony adaglysyna berýärler — diýdi.
Gözi gyzaran Mätnyýaza bu sözüň nähili täsir edendigini men aýdyp biljek däl. Sebäbi
meniň şol wagtky ýagdaýym agyrdy. Ýöne weli, bir zady ýagşy bilýärin: Mätnyýaz tä göreş
meýdanyna barýança yzyny gözläp gitdi. Ol ýerde-de göreşe seretmedi-de, gözi aýallar
tarapdady. Ol indi geplemesini-de goýdy. Soralan soraga-da jogap bermedi. Gülennam onuň
akyl-huşuny alypdy. Sapa gotur-da, onuň aýaly-da muny duýdular. Aýalynyň ýagdaýynyň
nähilidigini bilemok. Emma Sapa goturyň görnüşine ýüregim dilinýärdi. Ol edil şu wagt, meniň
gözümiň öňünde iki büküldi. Meniň bedenime täzeden güýç tolkunlary gelip goşuldy. Men
etmeli işimi eýýäm anyklapdym.
Biziň depämizdäki gara gün öňküden-de garaldy... Gara bulutlar aşakladylar.
X
Biz toýdan dolanyp gelen badymyza Sapa gotur aýaly bilen maslahatlaşmaga oturdy. Ol
Gülennama-da, maňa-da eşidiler ýaly edip, bilgeşleýin gaty gepledi:
— Men ertir ir bilen mollanyň yzyndan gideýin. Derrew nika gyýsyn. Bolmasa, ol
ganojak hiç zatdan gaýtmaz, bir belanyň üstünden barýar.
Emma molla ertire garaşdyrmady. Gün batmazynyň öňüsyrasy onuň özi geldi. Mätnyýaz
göwündäki gara maksadyny amala aşyrmagy uzaga çekýän adamlaryndan däldi.
Men agyr ýagdaýda arkamy öýe diräp otyrdym. Gürrüň öýüň içinde geçdi. Şonuň üçinde, men içerde edilýän gürrüňiň bir sözüni gulagymyň duşundan geçirmän diňledim.
Sapa gotur mollanyň sözüni diňländen soň, gazap bilan titräp sözledi:
— Meniň gyzym adagly. Ertir ir bilen yzyňyzdan gidip çagyryp gelmekçidim, nika
gyýdyrmakçydym. Siz bolsaňyz beýle sowuk habar bilen geldiňiz. Molla aga, siz baryň-da oňa
düşündiriň: goý, ol biziň namysymyzy depelemesin. Bize azar bermesin.
Molla gaharly gepledi:
— Men iki öýüň arasynda habar gatnadyp ýören gybatçy heleý däl. Mätnyýazyň
aýdanyny ýerde goýma. Bagtyň açylar. Tersine gitseň-de, soňra puşman edersiň. Gyzyň
Mätnyýazyňky ýaly döwletli öýe düşse, saňa başga näme gerek? Indi şeýle atly-abraýly adam
gezip ýören bir ýetimçe-de bolmadymy? Hudaý diý, ýakaňa tüýkür. Seniň gyzyň eli ýag bilen
bal tutar. Saňa ýene näme gerek?
— Mätnyýazyň bäş aýalynyň üstüne berer ýaly mende gyz ýok! Size-de beýdip oturmak
aýyp bolar — diýip, Sapa gotur gönüläp aýtdy. — Gowusy siz ertir geliň-de Gülennam bilen
Rozynyň nikasyny gyýyň.
— Maňa akyl öwretme! — diýip, molla gyzaryldy. — Meniň öz akylym kellämi ýaryp
barýar...
Men şundan soň näme gürrüň edilendigini eşitmedim. Edil şu wagt tamyň ilersinden
çykan Gülennam meni çagyrdy. Biz samanhana girdik.
— Öýde näme gürrüň edilýär?
Men eşiden zatlaryň hemmesini aýdyp berdim.
— Men şu gün toýa gitmedik bolsam gowy boljak ekeni...
— Gülennam, beýle diýme. Boljak işdir, sen gitseň-gitmeseň-de boljak iş bolardy. Ýöne
weli, öz bagtsyzlygyma gynanýaryn. “Ýetimiň agzy aşa ýetse, burny ganar” diýenler çyn eken.
Men biziň işimiz şu ýagdaýa gelip ýeter diýip hiç wagt pikir etmändim.
— Seniň gürleýşiň nähili? Heniz hiç zat bolanok. Hiç zat bolmaz hem! Kakam ol ýogyn
selläni aldap hem goýberer.
Men gönimden geldim:
— Gülennam, ezizim, bu ýerde göwün aldap durasy iş ýok. Onuň üçin gel, pikir edeli:
näme etmeli? Bu ýagdaýdan çykmak üçin nähili çäre görmeli? Ine, indi bize diňe şu soraglary
çözmek işi galdy. Men kelläm dik bolsa, seni onuň eline bermerin.
— Men hem dirikäm-hä onuň eline düşmerin!
— Onda näme etmeli?
— Gaçaly!
— Nirä?
— Nirä bolanda näme? Şu dowzahdan gutulsak bolany-da.
— Bu gürrüň dogry gürrüň - diýip, men Gülennamy bagryma gysdym. Ýöne, nirä
gaçarys?
Men bir salym pikir etdim-de, bu soragyma özüm jogap berdim.
— Hawa-da, nirä bolanda näme?! Uzak obalara gideris, bolmasa guma, çopanlaryň
arasyna gaçarys. Nirä barsak-da taňry mymanyndan ýüz öwresleri ýok...
Ätiýäç üçin gerek-ýarak zatlary ýygnaşdyryp, taýýar bolup oturmagyny Gülennama
tabşyrdym-da, samanhanadan çykdym. Çykan badyma sellesini taýzardyp, uly ýoldan tozan
turzup barýan mollany gördüm. Sapa gotur meni ýanyna çagyrdy.
— Oglum, depämizden agyr bela indi. Sen biziň gürrüňimizi diňlediňmi?
— Hawa, Mollanyň öz akylynyň köpdügini aýdanyny eşitdim. Soňra näme gürrüň
bolanyny bilmedim. Meniň işim çykdy.
— Ol gahar edip, “başyňa gelenini özüň çekersiň-dä...” diýip gitdi. Eger meniň diýenimi
etseňiz, il ýatyp, it uklandan soň siz gaçyň. Şundan başga çykalga ýok.
Men utanybragada:
— Biz hem Gülennam bilen şeýdeli diýip dilleşdik. Emma biz nirä gitsekkäk? Bardygeldi biz gidäýenimizde-de, Mätnyýaz sizi gaty horlar.
Sapa gotur bir salym ýere bakyp oturdy-da, şeýle diýdi:
— Siz onuň pikir etmejek ýerine gaçyň. Guma-çopanlaryň ýanyna gidiň. Iki gün
ýöreseňiz Keýikgyran guýusyna bararsyňyz Ol ýerde meniň iň oňat gorýän bir çopanym bar.
Onuň adyna Hudaýberen diýýärler. Eger kelläm dik bolsa men Halaçdaky garyndaşyma habar
ederin. Keýikgyrandan meniň çagalarymy ýygnap al diýerin. Ol sizi Halaja alyp gaýdar.
Nikaňyzy gyýdyrar. Bellisi bolýança, şol ýerde ýaşabermeli bolarsyňyz... Enesi bilen meni
gaýgy etmäň. Gazap etse, türmä basdyrar. Biz hem dek ýatmarys. Horlugy-harlygy çeke-çeke
gelýäris. Oňa indi öwrenişmeli däl.
Ýaşulynyň bu sözleri meni geň galdyrdy. Men mundan soňra ýol şaýyny tutup başladym.
Sapa goturyň aýaly bolsa ýüzüni ýyrtyp, saçyny ýolup, bagryny paralaýardy. Sapa goturyň özide dek oturmady. Öýdäki gallany, gymmat bahaly zatlary ýere gömüp, bilinmez ýaly üstüne
ders atdy. Garaz, biziň hemmämize iş tapyldy.
Gün batyp, garaňky düşdi. Şu garaňky hem biziň bagrymyza gara çekdi...
Rozy dymdy. Uludan demini aldy. Ýene-de suwa seretdi. Bu gezek ol köp wagtlap
başyny götermän oturdy. Biz agras dymýardyk...
XI
Rozy özüni dürsäp başyny ýerden göterende, gün batyp garaňky düşüpdi. Gaýygyň iki
gözüniň ýagtysy biziň bäş-alty ädim öňümizden gaçyp barýardy. Biz özümizi onuň yzyndan
kowup barýan ýaly durýardyk.
Rozy dowam etdi:
— Gün batyp, garaňky düşenden soň Mätnyýazyň tarapyndan iki atly geldi. Olaryň biri
Sapar gotury çeträk çagyrdy-da:
— Baý aga, saňa ýarym gijä çenli puryja berýär. Horaz gygyranda, sen baryp öz
razylygyňy berýändigini ýa-da bermeýändigini aýtmaly. Ýaşuly‚ maňa gulak salsaň-a işi
ulaltma‚ soňy ýaman bolar. Gowusy häzir öz razylygyňy beräý. Biz baryp, ony begendireli —
diýdi.
Sapa gotur ajy ýylgyrdy‫׃‬
— Baý agaň maňa ýarym gijä çenli puryja berýän bolsa‚ sen näme beýle gyssanýarsyň?
Ýa seniň-de bu işden belli bir derejede almytyň barmy? Ýarym gije baryp, özüm jogabyny
bererin. Sen özüňi horlama! — diýdi.
Atlynyň gahary geldi‫׃‬
— Garry‚ diliňi uzaldyberme! Gyzyňy gaçyraýsaň başyň ölümli‚ malyň talaňlydyr. Şuny
ýatdan çykarma! — diýdi-de‚ atynyň böwrüne depdi. Onuň bilen bile gelen atly-da yzyna düşdi.
Uzakly gününi agyr hesretler bilen geçiren Sapa gotur atlylar ugrandan lampa özüni ýere
goýberdi-de‚ uludan demini alyp‚ maňlaýyna ýumruklady‫׃‬
— Häý‚ zamana‚ zamana! Heý biziň hem dadymyzyň eşidiljek pursaty gelermikä? —
diýdi. Soňra ol maňa ýüzlenip‚ göwünlik berdi‫׃‬
— Rozy‚ mert bol! Özümiň ýekeje çagamy saňa tabşyrýaryn‚ seni-de Hudaýa. Aç bolan
ýeriňde aç‚ hor bolan ýeriňde hor bolar. Gülennam mertdir. Çagalarym bagtyňyz açylsyn. Sizi
arkaýyn ugradyp‚ Mätnyýazyň ýanyna bararyn. Ony aldaryn. Ol ertire çenli hiç zat bilmez. Siz
bolsaňyz ertire çenli köp ýol geçersiňiz — diýdi.
Gerek ýaragymyzy horjuna saldym. Horjuny gaňňanyň üstüne berkitdim. Gülennamy
eşege mündürip‚ onuň ata-enesinden ak pata alyp, ýola düşdüm. Biz kowga garaşmaýardyk.
Sebäbi Mätnyýaz heniz “bolýar” ýa-da “ýok” diýen jogaby almandy.
Biz uly ýol bilen gündogara ugradyk. Eýýämden ýuwaşja gürleşip‚ Gülennam ikimiz
begenişýärdik. Ýöne‚ biziň begenjimiz doly manyly begenç däldi. Biz ýylgyryşsak- da içimiz
dertden doludy. Garrylaryň ýagdaýy bizi howsala salýardy. Emma iş başga hili bolup çykdy.
Biz özimiziň günümize aglamaly ekenimiz. Biziň ýolumyz uzak däl eken. Biz sada ekenimiz.
Mätnyýaz beýle mekirlik eder diýip kellämize gelmeýärdi. Ol obadan çykyp gidýän ähli
ýollarda eýýäm adam goýan eken. Obanyň gündogar çetindäki köprä ýetenimiz hem şoldy weli‚
köprüniň üstünde iki ýargly adam peýda boldy.
Ýaraglylaryň biri‫׃‬
— Dur! Kim borsuňyz? — diýdi.
Men ony sesinden tanadym. Ol hälki‚ gün batansoň bize baryp‚ Sapa gotur bilen
gaharlanyşyp gaýdan atlydy.
Meniň inim tikenekläp gitdi. Ähli ganym kelläme urdy.
— Ötegçi borus — diýip jogap berdim. Men öz sesimi anyk eşitdim‚ emma munuň öz
sesimdigini tanamadym. Olar eýýäm bizi tanadylar.
Ýaraglylaryň biri eşegi saklady-da‫׃‬
— Siz-ä tüýs bize gerek ötegçi ekeniňiz — diýip güldi. Men ylgap onuň alkymyna
bardym-da‫׃‬
— Eşegi goýber! — diýdim.
Ol ýene güldi‫׃‬
— Bu ýetimiň sesi çasly çykýar-la...
Onýança men özümi onuň üstüne okladym. Gülennam böküp düşdi-de, maňa kömege
geldi. Elindäki ýaragyny gaňryp aldym. Edil şu wagtyň özünde tüpeň sesi çykdy. Men özümden
gitdim. Şundan soňra näme bolup, näme goýanyny bilmedim...
Birnäçe sagatdan soňmy ýa-da birnäçe günden soňmy, anyk bilemok, men huşuma
geldim. Gözümi açjak bolýan, açylmaýar. Soňra elim bilen ýüzümi sypalap çykdym. Görsem
gözüm açyk. Men garaňky zyndana oklanan ekenim. Nirede, nädip ýatandygymdan habarym
ýokdy. Men diň salyp başladym. Daşardan ses-üýn çykmaýardy. Diňe meniň gapymyň
golaýyndaky sygyr gäwüşeýärdi. Sermeläp gapyny tapdym. Näme etmeli? Bu zyndandan
çykmaly, ölseň-de göreşip ölmeli.
Bosaganyň aşagyny köwüp başladym. Näçe işlänimi, näçe gazanymy bilemok. Sebäbi
men bu wagt hiç zat bilemokdym. Diňe bu zyndandan çykmak umydy bilen ýaşaýardym. Ine,
ýumruk sygar ýaly deşik açyldy. Ýene gazyp başladym. Birnäçe wagtdan soň ol deşik ýene
ulaldy. Daň atyp gelýärdi. Ýene gazyp başladym. Göwrämiň ýarysy çykanda, hatara giden ak
öýleriň birinden erkek adamyň aýylganç sesi çykdy. Bu näme boldugyka? Onýança gapy jarka
açyldy. Öýüň içinden Gülennam saçyny tasadyp çykdy-da, hiç bir tarapa seretmän:
— Hoş, ezizim Rozy! Sag-aman gal! Indi menden saňa aýal bolmaz. Hoş, meniň
mähribanym! — diýip, aýylganç gygyrdy.
Men hem:
— Gülennam, adyňa döneýin, men munda — diýip gygyrdym. Ol bir bada aýak saklajak
ýaly etdi-de, ýene aýak aldygyna derýa kenaryna tarap ugrady. Men hem kä ýykylyp, kä
sürşüp, kä emedekläp onuň yzyndan ylgadym. Ol eýýäm kenara bardy, köýnegini ýyrtdy, göz
açyp-ýumasy salymda aýagyna daş baglady. Ol iň soňky gezek:
— Hoş, ezizim Rozy! — diýdi.
Men hem tüýs dälirän ýaly:
— Gülennam! Saklan! Saklan! Men barýançam saklan! — diýip gygyrdym. Ol meniň
sesimi eşitdi. Maňa garap gujagyny açdy:
— Gelme, gelme! Men ýüzi garanyň ýanyna gelme! Mätnyýaz meniň namysyma degdi,
özi-de eýýäm jan berendir! Hoş, Rozy! — diýdi. Belent raýyşdan özüni däli derýanyň
gujagyna oklady...
Rozy dymdy. Biziň-de inimiz üşedýän ýaly bedenimiz sandyrady. Köp wagtlap hiç
kimden ses çykmady. Rozy gözüni süpürdi.
Birnäçe wagt geçenden soň Rozy şeýle diýdi:
— Hawa, ýigitler, ondan bäri kyrk ýyl geçdi. Men şol ýyllaryň hemmesini derýada işläp
geçirdim. Men şu kyrk ýylyň hemmesini Gülennam haçan suwuň ýüzüne çykarka, haýsy ýerden
çykarka — diýip garaşyp geçirdim. Şemal bolmasa, suwuň ýüzi bir tekiz dursa men
gamlandym. Gülennam çykyp bilmez, suwuň aşagynda hopugar — diýip gorkdum. Emma ýel
tursa, derýada gaý bolsa, Gülennam ägirt uly tolkunlaryň arasyndan ýalpyldap çykar diýen umyt
mende gün-günden güýjedi. Men diňe şu umyt bilen ýaşadym. Häzir hem ýaşaýaryn...
Men öýlendim. Bäş çagam bar. Aýalymyň adyna Sona diýilýär. Emma men oňa öz
ýanymdan Gülennam diýip at berdim. Ýöne men oňa-da, çagalaryma-da bu wakany aýdyp
beremok, çaý haltamy görkezemok...
Biz ýene-de uzak wagt dymyşyp oturdyk. Birden ýel güýjedi. Derýada tolkun turup
başlady. Tolkunlar biri-birine degip, güňleç ses etdi. Rozy başyny göterip, töwerege seretdi.
Garaňkyda hiç zat görmedi. Öňe, gäminiň çyrasynyň düşýän ýerine gözledi. Gom-gom bolup
gelýän tolkunlara seredip, şeýle diýdi:
— Belki häzir çykar...
Ýaşulynyň özi aýtmasa-da, men bir zady anykladym: onuň akylyna çalaja şikes ýeten
eken...
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Derýada - 1
    Total number of words is 3922
    Total number of unique words is 2176
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derýada - 2
    Total number of words is 3928
    Total number of unique words is 2052
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.