Latin

Derýada - 1

Total number of words is 3922
Total number of unique words is 2176
34.9 of words are in the 2000 most common words
48.7 of words are in the 5000 most common words
56.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
BEKI SEÝTÄKOW
DERÝADA
Hekaýa
I
Dem almaga howa ýetmeýärdi. Biz myhmanhanadaky otagymyzyň gapysyny, aýnalaryny
giňden açdyk. Azajyk-da bolsa howanyň hereket etmegini, şemalyň öwüsmegini göwün arzuw
edýärdi. Hammamdan çykan ýaly bolup, jaýyň ortasynda gara dere batyp duran Annaberdi:
— Tamyň diwaryny aýyrsaňyz-da geljek zat ýok, onuň üçin azara galman, gowusy derýa
boýna gideliň. Belki, ol ýeriň ýagdaýy gowurakdyr. Men eýýäm polotensamy çalşyrmasam
bolanok. Ýogsam, muny ýaňyja elime alypdym — diýdi.
Bu maslahat maňa-da, biziň üçünji ýoldaşymyz Mämmetdurda-da ýaraman durmady.
— Gogolyň pomeşigi ýaly gün batýança, suwa girip otursaňyz-da men bar. Gideliň.
Derýa däl, men-ä deňze-de gitmäge taýýar. Barybir bu gün bize garaşyp duran iş ýok — diýmek
bilen, Mämmetdurdy geýnip başlady.
Biziň köwüşlerimiz-de, geýimlerimiz-de gyzgyn pejiň içinden çykarylan ýaly gyzypdy.
Geýnenimizden soň, ýagdaý öňküden-de agyrlaşdy. Ýürek hopugyp, gözümiz garaňkyrady.
Demimiz içimize sygmaýardy. Biziň şu wagtlar birje arzuwymyz bardy: her birimiz kelle ýaly
buz ýuwdup, onuň bolsa içimizde yzygiderli eräp durmagyny isleýärdik.
Köçäniň ýagdaýy jaýyň içindäkiden-de erbetdi: asfalt alan hamyr ýaly ýumşapdy,
mylkyldap ýatyrdy. Köçedäki maşynlar rezinleriniň nagşyny yzlarynda galdyryp, agras
ýöreýärdiler. Agaçlar köp miwe getiren erik bagy ýaly başlaryny aşak egip oturýardylar, olaryň
tozanly ýapraklary kyrkgünlük ýaly saralyp görünýärdi. Adamlar duluklaryny ýyldyradyp,
kölegäniň goýudan-goýusyny agtarýardylar. Şäheriň depesindäki äpet gün has aşaklap, bürünç
jam ýaly gyzaryp durdy.
Asfalt gutardy. Köçäniň gelşigi gaçdy. Öňümizde perde bolup duran tozan diwary
gozganmaýardy. Adamlar onuň aňyrsyndan girip, bärsinden çykýardylar. Biz hem onuň
bärsinden girip, saçymyzy “gyrawladyp” aňyrsyna çykdyk.
Uniwersiteti ýaňy gutaran, ýaş, orta boýly Annaberdi-de, inçe burunly, inçe ýüzli, agaç et
Muhammetdurdy-da şahyrdy. Emma olaryň häzirki görnüşlerinde hiç hili joşgun ýokdy.
Mämmetdurdynyň deri çykyp gutarypdy. Ol indi bir zat sorasaň, jogap bermegiň ýerine ýüzüňe
serederdi-de, agzyny açaýardy. Mejaly gaçypdy. Hemmämiziň aýagymyz agralypdy, daş
baglanan ýalydy. Annaberdi Puşkiniň “Gyş” diýen goşgusynyň birinji oýnamyny okady. Munuň
özi ýükümizi bir azajyk ýeňleden ýaly etdi. Azajyk-da bolsa göwnümizi aldady. Emma uzaga
çekmedi. Töwerekdäki hakykat goşgudan güýçlüräkdi. Biz garly sowuk şemally ýanwar
hakynda arzuw edýärdik. Biz gary göz öňüne getirmäge synanýardyk, emma bolmaýardy. Ol
ýadymyza düşen badyna hyýalymyzda eräp gidýärdi.
Derýa boýuna gelmek bilen dünýä täzeden inen ýaly bolduk. Suwa düşülýän saý ýere
baryp, derrew özümizi suwa urduk. Hezil etdik. Soňra içki geýimlerimizi çalaja sykyşdyryp
geýindik. Alabeder bir şekile girip, pristanyň naçalniginiň kabinetinde peýda bolduk.
Naçalnik biziň öňümizde çaý goýdy. Derýa durmuşyndan gürrüň bermäge başlady.
Geýimlerimiz öl-suwdy, onuň üstesine-de çaý içip derledik... Umuman, ýagdaýymyz gaty
düşnüksizdi. Her kim köne dertli ýaly bugaryp oturýardy.
Bize üç adamlyk motorlyja gaýyk, ony sürüp bilýän adam gerekdi.
Naçalnik goňşy otagdaky sekretaryny çagyrdy. Ol ýok eken. Şonuň üçin onuň özi
golaýdaky bir tama gidip gelmeli boldy. Onuň aýaklary kelteden ýogyndy. Naçalnigiň gujurly
görnüşi bardy.
II
Ýagdaý bütinleý üýtgeşdi: derýada ýuwaşja, salkyn şemal öwüsýärdi, motorly gaýyk çalt
gidýärdi, bu çaltlykdan ýaňkyja şemal güýjeýärdi. Keýpimiz kökeldi. Adam begenende diline
bat berýär, göterimli sözler tapýar. Emma biziňki tersine bolup çykdy: biz bu ýagdaýa şeýle bir
begendik weli, sözlemäge söz tapman, biri-birimiziň ýüzümize seredip ýöne: “weýt-weýt” diýip
otyrys.
Jeýhunyň eredilen altyna meňzeş mele suwy bütin gözýetimi tutup, çalaja tolkunyp ýatyr.
Ilerimizden gamyşlyk kenar görünýär. Gündogar bilen günbatardan hiç zat görnenok. Derýanyň
bu iki tarapy gözýetimde asman bilen birigýär.
Suwuň ýüzi poluň üsti ýaly tekiz, ýuwaşja şemal ony emaý bilen sypalaýar, şunuň
netijesinde bolsa kiçijik örküçler emele gelýär. Biziň gaýygymyz örküçjikleri ýaryp geçmek
bilen olaryň müňüniň, millionynyň başyny bozýar, güýçli tolkunlar emele getirýär. Suw guşlary
uzyn ganatlaryny oýnadyp aşak inýärler, gyzyl injikleri bilen kiçijik tolkunlar emele getirip,
ýene-de uçup gidýärler. Çuň ýerlerde suw gaýnap duran ýaly bolup görünýär. Diňe şu zatlar
bolmasa, derýa günüň şu wagtynda gaty parahat görünýär. Garagumuň tekiz, çägelik ýerlerini
ýadyňa salýar.
Ahally Mämmetdurdy her goşgusynda diýen ýaly Amyderýanyň waspyny etse-de,
“janly” derýany birinji gezek görýärdi. Onuň owadan gara gözleri giňden açylyp, töwerege
galawutly seredýärdi, bu gadymy suw dünýäsiniň ähli syrynyň bütin gözelliginiň, onuň
ajysynyň-süýjüsiniň bir bada aňyrsyna ýetmek isleýän ýalydy. Derýanyň beýik, haýbatly
görnüşi onuň sussuny basdy. Häzir onuň dilinden gözi kän “gepleýärdi”. Onuň bar ünsi, ähli
bolşy derýa berlipdi.
Jeýhunyň gamyşly, jeňňelli kenarlarynda önüp-ösen Annaberdi özüniň “dogduk
depesine” gelipdi. Ol ör turup, döşüni şemala tutup, gündogara, Kerki taraplaryna äňedýärdi,
özüniň “dogduk depesini” agtarýardy.
— Eger gözýetim sähel aňyrrak süýşse, şu ýerde men size ýaşkam suwa düşen ýerlerimi
görkezerdim — diýip, şahyr hyýallanýardy.
— Aý, ýog-a? — diýip, Mämmetdurdy gözlerini giňden açyp, haýran galyjylyk bilen oňa
seredýär. — Oglan ahyry, heý, muňa-da düşüp bolarmy? Ýalaňaçlanyp bu derýa özüňi oklamak
– öz janyňa kast etmek bilen deň ahyry!..
Bu wagt geň bir zat ýüze çykdy: biziň gämide bardygymyza, ýokdugymyza çigit ýalyjak
ähmiýet bermän gelýän gämiçi, Mämmetdurdy soňky sözüni aýdyp gutaryp-gutarmanka, birden
yzyna öwrüldi, Mämmetdurdynyň ýüzüne ullakan ala gözlerini öňküden-de giňeldip, gahar
gatyşykly bir görnüşde seretdi. Onuň bu garaýşyny menden başga hiç kim görmedi. Bu
garaýyşdan meniň inim tikenekläp gitdi...
— Ýeri, sen beri suw hakynda geplemesene — diýip, mundan habarsyz Annaberdi
Mämmetdurda gülüp seretdi: — Seniň öňünde bir kerseni suwdan dolduryp goýup:
“gozganman otur, bolmasa gark bolarsyň” diýsem, gorkyňa on günläp oturyşyňy-da
bozmarsyň… Sen suw bilýärmiň, näme?!
— Päheý, sen-ä oňaraýdyňaýt. Ynha, Garagum kanalynyň ikinji nobaty gutarsyn bakaly,
men seniň bu sözüňe onsoň jogap bererin…
— Ol başga mesele!
Şeýle-de bolsa gürrüň alyşmaýardy. Her kim bu ajaýyp görnüşden köpräk täsir almak
üçin öz pikiri, hyýaly bilen başyna gaýdy. Munuň üstesine-de, gämiçi meni uly aladanyň
aşagynda goýdy. Men bar ünsümi oňa bermeli boldum. Meniň başga zat bilen işim bolmady.
Gämiçiniň ady Rozydy. Uzyn boýly, hor, elleriniň, boýnunyň damarlary çykyşyp duran
bu adamyň ýaşy altmyş bilen altmyş bäşiň arasyndady. Eliniň, ýüzüniň hamy kömürçiniňki ýaly
gap-garady. Ullakan, ala gözleri ýitidi, olaryň agy gar ýaly akdy, garasy garamyk ýalydy.
Sakgalda, murtda, saçda agaran ýekeje-de gyl ýokdy. Emma ýagyrnysy hökgüdi. Inçe
ýüzündäki giň maňlaýy agyrlyk edýän ýaly, Rozy mydama başyny aşak salyp oturýardy.
Süňklek uzyn elleri, göwnüme bolmasa, uzadan ýerine ýetäýjek ýalydy. Bu adam meniň
gözüme başga dünýäniň adamy ýaly bolup görnüp başlady.
Bu gaty geň adamdy. Gaýyga mündi-de, sürüberdi. “Hemmäňiz mündüňizmi?” diýbem
soramady. Ugraly bäri biziň bilen bir gezek hem gürleşmedi. Bu boluş meniň keýpimi gaçyryp
başlady.
III
Beýdip gitmek mümkin däldi. Bizden utanýar, gorkýar diýsek, biz onuň naçalnigi-de däl,
ondan uly-da däl. Ol derýada zähmet çekýär, biz bolsak edebiýat meýdanynyň zähmetkeşleri.
Diýmek, iki tarap hem des-deňdi. Rozy muny bilýärdi. Naçalnigiň biziň kimdigimizi oňa
düşündirip goýbereni ikuçly däldi. Üçimizden birimiz onuň göwnüni galdyrandyrys diýsek—
muňa-da esas ýokdy: görşüňiz ýaly Rozynyň göwnüni galdyrmaga ýa-da göwnüni açmaga biziň
elimiz degenokdy, biziň bar ünsümiz derýadady. Biz Rozy bilen diňe salamlaşdyk. Aramyzda
başga hiç hili gürrüň bolmady.
Hawa, beýdip gitmek mümkin däldi. Şatlyk umumy bolsa, şatlyk bolýar. Bir ýerde
oturan dört adamyň üçüsiniň gülüp, birisiniň gaşyny çytyp oturmagy akyla sygjak zat däldi.
Durmuşda beýle zat bolmaýar.
Men çemini tapyp, Rozyny gürrüňe goşmagyň, onuň biziň şatlygymyza goşulmagynyň
ugruna çykdym.
Ol bize arkasyny öwrüp oturýardy. Onuň häzirki iş ýagdaýy şeýledi. Göwnüme
bolmasa, Rozy barha hökgerip, kellesi aşak sallanýan ýalydy. Men içimden: “ol şu wagt
köwüşleriniň burnuna seredýändir” diýip çak etdim. Ol bir bolşuny üýtgetmän, aşak bakyp otyr.
Onuň boýny, bili agyrmaýarmyka? Ýa-da köp ýylyň endigi bilen ol bütinleý öwrenişäýdimikä?
Meniň sortduryp oturyşyma içi gysan şahyrlar bir-birine golaýlaşyp oturdylar-da, öz
kärlerine başladylar. Olar mesnewi düzmäge, aýdyşyga girişdiler. Ilki biri bir setir aýdýar,
ikinjisi onuň yzyna ýetirýär. Käwagt kapyýa dawasy çykýar. Annaberdi sesli kapyýa bilen
jogap berip, gezegini sowmakçy bolsa, Mämmetdurdy derrew dawalaşyp başlaýar:
— Heý, “gardan” bilen “bärde” hem kapyýalaşarmy? Hökman “gardan” — “bärden”
bolmaly…
Soňra maňa ýüzlenýärler. Meniň bolsa bar ünsüm Rozyda, şonuň üçin-de, näme
diýenimi-de bilmän, olara:
— Hudaýa şükür, prozanyň kapyýa bilen işi ýok. Kapyýa prozanyň iň ýigrenýän zady —
diýip jogap berýärin.
Olaryň ikisi-de:
— Ýoldaşyň prozaçy bolmasyn — diýip, arydan goranýan ýaly ellerini silteýärler-de,
ýene-de dawalaryna başlaýarlar.
Men bolsam Rozynyň hökgerip duran ýagyrnysyndan guş çykyp, ümdüzüne uçaýjak
ýaly, ondan gözümi aýyrman seredip otyryn.
Ine, ol hereket etdi!
Onuň gury süňklek göwresi çalaja gymyldady, kellesini sag tarapyna öwürdi. Emma geň
zat: ol beýleki adamlar ýaly arassa, salkyn howany içine çekip, owadan gözlerini giňden açyp,
gözýetime seretmedi-de, gaýtam, nazaryny ýene-de suwa dogrulady. Kenara-da gözlemedi, hiç
ýere-de! Ol gaýygyň edil alkymyndaky çogup duran ýerden gözüni aýyrman, göýä ol tolkunyň
aşagyndan biriniň çykmagyna garaşýan ýaly bütin ünsüni şo ýere berdi. Gaýyk ol ýeriň
duşundan bireýýäm geçip gidenem bolsa, Rozy eli bilen ruly towlap, nazaryny ýaňky ýerden
aýyrmaýardy. Onuň boýny agyryp gitdi, emma ol muňa ähmiýet bermedi.
Men indi onuň ýüzüne, gözüne siňe syn etdim. Ol bu ýere seredip otyrka, öňki tüýsüni
bütinleý ýitirdi. Ýüzüniň gany gaçdy, mumyýa meňzedi, gözleri öňküden-de ýiteldi, içiňden
geçip barýardy, boýnunyň ýanyndaky damarlary has ýognaldy, olar agaja düşýän gurçuk ýaly
müňküldeşip başladylar. Ol dogrudan-da, ýaňky çogup duran suwuň içinden biriniň silkinip
çykmagyna garaşýan eken. Başga zada beýle garaşmak mümkin däldi. Men onuň ýüzüniň,
gözüniň şu wagtky bolşuny pikirimde aýlap, bu adam ýa şu derýa bilen baglanyşykly aýylganç
bir wakany başyndan geçirendir, ýa-da üýtgeşik bir zadyň şaýady bolandyr diýen netijä geldim.
Ol ýene-de aňyrsyna bakyp, öz işini dowam etdi.
Şahyrlar kapyýanyň enter-pelegini öwürýärdiler.
Annaberdi:
— Jeýhun joşa gelse kenaryn ýykýar — diýdi. Mämmetdurdy bolsa ikinji setirini tapdy:
— Günäsiz adamy demine çekýär...
Gämi аýylgаnç titräp gitdi. Rоzy dеrrеw mоtоry öçürdi. Onuň bütin göwresi birden
sandyrady. Bärisine bakdy. Gözleriniň agy çym-gyzyl bolupdy. Bir bada gepläp bilmedi. Az
salymdan, göýä agyr ýüküni egninden düşüren ýaly haşlady-da:
— Beýle gürrüň etme! — diýip, Mämmetdurda seretdi. Onuň nazary içinden geçip
barýardy.
IV
Rozynyň-da, biziň-de öňki hetdimize gelmegimiz üçin birnäçe wagt gerek boldy.
“Kapitanyň” ýaňky bolşuny görenimizden soň, biziň bütinleý keýpimiz gaçdy. Dogrusy, ondan
gorkup başladyk. Men her minutda: “Ýaşuly, bizi kenara çykar!” diýmäge taýýardym. Diňe
töweregiň ajaýyp görnüşi meni bu teklibi girizmekden saklaýardy. Eger Rozy şeýle bolmadyk
bolsady, onda ne gözel bolardy! Men her demde ýagdaýyň gowulaşmagyny umyt edýärdim.
Biz günbatara barýarys. Gaýygyň inçe burny bulanyk suwy kesip, giň göwresine ýol
açýar. Iki tarapymyzda emele gelen gomlar bize haýbat atýarlar. Mämmetdurdyny gaýygyň
gyrasyna berk ýapyşmaga mejbur edýärler. Öňden, gaty uzakdan, derýanyň ortasynda tüsse
görünýär. By ýagdaý ýene-de bize Garagumy ýatladýar. Öňdäki parahodyň tüssesi gum içindäki
çopan goşlaryny göz öňüne getirýär. Gaýraky kenar kä görünýär, kä gözden ýitýär.
Ilerimizdäki gamyşlyk gutardy, kenar gözden ýitdi. Jeýhun bizi enäniň sallançak üwreýşi ýaly
üwreýär, gaýygy mylaýym çaýkap, janymyza lezzet berýär. Günbatara ýoluny gönüläp ugran
günüň şöhlesi bulançak suwa düşüp, onuň ýüzünde millardlarça reňki, kiçijik düwmejikleri
emele getirýär. Agyr derdiň dermany mylaýym şemal ýakymlylyk bilen ýüzüni syplaýar.
Rozy heniz-de gürrüňe goşulman, ýeňsesini tüňňerdip, motoryny tütedip barýar. Indi
onuň bolşy okalmadyk kitap ýaly biziň ähli ünsümizi özüne çekýär. Bu adamyň dem alşy-da,
gaýyk sürşi-de, onuň egnindäki geýimleri-de biziň üçin syrly duýulýar.
— Ýigitler, maňa golaýrak oturyň! — diýen sözi eşidenimde, ilki bada men gulagyma
ynanmadym. Dogrusy, men bu ses derýadan çykdymyka diýip tisgindim. Meniň ýoldaşlarymda geň galşyp, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
Onýança Rozy ýene gepledi:
— Ýigitler, siz meniň bolşumdan gorkmaň, maňa geň galmaň. Herki zadyň bir sebäbi
bardyr. Şemal bolmasa, çöp başy-da gymyldaýan däldir. Siz bärräjik süýşüň. Ýogsam motoryň
sesi meniň gürrüňimi eşitdirmez. Bu ses meniň öz pikirimi beýan etmegime zyýan bermeýär.
Men muňa öwrenişipdirin. Meniň üçin uzak obalardaky gije ümsümligi-de bir, motoryň sesi-de
birdir. Bärräk süýşüň. Men size gürrüň bereýin. Görýän weli, siz kitap ýazýan adamlar bolmaga
çemeliňiz. Şonuň üçin meniň berjek gürrüňimiň-de size gerek ýeri bolarmyka diýýäriň… Men
häzirki size aýdyp berjek gürrüňimi kyrk ýyldan-da gowrak içimde saklap gelýärin. Hiç kime
aýdyp bermedim. Indi men altmyşy eginden aşyrdym. Köpüm geçip, azym galdy…
Biz özümize goýlan bu hormata gaty begendik. Rozy biziň gözümiziň öňünde birden
üýtgedi: täze görnüşe girdi. Göýä, uzyn barmakly ellerini döşümize sokup, biziň ýüreklerimizi
sogrup alan ýaly bolup, bizi özüne çekdi. Biz höwes bilen, tolgunmak bilen onuň daşyna
öwrülip oturdyk.
Goja gaýrarak süýşüp, bilini dikeltdi, aýaklaryny uzatdy. Onuň iri süňkleri şatyrdap gitdi.
Edil şu wagtyň özünde biz ýene-de derýanyň çogup duran ýeriniň üstünden geldik. Rozy ýenede bizi ýatdan çykardy. Ähli ünsüni derýänyň gaýnap duran ýerine berip, özünden ygtyýarsyz ol
ýeriň daşyndan gaýygy bir gezek aýlady. Gaýygyň tolkuny çogup duran suw üýşmegini
dagytdy, özüne goşup, aňyrlara äkitdi. Şundan soňra Rozy ukudan açylan ýaly bolup, ruluny
günbatara dogurlady. Hiç zat bolmadyk ýaly öňki hetdine girdi.
— Golaý oturdyňyzmy? Gaty gowy! Naçalnik maňa siziň kimdigiňizi aýtdy. Men ilki
bada düşünmedim. — Gazet habarçylarymy? — diýip soradym. Ol maňa oňatja edip aýdyp
berenden soň, men öz göwnüme maslahat saldym. Gel, şulara kyrk ýyldan bäri ýüregimde
gizläp gelýän syrymy açaýyn diýdim. Bir göwnüm “aç” diýdi. Bir göwnüm: “beýtme, seniň ol
syryň mukaddesdir, ol seniň diňe özüňkidir, öz hususy syryňdyr, ol syr bilen başganyň işi
bolmaly däldir” diýdi. Ine, men şeýdip, şu wagta çenli belli bir netijä gelip bilmedim. Siziň
bilen gürleşmän, aşak bakyp oturyşymyň-da düýp manysy şundady, ýigitler… Ahyrsoňy: “Gel,
aýdaýyn. Bu syr meniň ýüregimde galmasyn. Goý, muny adamlar eşitsin. Bu bolsa şu ýerde
gürrüňi ediljek mysapyr bendä meniň diken heýkelim bolsun...” diýdim.
Rozy telpegini çykaryp, gara kellesini şemallatdy. Sag eli bilen başyny sypalady. Suwuň
ýüzünde tolkunlaryň ýasaýan mele örküçjiklerinden gözüni aýyrman, göýä bir zatlary ýatlaýan
ýaly, kä bir wakalary hyýalynda aýlap çykýan ýaly içini gepletdi, dodaklaryny müňküldetdi.
Howasyz myhmanhana, asfalty hamyr ýaly mylkyldap ýatan şäher köçeleri, agaçlaryň
üstünde jam ýaly sallanyp duran gün, derýa ilki görenemizde emele gelen galkym kapyýalar…
eýýam biziň ýadymyzdan çykypdy. Biz häzir diňe Rozyny görýärdik, ýeriň astyndan çykýan
ýaly güňleç, ýogyn sesini eşidýärdik. Onuň şu ses bilen bize aýdyp berjek gürrüňi hakynda pikir
edýärdik. Ol bolsa gyssanmaýardy. Onuň ýagdaýy bize düşnüklidi: kyrk ýyllap ýürekde
gizlenip ýatan gürrüňi derrew beýan edibermek, elbetde, aňsat däldi. Köp zatlary ýatlamalydy,
köp zatlaryň düşnükli bolmagy üçin özüne laýyk söz tapmalydy. Rozy bu işleri gutardy. Ol ruly
derýanyň ortasyna gönüläp, beýan etmäge girişdi.
V
— Meniň kakamyň-da, özümiň-de bütin ömrüm şu ýüzüp barýan derýamyz bilen
baglydyr. Kakam şu derýanyň demirgazyk kenarynda eneden bolupdyr, ösüpdir, kemala
gelipdir. Şol ýerde hem öldi. Men hem şol ýerden eneden boldum. Men özümi bilip ugranymda
biziň tanap ýarym ýerimiz bardy. Kakam, bir ýylda iki gezek bu ýerimizi sürerdi, tohum sepip
bererdi. Galan işleriň hemmesini ejem ikimiz ederdik. Şol wagtlaryň ýagdaýyndan ýedi ýaşly
ogly bilen keselbent bir aýalyň nähili hasyl ýetişdirip biljegini özüňiz göz öňünde getiriberiň.
Kakam meniň şu häzirki bolşuma meňzeýärdi. Maňa pugta seretseňiz, ony gören ýaly
bolarsyňyz. Ol başga wagtynyň hemmesini derýadan balyk tutup geçirerdi. Gün orta çenli balyk
tutardy. Gün agandan soň tutan balyklaryny eşege ýükläp, Diwanabaga äkiderdi. Ol ýerde
kakamyň kiçijik dükanjygy bardy. Onuň içinde ullakan ojak, ojagyň üstünde-de ullakan gazan
bardy. Kakam şol ýere baryp, tutan balygyny gowrardy, agşamara diwanabaglylara satardy. Kä
gün onuň söwdasy oňardy. Kä gün bolsa iki elini burnuna sokup gelerdi. Biz goýnuň, sygryň
etini ýylda bir gezek — Gurban baýramynda dadyp görerdik. Emma weli, hepdede bir gezek
gowrulan balyk iýerdik. Bizden beterler-de bardy. Ejem hem uzyn boýly, inçe, hordy. Ol
inçekeselledi. Ejem men on dört ýaşyma ýetenimde baharyň ahyrlarynda öldi. Şundan soň biziň
ýagdaýymyz güýz aýlarynda derýa suwunyň peselişi ýaly ýuwaş-ýuwaş peselip ugrady.
Biziň tamymyz obanyň aşak çetindedi. Häzirki hasap bilen aýdanymyzda biziň iki
kilometr gündogarymyzda Mätnyýaz diýen biriniň howlusy bardy. Ol adam gaty uly baýdy.
Gyzylgumdaky goýunlarynyň, düýeleriniň, gylýallarynyň sanyny özi-de bilmeýärdi. “Dile
geldi, bile geldi” diýlişi ýaly, men onuň nähili adamdygyny hem aýdaýyn. Has düşnükli bolar.
Dogrusyny aýtsaň, bu adam däldi, tüýs aňyrsyna ýeten haramzadady, ganojakdy. Aýal
zorlamagy, gyzyň namysyna degmegi, bir bendäniň öýüni başyna ýykmagy, ejizi ata basdyryp
geçmegi... hiç zatça görmezdi. Ol eger seni gözüniň astyna aldymy, gutardy. Sen ýa dogan iliňi
terk edip göçüp gitmeli, ýa-da onuň aýdanyndan çykmaly däl. Men ony ilki gezek otuz bäş
ýaşyndaka gördüm. Onuň gözleri ýanyp durýardy, ähli hereketi edil çaganyňky ýaly çalasyndy.
Ol keltejik, horja adamdy. Daşyndan ýaş ýetginjege meňzeýärdi.
Ejem ölenden soň, Mätnyýazyň jyny kakama düşdi. Bir gün kakam ikimiz
agşamlygymyzy edinip ýaňy ýatypdyk, Mätnyýazyň hyzmatkärlerinden birisi ylgap gelip,
kakamy alyp gitdi. Men şeýle bir gorkdum weli, inim sandyrap, dişim-dişime degmeýärdi.
Kakam gijäniň bir wagty reňkini ak tam edip geldi. Men derrew “Mätnyýaz näme üçin
çagyrypdyr?” diýip soradym. Kakam bolşuny bolşy ýaly aýdyp berdi.
Şeýle bolan eken: biziň obamyzda ýigrim bäş ýaşly, diýseň, owadan bir dul gelin
ýaşaýardy. Oňa Maral diýýärdiler. Men ol gelni gowy tanaýardym. Bir gün onuň tamynyň
gapdalyndan geçip gelýärdim. Maral eýwanynda duran eken. Ol meni ýanyna çagyryp aldy.
Soňra eýwandan tama alyp girdi. Men onuň baý durmuşyny görüp agzymy açdym. Ikinji
tarapdan, onuň owadanlygy, näz edip sözleýşi meni geň galdyrdy. Dul aýal, sende ýok-mende
ýok gujagyny açyp meniň üstüme topuldy, meni gabyrdadyp basdy-da, ogşap, gujaklap başlady.
Utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men ýere girmedim. Ahyrsoňy onuň barmagyndan dişledim,
ol elini agzyna ýetirdi, şol bada men onuň elinden sypdym-da aýak aldygyna gaçdym…
Ine, Mätnyýaz şol aýal bilen gezipdir, Maral ondan hamyla galypdyr. Ikisiniň-de ýagdaýy
gaty agyrlaşypdyr. Sebäbi Maralyň aňyrsy-da ýönekeý bir garyp bolman, şol wagtyň men diýen
adamlaryndandy. Mätnyýaz ömründe bir gezek öz eden işinden gorkupdyr. Bir çykalga
tapmasa, iş ula gitjek bolupdyr. Ine, aýaly ölen goňşy bar ahyry! Şundan gowy hem çykalga
bolarmy? Ol bir garyp, näme diýseň, “bolýar” diýer durar. Onuň başga sözi bolarmy? Mätnyýaz
şu maksat bilen kakamy çagyrypdyr.
— On goýun bereýin, bäş batman bugdaý bereýin, soňra-da garaşyk edip duraýyn, uly
toý guraýyn, ýone weli, sen Maraly al, meni biabraýçylykdan gutar, bolmasa, iş ula gitjek… Bu
işden ganyň ysy gelýär — diýipdir.
Meniň kakam garyp bolsa-da, ýer urup ýerde galan bolsa-da, gaty namysjaň adamdy. Ol
Mätnyýaza garap:
— Baý aga, sen özüňe gerek adamyňy tapmansyň, ýalňyşypsyň, bu ýumşuňy bitirjek
adamy öz neberäňden agtar — diýipdir.
Şeýle diýmek bilen onuň öýüniň gapysyny şarkyldadyp ýapyp, çykyp gaýdypdyr.
Kakam meniň başymdan sypalap:
— Oglum, bagtyňdakyny gör. Ol haramzada meni öz ugruma goýmaz. Ir-u-giç başyma
bir bela getirer — diýdi.
Mätnyýaz uzak garaşdyrmady.
Bu wakadan soň biziň salymyz suw üstünde boldy, iýenimiz ýüzümize çykmady. Biz
aýylganç bir zadyň ýüze çykjagyny bilýärdik. Oňa garaşýardyk. Şol gürrüňden iki gün geçen
soň, kakamyň Diwanabagdaky dükanjygyny ot aldy. Ýene bir gün geçdi, eşegimiz ogurlandy.
Üç günden soň jaýymyz otlandy. Şol hepdäniň ahyrynda irden öýden çykyp giden kakam
dolanyp gelmedi. Ony iki günden soň derýa kenaryndan tapdym. Onuň sekiz ýerinden pyçak
urlupdyr. Maslygynyň ýatan ýerini bir ötegçi gelip habar berdi...
Rozy uludan demini aldy. Agyr maňlaýyny zordan göterip, bize bir hatar göz gezdirdi-de,
şeýle diýdi:
— Äý, ýigitler, ýigitler, biziň häzirki durmuşymyz şol döwürlerde garrylaryň aýdyp
berýän ertekilerindäki durmuşdyr. Siz bir zada putga üns beriň: adam gaty beýgeldi, onuň
manysy, ähmiýeti, güýji artdy. Hany şu wagtlar birine Mätnyýazyň meniň atama beren
ezýetiniň müňden birini berip gör, gözüň näme görerkä?! Häzir hemme zat sada adama hyzmat
edýär. Hemme baýlyk, hemme güýç, hemme kanun sada adamyň ygtyýarynda. Bu durmuşyň
gadyryny bilmek gerek… Bulary men size ýöne esasy gürrüňe giriş hökmünde aýdyp berdim.
Esasy gürrüň öňde...
VI
— Kakamyň meýdini jaýlamaga oba adamlary kömek etdiler. Men öwlüýäden dolanyp
geldim. Girmäge gapy, iýmäge bir döwüm çörek ýokdy. Üstümdäki ýyrtyk köýnekbalagymdan, aýagymdaky geçi hamyndan edilen ýelkenimden başga hiç zadym ýokdy. Men
sürüden azaşan köşek ýaly bozlap, tamymyzyň daşyndan aýlanyp başladym. Ýüregim
agzymdan çykyp barýardy. Aýagy bişen towşan ýaly bir ýerde durup bilmiýärdim. Bularyň
üstünde-de, ýanan tamymyzyň garalyp oturan diwarlaryny görenimde injigim sandyrap,
ýüregim dilinýärdi. Biziň ýurdumyzda ýel ösdi. Mätnyýaz munuň şeýle bolmagyny isledi. Şeýle
hem boldy. Kim ondan jogap sorap biler? Bardy-geldi jogap soralaýanda-da ol “men bilemok”
diýer, üstüne gelen adamlara semiz goýun soýup, çekdirme bişirip berer, olaryň jübülerini
puldan dolduryp, ataryp goýberer. Şu zatlaryň şeýledigini bilýänim üçin meniň bagrym
paralanyp, gözümiň ýaşy dynman akýardy.
“Näme etmeli? Nirä gitmeli?” diýen sorag maňa ynjalyk bermeýärdi. Men näme etjegimi
bilmeýärdim. Emma näme-de bolsa tiz wagtyň içinde bir zat etmelidi. Mätnyýazyň göwnünde
ýene-de nähili pikirleriň bardygyny kim bilsin. Men näme edýänimi, nirä barýanymy
saýgarman, ýüzümiň ugruna ylgap gitdim. Bir wagtlar huşuma gelsem, derýanyň kenarynda
otyryn. Men: “Gel, şu dünýäniň dawa-jenjelinden dynaýyn, enem bilen atamyň yzyndan
gideýin” diýip öz-özüme maslahat berdim. Şuňa razy boldum. Köýnegimiň ýarysyny ýyrtyp
alyp, ýüp işdim. Aýagyma daş baglap, özümi gaýnap duran tolkunyň içine oklamak üçin ýaňy
erimden galanym hem şoldy weli, biri şapba çiginimden tutdy. Seredip görsem ýanymda Sapa
gotur diýen obadaşymyz dur. Ol peşeneli ýaşuludy.
— Oglum, by ejizlikdir! Seň ýaly ýigit ýeten ogullar gan alyp gan berýändirler. Şuny
ýatdan çykarma. Ölmek aňsatdyr. Emma ar-namysyň aşagyndan çykmak kyndyr. Bu päliňden
eliňi çek. Ýör, öýe gideli. Galanynam baransoň gürleşeris...
— Şeýdip Sapa gotur meni gitse gelmeziň ýolundan alyp galdy. Mätnyýaz başga işler
bilen meşgul bolup, meni ýadyndan çykardy. Men hem Sapa goturyňkyda ýaşaberdim...
— Maralyň soňy nähili boldy? — diýip, Mämmetdurdy sorady.
Rozy bir azrak dymyp oturandan soň, bu soraga şeýle jogap berdi.
— Men, Mätnyýaz gaty ganojakdy, bimaza adamdy diýipdim dälmi? Hawa, şeýle
diýipdim. Ol bu işden-de başyny alyp çykdy. Mätnyýaz her näçe jan etse-de, Marala är
tapmady. Emma ol başga ýol tapdy. Bir gün ol Maralyň goňşy oba gidenini görýär-de, iki
obanyň aralygyndaky öwlüýäligiň içinde baryp ýatýar. Üstüne kepen ýaly ak matadan don
geýýär. Şeýdip, Maral aňyrky obadan çykyp ugraýança ýatýar. Maral gün batyp barýarka,
öwlüýälige gelip girýär. Ol duşundan geçen badyna, Mätnyýaz silkinip ýerinden turýar-da,
aýylganç gygyrýar. Soňra, daňa galan doňuz ýaly höküdikläp, onuň yzyndan kowalap başlaýar.
Muny gören Maralyň huşy başyndan uçýar, aýaklary diýenini etmeýär, gorkusyndan reňki ak
tam bolup, ýoluň üstünde ýykylýar. Mätnyýaz agajyň aňyrsyna dolanyp, üstündäki ak donuny
çykarýar-da, çalaja demini alyp, huşundan gidip ýatan Maralyň ýanyna gelýär. Şol gije Maral
çaga taşlaýar. Bu waka şunuň bilen tamam boldy.
Rozy dowam etdi:
— Sapa goturyň özi-de, aýaly-da gaty oňat adamdy. Olaryň iki tanap ýeri bardy.
Meniňki bilen üç ýarym tanap boldy. Men olarda ýaşap başladym. Bir-iki ýyldan oňşugymyz
oňatlaşyp ugrady. Ol ýokdan bar edip, meniň atamyň ýedisini, kyrkyny, ýylyny berdi. Men bu
sada adamlary ýüregimiň ähli güýji bilen söýdüm. Olar hem meni öz ýeke perzentleri bolan
Gülennamdan kem görmediler.
Rozy “Gülennam” sözi agzyndan çykan badyna biygtyýar tisginip gitdi. Gaýraky kenara
tarap çalasyn nazar saldy-da, ýene-de müň dürli reňk bilen oýnap ýatan suwuň ýüzüne seretdi.
Uzak wagt dymyp, gözüni suwuň çogup duran ýerinden aýyrman, saňgaty bolup oturdy. Yzlyyzyna bir iki gezek uludan demini aldy. Bir salymdan özüni dürsedi.
— Sapa gotur ogulsyzlykdan zeýrenýärdi. Bu gaty täsin adamdy: aýdymy, sazy, kitap
sözlerini halaýardy. Aýagy ýeter ýaly ýerde bagşy aýdýandygyny ýa-da Magtymgulynyň kitaby
okalýandygyny eşitse, hökman giderdi. Meniň göwnüme bolmasa, onyň göwresi ýerde, göwni
ýedi gat asmanyň üstünde ýaşaýan ýalydy. Ol aýalyna-da, gyzyna-da, maňa-da, bezzat oglanuşaklara-da gaty-gaýrym söz aýtmaýardy. Hiç kimiň göwnüne degmeýärdi. Emma ol
Mätnyýazy ýigrenýärdi. Şeýle-de bolsa ol hakda gürrüň çyksa:
— Beýle adam öz pälinden tapýar — diýerdi.
Bir gün aýaly:
– Annamyradyň ogly birentek ternämizi ogurlap gitdi — diýdi.
Sapa gotur ýylgyryp:
– Ondan galany-da näçe iýseň ýeter — diýip jogap berdi.
Emma ol bu işi ýadyndan çykarmady. Şol ýyl gawun bişenden soň Sapa gotur Annamyradyň
ogluny öýe çagyrdy. Ilki bilen oňa gawun kesip berdi, ýagşyja doýurdy. Soň gitjek wagty ony
gawun atyzyna eltdi. Dört sany ullakan gowy gawuny donuna çolap arkasyna berdi-de:
— Bişmedik gawunyň ýüz sanysyny iýeniňden, bişen gawunyň birini iýmek has
gowudyr — diýdi. Ýaňky oglan düşündi, gyzardy. Ýere giräýjek boldy. Gaýdyp biziň
gawunymyz ogurlanmady...
Bir gün men danyň ala garaňkysynda ot ormaga gitdim. Bir arka ýorunja getirip, öýüň
gapdalynda goýdum. Demimi dürseýänçäm, ota arkamy diräp, turman oturdym. Sapa gotur
bilen aýaly öýde çaý içýärdiler. Sapa gotur aýalyna şeýle diýdi:
— Hudaý bize ýetişen ogul berdi. Rozy ýaly edepli, akylly ogly gündiziň güni eliňe çyra
alyp gözleseň-de tapmarsyň. Goý, indi ol biziň hakyky oglumyz bolsun. Hudaý berse şu ýyl
harman alandan soň toý edeli. Gülennamy oňa bereli. Tamyň gapdalyndan bir otag salaly.
Heleý, biziň işimiz oňuna bolup barýar...
Men bu sözi eşidip begenjimden tas uçupdym... Bu wagtlat men ýigrimimde, Gülennam
hem on ýedisindedi...
VII
Biz yzymyza öwrülip görsek şäher-de, demirýoluň köprüsi-de bireýýäm gözýetimiň
aňyrsyna gizlenen eken. Muňa garamazdan, ýolumyzy dowam etdik. Derýanyň giň göwrümi
daralan ýaly boldy. Iki kenar biri-birine golaýlaşdy. Kenarlaryň kä ýeri dagyň gaýasy ýaly
bolup, derýanyň üstüne abanýardy, kä ýeri gaty pessejikdi. Däli derýa bir zarpda ol ýeri ýykyp,
demirgazyga tarap joşgun bilen akyp gidäýjek ýaly bolup görünýärdi. Iki tarapda hem gamyşlar
başlap, şaglaşyp, başlaryny yrap otyrdylar Günüň aşakladygy saýy salkyn şemalyň lezzeti
artýardy.
Biz bu gürrüňiň barha gyzyklanýandygy duýduk. Şonuň üçin-de, Rozynyň daşyna ykjam
egrilişdik, oňa golaý oturdyk. Ol ýene-de öňki tüýsüni üýtgedip başlady. Gözleri alardy, gaşy
çytyldy, agyr hesretden agzy-da bir hili gyşaran ýaly boldy. Ýa-da bize şeýle bolup göründi.
Ol sözüni dowam etdi:
— Men bu maşgalanyň meniň bilen Gülennama bolan meýlini ýaňy bilip galdym. Şuňa
garamazdan, biziň Gülennam ikimiziň aragatnaşygymyz has öň başlanypdy. Munuň ilki
başlanyşyny aýdyp bereýin: Sapa gotur bir gezek iki günlük myhmançylyga gitdi. Onuň aýalyda ertirden agşama çenli goňşy aýalyň ümesinde boldy. Öýde diňe Gülennam ikimiz galdyk.
Men kendirden tanap işýärdim.Tabakdaky suwum gutardy. Ojagyň başynda gyzdyrma bişirip
ýören Gülennama:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Derýada - 2
  • Parts
  • Derýada - 1
    Total number of words is 3922
    Total number of unique words is 2176
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    56.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derýada - 2
    Total number of words is 3928
    Total number of unique words is 2052
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.