Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11

Total number of words is 2940
Total number of unique words is 1739
30.2 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Sebäbi dinim, ynanç-ygtykadym, durmuş
ýörelgäm, pikirlerim beýle etmäge rugsat
berenok” — diýip jogap berýärdi.
Bu sözleriň jadyly täsiri boldy. Müňlerçe
ýaponiýaly bu sözleriň üsti bilen “Şeýle halal
hereketlere iterýän bu din nähili dinkä?” —
diýip, yslam dinini okap, öwrenmäge başlady.
Yslama mahsus lybaslary geýnip,
musulmançylyga mahsus gylyklara bürenip
başladylar. Müňlerçe ýaponiýaly yslam dinine
girendiklerini yglan etdi.
Gel, biraz oýlanaly, biziň hemmämiz
Muhammet Ruşwan ýaly hereket edermidik,
ýa-da ilki bilen garşydaşymyzyň, bäsdeşimiziň
agyryly aýagyna depermidik?!
Bu örän gorkunç sowal. Gör, näçe adam her
günde, her sagatda, her pursatda, öz
mertebesini we namysyny egisýän hereketleri
edip, durmuşyň we durmuşyň öňdebaryjy
adamlarynyň aýagyna depýär.
agraldyp barýan eken. Ahyry ýolagçylar
yzdaky atyň ýüküni hem öňdäki atyň üstüne
ýükläpdirler. Yzdaky at muňa begenipdir.
Ýaltasyran bolup, hile etmegiň hem netije
berýändigine ynanypdyr. Öňdäki ata garap:
“Ýada we deriňi döküber. Seniň bu
işjanlylygyň ýadawlykdan hem-de
kösençlikden başga zat getirmez” — diýipdir.
Olar barmaly ýerlerine ýetenlerinde, atlaryň
eýesi: “Iki aty iýmläp durmagyň näme geregi
bar, ähli goşumy, ýükümi bir ata geçirenime
görä, ähli ot-iýmini hem şol ata bereýin,
beýleki aty bolsa, soýup, huruşlyk edineýin. Iň
bolmanda onuň hamyndan peýda görerin” —
diýipdir. Ol aýdyşy ýaly hem edipdir.
Ine, bu köpbilmiş ata serediň — käbir akyly
ýerlikli ulanmasaň, özüňe zyýan edýär. Ol
durmuşy hile-mekirlik bilen hem dolandyryp
bolýandyr öýtdi. Isle höwesli, janly işle, isle
ýaltalyk et, zähmet haky, iým haky hemmä deň
düşýändir öýdüp pikir etdi.
45. DURMUŞYŇ KANUNY
Täsin ýeri, şu kyssa biziň durmuşymyzda örän
köp gaýtalanýar. Ýaramaz düşünjeli adam
durmuşdaky ähli zady hilegär, mekir adamlar
gazanýandyr öýdýär. Oýnuň kanunlaryny,
düzgünlerini diňe ol mekirlikler, mekir
adamlar düzýän ýaly görýär. Emma olar
durmuşyň üýtgewsiz kanunlarynyň bardygyna
akyl ýetirmeýärler we betbagt galýarlar.
Rowaýatlara görä, iki sany at bar eken, olaryň
arkasyna ummasyz goşy ýükläpdirler.
Biri-birine tirkegli atlaryň öňdäkisi örän çeýe
we sagdyn ýöreýän ekeni, ýüküň agramyny
duýmaz eken. Yzdaky at bolsa büdräp, haýal
ýöräp, ýüküň agramyny öz ýaltalygy bilen has
Hernä biziň bagtymyza, oýnuň düzgüni
Allanyň elinde. Ýaradan durmuşyň
kanun-ýörelgesini öz Kitabynda şeýle beýan
etdi: “Işläň, amal ediň. Allatagala we onuň
resuly hem-de mömin-musulmanlar siziň
amallaryňyzy görer”. Hiç hili ikirjiňlenme,
Bu meniň üçin örän agyryly, ynjyly sowal...
seniň üçin hem belki şeýledir..!
105
şek-şübhe, bulam-bujarlyk bolmazdan, gara
pikirlere ýer goýmazdan, Allatagala bize
durmuşyň kanunlaryny açyklap, aýdyňlap
berýär. Durmuşyň iň möhüm, iň ähmiýetli
kanunlarynyň biri amal, iş etmek, zähmet
çekmek, yhlas etmek, der dökmek... şonda
diňe bu dünýäň däl, ahyretiň hem düzeler.
Sebäp we netije kanuny, ýagdaý we jogap
beriş, gaýtaryş kanuny, şeýle hem hindi
medeniýetindäki Karma kanuny, bularyň
ählisi amallaryň aýdyň netijelere eýe
edýändigini, bu kanunyň, düzgüniň durmuşyň
ähli ýerinde uly-kiçisine deň derejede
ýöreýändigini aýdýar.
Dogryňy aýt, haçanda senden kiçiler senden
köp ýeňýärkä, senden sowatsyzlar senden köp
gazanýarka, olar durmuşdan seniň alan
paýyňdan has köp alýarka... bu zatlaryň
syry-hikmeti dogrusynda pikir edip, gynanyp
gördüňmi?
Gynanma... Allatagala zerre mysgal
agramyndaky yhlasyňy hem yrýa edýän däldir.
Işle, ýada, der dök, jan et, çalyş, ýoluň
soňunda hak eden sylagyňy, abraýyňy hökman
gazanarsyň. Ýöne, hergiz igenme we
zeýrenme. Işlemezden öňe dyrjaşýan adamlara
hem ýol ber, olar öz görýän nygmatlaryny,
arzuwlaryny goý gazansynlar. Kim bilýär, olar
nämä owsun atýar? Mynasyp zadyna hallan
atýan bolsa, baş üstüne, alsynlar, gowuşsynlar.
Mynasyp däl zadyny gazanjak bolýan bolsalar,
ahyry ýokarda beýan edilen yzdan ýöreýän
atyň ýagdaýyna düşerler.
MEKDEPDE ÖWRENMEDIK
ZATLARYMYZ
Dostum:
*Her ýalpyldaýan zat altyn däldir,
ýylgyrýanlaryň köpüsi bagtyýar däldir, saňa
ýagşy dileg edýänleriň aglabasy hem diýýän
zatlarynyň hasyl boljagyna ynanýan däldir.
* Ýagdaýlar seni sandyratmasyn! Haýsydyr bir
haýyrly, peýdaly, ähmiýetli işi etmek üçin
arassa niýetden ugur alan mahalyň, diller
(kähalatda eller hem) saňa garşy uzalyp,
ýaramaz söz, gury töhmet, ýalan gybat bilen
azar berýän bolsalar (nähak azaryň azaby
özlerine bolar), iş-amalyňa, bitirişiňe,
yhlasyňa, niýetleriňe ikirjiňlenip, şübhelenip
başlasaň, ýatla, jebir-jepa we muşakgatlyk,
agyrlyk käsesinden datmadyk pygamber
barmy? Hiç hili ynjamadyk, süňňi syzlamadyk,
agyry-elem görmedik ýagşyzada barmy? Salyh
adamlaryň terjimehallaryny okap gördüm,
takwadygyna garamazdan, ähli adamyň
söýgüsine, ynamyna girip bilen ýekeje adam
hem ýokdur.
*Durmuşda köp ýerde ederiňi bilmän,
ikirjiňlenip galarsyň. Tereziniň bir jamynda öz
prinsipleriňi goýarsyň, beýleki jamyna bolsa
adamzadyň ähli oý-garaýyş sülekeýi syrylyp,
akyp durar. Barybir dogry karary kabul etmek,
bir karara gelmek erki, hukugy özüňdedir.
Saýlamazyňdan öňürti ymykly oýlan, ynan,
sen şowlulyga, towpyga örän mätäçsiň. Sen
dogry maslahatlara, jaýdar öwüt-ündewlere
şeýle bir mätäçsiň, ýöne sen öz pikirleriňde
mizemän durmaga we anyk, aýdyň maksatlara
müň mertebe, müň mertebe mätäçsiň.
106
* Synalyp görülmänkä adamlaryň ählisi hem
salyh, ygtybarly, ynamdar, arassa, halal. Sähel
bir synagyň soňunda salyh kim, betpäl kim,
sadyk kim, sadyksyraýan kim — aýan bolýar
duruberýär. Hemme adamlar edil men we sen
ýaly, ol we olar ýaly, şonuň üçin gel ikimiz deň
durup, Alladan dileg edeli, synag wagtynda
ynamymyz we özgeleriň bize bolan ynamy
synmasyn!
* Adamlar agyz dolduryp gürrüň etmeýän hem
bolsalar, eden ýagşylygyňa asla ökünme!
Ýa-da aýdan bir dogry sözüň üçin soňundan
kösenýän hem bolsaň, munuň üçin ruhuňy yza
berme. Adamlar unutsa-da, unudansyran
bolsa-da, Allatagala unudýan däldir! Adamlar
bir ýagşylygyň hormat-sarpasyny
tutmasalar-da, Allatagala edilen ýagşy amalyň
hakyny-sylagyny köýdürýän däldir. Eden her
bir ýagşylygyň onuň dergähinde mälimdir.
Allatagalanyň ýagşylyklary saklaýan ýörite
hazynasy-sandygy bar, hiç kim olary
ogurlamaga, ýa-da zaýalamaga, ýa-da
gymmatyny egismäge milt edip bilmez, hiç
kim ony başarmaz. Ynjal we ýene-de haýyr iş
etmegiňi dowam et. Gadyrbilmeziň ýa-da
sowatsyz biriniň sözi seni gamgyn etmesin.
* Aýdýan zadyňa düşünmeýändikleri üçin
adamlar seni tankyt etmegi mümkin, emma
olaryň tankydy seni we seniň şahsyýetiňi,
mertebäňi egismez. Ýüregiňi geçirimlilikden
we asudalykdan püre-pür et. Gyzyp barýan
ruhuň üstüne dury paýhasyň sowadylan
suwlaryny sep, guý. Garaýşyňy ýene bir ýola,
ikinji gezek, üçünji gezek, onunjy gezek aýt,
düşündirmäge çalyş, ýöne hergiz ulumsylyk
edip, gyra çekilme.
* Garnyň açlygyny doýurmak üçin tiz taýyn
bolýan aşlary satyn alyp bolar, emma ol iýmit
göwräňe we zehiniňe peýda etmeýär. Sebäbi
olar hem dogry iýmitlenmegi üçin ýokumly
maddalara mätäç. Tiz we aňsat gazanylýan
üstünlik hem edil şonuň ýaly, käwagt bagtyň
çüwüp gazanylýan üstünlik ýa-da eliňdäki
az-owlak zada begenmek, guwanmak duýgusy
hem hut şeýle, sen bu zatlara bir sagat, iki
sagat begenersiň, emma hakyky üstünlikleriň,
berjaý edilen işleriň sanawyna girizmäge esas
bolup bilmez.
* Biziň döwrümiz alyş-beriş, söwda-tijaret,
bazarlama zamany, eger-de şol iki ugry mazaly
özleşdirmeseň, gürrüňsiz ýitgä uçrarsyň
diýýärler. Esasan hem bu ýagdaý biziň şu
günlerimizde mese-mälim, aýdyň görünýär.
Ýöne, bu ýagdaýyň hatarly ýeri, zada bolan
ündew-höwes, şol zadyň hut öz gymmatyndan
has beýik.
Amal hakdaky söz şol amalyň öz boýundan
has beýik.
Emma wagt, zamana ähli zadyň üstüni açýar.
Şonda zadyň daş-töweregindäki göz
gamaşdyryjy parlaklyk solup başlaýar. Ana
şonda saňa ündew-reklama hem haýyr etmez.
Söwda hem saňa ýardam goluny uzatmaz.
* Iň süýji dil, iş bitirip görkezmekligiň başarnyklaryň dilidir. Özüň hakda artykmaç
gürlejek bolma, özüň hakda gürlemegi edýän
işleriňe goý, şol beýik işler sen hakda gürrüň
berer durar. Seniň özüňi alyp barşyň,
gylyk-häsiýetleriň, abraýyň hakda özleri
hoşboý ysyny saçarlar. Edýän işleriň älemiň
nazaryny saňa we seniň beýikligiňe
107
gönükdirer. Sen diňe bu zatlar üçin irginsiz
zähmet çekseň, işleseň bolýar. Ýürekden yhlas
etseň bolýar. Gereginden artyk derejede
zähmet siňdir, deriňi dök, ondan soňra
birsellem dymyp bilersiň. Özüň hakda
gürlemek wezipesini amallaryňa tabşyr, seniň
adyňdan resmi gürleýji seniň amallaryň
bolsun. Ana şol müňlerçe nokgy-nokgydan we
uzaga çekýän sözlerden, leksiýalardan hem
has ynandyryjy we täsirli dildir, sözdür.
* Baş prinsipleriňi, durmuş ýörelgeleriňi syýa
ruçka bilen ýaz, olar hiç bozulmasyn, berk we
mäkäm dursun, aýdyň görünsin.
Garaýyşlaryňy, pikirleriňi adaty galam bilen
ýaz, gerek ýerinde olara üýtgetmeler,
düzedişler girizip, gaýtadan gözden geçirmeli
bolarsyň.Ýagdaýa rast gelmeýän pikirleriňi
bozmagy, üýtgetmegi hem mertlik bilen kabul
et, pikir bozgujyny hem edeplilik bilen ulan.
Ýalňyşdygy aýan bolan pikirleriňden
saplanmak dürsdür.
Iň ýamany ýokarky ikisiniň ýerini çalşyp
ýazmak: Esasy durmuş prinsipleriňi yz ýany
bozup boljak galam bilen ýazyp, her
gije-gündizde üýtgedip otursaň we
garaýyşlaryňy, pikirleriňi syýa ruçka bilen
ýazyp, ony asla üýtgewsiz saklamaga
çalyşmagyň, düzedişler girizmezligiň,
üýtgetjek bolmazlygyň ýaman işdir.
* Şeýtan eli çarşakly mahluk däl, onuň
guýrugy hem, iki sany şahy hem ýok. Eger-de
ol şol gülkünç-gorkunç sypatynda gelse, hiç
kim oňa ynanmazdy. Şeýtan biziň ýanymyza iň
gymmatbaha lybaslarda, owadan we parlak
ýüz bilen gelýär. Süýli sözler, datly jümleler,
şelaýyn bakyşlar we näzli garaýyşlar bilen bizi
öz maksadyna çekýär. Şeýdip köpleri öz
hilesine çolaşdyrýar.
Ol ynamdar dostuň ýa-da halaýan adamyň
sypatynda hem gelip biler. Biz birbada oňa
güp ynanýarys. Wagt geçenden soňra bu
betbagtçylyga sebäp bolan zadyň arkasynda
diňe şonuň durandygyny onuň perdesi
syrylandan soň bilip galýarys.
* Ähli ýumurtgalary bir sebetde goý we olara
gowy üns ber! Ýa-da olary dürli sebetlerde
goýuşdyr we olara asla ähmiýet hem berme!
Enemiň aýdyşy ýaly, “Bir elde iki garpyz
tutdurmaz”. Pikiri dagynyk bolan adam
ygtybarly, sadyk hasaplanmaz.
* Durmuş hakykatlarynyň biri hem – ýaltalara
juda agyryly görünmegi hem mümkin – ynsan
isleýän zadyny alanok, mynasyp bolan zadyny
alýar.
* Käbir adamlar kebelegi barmagynyň ujy
bilen däl-de, gysymy bilen garbap tutýar.
Güýç-kuwwatlylygy, zorluk ulanmagy,
pugtalygy çynlakaýlygyň delili hökmünde
görýärler.
Olaryň düşünje ölçegi hem, şoňa eýerişleri
hem ýalňyş.
* Çekip bilmejegiňden artyk örtenmek
islemeseň, gereginden artykmaç söýme. Her
bir zat öz çäginde, mukdarynda bolsa ýagşy.
Hat-da duýgular we rehimdarlyklar, söýgi we
ýigrenç hem özüne laýyk ýerde, mynasyp
mukdarynda bolsun. Çäkden çykan, artykmaç
her bir zat zyýanlydyr.
108
* Allatagala aýdýar: “Ynsan özüni aklasa-da,
öz edýän işine özi beletdir”.
bilemokdym, aňşyramokdym, ýöne näme
üçindir men şol kitaplara aşykdym.
Özüňi aklamak üçin bahanaň köpdügine,
ýeterlikdigine garamazdan, ýeriň ýüzünde seni
okap biljek, seniň içiňi gözden geçirjek, öz
ynjyklygyňy, näzikligiňi ýa gatylygyňy, ýumşak
ýa-da gödekdigiňi bilmäge ukyply, iň ökde
adam Seniň özüňsiň. Ýaradan hiç wagt saňa
sütem etmez. Şeýle hem ol şahsy çäkleriňi,
mümkinçilikleriňi kesgitläp biljek derejede
ýeterlik akyl berendir.
Bir gün howlumyzdaky bagyň astynda kitaba
güýmenip otyrkam, garry enemiň sesini
eşitdim. Ol “jaýyň üçegindäki kagyz letdelerini
arassalamagy” buýurýardy. Sebäbi şol ýerde
towuk saklamak üçin giňiş ýer gerekdi.Enemiň
permany ýakyn günlerde ýerine ýetirilmelidi.
Müňlerçe kitapdyr žurnallaryň çal-gara tüssesi
ýokary göterildi. Men ol wagt on üç ýaşly
oglandym we durmuşyň şol ýowuzlygy
henizlerem göz öňümden gidenok.
* Ähli şowsuzlyklar sowatsyzlykdan,
bilmezlikden gözbaş alýar. Allatagalanyň
beýikliginiň öňünde nadanlygymyz zerarly
asy-günäkär bolýarys. Kanunlary
bilmeýändigimiz zerarly durmuşda
büdreýäris. Adamlaryň gylyk-häsiýetlerini
ýa-da öz tebigatymyzy bilmezden,
öwrenmezden öz söýýänlerimizi we bizi
söýýänleri ýitirýäris. Allatagala sowatsyzlygy
ýok etsin.
AHYRYNDA ÝEŇIŞ GAZANDYK
Ol pursatlaryň üstünden onlarça ýylyň
geçendigine garamazdan henizlerem ony
ýatlaýaryn..Bäş ýaşly oglan wagtymdan bäri
atam şeýh Hilal aş-Şazylynyň miras galdyran
desse-desse kitaplarynyň arasynda
gezýärdim.Ýaşaýan öýümiziň üçegi dürli
kitaplardan, žurnallardan doludy. Terbiýeçi,
edep beriji ussadym garry atam dünýäden
ötmezinden öň ummasyz we kämil miras
galdyrypdy. Men ol wagtlar bu kagyz
üýşmekleriniň nähili gymmatynyň bardygyny
Men ol wagtlar sapagyna doly ýetişmeýän
okuwçydym, emma kitap okamaklyga şeýle bir
gyzygýardym. Şonuň üçin okuwyma doly
ýetişmegim üçin bu islegimiň garşysyna berk
karara geldiler.
Ýene-de perman ýaňlandy.
Meniň ähli kitaplarymy öýüň howlusyndaky
bagda jemlediler. Ähli zat ýekeje otluçöp bilen
ýerine ýetirildi...Şeýh Hilalyň howlusyndan
ikinji gezek alaw-tütün ýokary
göterildi.Ençeme ýyllaryň geçendigine
garamazdan bu waka göz öňümden gidenok,
aňymdan çykanok.Meniň terk etmegimi
isleýän zadyma bolan söýgüm gün geldigiçe
möwjedi.Söýgim artdygyça, özümi pida etmeli
ýagdaýlarym hem köpeldi..
Şol waka hut düýn bolan mysaly, her bir ajysy
bilen henizem ýatlap biljek. Men ol işden bu
işe geçenimde hem hemişe ýanym sebet-sebet
kitaplydy. Käbir adamlar bu bolşuma keseden
bakyp, ýaňsylap, üstümden gülerdiler:
“Filosoflaryň zamany bireýýäm geçip
109
gitmedim-aý” diýip, kinaýa bilen habar
gatardylar.
Bir gezek gatnaşýan dostlarymyzdan biriniň
maşgalasy: “Seniň hobbiň, gyzyklanýan zadyň
kitap okamak diýip eşitdim, şol dogrumy?” diýip sorady.
Men olara: “Okamak meniň gyzyklanýan
zadym däl, okamak-meniň durmuşym, meniň
diriligim. Iýip-içgini islegiňe görä bölüşdirip,
paýlaşdyryp, synplaşdyryp bolar, emma
okamak durmuşym üçin zerurlyk” diýipdim.
Dem almagym durmuşda ýaşamagym,
bakylgym üçin sebäp bolsa, okamak maňa
özümi aklamaga, durmuşda mynasyp
ýaşaýanlygyma ynamymy artdyrmaga
sebäpdir.
Men ulaldym.. Ulaldygymça hem okamaklyga
bolan yşgym we höwesim, söýgim hem
artdy.Men häzir üçünji onlukda gezip ýörün,
her bir söýýän aşyk kibi bolup, ýatlamalaryma
çümýärin..Geçilen menzillere we ýetilen şu
günlere ser salýaryn.. neşir önümçiligi
ulgamynda kiçeňräk neşirýat açmak
nesibämde bar eken. Ine, bu gün arap
dünýäsinde kitap önümçiligi bilen hyzmat
edýärin.. Täze-täze pikirleriň döremegi üçin
pikir senagatyny, pikir sungatyny
ösdürýärin.Şonda şol çagalyk, oglanlyk we
ýaşlyk pursatlarymda başymdan geçen, kitap
bilen bagly agyryly günlerimi ýatlaýaryn...
Häzirki uly kitaphanama we çaphanama göz
aýlap, uludan demimi alýaryn. Göwün
gulagyma pyşyrdaýaryn: “Hudaýa şükür,
ahyry biz ýeňdik”.
GYSGA PIKIRLER WE AÝTGYLAR
* Her gün düşnüksiz durmuşyň bir tarapyny
öwrenmesek, onuň syrly tilsimlerinden biriniň
syryny çözlemesek, onda bu durmuşy doly we
kämil ýaşaýarys diýip pikir etmeli däldiris.
* Ata-babalarymyzyň ýagşy niýetleri – olara
bolan garaýşymyza, berýän bahamyza
garamazdan – biziň terbiýe asmanymyzy
(boşlugymyzy) doly örtmeýär, ýa-da durmuş
kynçylyklarynda, päsgelçiliklerinde ýüzbe-ýüz
durmaga ýeterlik bolmaýar.
* Has ynamly, höwesli we erjel ýapyşmagymyz
üçin has beýik maksatlardan bir pursat hem
gözümizi sowmaly däldiris. Ilkinji ädimleri
hem pes saýmaly däldiris, gaýta şol ädimleri
has-da güýçlendirip, batlandyryp hem-de
gadamymyzy has-da berk basyp, öňe ynamly
ätmelidiris.
* Dünýä mülki adamzat köpçüligini
azaşdyrmaga, ony özüne bendi etmäge juda
ökde. Özi üçin darkaş gurdurýar. Adamlar
bagtyýar we sapaly günlerini, beýik
arzuwlaryny, maksatlaryny, pikirlerini
dünýäniň tiz sowulýan wagtlaýyn lezzetine
bagyş etmäge taýýar hem-de juda höwesek
görünýär.
* Bermegi, sahawat etmegi başarmagy üçin
musulman adam durmuşy söýmäge borçludyr.
Ol durmuşa çynlakaý çemeleşmeli we ýaşaýyşa
öz goşandyny goşmalydyr. Öňkülerden hem
has gowy zatlara ymtylmaly we has gowusyny
110
döretmelidir. Ýöne bu işleri özgeleriň
berim-peşgeşiniň, gaýrylaryň çeken
zähmetiniň ýa-da atasynyň abraýynyň
hasabyna etmeli däldir.
pes arzuwlar bilen kanagat edýäris we durmuş
belentliklerine aralaşyp bilmän, pesde
çör-çöpürleriň arasynda gezenimizi eý
görýäris.
* Boş ýaňramazlyk we gerek ýerinde diliň
jylawyny çekmek üçin sözleýiş edebini
öwrenýän adam güýç-kuwwat gazanmak
babatda, güýçli bolmak babatda abyrsyz köp
zähmeti bitiren adamdyr. Gapyllyk içinde
diýen sözleri üçin malyndan, baýlygyndan we
abraýyndan jyda düşen ençeme adamlar bar...
Käbiri dili zerarly kellesinden hem jyda düşdi..
* Bir özüň ýeňmek, diňe seniň utmagyň beýik
üstünlik däldir. Iň uly ýeňiş, iň bähbitli
düşewünt “Men gazanýaryn-sen hem
gazanýarsyň” diýen durmuş deňlemesine laýyk
gelmelidir!
* Şeýle bir pursatlar bolýar, şonda adamlara
mätäçdigimizi has ýiti duýýarys. Adam üçin
adam, musulman üçin onuň dogany howa
deýin zerur. Ýürekdeş ynsany bolmasa, adam
durmuş kötelliklerini bir özi geçip bilmeýär.
Ýürekde berç baglan pikirleriňi, derdiňi birine
gürrüň bereniňden soňra, gursagyň giňäp
gidýär – wyždanymyza rahatlyk, ynjalyk,
sagdynlyk ornaýar (aralaşýar).
* Käbir adamlary tanaýaryn, olar özlerine
gelişýän egin-eşigi saýlap alyp bilenoklar.
Onuň dostlary we ýakynlary bolsa bir müşgil
mesele-de ýene şoňa sala salýarlar.. juda
düşnüksiz.. öz geýjek köwşüni özi saýlap
bilmeýän adam özgeleriň ýörejek ýoluny
saýlap bilmegi mümkin däl!
* Ukyp-başarnyklarymyzyň örän köpdügine
garamazdan ownuk-uşak arzuwlar bilen
kanagat etmek ynsan üçin iň hatarly zatdyr.
Ýerine ýetirmek aklymyza mümkin däl ýaly
görünýän beýik zatlar babatda öňkülerden
az-owlak ýa-da şoňa barabar ölçegde yhlas
etsek hem köp zat hasyl edip bilerdik, emma
* Garaňky, tutuksy günler uzak bolsa, ýeňişli,
ýagty günler hem edil şonuň ýaly uzakdyr.
Haçan-da biz şowsuzlyklaryň
agyry-ynjysyndan saplanmak üçin başymyzy
ýokary galdyrmak islesek, günleriň
ötegçidigini we tiz çalşyp durýandygyny
ýadymyzdan çykarmaly däl. Ýörejek
ýollarymyzy syntgylar ýaly, oňa düzedişler
girizer ýaly ýeterlik wagt hökman tapylýar.
Şowsuzlyklara adyl hem-de sagdyn akyl bilen
jogap bermegiň iň ygtybarly usuly – asuda,
arkaýyn pikirlenip, bir netijä gelmek.
Gaharlykaň gelnen netijede hakykat ýokdur.
Iň nusgalyk saýlaw – gahar-gazaba berilmän,
howlukman, asuda-arkaýynlyk bilen
pikirlenmekdir.
* Arzuwlaryň öňünde duran duzak-gapanlar
örän köp. Şol duzaklaryň biri hem seni işden
sowaşdyrýan sebäplerýa-da wagt sarp edeniňe
degmeýän zatlary has gowy berjaý etjek bolup
bar gaýratyňy harçlamakdyr.
* Özleriniň mal-mülki bilen gomparyp,
temegini Göge dikýänler, wagtal-wagtal öz
zatlaryny, bilýän zatlaryny, öwrenen we
özleşdiren zatlaryny, ylym-bilimlerini oňamuňa güjeňleýänler... olar aslynda özlerindäki
111
ruhy-psihologik bir nogsanlykdan ejir çekýän,
kösenýän adamlardyr. Olar öňe ilerlemek üçin
hemişe öz ukyp-başarnyklaryna ynamsyz
garaýan adamlardyr. Munuň üstesine hem
ýaşaýyş kanunlaryndan düýbünden
gömükdigi, sowatsyzdygydyr. Çünki ähli ylmy,
hakykaty, magryfeti Alladan başga kämil
bilýän ýok. Allatgala öz fazly-keremi bilen ony
islän bendesine bagyş edip biler.
* Ajal aglaba halatda garry hasyllary
ýygnaýandygyna garamazdan, wagtal-wagtal
heniz bişmedik miweleri hem ýolýar. Şonuň
üçin hiç wagt ölüm uzakdadyr öýdüp özüňi
aldama!
* Ýaşaýyşda yz galdyrjak bol. Her günüňi,
sagadyňy, sekundyňy, demiňi sanap ötürme,
manyly bir iş etmek üçin çalyş.
* Durmuşda ýokary göterilmek we üstünlik
gazanmak hiç bir adam üçin hem bolmajak zat
däl (hemmeler üçin hem mümkin). Ýöne
munuň garşylygyny ödemegi her kes boýnuna
alanok. Bahasyny öňünden tölemedik adam
ony ele salyp, gazanyp bilmez. Üstünligiň
bahasy hiç zatdan arz-şikaýat etmän, hiç wagt
zeýrenmän, maňlaý deriňi döküp işlemekdir.
* Iň töwekgelçilikli, gorkuly, hatarly durmuş
içinde hiç hili gorky-howsala bolmadyk
durmuşdyr. Iň uly howp-gorky bolsa hiç
zatdan gorkusyz ýaşalan ömürdir. Iň uly
şowsuzlyk – şowsuzlykdan gorkup, hiç hili
hereket etmän durmaklykdyr.
* Kimdir biri bir ýa-da birnäçe kitap okap,
özüni filosof, akyldar, döredijilik adamsy
hasap etse, ol diňe hyýalbent adamdyr. Kimdir
biri on-on iki sany hadys ýa-da käbir kiçijik
süreleri ýat bekläp, bir mesele dogrusynda
pitiwa-höküm çykarsa, ol özbaşyna gümra
biridir.
* Adamlaryň arasynda ysgynsyz bedenliler
bar, olaryň içki dünýäsi – ruhy durmuş
kötelliklerine garşy durardan has ejiz. Has
dogrusy, durmuş kynçylyklaryna garşy
göreşmek ukybyny ýitirenler. Beýle adamlary
dirileriň hatarynda goýmak, hasap etmek
ýalňyşlyk. Olar jansyz jesetler, ýöne özleri
muny duýmaýarlar.
* Haýyr miwesini berjek bir daragty ekmeýän
bolsak, ýa-da hakykatyň tohumlaryny
sepelemeýän bolsak, ýa-da bizden soňky
nesiller peýdalanar ýaly ylym daragtyny
oturtmaýan bolsak, ine, bu iň ýaramaz
durmuşdyr. Adam dünýäden gidenden soň
hem ony dowzah azabyndan gorajak we
yzyndan sogap ýollajak zat şolardyr.
* Ynsanyýetiň iň uly betbagtçylygy hakly
adamy pisint etmezlik, äsgermezlik. (Öz)
nogsanlygy, bärden gaýtmasy üçin beýleki
adamlardan hasap soramak. Gepi-sözi öz
göwnüne jaý bolmasa, olara temmi bermekden
hem gaýtmaýan adamdyr.
* Ýagşy pikirleri ýaýyjy adamlar ýüreklere
eltýän ýoly tapmak üçin durmuş derslerinden
pugta sapak almaly. Biz diňe ýagşy ýola
çakylykçylar, aýdyjylar, ýetirijiler. Biz kazylarderňeýjiler, baha berijiler däl. Biz diňe şuglaly
şemi göterijiler, biz hökümleri ýerine ýetirijiler
däl. Biz diňe pikir we düşünje eýeleri, şonuň
üçin ýüreklerimizi, gursaklarymyzy
112
gapma-garşylyklar bilen doldurmalyň we
daraltmalyň.
* Akylly adamlaryň iň uly strategiýalarynyň
biri – mätäç bolmazlyk. Gazanyp bilmejek
ýa-da el ýeteriňden alysda bolan zady isleseň,
ol pikirleri dessine kalbyňdan, ýüregiňden
çykar. Şeýtmeseň, gazanmak şehwetine –
işdämenlik nebsiňe “haý” diýip, ony durzup
bilmersiň. Diňe şeýtmek bilen nebsiň
täsirinden aýňalyp bilersiň.
* Dem almak durmuşda ýaşamak
mümkinçiligini berýär, okamak ýaşamaga
mynasypdygyňy görkezýär.
* Hak ýolda ýöreýändigimize, hakykatyň biziň
tarapymyzdadygyna garamazdan, hiç bir
adamyň başga birini öz ynanjyna, ýoluna
mejbury girizmäge haky ýokdur. Ýa-da öz
pikirlerini, garaýyşlaryny goldamasalar, olara
töhmet atmaklyga, ýanamaklyga haky-hukugy
ýokdur.
* Biz isleýän her bir zadymyzy gazanyp
bilmeýäris. Heniz isleýän, tama edýän
zatlarymyz ýene-de köp bolar. Eger-de
gözlerimiziň dok, ruhumyzyň rahat bolmagyny
isleýän bolsak, onda Allatagalanyň bize bagyş
eden nygmatlaryna kaýyllyk, kanagatlylyk we
razylyk nazary bilen bakmalydyrys. Şeýle hem
bir zady unutmaly däldiris – biziň elimizde bar
zatlar hut şu wagt kimdir biriniň iň elýetmez,
aňrybaş arzuwlary bolup durýandyr.
SOŇY.
Arap dilinden terjime eden
Rahmet GYLYJOW.
113
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.