Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10

Total number of words is 3526
Total number of unique words is 2015
29.3 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
özüňden sora: Sen hakykatdanam şoňa
mynasypmy?!
Mahlasy, il öňüne düşmegi isleýän bolsaň,
nebsiň-ruhuň ýolbaşçylyk mertebesine owsun
atýan bolsa, onuň çykdajysyny ödemäge
ýagdaýyň barlygyny ýa-da ýoklugyny derňe.
Ýagdaýyň bar bolsa, başararyn öýtseň, isle, işle
we talap et, ýogsamam öz başarnyklaryň
çäginde saklan we özüňe gelişýän dony geý!
Hemişe ýadyňda sakla, serkerde öňe alyp
gidijidir, ýolbeletdir, ol hemişe öňde
bolmalydyr.
41. ABRAÝ OWAZY WE ŞÖHRAT
ÝYLPYLDYSY
Şöhratparazlygy ömrüň iň ileri maksadyna
öwürmek makullanylmaýan häsiýet. Käbir
adamlar diňe şöhrat isleýär, tanymal-meşhur
bolasy gelýär. Şöhrat gazanmak üçin ylgaýar,
yhlas edýär. Şöhratyň yzynda ýelk ýasaýar. Ol
gününi, ömrüni şeýdip geçirer: Şöhrat
gazanmak üçin kitap ýazar, göze görünmek
üçin köpçüligiň öňünde söz sözlär, kameralary
özüne gönükdirmek üçin ýygnanyşyklarda
hemişe ortada hem-de üns merkezinde
bolmaga çalşar.Ol şeýdip ömür
şahadatnamasyna sowukganlylyk bilen goluny
goýar we dünýäden öter.
Beýik adamlaryň ýörelgesi beýle bolmaýar.
Beýikler köpçüligiň arasynda orta çykýan hem
bolsa, dürli düşünjeler, akyllar bilen
tanyşmak, pikir alyşmak üçin çykýar.
Hakykaty sözlemek, gözelligi gözlemek, haýry
we ajaýyplygy ýaýratmak üçin çykýar. Kagyza
ýazmak üçin bilini egýän bolsa, ýazmakdan
maksady akyllara müşgillik döreden zatlary
açyklamak, düşünmesi kyn bolan meseleleri
düşündirmek üçin ýazýar.Ol parlaklygy,
ýagtylygy gözlemeýär, parlaklyk onuň özüni
gözleýär. Parlaklygyň, meşhurlygyň özi oňa
aşyk.
Heý-de sen pikir etdiňmi, ýazyjy Mustafa
Sadyk ar-Rafygy “Galamyň ylhamy” atly
eserini ýazyp otyrka, oý-pikiri, küýi-hyýaly
adamlara görünjek bolmak, şöhrat
gazanmakdyr öýdýärmiň?! Ýa-da filosof we
pikirmen adam Seýýid Kutb “Kuranyň
saýasynda” atly eserini ýazýarka, öz
okyjylaryny, muşdaklaryny haýrana goýmak
islegi bilen ýazandyr öýdýärsiňizmi? Ýa-da
professor Abdyl al-Mesiri özüniň “Sion
ensiklopediýasy” atly uly göwrümli işini ýazan
wagty “adamlar men hakda näme pikir
ederlerkä, maňa näme diýerlerkä?” diýen niýet
bilen, özüne şeýle sorag berip ýazandyr
öýdýärsiňizmi?Asla beýle pikir etmeýärin... bu
beýik ynsanlar özlerine ynanylan beýik
wezipäni berjaý etmek üçin hereket edýärler.
Olaryň iň beýik maksady: adamlaryň eşitmeli
sözlerini aýdyp ýetişmek.
Olaryň biri mähelläniň öňünde bir söz sözlär,
bu sözler Zeminiň ähli ujuna ýaýylar. Adamlar
näme aýdylandygy, näme üçin aýdylandygy,
nähili aýdylandygy hakda gürrüňe, söhbede
gyzygarlar, bu sözleriň aňyrsynda nähili
manylaryň, maksatlaryň ýatandygyny
çöşlemäge synanyşarlar. Şeýdip olaryň
at-abraýy ýüreklerde, aňlarda orun alar.
95
Şonuň üçin hem olar hemişe biziň
aňlarymyzda, hatyralarymyzda, akyllarymyzda
mesgen tutýar. Hatda biziň dünýägaraýşymyz
olaryň pikiri bilen gabat gelmeýän hem bolsa,
biri-birine çapraz düşýänem bolsa, olaryň
käbir pikirlerine bütinleý garşy çyksagam, biz
islesek-de, inkär etsek-de, dünýäden
ötendiklerine garamazdan, olar özleriniň beýik
pikirleri, ideýalary arkaly biz bilen bile
ýaşaýarlar.
ýalydyr. Ol bize arassa, süýji tagamly bal
berýär, şol bir wagtda onuň agyryly neşteri
hem bar. Muňa garamazdan, has üns bermeli
ýeri, onuň iki ganaty hem bar. Saňa gonan
wagty sen bal kölünde gulaçlap, şöhrat
deňzinde guwwas deýin ýüzýärsiň. Seniň
adyňşol wagt ýyldyzlaryň arasynda, belki
şondanam beýiklerde gezip ýör. Muňa
garamazdan, birdenkä onuň uçup gitmegi we
seni unudylmalar taryhyna ýazmagy mümkin.
Şöhrata höwesek bilen abraýa mynasyp
adamyň arasynda nähili parh bar? Şöhrata
höwesegiň ýanynda hemişe şöhratyň
gyzgynlygyny ölçeýän termometr bar. Ol şol
termometr arkaly adamlaryň özi hakda edýän
gürrüňlerini, öz şanyna aýdýan sözlerini
ölçeýär. Abraýa mynasyp adamy bolsa özge
adamlaryň, il-günüň öwgüsi hem, tankydy
garaýyşlary hem gyzyklandyrmaýar. Ol özüni,
özüniň etjek işini anyk bilýär, öz bilýän
hakykatynyň ýanynda berk durýar. Adamlaryň
sowatsyzlygy, düşünjesizligi ondan üstün
çykmaýar, çünki ol hakykata, öz etmeli we
etjek işlerine gowy düşünýär.
Gizlin zat däl — şanymyza el çarpylmagy
hemmämize ýaraýar. Bu ynsan tebigatynda
bar bolan, özüne çekiji häsiýetleriň biri. Ol
özlügimizi, barlygymyzy berkitmek üçin tebigy
teşneligi gandyrmaga kömek edýär. Ýöne
aýtmak isleýän zadym, her eden işiň
hatyrasyna el çarpylmagyna garaşma-da, sen
ähli ünsüňi edýän amalyňa gönükdir, şonda
ir-u-giç olaryň özi alnyňa, şanyňa, ýanyňa
geler. Sen özüňe ynanylan wezipäni ýa-da
ýüregiňi berip, başyna baran işiňi has kämil
berjaý etmäge çalyş. Işiňi kämil ýerine ýetir.
Wyždanyňdan we ruhuňdan öz işiňe yhlas guý.
Birjikde säginme, irme, bizar bolma, hatda
maksadyňy, arzuwyňy birbada hasyl edip
bilmeýän hem bolsaň, umytdan düşme.
Ol öz amalyna berlen, hünärini, edýän işini
söýýär, yhlas bilen ýapyşýar, hut şonuň
üçinem üstünlik we mertebe-dereje hemişe
oňa ýakyn durýar. Emma adamlaryň el
çarpyşmalaryna we özüni öwmeklerine
tamakinlik bilen bakýan şöhratparazlar bolsa
her daýym büdremäge, ýykylmaga, çolaşmaga,
bulaşmaga juda ýakyndyr.
Gaýta-gaýta ýanjaýan bir sözüm bar: şöhratyň
elinden aman sypan ýokdur. Filosoflaryň
biriniň aýtmagyna görä, şöhrat bal arysy
Nemes filosofy Şopengauery hemmämiz
bilýäris. Şu şahs bütin ömrüni gat-gat
kitaplaryň arasynda geçirdi, gözledi, tapdy,
okady, ýazdy. Sapak berdi, adamlary okatdy,
leksiýa berdi. Täsin ýeri ömründe ony hiç kim
tanamady diýen ýaly, üýtgeşik şöhrata, abraýa
çümmedi. Abraýdyr hormatyň, sylagdyr
sarpanyň özi oňa akyn etdi durdy. Hemmeler
Şopengauer hakda gürrüň etdi. Hemmeler
Şopengauery okady. Gazetler diňe şol hakda
96
ýazdy. Tankytçylar onuň pikirlerini we işlerini,
ylmyny öwüp, tarypladylar.
Şonda ol çuňňur manyly bir söz aýtdy: “Bütin
ömrümi ýeke-ýalňyzlykda, unudylyp ýaşadym,
bu gün bolsa birdenkä adamlar depli-surnaýly
topar tutup, meni — soňky ýoluma şowhundabara bilen ugratmak üçin geldiler”.
Eger-de bu adam ömründe şöhrat gazanmak
bilen gyzyklanan bolsa, ol ýazýan, okaýan,
düzýän mahaly, dürli pikirleri we netijeleri
çykarýan wagty, öz asyl işlerine üns bermän,
hemmeleriň özi hakda gürlemegine garaşardy.
Dünýä belli suratkeş Wan Gog bütin ömrüni
ýeter-ýetmezlikde, pakyr-pukaralykda geçirdi,
hiç kim onuň bardygyny hem
duýmady.Haýran galdyrýan ýeri, ölüm
pillesinde ýatyrka ol süýtdeş doganyna nebsi
agyryp: “Sen surat çekmek üçin maňa satyn
alyp beren esbaplaryň bahasyny, puluny bir
üzeweri” — diýip, haýyş edipdir.
Ony dogany ekläpdir. Surat çekmek üçin gerek
bolan zatlary, esbaplary dogany satyn alyp
berýän ekeni. Onuň çeken suratlaryny bazara
çykaryp, satar ekeni, emma ölmez-ödi
iýip-içgä ýeterlik bahadan ýokary satmaz eken.
Wan Gog näme üçin işlemekden, täze zatlary
döretmekden saklanmady? Oňa şöhrat gerek
dälmidi? Ol şöhrat gazanmak üçin
göreşmedimi? Sebäbi ol şan-şöhraty esasy
maksadyna öwürmedi, onuň esasy maksady
ajaýyp suratlary çekip, sungaty ýüreklere
ornaşdyrmakdy.
Aýtmak isleýän zadyma düşünensiňiz diýip
umyt edýärin. Şöhrat düýbi-teýkary bilen
erbet zat däl, ýöne şöhratyň bir özi esasy
maksada öwrülse, ine, bu ýaman ýagdaýdyr.
Ine, şonda şöhrat şere öwrüler durar.
Hiç wagt eden işiň üçin dessine alkyş
aýtmasalar ýa-da gadyryny, gymmatyny
duýmasalar, bu häsiýet seniň işden
sowaşmagyňa, öndürijiligi gowşatmagyňa,
täze zatlary döretmegiňe päsgel bermesin.
Munuň çözgüdi — edýän her bir işiňe söýgi
bilen çemeleş, söýgi bilen giriş. Döredijilik
kuwwatyňa, pikiriňe, sungatyňa, ýerine
ýetirişiňe ynan.
Bir zat welin anyk, Allatagala öz işini kämil we
doly ýerine ýetirenleriň yhlasyny, zähmetini
birjik-de köýdürýän däldir.
Meşhur arap ýazyjysy Muhammet Afifiniň
şeýle sözleri bar: “Şöhratyň gözýetimleri
gurşap, dünýäni dolduran hem bolsa, şol
dünýäniň içinde sen hakda asla eşitmedikler,
seni düýbünden tanamaýan adamlar hemişe
bolup biler”.
42. GARYPLYKDAN GAÇ
“Garyplyk, ýoksullyk” diýenimde maddy
taýdan ýeter-ýetmezligi, mätäçligi göz öňünde
tutamok, ol zatlardan gaça durmaklyk, ol
zatlara kowalaşmazlyk nesihat ýa ündew
etmezden hem düşnükli, aýdyň zat. Men
medeni, aň-düşünje, sowat-bilim taýdan
garyplygy göz öňünde tutýaryn.
Bu babatda az zat bilen kanagat etjek bolma,
maglumat goruňy baýlaşdyrmak islegine we
97
zähmetine asla ýaltalyk etme. Küti-küti
kitaplaryň, žurnallaryň, gazetleriň, internet
sahypalarynyň içine siň, guwwas deýin çüm,
dür tapman hem yzyňa dolanma. Seniň
maglumat goruňy, ylym-bilimiňi baýlaşdyrjak
zatlara yhlas bilen çemeleş. Şonuň bilen
birlikde öz ummasyz pikirleriňi, düşünjeleriňi,
ylhamlaryňy hem belläp al.
Käbir adamlar özünde bar bolan mümkinçiligi
artdyrmak, ukup-başarnygy kämilleşdirmek
üçin baş galdyranoklar. Olar hemişe dar
çygyrda ýaşap, şol bir duýgy bilen gezip ýören
ýaly görünýär. Olaryň pikir-düşünjesi, gyzykly
pikir alyşmalar üçin gerek bolan gözýetimleri
giňelmeýär. Megerem, pikir gurluşlary, pikir
binalary başga hili hereket etmäge
mümkinçilik bermeýän bolarly.
Ýogsamam, bar küýi-pikiri seýilgählerde,
barlarda, kafelerde, internet saýtlaryndaky
gürrüňlerden ybarat bolsa, olar neneň ýaşap
ýören döwri we dünýäsi bilen deň, aýakdaş
ýöresinler, beýlekiler bilen neneň medeniýetli,
salykatly söhbet etsinler? Ýekeje gün hem
olaryň elinde kitap görmersiň, ýa-da bir gün
nähilidir bir zat hakda çynlakaý oýlanyp, pikir
edip durandygyna gözüň kaklyşmaz.
Şeýle adamlar bilen söhbetdeş bolanymda,
olar köplenç maňa synaga giren we ýylandan
başga hiç zat hakda bilmeýän talybyň gününi
ýadyma salýar. Ol talypda ýylanlar hakda baý
maglumat gory toplanypdyr, ýöne durmuş
meselesi diňe ýylanlaryň kesgitlemesi bilen
çözülmeýär.
suratlandyrmagy haýyş edipdir.Talyp uzak
wagtlap pikire çümüpdir, beýnisine agram
salyp pikir edipdir, ahyry şeýle jogap beripdir:
“Pil örän äpet haýwan, onuň uzyn holtumy
bar. Piliň bu holtumy uly ýylanlary ýadyňa
salýar. Ýylan bu...”. Soňra ol ýylanlar hakda
bilýän bar zadyny jikme-jik gürrüň beripdir.
Ine, şu talyp aň-düşünje misginlerine
meňzeýär. Olar nämedir bir zat hakda bir
habar ýa maglumat eşidýärler, oňýarlar. Şol
maglumat hakda pikirlenjek, oýlanjak, ol
hakda täze zatlary biljek, öwrenjek bolanok.
Täze maglumatlary we pikirleri gözlänok,
şeýdibem düşünjesi dar çygyrda
galyberýär.Şeýle adamlar bilen söhbetdeş
bolanyňda hem kyn güne galýaň. Käteler
özüňşolaryň derejesine çenli peseläýmeseň,
olar bilen düşünişip ýa-da düşündirip biljek
gümanyň ýok. Olaryň düşünje meýdany şeýle
bir dar welin, hatda ol ýere täze maglumat
sygjaga hem meňzänok. Ilki bilen düşünje
örüsini, meýdanyny giňeltmeli. Olar tankydy
dagyn asla kabul edenoklar. Özüne aýdylýan
bellikleri hem bilgeşleýin edilýän hüjümlere
deňeýärler. Gaýta, özgeleri düşünjesizlikde,
durmuşdan yzagalaklykda aýyplaýarlar.
Kellesini gyzdyryp, sesine bat berip,
gürleýärler welin, hamana ähli zatda hakly bir
özi ýaly. Durmuşy goh bilen gazanjak
bolýarlar.
Emma sen bu duzaga, çirtmege özüňi
aldyrma! Ylym-bilimiňi, aň-düşünjäňi, medeni
derejäňi artdyrmak bilen sen bu duzakdan
halas bolup bilersiň.
Synagda oňa piller hakyndaky sorag düşüpdir.
Mugallym pili ilik-düwme, gowy edip
98
Okaýan wagtyň, sen akylyňdan bir sahypa
ýokary galýarsyň, ol ýerdäki durmuş
tejribeleriniň, pikirleriň, çaklamalaryň,
teklipleriň üstüni açýarsyň. Bu bolsa seni
adaty adamlardan ýokary göterýär.
Beýikleriň we alymlaryň öňünde oturmagyň
seniň ömrüňe ýene bir ömür goşýar. Ukypbaşarnygyň we güýç-kuwwatyň artmagyna
getirýär.
Adamzadyň hal-ýagdaýy, ýaşaýşy, durmuşy
hakda pikir edýärkäň, takdyr we ýazgyt
meselesine düşünmek isleýärkäň,
Allatagalanyň ryzk we ondan mahrum bolmak,
beýige göterilmek we pese düşmek
dogrusyndaky hikmetleri hakda kelle
döwýärkäň, bir zada haýran galýarsyň:
durmuş hakdaky düşünjeleriň depesine
çykmak üçin barmak ujunyň hakykatyň zerre
bölejiklerine sähel galtaşmagy hem ýeterlik.
Aýtmaklaryna görä, düşünjeli adam hemme
zat hakdaky bir zady we bir zat hakdaky
hemme zady bilýär diýilýär. Ine, sagdyn
düşünjeli, pikirli adamlaryň bir häsiýeti,
alamaty şeýledir.
Seniň etmeli işiň, saňa berjek maslahatym:
hemme zat hakda oka, hemme zat barada
özüňe ýeterlik düşünjäň, sowadyň bolsun,
ýöne haýsy hem bolsa bir ugry has çuňňur
öwren.
Ylmy gözlegleriň, okaýan, öwrenýän
zatlaryň ýüzde 50 göterimini öz ugruňa,
hünäriňe degişli bolsun. Galan elli göterimini
beýleki ugurlara bagyş et. Gazet sahypalaryny
gözden geçireniňde, ilki bilen ol ýerden öz
ugruňa degişli, soňra hökmany ýagdaýda
medeni, aň-paýhas, sport, ylym we sungat,
syýasat hakdaky ýazgylary oka.
Ilki göräýmäge ýönekeý ýa-da juda ähmiýetli,
gyzykly görnendigine garamazdan, seniň okan,
öwrenen, gözden geçiren her bir maglumatyň
nähilidir bir usul bilen, haçandyr birwagt saňa
hökman haýry deger. Okalan zatlaryň
miwesini ýolmaly, hasylyny çöplemeli wagty
hem hökman geler.
Ýene bir zada aýratyn üns bermegiňi towakga
edýärin: Okaýan her bir zadyňy maksatly oka!
Nämedir bir zady öwrenmek, öwrenen zadyňy
özleşdirmek, durmuşa ornaşdyrmak, gowy
zatlary özgelere-de öwretmek niýeti bilen oka.
Has köp we çuňňur okamasaň, aň-düşünjäň
artýan däldir.
Adamlaryň iki görnüşi: az we dar düşünjeli
adamlar ýa-da köp okaýan, ýöne pytraňňy
düşünjeli adamlar özleri üçin hem, öz halky,
milleti üçin hem at-abraý getirip bilmezler.
Taryh ýazmak üçin, taryha ýazylmak üçin
düşünjäň giň bolmagy zerur.
Mahlasy, hemme zatlar hakda umumy
düşünjäň bolsun, ýöne haýsy hem bolsa bir
ugurda kämilleş, haýsy hem bolsa bir hünärde
ýöriteleş.
43. HOWSALA ALHIMIÝASY
Ruhy sarsgynlyk we dartgynlylyk wagtynda
adam hile-mekirligiň, nadanlygyň,
gözboýagçylygyň aňsat pidasy bolýar.Hatda
döwletler we jemgyýetler hem başynda
99
şowsuzlyk gögerçinleri gaýmalaşyp ýörkä,
hususan-da uly abraýdan we şöhratdan soňra,
ters pikirleriň, ýalan düşünjeleriň bol hasyl
berjek topragyna öwrülýärler. Olar
pirim-duzaklaryň halkasyna, täsirine tiz
düşýärler. Şonda olar öz harytlaryny
güjeňleýän we geçirmek isleýän
mekir-mekgarlaryň süýji we suwjuk sözleriniň
nädip gurbany bolandyklaryny bilmän
galýarlar.
Taryhy kitaplarda ýazylmagyna görä,
Wenesiýa şäheri orta asyrlarda Ýewropanyň iň
meşhur we abadan şäherleriniň biri bolupdyr.
Sebäbi bu ýerde gündogar şäherleri bilen jebis
söwda baglanyşygy ýola goýlupdyr. Hökümet
adyl we arassa, halal işläpdir. Bu ýagdaýlar bu
şäheri diňe bir baý, abadan däl, eýsem
erkinlikden, adyllykdan lezzet alyp, hözirini
görüp ýaşap bolýan ajaýyp künjege öwrüpdir.
Wenesiýanyň ilaty bu hözirli, gönençli durmuş
hemişe dowam eder öýdüp pikir edipdir.
Asman şalygy ony beýleki şäherleriň
arasyndan saýlap alan ýaly eken. Bu şäheriň
bol rysgy, genji-hazynasy, berekedi agdyk we
artyk bolupdyr.Ýöne takdyr olaryň oslamaýan
zadyny taýýarlap, gizläp goýan ekeni.
Söwda-satyk agalygy ilki ispanlaryň we
portugallaryň, soňra gollandlaryň we iňlisleriň
eline geçýär. Güýç-kuwwat açarlary
kem-kemden wenesiýalylaryň elinden gaçyşyp
başlapdyr. Bu şäher dura-bara ykdysady
agalygyny ýitiripdir. Birwagt beýik güýje
öwrülen şäher ähli güýjüni ýitireninden soňra,
türkler ony wenesiýalylaryň elinden gaňryp,
basyp alypdyr. Bu waka on bäşinji asyryň
aýaklarynda bolup geçýär.
Şonda baý maşgalalar tozup galýar. Hiç kimiň
kellesine gelmedik garyplyk bulutlary olaryň
ählisiniň başyny gaplaýar. Hemmeler geçen
hoşbagt günlere gyýylyp, gynanyp, ahmyr
bilen ýatlaşyp, öten günlere nazar salyp
gezipdirler. Olaryň lapykeçligi,
göwnüçökgünligi aňryçäk derejelere ýetipdir.
1589-njy ýylda adamlaryň gulagyna Marko
Bragadino atly bir jadygöýiň habary gelýär. Bu
adam akyl ýetmez ençeme işleriň hötdesinden
gelip, adaty metaly altyna öwürmegiň ussady
ekeni. Soňra şol altynlary hem esse-esse
köpeldip bilýän eken. Bu habar şäherlileriň
hoşuna gidipdir. Şäheriň birmahalky tüçjar
baýlary onuň ýanyna eňipdir. Öz illerine göçüp
barmagyny, şäherleriniň öňki abraýyny
dikeltmegini haýyş edipdirler. Gaýta-gaýta,
ençeme ýola gymmatbaha sowgat-serpaýlary
ugradypdyrlar. Bu jadygöý hilegär hem öz
bähbidiniň ugrunda müň dürli hereket
edipdir. Ahyry şäherliler halys ýalbaryp
duransoň, şol ýylyň aýaklarynda Wenesiýa
şäherine göçüp barypdyr. Onuň ýanynda iki
sany äpet iti hem bar ekeni. Hemmeler ony
gorky-howsala bilen gallap alypdyr. Sebäbi ol
daşyndan seredeniňde hem howuňy basýan
keşbe eýe ekeni. Ýiti nazarlary içiňden parran
geçse, biri-birine bitişik gür gaşlary hem bu
ýagdaýy has artdyrypdyr.
Şäheriň häkimi oňa gowy garaşyk edipdir. Iň
gymmatbaha köşkde ýaşadypdyr.
Gaýgy-aladasy, ünjüsi bolmandyr, göwün
isleýän her bir zady gaşynda häzir bolar eken.
Şäher ilaty hem özleriniň ähli gymmatbaha,
nepis zatlaryny muňa getirip beripdir. Ony
günde-günaşa nahar-zyýapata çagyrypdyrlar.
100
Olaryň bar isleg-arzuwlary Wenesiýa şäherini
öňki abraýyna, öňki şöhratyna dolasa,
gaýtaryp getirse bolany.
Emma Bragadino altyn ýasap, Wenesiýanyň
harap halyny dikeltmegiň deregine, özüniň
keýpi-sapaly döwranyny sürüpdir. Muňa
garamazdan, onuňşan-şöhraty barha artyp
gidipdir. Ýewropanyň çar künjünden iberilýän
sowgat-serpaýlar, onuň ukybyna, başarnygyna
aşyk zyýaratçylar, okuwyny dowam etdirmäge
höwesli şägirtler yzy üzülmän gelip durupdyr.
Emma uzak wagt geçse-de, şäheriň ykdysady
ýagdaýy dikelmändir. Adamlar ýuwaşýuwaşdan nägilelik bildirip başlapdyrlar,
häkim bolsa: “Ýene biraz sabyr edeliň,
göwnüne degmäliň, birdenkä, bar azabymyz
puç bolaýmasyn” — diýip, olary köşeşdiripdir.
Bragadino hem adamlary aldamagyny dowam
edipdir: “Şäheriň gaznasynda meniň jadyly
daşym dur, onuň syryny size soň açaryn. Şol
daş hem adaty metaly altyna öwürýär. Ýöne
hiliniň gowy bolmagy üçin köp wagt alýar.
Tagapyl ediň, ynha, ýakyn wagtda bal kölüne
batarsyňyz” — diýipdir. Ýene köp wagt
geçipdir, emma netije özgermändir. Bragadino
ýene ýedi ýyl garaşmaklaryny haýyş edipdir,
emma şäher ilatynyň agramly bölegi mundan
soňra çydam edip bilmejekdiklerini, dessine
netijesini görmek isleýändiklerini aýdyp,
galmagal turzupdyr. Iň bolmanda göwün
gandyrar ýaly ýönekeýje bir delili tutaryk
etmegini, görkezmegini talap edipdirler.
Bragadino hem özüne ynamyň gowşandygyny
bilipdir we ele düşmänkä bu jelegaýlardan
göterilmegiň wajypdygyna göz ýetiripdir. Ol
ähli ukybyny, yhlasyny halka bagyş etse-de,
gadyryny bilmändikleri üçin gaharlanyp, şäher
ilatyndan gaty görüpdir. Wenesiýalylardan
öýkeländigini ýaňzydypdyr. Bir günem
göteribilen ähli baýlygyny, mülküni alyp, bu
şäheri terk edipdir. Bawariýanyň häkiminiň
çakylygy esasynda Mýunhen şäherine baryp,
öz sapaly döwranynyň eşretini görüp
başlapdyr. Wenesiýanyň ilaty bolsa
öňküsinden hem gözgyny hala düşüpdir.
Üstünlik we at-abraý gazanjak bolup, hakyky,
düz ýoldan çetleşsek; bizi ellerinde oýnaýan
hilegär mekgärleriň huzuryna baryp özümize
dalda gözlesek; at-abraýa, üstünlige samsyk
ýollar, gabahat usullar bilen eýe bolmak
islesek; üstesine-de ýaltalyga per berip,
rahatlyga nebsimizi aldyrsak, nähili
bolýandygyny gördüňizmi? Wenesiýanyň ilaty
özleriniňşeýle hala düşmekleriniň düýp
sebäplerini öwrenmegiň, bilmegiň deregine,
demi bilen demre üfleýän we ony altyna
öwürýän hokgabazyň hilesine daýananlaryny
eý gördüler. Olar öz göwünlerine osdular,
altyn-kümüşler, dirhem-dinarlar öz-özünden
köpelip, artyp gitmelidi, on, ýüz, müň, million
sany bolmalydy...
Biziň köpümiz Wenesiýanyň ilatynyň
üstünden gülýändiris. Emma biziň aramyzda
Bragadino ýalylaryň müňlerçesi bar:
degişýärler, gülüşýärler, hilelije süýjüje
sözlerini aýdyp, özlerine gerek baýlyklary,
bähbitleri çöpleýärler. Biz bar zatdan gapyl
gezýäris, olar bolsa amallarynyň hasylyny
ýygnaýarlar.
Biziň daş-töweregimizde täsin-täsin zatlary
döredýändikleri bilen ýüreklerimize gorky,
101
dowul, howsala salýan, bizi bir demde ähli
aladalardan, gaýgy-gamlardan,
bela-külpetlerden saplamaga söz berýän mekir
adamlaryň ençemesi bar. Kümüş çaýylan
tabakda üsti ýaglyk bilen örtülen üstünligi
aňsat alyp bolýandygyny öwredýän näçe
adamlar bar.
ata-babalary ýaly pikirlenmegi, şolar ýaly
işlemekleri gerek. Ata-babalary bu şäheri
nädip ösdüren bolsalar, nähili ýol, ugur, çäre
tapan bolsalar, nesilleň hem şeýle etmekleri
gerek. Kimdir biri akyl-zehinini tijemese,
başyna barmasa, işe girişmese, hiç zat
öz-özünden ugrugyp gitmeýär ahyry.
Diňe käteler we onda-da käbir adamlar özi
hakda ýaramaz pikir edýär. Diňe az sanly
adamlar ähli müşgillikleriň düýp sebäbini
özüni alyp barşyndan, pikirlerinden we
kanagatyndan gözleýär. Şowsuzlygy we
zeýrenji kimdir biriniň ýa-da haýsydyr bir
ýagdaýyň üstüne atmaly ýaly, töhmet
barmagyny kimdir birine uzatmak dogry
görülýär. Hiç wagt ýalňyşlyklary özümizden
gözlämzok, biz hemişe arassa, päk, ak ýürekli,
akylly, düşünjeli adamlarmyşyk...
Şahsyýeti kämilleşdirýän, ukypbaşarnyklaryny ösdürýän kitaplarym bilen
köpçüligiň arasynda leksiýa berenimde,
hemişe ýaşlar bilen söhbetdeşlikde ýüzbe-ýüz
bolýan bir sowalym bar: olaryň ählisi diýen
ýaly üstünligi ýeňil we çalt gazanmagyň
ýollaryny, syrlaryny soraýarlar. Munuň üçin
okamak, öwrenmek, hünär edinmek, özüňden
ýokary bökmek we ş.m. zatlar gerek. Bu zatlar
hakda asla diňläsleri gelenok, olara üstünligiň
ýeňil we ýakyn ýoly gerek.
Eger-de Bragadino sandyk doly kagyzlary,
kitaplary göterip, Wenesiýanyň ilatynyň
ýanyna baryp: “Mende sizi ykdysady
çökgünlikden çykarjak dürli ylmy usullar bar,
ýöne bu wagt alar” diýen bolsa, hiç kim oňa
gulak asmazdy. Sebäbi adamlar has ýeňil,
aňsat we tiz ýetilýän zada ýykgyn edenlerini
gowy görýärler.
Olar üznüksiz türgenleşikler, gündizine işläp,
gijesine okamak, dowamly we düşünip
okamak hakdaky gürrüňleri diňlemäge
çydanoklar. Olara “üstünligiň jadyly taýajygy”,
“on sany usuly”, “ýedi sany açary”, “bagta
eltýän bäş ädim”, “üstünligiň üç syry” ýaly
aňsat we ýeňil zatlar gerek. Bir şerti bilen,
bularyň hiç birinde “sabyr etmeli, çydamaly,
gaýrat etmeli, döz gelmeli, täzeden, gaýtadan
synanyşmaly, umytdan düşme” diýen ýaly
sözlerem bolmasa gowumyş.
Üznüksiz pikir edip, ýöne oňa amal etmeseň,
mesele çözülenok. Ýa-da garabaşagaý bolup,
hysyrdyly işläp, hiç hili oýlanyşykly pikir
etmezlik hem meseläniň dogry çözgüdi bolup
bilmez.
Bu ýerde ýekeje deňleme, ýekeje mesele bar.
Eger-de Wenesiýanyň birmahalky abraýyny,
şöhratyny gaýdyp getirmek isleseler, şäher
ilatynyň, şäheriň häzirki ogullarynyň edil
Olary artykmaç der dökmäge çagyryp,
üstünligiň başga-başga ýollaryny, usullaryny
tapmaga höweslendirmegimi, durmuş
tejribelerini peýdalanmagy, gözýetimi
giňeltmegi, şol hakda ugrukdyrmagymy
islänoklar.
102
Olar meniň Bragadino ýaly bolmagymy
isleýärler.
Men olaryň eşitmek, diňlemek isleýän zatlary
hakda gürrüň bermeli, şonda olaryň güýji,
ynamy, ukyby oýanýarmyş.
***
ÄLEM SAŇA TAGZYM ETSIN, BIL
EPSIN...
Ynsanyň ömür taryhynyň ilkinji kerpiçlerini
takdyr-ýazgyt goýýar. Bu binanyň boýuny
ýetirmek özüňe bagly.
Muhammediň bar islegi basketbolçy
bolmakdy, emma dzýudo ugrundan ussat
türgenleriň biri onda üýtgeşik ukybyň,
başarnygyň bardygyny görýär we ony
türgenleşdirýän toparyna goşulmaga çagyrýar.
Muhammediň isleg-arzuwynyň beýikdigine
garamazdan, bu gürrüňleriň ilkinji kysmyny
nesibe hakdaky sözler doldurýar. Dzýudo bilen
meşgullanýanlaryň hataryna çagyrylan
Muhammet ýaponiýaly ussat türgen Ýama
Motonyň elinde türgenleşýär. Öz deňduşlarynyň arasynda mese-mälim öňe
saýlanan Muhammet dünýä ýaryşlaryna
gatnaşyp başlaýar.
Dünýä ýaryşlaryna gatnaşan ilkinji
söweşlerinde ol şowsuzlyga uçraýar. Esasy
sebäpleriniň biri hem heniz beýle ýaryşlarda
tejribesi ýokdy we şonuň üçin hem howy
basylýardy.
Dürli ýurtlardan gelen kameralaryň,
habarçylaryň öňünde aljyraman durmak hem
ýeňil-ýelpaý iş däl. Ilkinji ädimleri şowsuz
bolandygyna garamazdan, ol kem-kemden
özüni tutýar we dünýä derejesindäki
ýaryşlarda altyn, kümüş, bürünç medallaryň
ençemesini gazanýar.
Bosagada Los-Anjelesdäki olimpiada.
Muhammet muňa taýýarlanyp başlaýar. Ol
biregne üç aýlap taýýarlyk görýär. Bu olimpiýa
oýunlary hem oňa ýeňiji bolmak üçin
pursatdy.
Olimpiada başlaýar. Ýaryşlar gyzyşýar.
Bäsdeşleriniň hemmesinden rüstem gelen
Muhammet indi jemleýji ýaryşa çykypdy. Ol
finalda ýaponiýaly Ýama Şito bilen çykmalydy.
Bütin Müsür halky öz gerçekleriniň ýene bir
altyn medal gazanjakdygyna ynam edip, uka
batypdy.
Emma duýdansyz habar hemmeleri
geňirgendirdi. Gazetlerde gynançly waka
beýan edilýärdi. Uly umyt bildirilen
Muhammet olimpiadanyň çempiony däl-de,
ýöne bir ýeňijisi bolupdy. Hemmeler bu waka
geň galdy...
Ýöne geliň, şu kyssanyň asyl manysyna
seredeliň.
Jemleýji duşuşykda Muhammet ýaponiýaly
ussat Ýama Şito bilen çykmalydy. Ýaryşyň
başynda Muhammet ähli ünsüni göreşe
jemläpdi. Ýaryşyň ilki başynda ýaponiýaly
türgen aýagyny gowy agyrdýar, Muhammet şol
aýaga sähel kaksa ýa-da ebşitläp tutsa, ony
dessine alyp ýatjak — ýeňiş onuň nesibesine
öwrüljek.
103
Emma Muhammet agyryly aýaga ýekeje urgy
hem etmeýär. Onuň urgulary hem, özüni alyp
barşy hem ýeňşe bolan islegini ýitiren ýaly
ekeni.
Tälimçisi Muhammediň ýanyna baryp,
bäsdeşiniň agyryly aýagyna kakmagy
buýurýar. Emma Muhammet ýylgyrýar we
oňa: “Dinim, ynanjym maňa beýle etmäge
rugsat bermeýär” — diýýär.
Muhammet Ruşwan öz isleg-eradasy bilen
ýaponiýaly türgeniň öňünde ýykylýar. Bütin
älem, dünýä muňa haýran galýar.
Muhammet ýylgyryp ýykyldy. Ol bäsdeşini
altyn medal bilen gutlady we özüniň kümüş
medalyny ýokary göterip hiç wagt unutmadyk
çagalyk ýylgyryşyny gaýtalady.
Şol pursatda Muhammet dünýä ýüzüne täsin
we nusga alarlyk sapak berdi: Durmuş, dirilik,
sagdynlyk sport ýaryşlaryndaky ýeňişden has
ähmiýetlidir.
Eger-de öz göreşini halal ýol, mertlik bilen
gazanmajak bolsa, onuň sporta bolan
arzuwynyň, ýyllarboýy geçiren
türgenleşikleriniň, altyn medaly gazanmaga
dörän ajaýyp pursatlarynyň hiçhili manysy
boljak däldi.
Birwagtlar oňa: “Taryh diňe gahrymanlary we
altyn medal alanlary ýadynda saklaýar, galan
zady unudýar” — diýip aýdypdylar. Emma ol
bu eden işine birjik-de ökünmedi. Aslynda,
mertebäňi belent saklamagyň we halal hereket
etmegiň özi hakyky taryhdyr. Bu taryh bilen
her wagtam buýsanyp, arkaýyn gürläp bolar.
Oňa: “Bäsdeşiň agyryly aýagyna kakyp, ony
ýeňen bolsaňam, hiç kim saňa şeýtdiň
diýmezdi. Garşydaşyň ejiz ýerini tapyp,
peýdalanmak hem pursat ahyry, hemmelerem
şeýdýär” — diýenlerinde, ol diňe ýylgyrmak
bilen jogap beripdi we hoşlaşypdy. Ol şeýtmek
bilen olara şeýle diýmek isleýärdi: “Beýik
adamlar özlerini örän berk tankyt ederler,
özlerine käýinerler, özlerinden görerler.
Olaryň özgeleriň melamatyna hiç hili mätäçligi
ýok” diýmekdi.
Bu dünýä derejesindäki uly we geň wakady...
oňa berlen jogap hem edil şol wakanyň özi
ýaly täsirli boldy.ÝUNESKO Muhammet
Ruşwanyň bu hereketlerini nazara alyp, ony
1985-nji ýylyň iň halal, arassa oýunçysy diýip
yglan etdi. Ol “Iň oňat türgen” atly sylaga eýe
boldy. Olimpiýa oýunlarynda iň adalatly
oýunçy adyny gazandy. Müsüriň döwlet
ýolbaşçysy ony uly hormat-sylag bilen kabul
etdi. Oňa beýik ordenleri, medallary dakdy.
Türgene mahsus beýik häsiýeti üçin taryplady.
Ýaponiýanyň halky bu türgeni öz ýurtlarynda
görmegi arzuw edip, ýörite çakylyk ýollady.
Muhammet Ruşwan çakylyga seslendi we
Ýaponiýa gitdi. Ol özüni bu ýerde sanaýmalyja
sport wekilleriniň garşylamagyna garaşýardy,
emma baranynda garaşylmadyk waka bilen
ýüzbe-ýüz boldy. Muhammedi garşy almaga
çykan adamlar köçeleri, ýollary dolduryp
durdy. Olaryň arasynda syýasatçylar, habar
beriş serişdeleriniň wekilleri, türgenler we
dürli kärdäki, wezipedäki adamlar bardy.
Şeýle-de ol 1984-nji ýylda hem iň oňat, halal
häsiýetli türgen diýen baýraga eýe boldy.
104
Her gezek Muhammet Ruşwandan: “Aňsat
ýeňiş gazanyp boljak mümkinçilikden ýüz
öwürmek nämä gerekdi?” diýlip soralanda, ol:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.