Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09

Total number of words is 3477
Total number of unique words is 2062
27.8 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ätlenilip, hereket edilende gözümizi ýummaly
däldiris.
Ýadyňda bolsun, halkyň arassa
däp-dessurlaryny, päkize ýörelgelerini alyp
götermek, şolar esasynda durmuş ýoluna
gadam basmak ýeňil-ýelpaý iş däl, emma
arassa kalp, asuda ten, ynjalykly ynsap, razy
köňül bilen ýaşasak, ýagşylyklary sungat deýin
ýasasak, hereket etsek, durmuş ýüküni
gerdenimizde götermek aňsat düşer.
Ýaramaz işler etseň, hiç kim “towugyňa tok”
diýmese-de, içiňdäki ynsap pyşyrdylary päliňi
düzetmegiňi ýatladar durar. Ýandepderçämde
belläp alan, aşakda ýatlanyljak adamlaryň
gününe düşme: “Olar şeýle bir ýaňraýarlar,
şeýle bir gürleýärler, bir pursat hem
dymmaýarlar... Olar ýürek çuňluklaryndaky
ynsap sedasyny eşitmekden gorkýandyklary
üçin şeýdýärler. Gadet as-Seman”.
37. ZEHINIŇI HALAL ULAN
Ol örän owadandy, syratlydy, hemmeler bilen
mylakatly gürleşerdi, ýylgyryp habar
gatardy.Günleriň birinde ýaşaýan ýeriniň
gabat garşysyndaky dükandan gök-bakja
önümlerini satyn almak üçin daşary çykdy.
Garry satyjy onuň diýýän gök önümlerini
çekip, ölçeşdirip, gaplap berdi we munuň
bahasy hökmünde ýigrimi dollarlyk puluny
aldy. Dollary gapjygyna saldy we birdenkä bir
zada gözi kaklyşdy.
Satyjynyň öl elinde nähilidir bir syýa
ýokundysy bardy. Ol gaýtadan seredeninde şol
syratly we sypaýy adamyň beren ýigrimi
dollaryndaky syýalaryň hem pozulandygyny
görüpdir. Içine güman gidipdir: “Bu galp
pulmyka? Özi ýasaýan-a däldir-dä...” —
diýipdir. Şol wagt ýigrimi dollar hem uly pul
ekeni. Satyjy uly iliň sylag-hormatyna eýe
bolan adamdan soramaga, oňa şübhesini
mälim etmäge çekinipdir. Ýöne bilesigelijiligi
gününe goýmansoň, her zadyň anygynaşänigine ýetmek üçin polisiýa ýüz tutupdyr.
Polisiýa işgärleri haýran galypdyr: “Eger-de bu
galp pul bolsa, onda ony ýasan adam örän
zehinlidir, oýlap tapyjylygy, başarnygy üçin-ä
sylaga mynasypdyr” — diýşipdirler.
Soňra deliller we şübheler esasynda onuň
öýüni barlamaga rugsatnama berilýär. Görlüp
oturylsa, onuň öýüniň bir gizlin çüňkünde
hakykatdan hem maliýe pullaryny galp ýasar
ýaly stanok, abzal bar eken. Şeýle hem şol
ýerde öz eli bilen çeken we aşagynda goluny
hem goýan üç sany surat kartinasy bar eken.
Bu adam hakykatdan-da sungat adamsy bolup
çykypdyr. Edýän işlerine örän zehinli, oýlap
tapyjylykly, döredijilikli çemeleşýän eken.
Hatda şol pullaryň suratyny hem eli bilen
85
çekýän ekeni. Eger-de ýaňky ýaly ýönekeý bir
sebäp ýüze çykmadyk bolsa, onuň bu halyny
hiç kim biljegem däl ekeni.
aslynda welin şol gümanly, şübheli barmagy
ilki bilen özümize gönükdirmeli. Öz
etmişlerimiz dogrusynda pikirlenmeli.
Emma kyssa munuň bilen tamamlananok.
Gör, zehinli, başarnykly adamlaryň näçesi bar,
öz ukyplaryny ýeliň ugruna sarp etdiler,
ýönekeý, pes arzuwlar, ujypsyz düşewüntler
bilen karar tutdular. Beýik maksatlary hem
bolgusyz islegleriniň çäginde ýitip, ýok bolup
gitdi.
Polisiýa işgärleri ýaňky abzaly we ol ýerdäki üç
sany kartinany hem döwletiň haýryna
geçirýär. Kartinalar auksiona çykarylýar we üç
suraty jemi 16.000 dollara satýarlar. Bu
ýagdaýy gören öý eýesi haýran galyp, essinden
aýylýar, sebäbi ol ýigrimi dollarlyk bir
kupýurany ýasamak üçin sarp edýän wagtynda
şonuň ýaly bir kartinany çekýän eken.
Bu adam hakykatdan hem zehini, başarjaňlygy
babatda aýratyn hormata, öwgä mynasyp
adam, emma ol zehinini biderek zatlara sarp
etdi. Halal ýol bilen has uly girdeji gazanmaga
ýagdaýy, ukyby barka, onuň nä günlere düşüp
ýörşüne serediň.
Bu etmişi dogrusynda sorag edilende, ol: “Men
bu bolan zatlar üçin jeza çekmäge doly
mynasyp. Çünki özgelerden öňürti men özümi,
öz zehinimi taladym. Ony nädogry ýerde
ulandym” — diýipdir.
Bu kyssa bize şeýle bir sapagy berýär, biz
köplenç halatda özgelere däl-de, özümize
garşy hyýanatçylykly hereket edýäris. Özümizi,
zehinimizi ogurlaýarys. Özümizi talaýarys,
özümizi zaýalaýarys, arzuwlarymyzy
wagtyndan öň düşürýäris. Biz özümize
duşmanlarymyzdan we göriplerimizden has
köp zyýan berýäris.
Köplenç halatda kine-kibir, töhmet we
aýyplama barmagyny jemgyýete,
ata-babalarymyza, durmuşa gönükdirýäris,
Gör, näçe adam bütin ömrüni az-owlak
dünýälige satyp, mertebesinden jyda düşýär?
Özi hem, köpimiz şeýle hereket edýäris.
Ukyp-zehinimizi, güýç-gaýratymyzy mynasyp
ýerine sarp etmeýäris.
Durmuşyň hakykatyny görüp bilmezlik iň uly
apatlaryň biri, oňa gyýylyp-gynanmak hem
juda çökder. Allatagalanyň beren ukypbaşarnyklaryny, energiýasyny bolgusyz işlere
sarp etmek akyl ýetirip bolmajak apat.
Gynansagam ömür geçýär, günler biri-birine
dolaşyp, ömür sahypalaryny düýrläp barýar.
Biz bolsa bu zatlara iň soňunda akyl ýetirýäris.
Belki biziň aramyzda wagtynda oýanjaklar,
wagtynda düşünjekler bardyr.
Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin: “Adam
diňe özüni aldap bilýär, beýlekileri aldap
bilmeýär. “Özgeleri aldamak” diýen düşünje
kadadan çykma we käwagt bolýan zatdyr”.
38. DUÝGULARYŇ AŇSAT AWLANYŞY
Ählimiziň aman-asudalygy we
ynjalyk-rahatlygy gözlemegimiz tebigy
86
ýagdaý.Nirede bolsalar hem biz şol ikisiniň
gözleginde. Wyždan rahatlygy, maşgala
abatlygy, jemgyýetiň asudalygy — hemme
ýerde bize, ilki bilen şolar gerek.
Asudalygy küýsemek, mundan öň bolşy ýaly,
hemişe-de ynsanyň asylky islegi we iň ilkinji
talaplarynyň biri bolup galar. Pygamber
alaýhyssalam hem asudalygy ynsanyýete
gerekli iň ähmiýetli zatlaryň çür başynda
goýup: “Kim öz ilinde aman-asuda, süňňi
sagat, gündelik iýjek-içjegi tapdyryp duran
bolsa, dünýä mülki eline geçen ýalydyr” —
diýýär. Psiholog lukmanlar we mugallymlar
hem üns berilmeli ilkinji zerurlyklaryň
hatarynda ynjalyk-rahatlygy ileri tutýar.
Abadan we asuda-endigan ýaşaýyş üçin zerur
bolan ilkinji zat şoldur. Abraham Maslou
özüniň “Mätäçlik üçburçlugy” atly eserinde
asudalygy ynsanyň mätäç bolan iň zerur
zatlarynyň içinde, iýip-içgiden soňra ikinji
orunda goýýar.
Ýöne arkaýynlygyň, asudalygyň içinde
hemmeleriň görüp bilmeýän başga bir pynhan
duzagy bar. Köp kynçylyklardan soň eşrete
çümýän adamlar we uzaga çeken göreşden soň
gönenýän ynsanlar bu rahatlyga özlerini
aldyryp, pynhan duzaga aýagyny daladýarlar.
Asudalyga, rahatlyga, arkaýynlyga aşa meýil
etmek, gaýrat güýjüni, yhlas alawyny, ylham
joşgunyny kem-kemden öçürip bilýär. Örän
köp adamlar dynç alýan mahaly, özlerini rahat
duýýan wagtlary iş etmeklerini,
haýyr-sahawat, ýardam-enaýat etmeklerini
bes edýärler. Nämedir bir zadyň alada-ünjüsi,
birahatlygy, howp-hatary olary işlemäge iterip
duran stimul. Bir zatdan howatyrlanmak
duýgusy bolsa iş-amal etmäge, ýerine
ýetirmäge iterýär.
Zehinli rus ýazyjysy Dostoýewskiý hut şeýle
ýagdaýlary başyndan geçiren adam. Ýazan
ajaýyp eserlerinden gelýän galam hakyny,
harjyny, puluny hezil edip sowýan wagty,
Dostoýewskiniň döredijilik zehini ýagy
gutaran pelteli çyra ýaly bolýan ekeni.
Haçanda döredijilikli zähmetden eli sowaşyp,
gazanan ähli pullaryny sowup gutaranynda,
zerurlyk, mätäçlik ony ýene garysyna galmaga,
täze güýç, zehin bilen ýazmaga iterýän ekeni.
Ine, Dostoýewskiý özüniň rahatlygyny diňe
şeýle ýollar bilen gazanar ekeni.
Ahyry Dostoýewskiý durnukly, irginsiz
işlemegi ýüregine düwýär. Birnäçe wagtlap
oý-pikirlere çümeninden soňra, ahyry munuň
bir çykalgasyny tapýar: “Has gowy ýazmak,
has täze zatlary döretmek üçin pulunyň
gutararyna garaşyp ýörmeli däl-de, derrew
sowup gutarmaly we şol gün ýene-de täzeden
joşguna berlip, ýazyp başlamaly”. Ol şeýle hem
edýär — her günki ýazanjasyndan düşen
puluny meýlishanalarda harç edýär. Puluny
sowup gutaran dessine, öýüne dolanýar we
täzeden ýazyp başlaýar... Dostoýewskiý bütin
ömrüni şeýdip geçirýär.
Dogry, bu hem has gowy ýazmak üçin bir
çykalga, özboluşly hile, ýöne ýaramaz, erbet
çykalga. Dostoýewskiý bu hilesi arkaly özüniň
zada zar däl wagty peýda bolýan ýaltalygyny,
işe eliň barmazlygyny ýeňmek isläpdir.
Belki-de ol gerk-gäbe doýmagyň hem ýaltalyga
iterip bilýändigine üns beren däldir.
87
Oýlaptapyjy, ýazyjy, dörediji we işewür
adamlaryň aglabasynda şeýle ýagdaýa
ýygy-ýygy duş gelip bolýar. Olar köplenç
halatda ýaltalyga, gowşamaga ýykgyn edýärler
ýa-da eden işleriniň doly netijesini
görýänçäler, hözirini duýýançalar, täze bir işe
girişmekden saklanýarlar. Şeýdibem,
gursaklarynda gizlenen we sähel maý boldugy
daşary çykmaga atygsaýan ylham beriji,
ruhlandyryjy güýjüň synmagyna sebäp
bolýarlar.
Döredijilik işini şeýle hörpde gurnan
ýazyjy-şahyrlaryň bu haly ýykylmaga ýakyn
öýi ýadyňa salýar. Olar “Has amatly pursady
peýda bolýança” — diýip, ajaýyp eseri ýazmagy
soňa süýşürýärler. Ýa-da gazanç meselesi
“ölmez-ödä» dirände, nämedir bir zat ýazmak,
döretmek olara zerurlyk bolup galýar,
haýsydyr bir işi tamamlamak, jemlemek uly
mätäçlige öwrülýär. (Has täsin ýeri hem ýazyp
bilýän zehinli adamlar-a özlerini şeýle alyp
barýar, emma döredijilikden zehini bolmadyk
birnäçeleri bolsa, ondan-mundan maglumat,
söz jemläp, jemendäni güýmäp bilýär). Olaryň
bu bolşy ýykylyp barýan öý mysalynda. Tä bir
ýiti zerurlyk ýüze çykmasa, oňa el degirjek, baş
galdyrjak gümanlary ýok. Haçanda agyryiňňildi artyp başlanda, depesindäki üçegiň bir
gün üstlerinden gaçjagyny duýup gorkanda,
derrew onuň içindäki zatlary we özüni halas
etmegiň ugruna çykýar. Bu häsiýet diňe
döredijilik adamlarynyň däl, eýsem ähli
adamzada mahsus ýagdaýlaryň biridir. Aglaba
adamlaryň durmuş hörpi hut şunuň ýalydyr.
Bu çylşyrymly meseläniň çözgüdi bar. Onuň
çykalgasy özümizde gizlin ýatyr. Biziň içimizde
hemişe bir güýç oýa durmaly. Ol güýç bizi täze
eserleri döretmäge itermeli, eger-de yhlas
bilen işlemesek, zähmet çekmesek,
döretmesek, ýazmasak, öndürmesek, hemişe
ruhy dartgynlyk içinde gezjekdigimizi ýatladyp
durmaly. Döredijilik adamlary ýazmasa, täze
bir zat döretmese, asla ynjalyk tapyp bilmez.
Hemişe ýadymyzda bolsun, ýaltalyga per
bermek, hyýal baldaklaryny ösüntgisiz goýar.
Ýaltalyk bedewleri bilen ýaryşa goşulyp
bolanok. Hemmeleriň synyny jemlejek
häsiýetlere büren: oýa zehin, sagdyn akyl-huş
we kynçylyklary ýeňip geçmek duýgusy hemişe
ilkinji hatarlarda dursun.
Durmuşymyza ornaşdyrmaly ähmiýetli
zatlaryň ýene biri — ynsan wagtal-wagtal
özüniň işleýiş we durmuş ýörediş
ýol-ýörelgesini üýtgedip, oňa täzeçillik girizip
durmaly. Işleýiş hörpüni üýtgedip, çygryny
giňeltmeli. Oňa käbir üýtgetmeleri we
goşmaçalary, düzedişleri girizip dursaň, edýän
işiňden asla irmersiň. Her gezek täze bir işe
girişen ýaly ter duýgulara gaplanarsyň. Munuň
üstesine ýaltalyga we rahatlyga aşa meýil
etmek ýaly duýgulary basyp ýatyrýan täze-täze
usullary, ugurlary hem gözlemelidir.
Üstünlik şükür edeniňe degýän nygmat, ýöne
ol bizi täze üstünlikleri gazanmaga
höweslendirmeýän, itermeýän bolsa, şol bir
durkunda saklanýan bolsa, ol nygmat däl-de,
mähnet-beladyr, jezadyr. Hakyky üstünlik bizi
öňküden hem has beýik derejelere, has
kämilleşmäge iterýändir.
Elbetde, öz üstünliklerimizi toýlamaly. Bu
üstünligiň datly tagamyny duýmaly, bagtyýar
88
durmuşdan lezzet alyp, asuda-rahatlykda
ýaşamaly. Ýöne bu zatlaryň hiç biri hem öňki
depginimizi gowşatmaga — rahatlyga
çümmegiň aldaýjy duzagyna düşmäge esas
bolmasyn. Eger-de ýeten sepgidimize
guwanyp, begenip, şükür edýän wagtymyz,
“heniz dynç al, özüňi mazaly dürse, şondan
soň işlärsiň” diýýän, öte rahatlyga iterýän
pyşyrdylar göwün gulagyna eşidilip ugrasa, ol
pyşyrdylara oňyn jogap bermekden, gulak
asmakdan saklan. Ýene-de has uly menzilleri
aşmaga gaýratyň bardygyny we öňe ýöremäge
borçludygyňy ýadyňa sal.
Dolandyryş işiniň ussatlary şeýle bir hakykaty
beýan edýärler: biziň her birimizde
uzakmöhletleýin arzuw-maksatlaryň uly bir
toplumy bolmaly. Olar öz içinde birnäçe
tapgyrlara, böleklere bölünmeli. Tutuş ömrüňi
öz içine alýan maksat arzuwlaryň iň ajaýyby,
iň beýigidir. Mysal üçin, ýüzýyllyk ömre
niýetlenen maksadyňy düz. Onuň içinde
ýetmek isleýän beýik derejeleriňi, gazanmak
isleýän abraý-mertebeleriňi, maddy zatlaryňy
birin-birin ýaz. Soňra maksatlaryň beýikligine,
ähmiýetine görä olary ýyllara we tapgyrlara
böl. Ýagny belli bir menzile ýetirýän we
tapgyr-tapgyr amala aşyrylmaly işleriňi aýdyň
kesgitle. Her maksat indiki has beýik maksada
ýol açsyn. Şonda bir tapgyrdaky maksadyň
hasyl bolanda, indiki tapgyrdaky maksada şol
öňki höwes, hyjuw, ylham bilen geçip bilersiň.
Ine, yzygiderli, üznüksiz ylgaw şunuň ýaly
bolýar. Bu ýagdaý saňa birjik-de lellim
bolmaga, maksadyňdan sowaşmaga,
gowşamaga sebäp döretmez.
Bu sözlere çuňňur düşünmegiň üçin men saňa
durmuşdan alnan bir kyssany gürrüň bereýin.
Şeýle waka biziň daş-töweregimizde örän köp
gabat gelýär:Özlerindäki artykmaç agramdan
dynmak üçin haýsydyr bir režim ýa-da berhiz
boýunça ýaşaýan birnäçe adam bar. Olar bez
eden agyr agramdan halas bolanlaryndan
soňra, bu ýeten derejelerine, üstünligine juda
arkaýynlaşýarlar. Öňki boltelki günlerine
ýa-da gün aýlaýyş ýollaryna dessine dolanyp
gelýärler we agramlary öňküsinden hem has
artmak bilen bolýar. Sebäbi olaryň öňki
maksatlary bitdi, täze maksadam goýmadylar.
Agramlaryny azaltmak meselesinde bir çäge
ýetenlerinden soňra, rahatlyk künjünde öte
arkaýyn gezdiler.
Şuňa meňzeş ýagdaýlara futbolda hem gabat
gelip bolýar. Güýçli toparlaryň biri bilen
duşuşmak üçin örän çekeleşikli we dartgynly
boljak ýaryşa gowy taýýarlyk görýärler. Ahyry
hem göz öňünde tutulan netijäni gazanýarlar
— utýarlar. Emma şonuň yz ýanyndaky
oýunda özlerinden näçe esse asgyn topardan
hem utulýarlar. Sebäbi olar öňlerinde goýan
uly maksatlaryna hötde geldiler, ýöne täze
maksat goýmadylar, juda arkaýynlyga
düşdüler, şeýdibem utuldylar. Durmuşa
çykmadyk wagty öz üstüne, boý-syratyna,
bezemen lybaslaryna aýratyn ähmiýet, üns
berýän gyz öýli-işikli bolanyndan soňra öňki
görk-gözelliginiň ep-esli bölegini ýitirene
dönýär. Sebäbi, öň kimdir biriniň ünsüni
çekmek üçin jan edýän gözel gyz, durmuşa
çykanyndan soň arkaýynlaşýar we ony şol
ýagdaýlarda saklajak isleg, sebäp aradan
aýrylýar.
89
Şeýle mysallar örän kän, olary sen öz
durmuşyňda hem köp görýänsiň. Olaryň ählisi
hem şeýle netijä getirýär: nämedir bir zatdan
howatyrlanma duýgusy köp halatlarda has
gowy işlemäge, tijenmäge iterýär. Sebäp
döredýär. Rahat-asudalyga, meý-meslige
werziş bolmak, hemişe bu duýgular bilen
gezmek bolsa käbir halatda örän zyýanlydyr.
Ýene bir gezek tekrarlaýaryn, eger-de şol
müşgilliklerden üstün bolmak isleseň,
üznüksiz maksatlary döret, ýasa, hemişe
işlemäge iterýän stimullary, ylhamlary tap, has
köp gaýrat we işjeňlik sarp etdirjek delilleri
gözle.
Ýandepderçäme Fridrih Nitşäniň şeýle
sözlerini belläp alypdyryn: “Maňa ynan,
durmuşda has uly nygmatlary, has uly
miweleri we hasyllary ýygnamak isleseň,
hemişe bir alada içinde ýaşa!”.
39. ÇYKALGA
Pygamber alaýhyssalamyň hadyslarynda
agzybirlige ündeýän sözler, manylar örän köp.
Şolarda jemgyýetiň has bagtyýar we gönenç
içinde ýaşamagy üçin her birimiziň üstümize
düşýän borç-wezipe dogrusynda hem
ýatlanylýar. Resulallanyň aýtmagyna görä,
biziň her birimiz daş-töweregimizde bolýan
zatlar bilen gyzyklanmalydyrys. Salyh, akylly
we dana adamlar bilen el-ele berip, zalymy,
akmagy, ýoldan çykany pälinden gaýtarjak
güýje eýe bolarymyz ýaly bir bitewi, sarsmaz
güýji — jemgyýeti emele getirmelidigimizi
aýdýar. Özüňi ýaramaz esger ýaly alyp
barmazlyk ündelýär. Bu esger örän asuda dur
we ýatan çöpi galdyrmaýar. Durmuş
meselesinde irkilip galany oýarjak, herekete
getirjek bolmaýar. Daş-töweregindäki düzgün
bozmalara, ýalňyş-hatalara biparhlyk bilen
nazar salýar. Şeýtmek bilen bu zatlary
düzeltmek, göneltmek, bejermek üçin öz
üstüne düşýän borjy unudýar. Jemgyýetde öz
ornunyň bardygyna ynanmaýar.
Gynansak-da, şeýle ahwalat her birimize diýen
ýaly mahsus. Jemgyýetdäki ýa-da adamlaryň
arasyndaky bir nähaklyk, özümize dahylly
bolmasa, ýa-da gönüden-göni özümize
galtaşmasa, degmese, gapyny içinden gulplap
oňýarys. Hamana, biz ony görmesek,
duýmasak, basym sowlar, geçer gider we onuň
täsiri bize asla ýetmez diýen ýaly düşünjä
uýýarys. Ol howp-hatarlar, gorky-ürküler,
ynjylar, ezýet-yzalar bize degmäýjek ýaly,
ýöne... hemişe beýle bolup duranok. Taýagyň
ujy ahyry öz depäňde hem gaýmalap başlaýar.
Ýörär ýoluňdan aýrylmadyk ýandak dänesi,
nemiň ýetmegi bilen kök urar we şaha
ýaýradyp, seniň öňüňi beklär. Bu wagt göz
ýumulan ownuk düzgün bozmalar, soňlugy
bilen uly günälere batyrynmaga ýol açar. Bir
wagtlar birini köýdüren nähaklyk, wagty
gelende, diňe bir adamy däl, tutuş jemgyýeti
ýakar. Tupan asmandan inende diňe biriniň
gapysynyň öňüne gütüläp düşmeýär ahyry.
Kimdir biri güýç birikdirip öňüni almasa,
öňünden alajyny gözlemese, äpet tupanlar,
gomlar, tüweleýler tutuş jemgyýeti, ili
kökünden sograra getirýär.
90
BeýikÝagşy amal edýän we akylly-düşünjeli,
salyh adamlar hemme döwürde hem bar. Olar
hemişede jemgyýetiň asudalygynyň,
agzybirliginiň sterženi bolup durýar. Hat-da
köpçülik olaryň jemgyýetiň agzybirligini,
berkligini saklamakdaky yhlas-tagallasyna
degerli hormat goýmaýanam bolsa, olaryň
zähmeti örän beýikdir.
Taryh kitaplarynda ýazylmagyna görä,
miladydan owal altynjy asyrda Afinalylar
demokratik nyzamly bir döwleti gurýarlar.
Ýurtda adyllyk, deňlik uzak wagtlap höküm
sürýär.
Ösen jemgyýetlerde hemişe şeýle bolýar, beýik
we paýhasly adamlar jemgyýetiň öňündäki
borçlaryna magat düşünýärler we näsazlyk
ýüze çykan ýerlerini derrew düzeltmek bilen
bolýarlar. Näsaz ýerlerini gözläp tapýarlar we
derrew alajyny hem edýärler.
Afinanyň şol wagtky akyldarlarynyň ukusyny
gaçyran zat näme? Beýik jemgyýetçilik
duýgularyna eýe adamlaryň örän azlygy ýa-da
bolmazlygy; köpüň aladasyny etjek, köpe
bähbitlisi bolsun diýjek adamlaryň ýüze
çykmazlygy; döwletiň bähbidini öz
bähbidiňden pesde goýmak – apatHer kim
şahsy bähbidini boýnuna tumar, başyna täç
edip dakynsa, özünden başgasyny görjegem
bolmasa, görmegem islemese, agzybirlik we
berklik yraň atyp başlar. Hetdenaşa
men-menlik, diňe özüňi bilmeklik döwletlilik
sütünleriniň düýbüni berbat edýän ýagdaý
ekeni. Ahlak taýdan bozulmaklyk öň hem,
häzir hem islendik milleti dargatmagyň iň
hatarly hadysasydyr.
Afinanyň akyldarlary bir çykalga tapmak üçin
köp wagtlap kelle döwüpdirler. Ýöne adamlary
içki oý-pikirleri üçin kazyýete çekip
bolmaýandygy düşnükli. Şeýle hem
açyk-aýdyň, görnetin bildirip durandygyna
garamazdan, ýaramaz niýeti tutaryk edinip,
olara höküm çykarmak ýalňyş boljakdy. Uzak
gözleglerden we kelleagyrtmalardan soňra,
olar täsin bir çykalganyň üstünden
barypdyrlar.
Ýurduň raýatlary bir ýere üýşüp, ses bermeli
edilipdir. Olar küýze böleginiň ýüzüne 10
ýyllap sürgün edilmäge laýyk gören
adamsynyň adyny ýazypdyrlar. Eger-de bir
adamyň ady 6000 sany ýazgyda jemlense,
onda şol adamy on ýyllap ýurduň daşyna
sürgün edipdirler. Şeýdip, ýurt hem, döwlet
hem, raýatlar hem ýaramaz gylykly, öz
häsiýetine jogapkärçiliksiz çemeleşýän
adamlardan saplanyp, rahatlanyp
başlapdyrlar.
Täsin ýeri, bu ses berişlik akyly haýran edýän
netijelere alyp gelipdir. Şeýdip, taryh
afinalylaryň ulumsy, tekepbir, zalym
adamlardan dynmagyň medeniýetli we
akylly-başly ýoluny tapandygyny öz
sahypasyna ýazypdyr.
Taryh ýene bir zada şaýat bolupdyr. Haçanda
afinalylar ýola goýlan kada-kanunlary bozup
başlanlarynda, ýokarda ýatlanylan
jeza-temmiler adamlara täsir etmän
başlanynda, ogrular, galtamanlar öz emirlerini
arkaýyn ýöredipdir. Azgynçylyk artypdyr,
zulum-sütem köpelipdir... Afina hem
dargapdyr.
91
Ýaramaz ahlaga ýugrulan jemgyýet öli
jemgyýetdir. Onuň güýji-kuwwaty hem,
dowamaty hem bolmaz. Ol jemgyýeti
barmaklaryň arasynda oýnap, bulaşdyryp,
asudalygyny hem-de berkararlygyny berbat
edip bolýar. Ol jemgyýet mertebesiz, bihaýa,
towugyna tok diýilmeýän adamlar üçin ýazlag
ýeri. Şeýle jemgyýetde ýaşaýanlara Allanyň
jezasy hem ýowuz, zabun gelýär. Olar bilen
el-ele berip hereket edendikleri üçin, olara
dürli görnüşli we dürli reňkli azap ýollaýar.
Başgalaryň aladasyna we derdine göz
ýummaklyk ýaramaz adamlaryň häsiýetidir.
Sagdyn garaýyşly, arassa ahlakly jemgyýet
bolsa düzüw jemgyýetdir. Şeýle jemgyýetde
ýaşaýan ynsanlar hemişe hapa-ýaramaz
zatlardan saplanmagyň aladasynda gezýär.
Ýamanlyk ýa-da şer deňiz köpügi deýin ýokary
galyp başladygy, adamlar sesini beýgeldýär. Tä
ol ýaramazlygy aradan aýyrýança hem
ynjalmaýar.
Arkaňy diwana diräp, sesiňe bat bermek örän
aňsat. Ýolbaşçylyk jylawy bir pursat eline
iläýse, diňe töweregiňe däl, dünýä höküm
etmegem müşgil däl ýaly görünýär. Eline
erk-ygtyýar berseler, göz ýumup-açasy
salymda hemme zady ýerbe-ýer, düpe-düz
etjek ýalysyň. Döwletleriň arasyndaky
dawa-jenjeli togtatmak, dürli garaýyşdaky
adamlary ylalaşdyrmak üçin ummasyz güýç
sarp edip ýörmän, azajyk akyl-huş, az-owlak
çäre ýeterlik ýaly görünýär... hawa, oňa ýekeje
gezek pursat berseler, bir demde dünýäni
düzetjekden.
Bu jemgyýetde ýaşaýan her bir adam
düşünýär: haýyr, ýagşylyk hemmä barabar
gelýär, şer hem hemmäniň başyna birden
inýär. Şonuň üçin her bir adam ilki bilen
özüni, soňra töweregini düzetmäge,
arassalamaga başlaýar. Köne dertlerden, hapa
gylyklardan bir özi saplanyp bilmeýänlere
ýardam goluny uzadýar. Egri ýerini düzedýär
we ony hem dogry ýola salýar. Onuň aýbyndan
aýňalmagyna, säwligini düzetmegine sebäp
bolýar. Şeýle oňyn ruh bilen hem tutuş
jemgyýet — hemmeler gönençlik tapýar.
Ruhubelentlik, joşgunly ýaşaýyş, ylhamly
döredijilik hemme ýere ýaýraýar.
Taryh muňa şaýat... taryhy okap görüň.
40. ÝOLBAŞÇYLYK PAJY
Beýik arzuwlary etmek — her kimiň kanuny
hukugy, ýöne onuň çykdajylaryny ödemegi
unutmaň.Ýolbaşçylyk hemme kişä ýaraýar,
ýöne hemmeler onuň hötdesinden gelmeýär,
her kim onuň çykdajysyny çekmeýär.
Biziň ählimiz tankyt etmek meselesinde hiç
kime per beremzok, esasanam, bolup geçen
wakalary seljermek babatda ussatlyk
derejesine çykypdyrys. Hatda köpimiziňşol
ugurlardan hiç hili başymyzyň
çykmaýandygyna, sowadymyzyň ýokdugyna
garamazdan, eger elimize erk ýa-da
mümkinçilik berilse, şolaryň eden işiniň gylla
ýarysyny ýa-da ýönekeýje bir bölegini edip
bilmejekdigimize garamazdan, olary tankytdyr
teýeneden mazaly doýurýarys.
92
Hakyky ýolbaşçylar, serdarlar, il öňüne
düşmäge mynasyp adamlar, ýolbaşçylyk
wezipesine geçmezinden ozal, şol wezipäniň
öňündäki öz ukyp-başarnyklaryny mazaly
saldarlap görýärler: Bardy-geldi şol wezipe
ynanylaýsa, oňa ýeterlik derejede hötde gelip
biljekmi, ynamy ödejekmi, özüni doly
bagyşedip biljekmi? Şol zatlar bilen öz
başarnyklaryny deňeşdirip görýärler: bu
wezipe üçin sarp edilmeli wagty, aladany,
güýç-kuwwaty, gaýraty ýeterlik derejede
ikirjiňlenmän berip biljekmi? — ana, şol zatlar
hakda pikir edýärler.
Sahabalaryň biri Hendek söweş günlerinde
açlykdan ýaňa garnyna daş daňyp gezer eken.
Käbirleri bolsa pygamberimiziň ýanyna baryp,
arz edipdir, zeýrenipdir. Pygamberimiz
ýylgyryp: “Özüňize agram salmaň, özüňizi
köşeşdiriň” — diýipdir we köýnegini serpip
görkezende, onuň garnynda iki sany daşyň
daňylgy durandygyny görüpdirler.
Sahaba öňküsi ýaly öz ornuna dolanyp
barypdyr. Şonda ol ýolbaşçy adamyň öz
aladasyndan öňürti köpçüligiň aladasyny
edýändigine, öz üstüne düşen wezipäni doly
we dogry berjaý edýändigine düşünipdir.
Hakyky ýolbaşçy ilki bilen öz yzyna
eýerýänlere berilmelidir, şolaryň aladasyny
birjik-de ünsden düşürmeli däldir. Ol özüniň
gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy bilen
töweregindäkilere nusga bolmalydyr. Olary
joşgunly, umytly, ynamly we ruhubelent
ýaşamaga höweslendirip durmalydyr.
Merdana adamlar beýiklik mertebesine ýöne
ýöräp ýetenoklar, olaryň ählisi hem şeýle
kynçylyklary, kösençlikleri gerdenlerinde
göterip, şol ýoly geçdiler. Aňrybaş mertlik,
synmaz erk we mäkäm ruh, oňyn häsiýetler,
gowy-düz garaýyşlar, päkize niýet we beýik
ahlak, çydamlylyk — hemişe göz öňünde
boldy. Şol häsiýetler hem gylaw we gaýrat
berdi, öňe ilerlemäge ynam döretdi. Olar kyn
pursatlary ýeňip geçmegi, şol ýagdaýda nähili
karara gelmelidigini öwrendiler. Ýogsam, örän
köp adamlar sähel kynçylygyň öňünde
müzzerilip, el-aýagyny ýitirýär ahyry.
Dariniň yzyndan kowýan Isgender hakyndaky
kyssalaryň birinde şeýle waka beýan edilýär.
Isgenderiň goşunlary Şam ýakalarynda
Dariniň yzyndan kowup, mazaly surnugypdyr.
On bir güne çeken dynuwsyz kowgy esgerleriň
halys eňkini agdyrypdyr. Suw ýetmezçiligi
peýda bolupdyr. Teşnelik, suwsuzlyk olary
heläk etmek hetdine ýetiren eken. Örän köp
esger serkerdä garşy baş götermek, gelen
ýerlerine gitmek barada pikir edip başlapdyr.
Olaryň öz aralarynda Isgenderiň özlerine
zabun daraýandygy, suwsuzlyk bilen ölüme
iterýändigi hakda hyşy-wyşy gürrüňler edýän
pursady, garagörnümden ýanlaryndan geçip
barýan bir kerwende nazarlary eglenipdir.
Kerwendäkiler bu esgerleriň Isgendere
degişlidigini, olaryň arasynda hut Isgenderiň
özüniň hem bardygyny, ählisiniň hem
suwsuz-mydarsyz heläk bolmak uçudynda
gezip ýörendiklerini bilipdirler. Olar suw
dadyrmak üçin meşigini Isgendere
uzadypdyrlar. Isgender içmek üçin suwly
meşigi ýokary göterende, birnäçe teşne
boýunlaryň özüne tarap dikanlap seredip
durandygyny görüpdir. Olar hem şol suwa
93
gultunyp seredip duran ekenler. Isgender
meşikden bir damja hem suw içmändir-de,
ony ýanyndaky adama uzadypdyr: “Eger-de
bir özüm suw içsem, goşunyň ruhy kuwwaty
synjakdy” — diýipdir.
Esgerler öz serkerdesiniň bu hereketini
görüpdirler. Teşnedigine garamazdan, bir
damja suw hem owurtlaman, esgerleri içmese,
özüniň hem içmän saklanýandygyny gören
esgerler, onuň mertligine, çydamlylygyna,
gaýduwsyzlygyna haýran galypdyrlar.
Esgerleriň hemmesi bu waka barada öz
aralarynda pyşyrdaşypdyrlar hem-de ählisi
hem birlikde öňe ilerlemäge güýç-gurbat
tapan ýaly bolupdyrlar. Ynam we ruh,
güýç-kuwwat bilen alawlanan esgerler
desbi-dähil atlaryna münüpdirler.
“Ýanymyzda şeýle serkerde barka, biz islendik
teşneligi we ýadawlygy ýeňip geçmäge, onuň
güýç-kuwwatynyň we zabunlygynyň,
berkliginiň ýitidigine garamazdan,
emr-buýruklaryny ýerine ýetirmäge doly
taýyndyrys” — diýipdirler.
Ine, ýolbaşçy bolmak isleýän, ýöne ýolbaşçylyk
üçin artykmaç güýç, yhlas sarp etmelidir
öýtmeýän käbir adamlaryň tölemeýän harjy,
salgydy. Serkerdäniň pikiri, hyýaly birjikde öz
esgerlerinden üzňe bolmaly däldir. Olardan
öňürti özi kösenmelidir, özi örtenmelidir. Öz
etmeli işini olara tabşyrmaly däldir.
Serkerde, ýolbaşçy hemişe öňki hatarda
bolmaly, ilkinji zarbany özi urmaly, sözünden
owal amaly, hereketi bilen töweregindäkilere
has beýik we ynandyryjy ders bermeli.
Zamana bize şeýle bir serkerdeleri, serdarlary
hem görkezdi, olar pil süňkünden ýasalan
kaşaň köşklerde, ymaratlarda ýaşadylar,
esgerleri, raýatlary bolsa hor-homsulyk, ejizlik
içinde gün gördüler. Raýatlarynyň ynamyny
ýitirdiler. Olaryň her aýdan sözi, eden hereketi
güman bilen kabul edildi, şübhe bilen
diňlenildi.
Ýolbaşçy diýenimde diňe döwlet ýolbaşçysyny
ýa-da goşun serkerdesini göz öňünde tutamok.
Köpçüligi yzyna tirkäp, olary beýik maksatlara
alyp gidip bilýän islendik adam, partiýanyň
baştutany, ylmy-barlag işleriniň ýolbaşçysy,
ýa-da öýdäki hojalykçy ata, ýa-da hökümet
edarasynda maslahat berýän, dolandyrýan
müdir ýa-da sanaýmaly adama ýolbaşçylyk
edýän adam bolsun, hat-da golastynda az
sanly işgär bolaýsyn — hemmesine degişli,
hemmesini göz öňünde tutýaryn.
Ine, hakyky ýolbaşçylyk şeýle bolmaly, ol
jogapkärçiligiň, özüňi pida edip bilmekligiň,
özüňi bagyş edip bilmekligiň sinonimi. Kim
ýolbaşçy bolasy gelýän bolsa, onuňşunuň ýaly
pajyny töläp biljekmi-bilmejekmi gowja
oýlansyn.
Uly wezipelere geçmeziňden ozal özüňden
sora, dogrudanam, sen şol ýere laýykmy,
mynasypmy?
Öýlenmeziňden öň az salym sägin, bir
özbaşdak öýi dolandyrmaga, maşgalaň
öňündäki wezipeleri bitirmäge gaýratyň,
güýjüň, ynamyň ýeterlik barmy?
Her gezek “Şol ýere ýa-da şoňa men mynasyp”
diýmeziňden öňürti hemişe pikirlen we
94
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.