Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08

Total number of words is 3551
Total number of unique words is 2084
29.3 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
barýan serçäni görseler, kimseler, bürgüt
serçeden gorkup, gaçyp barýan ýaly kabul
eder, aslynda welin beýle däldigine ikimizem
dogry düşünýäris.
74
31. KAZYLAR
Rowaýatlara görä, gadym zamanlarda bir
takwa adam bolupdyr. Allatagala oňa
tükeniksiz mal-mülk, bol baýlyk bagyş edipdir.
Ol örän köp sadaka berer eken. Bimöçber
sahawat we ýagşylyk edipdir. At-abraýy,
şöhrat-şany alyslara ýaýrapdyr. Ady jomartlyk
we ýagşylyk, kerem-sahawat baradaky
nakyllara siňip gidipdir.
Günleriň birinde ötegçileriň biri munuň
öýünde düşlemekçi bolup, gapysyny kakypdyr.
Iýer-içere, garbanara bir zat sorapdyr.
Öý eýesiniň ýüzi ýagtylyp gidipdir. Oňa
hezzet-hormaty uludan tutupdyr. Göwün
isläninden hem artykmaç zyýapat edipdir.
Jomart we takwa adam özüni Taňrynyň
ýalkandygyny, onuň tükeniksiz
fazly-keremine, üznüksiz nygmatyna eýe
bolandygyny buýsanç bilen gürrüň beripdir.
Nahar-tagamyň ýany bilen oňa ýagşy zatlary
ündemäge, wagyz etmäge başlapdyr. Ol
şeýdip, öz buýsanjyny beýan etmäge girişipdir
welin, ýaňky garybyň gaşy çytylyp, onuň
ynanç-ygtykadyna hüjüm edip, ýazgaryp
başlapdyr. Soňra sögünip: “Eý,
Perwerdigärim, bu adam meni aç-suwsuz
goýmak isleýär. Seniň merhemetiň we
adalatyň nirede? Gündelik owkatymy
dilegçilik edip gazanýaryn. Ine, bu adam
bermesine berýär, ýöne ýanynyň gepi, minneti
bilen ine-gana garbanmaga maý berenok.
Millionlarça ynsana ýaýylan
kerem-sahawatyny maňa dözenok. Meni
iýip-içere günüme goý, bar, Hudaýyň bilen
özüň gümra boluber, menden uzakda dur...” —
diýipdir.
Takwa adamyň muňa girre gahary gelipdir.
Oňa dürli-dümen sögünç sözlerini
suňşuranyndan soň, ýüzüni eňşedip,
gahar-gazap bilen ol mätäji öýünden
kowupdyr. “Her ýerde hezzet bilmez adamlar
bar, toba-tagsyr. Berlenini iýde otur. Ýagşy söz
ýürege ýara salýarmy diýsene” — diýip, öz
ýanyndan hüňürdäpdir. Hak merhemetinden
umytly uka batypdyr.
Düýşünde bir perişde onuň ýanyna gelip: “Biz
saňa egsilmez mukdarda bol nygmat eçildik.
Muňa jogap edip, sen hem il-güne,
öten-geçene köp ýagşylyk etdiň. Şonuň üçin
seniň adyňy öz ýanymyzda köp sadaka berýän,
jomart adam diýip ýazdyk. Ýöne sen ol garyby
öýüňden kowup, bar beren sadakalaryňy
köýdürdiň” — diýipdir.
Takwa adam muňa geň galypdyr: “Men neneň
ony kowmaýyn, heý-de Halygyň adyna ajy
sözlär-de, sögüner-de, men rahat oturarynmy?
Ol Ýeri-Gögi ýaradan beýik Taňra tokundy.
Aslynda-da, ony Allanyň haky üçin
iýdirip-içirdim, Allanyň haky üçin hem
kowdum” — diýipdir.
Perişde oňa garap: “Saňa kim aýtdy, ony
kowmak bilen Hudaýy razy edýändigiňi. Sen
yzgytsyz sözleriň, hüjümleriň bilen onuň
lapyny keç etdiň. Ol adam altmyş ýylyň içidir,
Allatagalany zalymlykda, adalatsyzlykda
aýyplap gelýär, altmyş ýyl bäri ol Allatagala
garşy gidýär, takdyra, kysmata nägileligini
bildirýär, küfre girýär. Emma muňa
garamazdan, Allatagala ony iýdirýär we
75
içirýär, gündelik rysgyny ýetirip durýar. Oňa
ýaşara şert döredýär. Ýaradan islese, ony
ýere-de hopduryp bilerdi, emma her kesiň
ybrat-netije çykarmagy üçin ýaşadýar.
Allatagala oňa altmyş ýyl bäri çydaýar, emma
sen oňa sanaýmalyja minut hem çydamadyň.
Alla ýaşadýan bolsa, ömür beren bolsa,
diýmek ol ýaşaýyş hormatyna hem laýykdyr.
Ony seniň däl-de, Allanyň has gowy
tanaýandygyny ýadyňdan çykardyňmy?
Kähalatda käbir adamlaryň nadanlygyna
çydam etmek hem zerur. Oňa ündemek
isleýän zatlaryňy sypaýylyk bilen
düşündirmelidiň. Wagty gelende ol öz
etmişine ökünerdi, utanardy, her işiň
hakykatyna kem-kemden göz ýetirerdi. Şonda
seniň öz wezipäňi ýerine ýetirdigiň — amanaty
ödedigiň bolardy. Hatda ol dogry ýola
düşmedik hem bolsa, Biribara ynanmadyk
hem bolsa, ýagşy işe sarp eden wagtyň ýerine
düşerdi, yhlasyňa görä sogap gazanardyň.
Sogap we sylag gazanyp bilýärkäň, onuň
hakyndan mahrum galmazdyň” — diýipdir.
Durmuşda käbir adamlar özlerini Hak misli
görýärler, özleriçe kanun çykarýarlar, özleriçe
jeza-temmi ýa-da sylag berýärler. Kazynyň we
jelladyň wezipesini özleri dolandyrýarlar.
Olaryň biri hemişe özüniňkini rast hasaplaýar,
ýalňyşýandyryn, ýaňylýandyryn öýdenok.
Şeýdibem durmuşyň giň ýollaryny gysby-dar
ýodalara öwrüp taşlaýar.
Ynsanyýetiň iň uly betbagtçylygy özgeleriň
hakyny iýmeklikdir, özgeleriň hormatyna
kembaha garamakdyr. Olaryň birje
nogsanlygyna ýa-da egsikligine çydam etmän,
dessine hasap soramakdyr. Öz göwünlerine
laýyk hereket etmeýän bolsa, gaýra goýman
jezaly jogabyny suňşurmakdyr.
Muhammet pygamber agasy Abu Talyby örän
gowy görýärdi, çuň ýürekden söýýärdi. Abu
Talyp hem doganynyň ogly Muhammedi
şonuň özünden egsik saýmazdy. Ýöne bu söýgi
pygamberimize onuň agasyny yslama
getirmäge ýeterlik bolmady. Bu aýdyň mysal
— dine girmek akyl-mantyk esasynda hasyl
bolanok, oňa duýgy-düşünje hem täsir edenok.
Ol diňe içki kanagata, Ylahy towpyka bagly.
Şonuň üçin hem pygamber alaýhyssalam dileg
edeninde we bize-de dileg etmegi öwredende,
dileg üçin elimizi ýokary galdyranymyzda:
“Haky hak edip görkez we bizi oňa eýert,
batyly batyl edip görkez we bizi ondan
çetleşdir” diýer eken.
Sebäbi, biz köplenç halatda batyly hak kimin
görýäris we derrew hum ýaly çişip, öz
haý-höwesli pikirlerimize berilýäris. Haky
batyl hökmünde görýäris we onuň garşysyna
gidýäris. Bu uly garma-gürmelikden başybitin,
sag-salamat çykmagyň iň ygtybarly ýoly —
mylaýym söhbetdeşlikde bolmak we süýji
sözler bilen jedel etmekdir.
Bize sözlemegiň dürli öwüşginlerini
öwrenmek, özleşdirmek buýruldy. Gürleşmek
edebi, jogap gaýtarmak edebi, gulak asyp,
diňlemek edebi, sazlaşykly owadan gürlemek
edebi — bize öwrenmek buýrulan zatlar.
Adamlar pikir-düşünjeleri sebäpli süýt-sorag
edilýän däldir.
76
Hatda biziň hak ýoldan barýandygymyza
garamazdan, adamlary öz ýolumyza
mejburylyk, zorluk bilen çekmäge hiç hili
hakymyz ýok. Eger-de olaryň biz bilen pikiri
gabat gelmeýän bolsa, olara töhmet atmak
hem gadagan edilen zat.
Beýik prinsipleri kalbynda göterýänlere
ýokardaky birinji kyssadan netije çykarmak
gerek. Mylaýym we hoşamaý söhbet arkaly biz
amanat zadymyzy — ile-güne ýetirmeli
pikirlerimizi adamlaryň ýüreklerine girizip,
ornaşdyryp bileris. Biz diňe ündeýji, biz kazy
däl. Biz diňe ýagtylyk saçýan alawy göteriji, biz
höküm çykaryjy däl. Goý, biziň gursaklarymyz
dürli-dümen gapma-garşylyklardan tämiz we
päkize ýer bolsun.
Söhbede girişmekden gorkýan adam — ol ejiz,
gorkak, sandyrawuk adamdyr. Emma güýçli
adamlar, olar hemişe dürli akyllar bilen
gabatlaşmaga döwtalap. Olaryň kagyzlary
tertipläp, pikirleri düzgüne salýandyklaryny,
bütin dünýäni süýji ýylgyryşlar hem-de asuda
we ynamly garaýyşlar bilen
gujaklaýandyklaryny görersiň.
Şu wezipäni doly ýerine ýetirmäge ilkinji
mynasyp adam Sen! Salykatly, deňagramly,
ylhamly ýerine ýetirmäge tüýs hakly adam
Sen! Sözleşmäge, söhbet etmäge ukyply ilkinji
adam Sen!
Hiç wagt gorkuly gürrüňleri gozgamak arkaly
adamlaryň ýüregine aralaşjak bolma. Hatda
maňa ýaramaýan hem bolsa, meniň
garaýyşlaryma düýbünden çapraz gelýän hem
bolsa, sen aýdasyň gelýän pikiriňi erkin we
akyla makul taraşlap aýt.
32. HAS ÇALT BOLMAK ÜÇIN... HAÝAL
ÝÖRE!
Bu sözleriň juda geň ýaňlanmagy mümkin,
emma hakykatyny sözläýin, biz her näçe asuda
boldugymyzça, işimizi has çalt we kämil ýerine
ýetirýäris.
Edara ediş-dolandyryş ugrundan sowatly
adamlar: “Özüňe asuda pikirlenmäge näçe köp
maý berdigiňçe, kelle çişirýän ýagdaýlara
çümmersiň, üznüksiz basyşlara uçramarsyň
we işleriň hötdesinden has çalt gelersiň” —
diýip ýazýar.
Köplenç halatda işleri desbi-dähil, howul-hara
bitirmäge çalyşýarys. Şeýdenimizde, has köp
wagt utýan ýaly. Emma gyssagara eden
işlerimizde goýberen säwliklerimizi,
hatalarymyzy düzetmek üçin ýene şoňa
barabar ýa-da ondanam köpräk wagt sarp
etmeli bolýarys.
On ýedinji asyrda ýaşan meşhur hytaý
suratkeşi Şu Ýong durmuşyna täsir eden bir
waka hakda gaýta-gaýta gürrüň berer eken. Bu
waka onuň durmuşa bolan garaýşyny
düýpgöter özgerdipdir we wakalara, zatlara
başgaça çemeleşmegiň zerurdygyny
öwredipdir. Ol bir gezek derýanyň beýle
kenaryndaky şähere aşmak isläpdir. Gämä
münüpdir we gäminiň kapitanyndan şäher
derwezeleri baglanmanka özüni şol ýere
eltmegini sorapdyr, ýogsam Gün eýýäm
ikindiden agyp başlan eken. Gün ýaşan çaglary
şäheriň derwezeleri ýapylýan ekeni.
77
Gämi derýanyň beýle kenaryna gelip ýetende
ýaňy iňrik garalan eken. Gäminiň kapitany Şu
Ýonguň goşuna birlaý göz aýlapdyr.
Howul-hara tertiplenen we gowşak daňylan
kagyz toplumlary onuň elinde ekeni. Kapitan
oňa: “Has çalt ýöremeseň, bu ýöreýşiň bilen
şäher derwezesine ýarygije aşarsyň” —
diýipdir. Şu Ýong şäher derwezeleriniň
ýapylmagyndan hem-de özüniň
ogry-garakçylara pida bolmagyndan
gorkupdyr. Ol şeýle bir ýöräpdir, daşyndan
görseň, ol böküp-böküp barýan mal
mysalynda ekeni. Birdenkä-de onuň elindäki
kagyz daňylary çözülipdir we barja kagyzy
çalam-çaş bolup, töwerege pytrap gidipdir. Ol
aljyrap, näme etjegini bilmändir. Kagyzlaryny
çöpleşdirip, şäher derwezesiniň agzyna baryp
ýetende, eýýäm derwezeler ýapylan ekeni.
Şol günden başlap Şu Ýong bir zada akyl
ýetiripdir: “Gyssanmak hemişe wagtyň
bähbidine bolup duranok. Howlukmaçlyk
dürli kynçylyklary, müşgillikleri we
büdremeleri döredýän iň esasy zatlaryň
biridir» diýen pikire gelipdir.
Wagtyň gymmatyna düşünip, işimizi
gyssanmaçlyk bilen bitirsek, has köp wagt
utaýjak ýaly görýäris. Wagty tygşytlamak
durmuşa sazlaşykly gopmaga elter öýdýäris,
emma bu dogry pikir däl. Wagty rejeli
peýdalanmak diňe maksatlaryňy ilik-düwme
öwrenip, ädimleriňi anyk kesgitlemek arkaly
gazanylýar.
Dolandyryş alymlary we adamlary,
professorlar özleriniň durmuş tejribelerine we
beýleki barlaglaryna esaslanyp, şeýle bir pikiri
aýdýarlar: “Bir sagatlyk asuda pikir azyndan
üç sagatlyk netijeli amaly üpjün edýär”. Has
gülkünç ýeri, köpimiz bir hakykaty bilmeýäris
— işe dessine girişmek üçin başlamak isleginiň
özi ýeterlikdir öýdýäris. Emma başlamakdan
öňürti mazaly ölçäp-biçmek zerur. Ätjek
ädimleriňi ölçemek, kesgitlemek wajyp.
Ýogsam, birnäçelerimiz meýilleşdirmek üçin
pikirlenmegi wagty yrýa etmek ýaly görýäris.
Oýlanyşykly hereket edýän adamlar aýdýar:
“Gyssanmaçlyk bilen iş bitirjek bolýan
adamlar pikirlenmezden gelen kararlary,
başyna baran işleri üçin azyndan şonuň
ýarysyna barabar wagty gaýtadan şol işe sarp
etmeli bolarlar. Eger-de öňünden azajyk
pikirlenip, oýlanyşykly hereket eden bolsalar,
howlukmadyk bolsalar, gaýta has haýyrly,
bähbitli bolardy we ep-esli wagt utardy”.
Ýandepderçäme şeýle ýazgyny belläp
alypdyryn: “Tiz bitirmegiň ählisi önjeýli iş
däldir. Ýalta adam işini ýüzleý bitiribem,
ýaltalyga howlugyp biler”. Abbas Mahmud
al-Akkad.
33. BARYNDAN LEZZET AL
Köneden gelýän bir adata göwnüm gidensoň,
ony esasy durmuş ýörelgäme öwürdim:
“Özümde ýok zada ýa-da özümiňki däl zada
göz aýlamazlyk hem-de gazanyp bilmejek
zadymy küýsemezlik gerek”.
Hemişe özüme gelişýän lybaslary geýinýärin,
özüme kybap donlara bürenýärin. Meni az
salymlyk ýokary galdyryp, soňam öňki tebigy
78
ýagdaýyma getirip goýjak towsuşlardan,
böküşlerden lezzet almaýaryn.
we ogluna bakyp: “Şu iki dinary al-da, oňa
düşýän zerur zatlary al” — diýipdir.
Ulag satyn almak üçin karz alýan dostumdan
gaty görýärdim. Ol özüne-de, maşgalasyna-da
agyr ýük, urna bolýardy. Oňa: “Öz derejäňde
ýaşaber, eliňde bar zatlardan lezzet al, şolaryň
hözirini gör. Sen heniz beýle ulag satyn
alardan bäş ýyl dagyn ir terpenýäň. Heniz
gazanmadyk derejäňde ýaşamaga neçün
howlugýarsyň?” — diýip, nägile bolýardym.
Ogly kakasynyň sözlerine geňirgenipdir-de,
hiç hili garşylyk görkezmezden, bazara
eňipdir. Aradan köp wagt geçmänkä, kakasy
ogluny ýanyna çagyrypdyr: “Bu günler bazarda
hurmanyň nyrhy näçe boldy?” — diýip
sorapdyr. Ogly: “Bir kilosy bäş dinara çykdy”
— diýipdir. Kakasy: “Bar, onda, gitde, bir
çuwal hurma getir” — diýip, ogluna pul
uzadypdyr. Ogly muňa geň galypdyr: “Kaka,
seniň bolşuň birgeňsi, hurmaň bahasy bir
dinarka almakdan ýüz öwürýäň. Bäş dinarka
bolsa göwünjeň satyn alýaň” — diýipdir.
Kakasy: “Oglum, hurmaň bahasy bir dinarka
meniň ýanymda iki dinardan başga pul ýokdy,
emma bu wagt pulum kän, gurbum bar, şonuň
üçin hem arkaýyn alýaryn” — diýipdir.
Soňra daş-töweregimdäki adamlara göz aýlap,
döwrümizde örän köp adamyň öz
mümkinçiliklerinden bir ýa-da birnäçe ädim
öňde ýöreýändiklerine düşündim.
Dürli görnüşli karzlar, “Wiza” kartlary,
karzyna uzak möhletleýin harytlar...
hemmeleri bergili, borçly edip goýdy. “Şu wagt
satyn al, soňundan töle” diýen ýaly akyla,
mantyga sygmaýan bir tüýsli bol-telkiligi,
mesligi döretdi.
Bir gün meşhur hekimleriň biriniň ömür
beýanyny okanymda şeýle wakanyň üstünden
bardym. Akylyň goýalyşyp, durmuş
wakalaryna siňe-siňe nazar salanyňdan soňra,
bu sözleriň manysyna has-da çuň
düşünýärsiň.
Günleriň birinde bir dananyň ogly elem-tas
bolup, ylgap gelipdir: “Kaka, buşluk, bir hoş
habar bar, bazarda kilosy bir dinardan hurma
satylýan eken. Satyja bir çuwal hurmany aýryp
goýmagyny haýyş etdim, pulumy alyp
gelýänçäm garaşmagyny soradym...” —
diýipdir. Dana ýaşuly bu sözlere ýylgyrypdyr
Akyldarlaryň ýöreýän iň dogry durmuş
ýörelgesi — zada zar bolmazlyk strategiýasy.
Gazanyp bilmeýän, häzirki pursatda ýagdaýyň
ýok zady küýsäp, isläp başlasaň, dessine onuň
tamasyny hem, pikirini hem kalbyňdan çykar.
Diňe şeýtmek bilen ony gazanmak
şehwetinden we onuň täsirine berilmekden
halas bolarsyň. Ýogsam, ýagdaýyň ýok zada
gultunyp, gaýta-gaýta ýatlap ýa-da göz
gezdirip dursaň, ol seni birahat we ynjalyksyz
eder. Köp zatlara ünsüňi jemlemekden ünsüňi
sowar. Has ýamany-da, özüňde bar zatlaryň
we daş-töweregiňdäki zatlaryň ajaýyplygyny,
gözelligini görmekden mahrum bolarsyň,
ýakymly zatlaryň gözelligini duýup bilmersiň.
Biz isleýän her bir zadymyzy gazanyp
bilmeýäris ahyry. Ýöne göwnüň, nebsiň
79
küýseýän ol-bu zatlary hemişe peýda bolar
durar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda ýüregimizi we
ruhumyzy ynjaldyrmak islesek, biz Allanyň
beren nygmatlaryna, akyl-ukyplaryna razylyk
we kaýyl-kabullyk gözi bilen bakmalydyrys.
Şonda biz heniz köp adamlaryň özümizde bar
zatlary arzuw edýändiklerine göz ýetireris.
Özümiziň nygmat kölünde gulaçlap ýüzýän
ynsanlardygymyzy duýarys. Emma näme
üçindir biz şeýle ajaýyplyklary duýmaýarys
ýa-da olaryň barlygyndan hem bihabar
gezýäris.
Omar ibn al-Hattab bir dirhem bahasy bolan
bir nahary iýmek islese, ony bir ýyl soňa
süýşürer eken. Ol nahary hakykatdan hem
özüniň iýmek isländigini ýa-da nebsiniň
islegidini bilmek üçin şeýder eken.
34. BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...
Ol gözüniň öňündäki ähli hazynalaryny
ýygnamak isledi. Elinde bar ähli zadyny satdy
we düşen bahasyna hem bir altyn guýmasyny
satyn aldy. Soňra öýüniň howlusyndaky bir
ýaşyryn ýere gelip, çuň çukur gazdy we altyn
guýmasyny şol ýere gömdi.
Her aýda genji-baýlygyny görmek üçin çukury
gaýtadan gazardy. Gündiziň ep-esli bölegini
çukuryň gabat garşysynda oturyp geçirerdi.
Höwesini, güýmenjesini, küýsegini, hyýalyny
şoňa gönükdirer oturardy. Soňra başga biri
göräýmesin diýen howatyrlanma bilen ýene-de
onuň üstüne gaýtadan gum sürerdi.
öňünde ep-esli wagt sermisal bolup oturanyny
adamlaryň biri görüpdir hem-de bu işde
nähilidir bir syryň bardygyna anyk göz
ýetiripdir. Hum eýesiniň giderine mähetdel, ol
ýeri köwüp başlady we altyn guýmasynyň
üstünden baryp, ony ogurlady...
Hum eýesi öňki endigine görä hazynasyny
görmäge geldi. Ony tapmady we akylyny
ýitirene döndi. Zenan maşgala ýaly hünibirýan
aglap, gözýaş döküp başlady. Goňşusy onuň
bu halyny görensoň, “eýgilikmi?” — diýip
sorady. Hum eýesi ähli wakany we pajygaly
soňy beýan etdi.
Goňşusy bu adamyň öte husytdygyny,
barmagyndan damanyny dodagy bilen ýalap
alýan syrnyh biridigini, ne özüne, ne
çagalaryna hiç bir zadyny dözmeýändigini
magat bilýärdi. Goňşusy oňa bir üýtgeşik
teklip etdi.“Hol zyňylgy daşlaryň arasyndan
bir daşy al-da, şol ýere gömüp goý. Sen ony şol
altyn guýmasy hökmünde görüber” — diýdi.
Hum eýesi bu teklibe ör-gökden geldi.
Goňşusy düşündirmäge durdy: “Barybir bütin
durmuşyňda sen ony ulanyp, peýdalanyp,
keýpini-hözirini görüp bilmejek bolsaň, ol ýere
gömüljek daşyň haýsy gymmat daş
bolmagynyň näme tapawudy bar?” — diýip, bu
teklibini düşündiripdir.
Bu ýönekeýje kyssadan durmuş sapagyny alyp
bolýar. Käbir adamlar özlerindäki
gymmatbaha zatlara şeýle bir berilýär, özleri
şo zadyň bendi-ýesirine öwrülýärler. Onuň
hözirini görüp, özlerine hyzmat etdirmegiň
deregine, ähli pikirlerini, güýç-gaýratlaryny,
Şeýle-de bolsa takdyr ony hoşuna gelmejek
duýdansyz bir zada uçratdy. Onuň çukuryň
80
yhlaslaryny şonuň hyzmatyna sarp edýärler.
Harç edýärler.
Ine, gorkynyň bütin durmuşymyza ýetirýän
täsiri. Gorky gözlerimizi baglaýar we işleriň
hakykatyna düşünmekden saklaýar. Nämedir
bir zady ýitirmek gorkusy seni onuň ýesirine
öwürýär duruberýär.
Pygamber alaýhyssalam zatly bolmagyň
hakyky manysyny açyklanda çuňňur manyny
berýär: “Adam ogly: “Malym-halym,
baýlygym, malym-halym, baýlygym» diýer.
Ýöne iýip-içeniňden, sadaka bereniňden ýa-da
özüňe siňdireniňden, geýip tozduranyňdan
başga zat seniň malyň bolup bilmeýär».
Zatly bolmagyň, zada eýe bolmagyň hakyky
manysy, eger-de şol zat eýesiniň hyzmatyna
ýaraýan bolsa, haýry degýän bolsa zat
seňkidir. Saňa haýry degmeýän zady, hatda öz
adyňda durandygyna garamazdan, özüňki däl
ýaly duýuber.
Demir sandyklaryň içinde agzy gulply ýatan
bihasap mukdardaky puluň näme haýry bar, ol
pullaryň eýesi garyplykdan we mätäçlikden
ejir çekýän bolsa? Onça baýlyk derdine
ýaramaýan bolsa?
Öňki bölümlerde biz heniz ýetmedik
derejesinde ýaşaýan, ellerinde ýok zat bilen
sapa sürmäge ymtylýan adamlar hakda
ýatlapdyk. Bu bölümde bolsa ýagdaýy-gurby
bolubam, ýaşamaly derejesinden has pes
ýagdaýda bolýanlaryň söhbedini etdik. Şeýdip
olar ellerinde bar baýlygyň hözirini
görmekden özlerini mahrum edýärler.
Bu adamyň nebsi-dünýäsi, onuň syrnyhlygy,
husytlygy we baýlyk-hazynasy hakda
oýlandym. Her täze gün onuň wawwaly derdi,
aladasy, birahatlygy. Onuň bolşy ertiriňe,
Allanyň ýetirjek rysgyna ynanmazçylygyň
alamaty. Adamlara ynamsyzlyk bilen
bakmagyň nyşany.
Şeýle adamlar özleriniň ýaşaýan durmuşyny
jähennemiň bir bölegine öwürýärler. Olaryň
dartgynly we galagoply ýagdaýlary,
gorky-ürküleri, gazananyny maşgalalaryna
harç etmezlikleri, elini açmazlyklary —
ýanýoldaşynyň we bala-zürýatlarynyň
öňündäki jogapkärçiligi ödemezlikdir.
Olar asuda we rahat adamlaryň tersinedir.
Asuda adamlaryň ertesinden gorkusy ýok.
Elinde bar zady isrip etmezden we
gysganmazdan özüne dözüp bilýärler. Her
ätjek ädimini, etjek işini ölçerip dökýärler.
Sebäplere we pursatlara ýapyşýarlar.
Sebäplere görä hereket edýärler.
Mahlasy, Allatagalanyň bagyş eden
naz-nygmatynyň, akyl-zehininiň eşretini gör.
Husyt-syrnyh bolma, hözirden özüňi mahrum
etme. Allanyň berenini özüňe dözüp bilseň,
Ýaradan özüňe we haýra siňdiren her zadyň
öwezini esseläp dolýandyr.
35. HATASYZ HIÇ KIM ÝOK
Bir alymyň örän köp şägirdi we yzyna eýerijisi
bar eken. Onuň ylmyndan öwrenmek,
peýdalanmak üçin müňlerçe adam onuň
huzuryna geler ekeni. Çözmesi kyn bolan
meseleleri, aňlaryny garjaşdyran sowallary
81
hakda oňa ýüz tutar ekenler. Emma günleriň
birinde ol bende bir günä işe giriftar bolupdyr
we şondan soň adamlar ondan uzaklaşyp, ony
terk edipdirler. Talyplar hem öz
halypalaryndan ýüz öwrüpdirler. Onuň beýle
uly günä işe batyrynmasyny özleri üçin hem
biabraýlyk hasaplapdyrlar.
Ökde alym öýünde içini hümledip otyrka,
birdenkä gapy kakylypdyr. Çykyp görse,
bosagada özünden nämedir bir zat öwrenmek
isleýän ýaş oglanlaryň biri duran ekeni. Ýaş
oglan girmäge we alymdan sapak almaga,
öwrenmäge idin sorapdyr. Alym adam muňa
geň galyp: “Sen näme üçin beýlekiler ýaly
meni terk edip, taşlap gitmediň?” — diýip
sorapdyr. Ol oglan: “Öň hem sizi pygamber
hökmünde däl, adam hökmünde görýärdim.
Adam bolsa ýalňyşyp biler” — diýip jogap
beripdir.
Üşükli bu ýaş oglan her birimiziň üns bermeli
esasy hikmetimize — durmuş paýhasymyza
ten berýär — durmuşda, dünýäde hiç bir
ýazygy bolmadyk hiç kim ýok. Ýalňyşmaýan,
hata goýbermeýän, säwlige uçramaýan hiç bir
adam ýok. Şonuň üçin hem biz beýlekilerden
perişdeler ýaly päkize, arassa bolmagyny talap
etmeli däldiris.
Adamlar, ähli adamlar, hemme adamlar
säwlik-hata goýberýär. Haýsydyr bir adamy
bir dar ýere gabsap hem-de olara bir
taraplaýyn esasda höküm çykarsak, ony öz
ýalňyşynyň ýesiri, bendisi edip goýsak, onda
öte ýalňyşdygymyz, oňa aýdyň sütem
etdigimiz, inkär etdigimiz bolar.
Bagyşlamagy, geçirimlilik etmegi, ýazygyny
ötmegi, unutmagy... başarmaly.
Bir gezek Isa pygamber bir günä işe baş goşan
zenanyň daşyna hümerlenişip duran
adamlaryň ýanyna barypdyr. Adamlaryň her
biriniň elinde birlän-ikilän daş bar eken.
Zenany bu ýazygy üçin daşlajak bolup
duranmyşlar.
Isa pygamber bu adamlara bakyp, asyrlara
siňen sözlerini aýdypdyr: “Kim ömründe hata
iş edip görmedik bolsa, şol
daşlasyn...”.Adamlar biri-birine bakypdyrlar.
Soňam, hersi öz ýoluna gidiberipdir, çünki
hatasyz adam ýok.
Pygamber alaýhyssalam hem hata iş edýänlere
giňgöwünlilik bilen garardy, ýaş-ýeleňlere
mähirli, mylaýym, ýumşak darardy. Hata
goýberýäniň ýalňyş hereketlerini aýratyn bir
tegelege salardy, emma ol adamyň tutuş özüni
şol tegelege girizmezdi. Beýik adamlar işleriň
hakykatyny şeýle görýär.
Hemmeler ýalňyşýar... olaryň käbiri has bet
işlere hem baş goşýar... Zulum... nähaklyk...
eger-de sähel säwlik ýa-da hata goýberenleri
aramyzdan sogrup aýryp, günälerden
ýülünilýän ýere sürgüne iberjek bolsak, olaryň
öz aramyzda gezip ýörmegini islemejek bolsak,
olara toba etmäge maý bermejek bolsak, ine,
bu hem uly zulumdyr.
Ýüregini Hakdan üzmeýän adamlar bar, olar
örän geçirimli, mylakatly, olaryňşu durmuşda
barlygy hem durmuşa gözellik, owadanlyk
çaýýar. Haýsydyr bir säwligi, büdremesi,
hatasy üçin adamlary inkär etjek ýa-da
82
özünden çetleşdirjek bolanok. Gaýta suwuň
giňişlige ýaýramagy üçin çüýşäniň dar
bogazyndan geçişi deýin, durmuşyň dar we
dartgynly ýerlerinde olar bilen ýanma-ýan
ýöreýär, olara kömek, ýardam goluny uzadýar.
Şeýdibem, olary özleriniň ýöreýän dogry
ýollaryna alyp gelýärler.
Biz perişde, melek däl. Biz pygamber däl. Biz
adamzat nesli. Adamzat neberesinde günäsiz,
hatasyz hiç kimse ýokdur.
36. HALALHONLUK
Iň soňky gezek “Är lebzini berýärin” ýa-da
“Saňa ähd edýärin” diýen sözleri haçan
eşitdiň?
Biziň ýaşaýan maddy dünýämizde öňki
owadan ahlaklary, gözel gylyklary iş-amal,
gazanç-düşewünt medeniýeti ýaly gaýry
gymmatlyklar eýeledi. Şeýlelik-de,
gynansakda, lebzihallayk, wadaňa wepalylyk,
päk ynsaplylyk ýaly ahlak gymmatlyklary käbir
adamlaryň üstünlik gazanmagynda esasy
päsgelçilige öwrülip duruberdi.
Käbir iş ýerlerinde ynsaply, sylagly biri keseki
kimse ýaly görülýär. Är lebzi, namys ähdi hiç
hili gymmaty bolmadyk geçmeýän haryda
dönýär.
Käbir adamlar beýiklik, epeýlik, adamkärçilik,
amanata ygrarlylyk, her kesiň hak-hukugyny
ödemek diýen ýaly düşünjelere juda biparh
garaýar.
Mekgede bolan bu waka taryhy eserlere siňip
gidendir. Söwdagärleriň biri Mekgä barypdyr.
Mekgede uly abraýdan peýdalanýan Asy ibn
al-Wail atly biri onuň ähli harytlaryny satyn
alypdyr... hawa, satyn alypdyr, emma ... onuň
eýesine gara şaýam bermändir, hatda
berjegem bolmandyr. Il içindäki ornuna, gara
güýjüne, kuwwatyna daýanyp alypdyr.
Harytlaryň eýesi kureýşiň uly adamlarynyň
ýanyna baryp, hakyny alyp bermeklerini
towakga edipdir. “Kimden? — Asy ibn
al-Wailden... ýok, ýok, asla beýle bolmaz, bar
öz işiň bilen bol” — diýip, onuň üstünden
gülüpdirler. Harytlaryň eýesine kömek
etmekden geçen, gaýta üstünden gülüp,
ýaňsylap, kemsidipdirler.
Haýyr bolmajagyna gözi ýeteninde, hakyny
alyp berjek adamyň ýoklugynda, ol uly sesi
bilen goşgy okap başlapdyr. Onuň bu goşgusy
amanata ygrarlygyň, lebzihalallygyň,
mertebäniň ölümi hakdaky elegiýa eken. Ol iň
mukaddes toprakda ynsan hakynyň
ödelmeýändiginden, sarpasynyň
tutulmaýandygyndan, kemsidilýändiginden
şikaýat edipdir.
Bu elegiýa köplere täsir edipdir. Şol ýerde
birnäçe adam ýerinden galkyp turup,
hakykatyň tarapynda durmaga äht edipdirler.
Dogry, bularda baýlyk ýok, ýöne mazlumyň
hakyny gorap biljek gaýrat bar, galat söze
garşy durup biljek mertlik bar. Parhy ýok,
zulum eden adam her neneň gaýratly, güýçli,
zabun, haýbatly bolubersin, mundan soňra
adalata daýanyp, her kimiň hakynyň ödeljegi
çyn.
83
Bular zulum-sütemiň garşysynda bir el, bir
göwre bolmak hakda äht edişipdirler. Asy ibn
al-Wailiň howlusyna tarap akyn edip, ondan
hälki täjiriň hakyny zorluk bilen alyp
beripdirler. Şondan soň bu jelegaýlarda özüne
haksyzlyk edilen her kimse bularyň ýanyna
baryp, ýagdaýyny mälim edipdir we hakyny
gazanypdyr.
Ahlak pajygasy adamzada, jemgyýete abanýan
äpet howpdur. Haksyzlygyň garşysyna oýanyk
ynsap bilen, iň bolmanda niýetlerimiz bilen
hereket etmeli. Bu ähte eýermegiň ilkinji
talaby — özüňden başlamak, ilki bilen özüň
özgeleriň, gaýrylaryň hakyny iýmezlik.
Haýyr miwelerini ýolmak ýolunda, gowy
mertebeleri gazanmak meýdanynda hemişe
beýik we asylly häsiýetlere eýer, birjik-de şol
mertebelerden aşak düşme. Ýogsam, aldawçy
we ser sämediji höwesler, baş aýlaýjy duýgular
tiz unudylýan tagamyna maýyl edişine seni
şowsuzlyklar guýusyna gabap goýar.
Gazanç-girdejiniň näçedigine, nähilidigine
garamazdan, hemişe hak sözlemäge,
hakykatyň tarapynda durmaga kasam et.
Kynçylyklar, päsgelçilikler her neneň bolsa-da,
hemişe mazluma, sütem görene, haky iýlene
tarapdar bolmaga çalyş. Howp-hatary neneňsi
uly bolsa-da, zalymyň eline kakyp, dur
diýmäge gaýratlan.
Gara nebsiniň ryzasy üçin öz dostlaryny
satanlara, olara hyýanat edenlere, lebzine
tüýkürenlere, hameleon ýaly dessine
üýtgeýänlere gabat gelensiňiz. Aglaba halatda
hem şeýle ýoldan ýöränleriň gazanan zady
ujypsyz we wagtlaýyndyr, üstesine asla
berekedi ýokdur. Soňra bolsa olar şol nähak
hereketleriniň wyždan jezasyny, ynsap yzasyny
çekýärler.
Ýykylan birini görse gözüni ýumýanlar, kömek
soraýan birini eşitseler gulagyny dykýanlar,
uzakdan bir garyp-biçärä, kömege mätäç
bendä garasy kaklyşandan, derrew ýüzlerini
beýle ýana sowýanlar bar durmuşda... emma
şahsy peýdasyny jandan eziz görýänler
mekir-hilä, aldawçylyga duwlanmagy, göz
ýumup-açasy salymda müň öwüsmegi hiç
zatça-da görenoklar. Özlerini aklamak üçin
ulanýan delili hem — dünýäniň özi
durky-düýrmegi bilen mekirlik, hilebazlyk,
duzak guruşmak oýnumyşyn.
Şeýle adamlaryň gözgyny halyna serediň. Olar
her kesi aldap, oýnap, ýakyp bolýandyr öýdüp
düşünýärler, emma uzak wagt geçmänkä pelek
olara şeýle bir daraýar welin, ýene-de nebsi
agyrýan il-gün. Birje nähak hereket üçin
öňküden esse-esse artyk zatlaryny ýitirip,
hasrat ýuwdup başlaýarlar. Hasapsyz zat ýok
— her hereket, söz, amal, niýet, päl-pygyl —
hemmesine hasap bar. Nähaklyga, haram ýol
bilen baýamaga ýykgyn edýänler ilki bilen
özlerini, öz ruhlaryny, ynsaplaryny,
wyždanlaryny ýitirýärler. Bu zatlardan
aýrylaňsoň, seniň ynsanlygyň nirede bolsun?
Durmuşyň duýdansyz apatlaryndan
mümkingadar goranmak üçin dogry ýoldan
ýöre, mertebelilik, mertlik, abraýlylyk ýaly
gymmatlyklary asla inkär etme. Beýik ýoldan
düşüp, soňy çöp-çalama urýan gumaksy
ýodalara aýak basma. Daşyndan göräýmäge
asuda-arkaýyn ýaly görünse-de, beýle pisint
84
adamlaryň içleri hasratly ahwalatlara giriftar
bolýar.
Adam üçin il gözünden düşmek ýaly
biabraýlyk ýok. Hiç bir teselli bu ýitginiň
öwezini dolup, aradan aýryp bilmez. Şonuň
üçin özüme we saňa bir zady pugta
ýaňzytmagyma rugsat ber — biz öz içimizdäki
milli gymmatlyklara, başlangyçlara, arassa
pikirlere, halal duýgulara äsgermezçilik bilen
garamaly däldiris. Ynanç-ygtykadymyzy söwda
terezisine salmaly däldiris, onuň üstünden
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.