Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07

Total number of words is 3529
Total number of unique words is 2070
28.5 of words are in the 2000 most common words
40.1 of words are in the 5000 most common words
46.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
adam bolmagyňy islärler.
Munuň çykalgasy — bu sürtülýän
agyry-sünjülerden üstün bol we gaýta bat alyp
uç. Hüjüm etdikleri saýy sen has gowy
işlemegiňi, öňküden-de manyly deprenmegiňi
dowam et. Edýän her bir işiňi gowy bitirmäge,
aýdýan her bir sözüňi öňkülerden hem has
gowy, has ajaýyp, has täsirli aýtmaga çalyş.
Her gezek tankyt edenlerinde, aýdylýan sözüň
asyl manysyny, onuň ruhuňy awadýan
tagna-ýaralarynyň syryny oka, diňle, düşün —
gahar-gazabyňy, agyry-ynjyňy, gaýgy-gamyňy
gizläp, öz ýanyňdan myssa ýylgyr. Özüňi we
olary dogry ýola gönükdirmegi üçin Alladan
hidaýat, enaýat we bagyşlama isle.
Şu zatlary endigiňe öwürseň, sen hiç wagt
ejizlemersiň, asgyn bolmarsyň, ýykylmarsyň
we asla ýan bermersiň.
Her kimiň öz pikirini aýtmaga, tankyt etmäge
haky bar, emma goltugyňdan göterip,
maksadyňa ýetirjek merhemetiň has ýokardan
inýändigini ýadyňdan çykarma.
25. DUÝGULARYŇ GARAÝYŞLARA
TÄSIRI...
Biz duýgularyň täsirindäki adamlar — süýji we
mylaýym sözler hoşumyza gelýär, joşurýan
64
sözlemler gaýratymyzy alawlandyrýar.
Maksat-myratlarymyza ýetmek üçin käteler
duýgularymyzyň taryna kakmak hem zerur
bolup bolýar.
Duýguçyllyk, täsirlilik aýyp zat däl.
Birek-birege saz we göwün göteriji duýgularda
— duýgudaşlykda bolmak halanylýan hulk.
Tersine, olar köp ýerlerde bize gaýrat-gylaw
berip, hereketlendirýän, bizden beýik we
manyly zat çykarýan, haýyr-yhsan etmeklige
iterýän, adamkärçilikli işlere meýletinlik bilen
barmagymyza höwes döredýän häsiýetdir.
Göwün galkyndyrýan sözlerden gulagy
gananda, halkyň mümkin däl görnen zatlaryň
hem hötdesinden gelýändigini, başaryp
bolmaz öýdülen zatlary hem başarýandygyny,
hat-da bütin dünýäni dikeltmäge hem
gaýratlydygyny görýäris. Ol biziň
güýç-gaýratymyzy alawlandyrýan, beýik we
ýagşy işleri bitirmeklige bolan ynamdyr
yhlasymyzy tijeýän güýçdür.
Biziň uýýan din-ygtykadymyzda hem
duýgulara, şeýle hem duýgudaşlyga uly orun
berilýär. Duýgudaşlyga aýratyn ähmiýet
berýän adamlaryň ýüregi rehim-şepagatdan,
adamkärçilik häsiýetlerinden doludyr.
Ýöne, duýgulary akyl we mantyk (logika)
jylawlary bilen çekip, bir kada salmasaň, onuň
özüniň hakyky ýolundan, çäginden çykaýýan
halatlary-da bolýar. Çäginden çykan duýgular
bize birnäçe nogsanlyklary, aýyplary we şahsy
kynçylyklary peşgeş berýär.
Duýga berlen adamlarda has köp göze ilýän
aýyplaryň biri — özüňi saklap bilmezlik —
kimdir birini tankytlanyňda ýa-da
pikir-garaýyşlaryňy ýaňzydanyňda belli bir
ölçegiň bolmazlygy.
Salykatly adam haýsydyr bir garaýyşa eýe
boljak bolsa ýa-da nämedir bir zat, kimdir biri
hakda bir netijä geljek bolsa, nukdaýnazaryny
kesgitlejek bolsa, ýa-da höküm çykarjak bolsa,
ol işlere şahsy duýgularyny garyşdyrmaly
däldir. Anyk ölçeglere laýyk gelýän, sagdyn we
ygtybarly esaslara daýanmak arkaly netije
çykarmalydyr, anyk bir pikire gelmelidir.
Özüňe basalykly duýgy bilen çemeleşmelidir.
Ine, köplenç halatda eýelik edip bilmeýän bir
häsiýetimiz şudur.
Aramyzda käbir adamlar öz şahsy duýgularyna
esaslanyp, netijä gelýärler. Şahsy
duýgularymyza baglylykda öwýäris,
duýgularymyza berlip, duşman bolýarys.
Duýgularymyza berlip, tankyt edýäris.
Duýgularymyza daňylyp, öwüp, arşa
çykarýarys. Emma duýgy we sagdyn akyl —
hersi bir başga. Olaryň hersiniň öz ölçegleri, öz
orunlary bar.
Kimdir biri ýa-da haýsydyr bir iş hakynda
pikirimiz soralsa, ýa-da şolar hakda öz
pikirimizi ýaňzytjak bolsak, köplenç has giň
delillere we ölçeglere mätäçdiris. Kazy hiç
wagt taraplaryň ikisini hem diňlemezden,
höküm çykarmaga hakly däldir. Diňe
duýgularymyzy diňläp, netije çykarmak diňe
bir tarapy diňläp, ony hakly tutmak ýaly bir
zat bolar. Käbir adamlaryň bärden gaýdýan
ýeri hem şunda jemlenýär: tanaýanlarym we
ýanymdakylar — meniň dostlarym;
tanamaýanlarym ýa-da ýanymda däller —
meniň garşydaşlarym.
65
Bu hergiz dogry garaýyş däldir.
Maslahatym, her bir pikir-netijäň,
garaýyşlaryň akyl-mantyga laýyk bolsun.
Birini tankytlamazdan ýa-da ol hakdaky
pikirleriňi ýaňzytmazdan ozal hakykatyň
başga-başga taraplarynyň hem bolup biljek
ähtimallygyny aňyňdan öçürme.
Üns bermeli zatlaryň ýene biri — eger-de
tankydy garaýşymyzy mälim etmek isleýän
bolsak, işiň ýa-da ýagdaýyň bolmaýan
taraplaryny belläp geçmelidiris, bu bolsa
tankyt edilýän zady tutuşlygyna halamazlyk
üçin asla esas bolup bilmez. Mysal üçin, okap
oturan şu kitabyň hakdaky pikiriňi soraýyn,
belki-de kitap göwnüňe ýarandyr. Ýa-da öz
pikirleriňe laýyk gelmeýändigi üçin bu kitaby
satyn alandygyňa ökünibem başlansyň. Emma
bu ýagdaýlaryň hiç biri seni bu sözleriň awtory
babatda aýdyň we gutarnykly netijä getirip
bilmeýär. Belki-de onuň bu işi we kitaby örän
gowudyr, sebäbi ol sözleri ýerlikli, sazlaşykly
we manyly ulanmak babatda örän köp zähmet
ýoluny geçendir, ýöne durmuşdaky käbir
zatlar dogrusynda pikirleriňiz çapraz düşüp
biler. Belki, tersinedir, munda aýdylýan zatlar,
aslynda pikirleriňe we zehiniňe örän golaý
hem bolsa, akylyňy, höwesiňi özüne maýyl
edip bilen däldir. Şonuň üçin hem eger-de
kesgitli bir netije çykarjak bolsaň, baha
bermek isleseň, sen bu ýerde awtoryň tutuş
özüni ýamanlaman, onuň ýazan we seniň
göwnüňden turmadyk şu kitabyny tankytlap
bilersiň. Onuň haýsy hem bolsa bir pikirine öz
nägileligiňi ýaňzydyp bilersiň, emma ony özüň
ýaly ynsan hökmünde hormatlamaga we
sylamaga borçlusyň.
Ömrümiň belli bir ýyllarynda endige öwrülip
galan bir häsiýetim bardy: öz pikirlerimiň
tarapdarydym. Kim meniň bilen ylalaşsa,
kimiň pikiri meniňpikirim bilen gabat gelse,
oňa ýüregimiň töründen orun bererdim. Meni
makullamaýanlar ýa-da pikirim bilen
ylalaşmaýanlara zabun darardym, uruş yglan
eden ýaly bolardym.
Eý Allam, men şeýle endiklerim, şol häsiýetim
zerarly gör, näçe zat ýitirdim. Dura-bara, hiç
hili söweşdir darkaşa girmezden hem duşman
saýanlarymyň sany artdy gitdi.
Biri bardy, meniň bilen diňe birje zat barada
pikiri deň gelenokdy, köp zat babatda bolsa
gabat gelýärdi. Emma gabat gelmeýän şol bir
zadyň üstünde günuzyn eňekleşip, dürli
deliller, bahanalar suňşuryp, ony öz pikirime
tabyn etjek bolup, başymdan ot, dilimden
ýalyn sowurýanym ýadymda. Ahyrsoňunda, ýa
ony boýun edýärdim ýa-da oňa gaharlanyp,
öýkeläp, gaty görüp hoşlaşýardym.
Men, ine, şeýle endikler, häsiýetler bilen
özümi oda tarap itekleýän ekenim.
Birnäçe görgüleri görenimden, ýitgileri
çekenimden soňra aň ýetirdim — nämedir bir
zat ýa-da kimdir biri hakdaky bahalarymyz,
garaýyşlarymyz, pikirlerimiz duýgy esasynda
kesgitlenilmeli däl eken. Maňzyma batmaýan
ýekeje ýaramaz häsiýeti üçin bir ynsany “ýere
gömmeli” däldigime düşündim. Gutarnykly
netijä gelmekde hem duýgulary däl-de, akyly
we logikany ileri tutmalydygyna akyl ýetirdim.
Bularyň üstesine, meniň hem hemişe
dogry-dürs pikir edip bilmeýänligime, edil
66
beýleki adamlar ýaly meniň hem ýalňyş pikir
edip biljekdigime, meniň ýalňyşmak
ähtimallygymyň hem örän uludygyna göz
ýetirdim. Şondan bäri, kimdir biri hakda öz
garaýşymy ýaňzytmak islesem, oňa öz
pikirlerimi, garaýyşlarymy we tankydy
belliklerimi pespällik bilen aýdýaryn.
Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin: “Kejir,
küýli adamlarda sagdyn garaýyş, nukdaýnazar
ýokdur, olar diňe duýgularyň elindäki
ýesirdir”.
26. EÝNŞTEÝNIŇ DÄLILIK HAKDAKY
SAPAGY
On bäş ýyldan bäri dostum Jelil şol bir zatlary
ýerine ýetirýär...
Ol henizem şol firmasynda işleýär, şol öňküsi
ýaly pikir edýär. Ol henizem şol öňküsi ýaly
ýol-ulag gatnawynyň ýaramazdygyndan, aýlyk
gazanjyň azlygyndan, janköýerlik edýän sport
toparynyň ýeňlendiginden we işiniň üznüksiz
paşmaýandygyndan zeýrenýär.
Henizem ol dostumyz çagalary we maşgalasy
bilen dynç almak üçin her tomsuň başynda
karz alýar we bütin gyşyny şol karzlaryny üzüp
geçirýär... on bäş ýyldan bäri hiç zat
üýtgemedi, özgermedi...
Henizem dostumyz Jelil “Sabyr soňunyň sap
altyndygyna”, sabyr edeninden soňra hökman
arzuwyna ýetjekdigine, garaşylýan günüň
ahyry geljekdigine pugta ynanýar.
Dostumyň bu bolşuny görüp, Eýnşteýniň
dälilik hakdaky sözleri serime dolýar. “Şol bir
hereketleri edip, dürli netijä garaşmak —
dälilikdir” diýen sözleri aňymda öwrüm edip
dur.
Özümiz aman-asudalyk, ýeňil ýetilýän
rahatlyk isläp, munuň öwezine töwekgellik
etmekden, täze gözýetimlere aralaşmakdan we
täze serhetleri aşmakdan gorkýarys. Mundan
soňam biz ýene-de Allanyň her kime paýlap
beren ýeterlik rysgyndan nägile bolýarys.
Allatagalanyň älemler baradaky bozulmaz
däbini, ýoluny unudýarys — Onuň her kese
rysgyny berýändigini ýadymyzdan çykarýarys.
Ýaradanyň barlykdaky däbi üýtgewsizdir —
durmuş kitabynyň gündeki sahypalaryny gowy
okap, düşünip bilýän we oňa görä amal edýän
adam bagtyýardyr. Ol köp zat gazanar.
Üstünlik gazanmak we üstün bolmak hiç bir
adama hem mümkin däl zat däldir, ýa-da bu
babatda kimdir birine artykmaç mümkinçilik
berlen däldir. Ol hemme kişiniň başarjak,
hötdesinden geljek zadydyr. Ýöne munuň
beýleki tarapyny hem gözden salmalyň, onuň
ýeňil-ýelpaý bolmadyk tölegi hem bar ahyry.
Bahasyny bermeseň, ony awlap, kapasaňa
salyp bilmersiň. Üstünligiň bahasy maňlaýyňy
derledip, zähmet çekmek we öz işiňe
berilmekdir. Şikaýatdyr zeýrenjiň degresinden
hem ötmezlikdir.
Dostumyz Jelil we ýene-de müňlerçe
dostlarymyz hem-de dostlaryňyz hiç zat
etmän, diňe ertirki arzyly günüň gelerine
garaşyp ýaşaýarlar.
67
Ýekşenbe güni hem edil duşenbe ýaly, mart
hem hut aprel ýaly, ähli günüňşol bir tagamy
bar. Hiç zat üýtgemese, özgermese, ýerinden
gozganmasa, töwekgellik etmeseň...
Töwekgellik diýenimde, göz öňünde tutan
işiňe howul-harsal okdurylmak däl.
Meýilnamalyja, her ätjek ädimiňi saldarlap,
basjak ýeriňi peýläp, ilki ilik-düwme öwrenip,
öňe ilerlemegi göz öňünde tutýaryn. Bu zatlara
amal etmek üçin gaýratlylyk, dogumlylyk, hiç
zatdan çekinmezlik, öňe okdurylmak —
hakyky töwekgellik gerekdir.
Şu ýaşan ýyllaryňda tutuş ömrüň akymyny,
ugruny özgerden näçe sany ykbal özgerdiji
karara gelip gördüň?
Amerikan ýazyjysy Mark Tweniň çuňňur
manyly we juda ähmiýetli, göwnemakul sözleri
bar: “Ýene ýigrimi ýyldan soň üstünlikleriňi
we şowsuzlyklaryňy ýatlap otyrkaň, şu günki
eden işleriňden goýberen pursatlaryň has köp
bolandygyny ýatlap ökünersiň” — diýýär.
Hak aýdýar, ökünersiň, çyndan ökünersiň.
Sebäbi, belli bir karara gelip, ymykly
girişäýmeli işi, ikirjiňlenme ýa-da geleňsizlik
zerarly etmändigiňe, gaýratyň çatmandygyna
ökünersiň... “sag başym, aman başym” —
diýip, köne külbäniň ykyş diwaryna duwlanyp
ýatyşyň göz öňüňe geler.
Emma ugrunda gaýrat eden işleriňe, hatda şol
ýollarda goýberen säwlikleriňe, hatalaryňa
hem ökünmersiň. Ikirjiňlenmeleriň,
gorky-ürkiň, synanyşykdan alyp galan ejizligiň
näçe köp bolsa, ahyr ýaşda ökünjiň hem şonça
köp bolar.
Her bir adam öz gylyk-häsiýetleriniň jemi.
Gylyk-häsiýetleri, özüni alyp barşy bolsa onuň
bir karara gelip bilýändiginiň, bilmeýändiginiň
dilmajy. Ikimizi biri-birimizden
parhlandyrýan zat, biziň bir karara gelip
bilýändigimiz ýa-da bilmeýändigimiz. Haýsy
işi edýändigimiz we etmeýändigimiz (edip
bilýärismi ýa etmeýärismi?). Her kim öz
karary, öz pikiri bilen tapawutlanýar. Şonuň
üçin hem iň möhüm, ähmiýetli zatlaryň biri —
durmuşyň bize döreden ähli
mümkinçiliklerine, pursatlaryna doly we
ählitaraplaýyn nazar salmaga synanyşmaly.
Gaýrata daýanyp, işe girişmeli. Näbelli
gorkulardan rüstem gelmek üçin batyrgaýlyk
bilen işlemeli we asylly amallarymyzy dowam
etmeli.
Mahlasy, iň uly töwekgelçilik — durmuşyňda
hiç hili töwekgelçiligiň bolmazlygydyr. Iň uly
howp hiç hili howpy bolmadyk durmuşda
ýaşamakdyr. Hakyky şowsuzlyk bolsa
şowsuzlyga düşmekden gorkup, bir duran
ýeriňde saklanmaklykdyr.
27. BEÝIKLIK - SUNGAT
Günleriň birinde meşhur suratkeş Pikasso
köçeden ýöräp barýan ekeni. Pikassonyň
sungatyna aşyk zenanlaryň biri muny
görüpdir-de, suratkeşiň ýanyna ylgap baryp,
mähir bilen salamlaşypdyr. Ýantorbasyndan
bir ak kagyzy çykaryp: “Jenabym, men siziň
çeken suratlaryňyzyň jandan-tenden muşdagy.
Öz täsin hünäriňizden şu ak kagyza bir surat
çekip, meni begendirip bilermisiňiz?” diýipdir.
68
Pikasso muňa ýylgyrypdyr. Ak kagyzy alypdyr
we onuň ýüzüne surat çekip başlapdyr.
Tamamladym edip, ýaňky suratly kagyzy
eýesine uzadypdyr: “Hanym, bu suraty aýawly
sakla, wagty gelende sen ony million dollara
satyp bilersiň!” diýipdir.
Muşdak zenan muňa geň galypdyr: “Pikasso
halypa, siz bu kiçijik surat üçin bary-ýogy otuz
sekunt sarp etdiňiz. Onuň millionlyk gymmaty
bolup bilermi?” — diýipdir.
Pikasso ýylgyrypdyr we oňa garap: “Hanym,
otuz sekuntda sowgatlyk (ýadygärlik) surat
çekmek üçin, men ömrümiň otuz ýylyny sarp
etdim” — diýipdir.
Ýokardaky söhbetdeşlikde meşhur suratkeş
bize juda ähmiýetli bir maglumaty — ömrüň
wajyp wezipesini ýetirýär: täsinligi, täsin bir
zady döretmegiň köp wagt almazlygy mümkin,
ýöne şol derejä barýançaň mazaly
taýýarlanmagyň, taplanmagyň gerek.
Birbada göwnümize ýaramaýan hem bolsa,
alnymyzdan çykýan her bir zat biziň
haýrymyza. Kynçylyk, görgi-kösençlik zemine
aýagyň galtaşan pursadyndan başlanýar. Olar
san babatda hem az-küş däl.
Durmuşşarpyklary hem dura-bara taplaýar.
Ynsanyň taplanmagynda, hatda onuň öz
ugrundan ussat bolup ýetişmeginde bu
kyn-kötel ýollary, agyr hallary we zähmetleri
gözden salmaly däldiris.
Bu kiçijik kyssa durmuş hakdaky başga bir
oýlanmalara iterip, köpimize mahsus bir
häsiýeti ýadyma salýar: almak üçin
eglenmezden öňürti bermelidiris, almak üçin
ilki bahasyny — degýän zähmetini
tölemelidiris.
Ekin ekmän hasylyny orup bolanok. Nahal
oturtman miwesini ýolup bolanok. Iş etmän
hak alyp gördüňmi? Söweş gutarmanka ýeňiş
täjini başyna geýen patyşa hakda heý
eşidipmidiň?
Uly arap alymy, Allama ibn Ataullah
Sekenderiniň hikmetli sözlerinde şeýle bir
paýhas bar: “Bedeniňi bikärlik topragyna
gömseň, ýaltalyk gumunda oturtsaň, daragtlar
topragyna görä miwe berýändir”. Tohum
topraga gömülmese, ondan hasyla, pazyla
garaşyp bolarmy?
Akyldar alym her bir zadyň peýda bolmagy,
ýüze we ýer ýüzüne çykmagy üçin sabyr
etmelidigini, yhlas etmelidigini, başyňy belent
tutmalydygyny ündeýär. Topragyň astynda
mazaly eýini alyp, özüni taplamasa, gämik hiç
wagt ýer ýüzüne çykýan däldir. Dür parlak dür
bolýança hem şeýle. Bardy-geldi çykaýsa hem,
ol kämil ösümlik bolup bilmez, ýa basym
gurar, süllerer, ýa-da gül-gunça bermez.
Bu kada barlygyň hiç wagt üýtgemeýän we
üýtgedip bolmaýan baky ýörelgesi.
Bir ýa-da birnäçe kitap okany üçin özüni öte
akylly, düşünjeli-pikirli saýýan bolsa.. bu diňe
göwün ýüwürtmedir. On sany hadysy ýa-da
käbir gysga süreleri ýat tutany bilen özüni
dinden sowatly, her meselä çözgüt berip
bilýän, pitwa çykaryp bilýän adamdyryn öýtse,
ol özüne gümra, amalyna magrur bir kişidir.
Biziň tanaýan beýik ärlerimiz, öwrenmek üçin
gulagymyzy güýdýän sagdyn pikirli
69
alymlarymyz ylym-magryfet ýolunda
irmän-arman zähmet çekdiler we ylym talap
etmek üçin ähli kynçylyklara döz geldiler. Ine,
Ýaradanyň ýoly-ýörelgesi şu esasda dowam
edýär.
Ýandepderçäme meşhur alym Muhammet
al-Gazalynyň sözlerini belläp alypdyryn: “Iki
sany ýagdaýdan seresap bol: birinjisi, heniz
doly bişip, kämilleşip ýetişmänkäň il öňüne
çykmakdan; ikinjisi, bu ukyp-başarnyklary we
hünärleri diňe il nazaryny özüňe çekmek üçin
öwrenmekden we ulanmakdan”.
28. BU-DA BIR ÖMÜR...
Barlykda bar bolan asmany dinleriň ýa-da
pelsepewi pikirleriň hiç biri hem haýsydyr bir
ýol bilen özüňe el götermegi (janyňa kast
etmegi) makullaýan däldir. Olaryň ählisi bu
ýagdaýy berk ýazgarýar. Ol küpür amallaryň
biri bolup, durmuşy berbat etmeklige deňdir.
Bu ýagdaý şol adamyň juda lapykeç, şowsuz
we ejizdiginden habar berýär.
Ýöne men bu ýerde ol kast edilme hakda
gürrüň gozgamakçy däl. Munuň jeset bilen
bagly ýeri ýok, bu ruha dahylly bir zat, ýagny
özüňe bolan ynamyňa, ruhubelentligiňe,
zähmetsöýer ylhamyňa, Allatagalanyň beren
ryskyna bolan kast etme hakda söz açmakçy.
Adamlaryň käbiri ýalta we perwaýsyz göwre
bilen mydar edýärler. Olaryň içindäki
haýyr-sahawata ündeýän ynsap, höwes, ruh
bir wagt öçüp, sowap galana meňzeýär. Olar
özleri bilmezden, dünýäden ötüp giden
jemende kysmy, şeýle kişileri dirileriň
sanawynda goýasyňam gelenok.
Has abadan durmuşda ýaşamaga güýji-gaýraty
barka, iň ýönekeý güzeran bilen oňňut
etmeklige näme diýip bolar? Kanagatlylykmy?
Terkidünýälikmi? Şeýle töwra adamlaryň
serlerini gurşan bar pikir, alada-ünji — Günüň
wagtynda dogup-ýaşmagy, adamlaryň ömür
sagatlaryny sanap ýaşamagy we wagty
dolanda, gitse-gelmeze rowan bolmaklary,
emma olar durmuşda ýaşandyklaryny bildirer
ýaly yzlarynda hiç bir yz, eser galdyrmaýarlar.
Iň gözgyny durmuş — şo zeýilli ýaşamakdyr.
Haýyr daragtyny ekmeseň, hakykat
tohumlaryny topraga sepmeseň ýa-da soňra
saýasynda düşlärleri, miwesinden dişlärleri
ýaly ylym daragtyny gögertmeseň, bir asylly
maksada wepa bermeseň, hany seniň
ynsanlygyň? Bizi azaplardan halas edýän
zadyň ýagşy we salyh amallardygy
ata-babalarymyzyň nesihatlarynda köp
ýatlanylýar ahyry.
Şorta sözli ýazyjy Jorj Bernard Şounyň aýdan
sözleri bar: “Mende beýik maksatlara erişmek
hakda güýçli isleg barka, dowam edýärkä,
mende ýaşamak üçin sebäp bar (Mende beýik
maksat barka, mende ýaşamak üçin ýeterlik
sebäp bar). Kanagat edip oturmaklygy ölüme
barabarlyk saýýaryn”.
Garjaşyk garaýyşlar, dagynyk pikirler, anyk
maksatlaryň ýoklugy köp zat babatda ters
düşünjäniň aňymyzda berkemegine sebäp
bolýar. Käteler biz hiç zadyň başyna barman,
hatda elimizi Göge galdyryp, Ýaradandan
dileg-doga etmän, ýene-de Asmandan
70
altyn-tyllanyň ýagaryna garaşýan bolsak, bu
kanagatlylyk däl-de, nadanlykdyr.
Arzuwlaryňy doly hasyl etmän saklanmak
ýa-da arzuwlar tükenen ýaly hereket etmek
günüňden razylygy-kanagatlylygy aňladanok.
Meşhur arap ýazyjysy Mustafa Sadyk
ar-Rafygynyň hem bikär, geleňsiz, işýakmaz
adamlar hakda aýdan göwnemakul bir sözi
bar: “Kim bu dünýäniň bir gözelligini
artdyrmasa, onuň özi bu dünýä üçin artykmaç
zatdyr”.
Ýa-ha durmuşyň alnynda parlap dogan Gün
bol — ajaýyp amallaryň astyna hiç wagt
pozulmaýan we hiç kimiňkä meňzemeýän
barmak yzlaryňy bas. Ýa-da durmuşyň
agyrlyklaryny bahana edip, diňe şol ýüki
gerdeniňde götermek üçin egbarlyja gün
aýlamaga, alada-ünjülere ýesir-bendi bolmaga
kaýyl bol.
Ýa-ha taryh sen hakda ajaýyp ýatlamalary
ýazar, ýa-da durmuşyň düýrlengi kagyz deýin
unudylmalar tekjesinde çaň basyp galar.
Barkaň bir zatlar etmeseň, gideniňden soň bu
barlykda seni ýatlajak adam tapylmaz.
Yhlasly zähmet bilen şol işi etmezlik üçin
tutaryk edinýän bahanalaryňy terezä salsaň,
bahanalaryň bedene has köp agram
salýandygyny görersiň. Çünki çekilen
zähmetiň haýry-höziri, şatlygy ruhuňa ýeňillik
berýär we ýüregiňdäki ynamy hem berkidýär.
Meşhur arap alymy Ibn al-Jewzi şeýle ýazýar:
“Sopulardan, sapylardan käbir adamlar bar,
köňül gözlerini açaly bäri ýatanoklar, hakykat
ýoluna düşeli bäri bir menzilde duranoklar.
Olaryň bar ünsi-aladasy öňküden-de kämil
çykmak, beýiklige ymtylmak. Olar her gezek
bir basgançak ýokary galanlarynda, öz
yzlarynda bir nogsanlygyň galandygyny
görýärler we dessine toba-tagsyra dönüp, ony
düzetmäge çalyşýarlar”.
Dostum, bir ädim öňe süýş, bir mertebe
ýokary gal! Özüň oýda durkaň, ol ýeriň
oýdugyny kän aňşyrmarsyň. Diňe beýige
galanyňdan soň, öň nirede duranlygyňa magat
göz ýetirýärsiň.
29. SYNAG
“Ýigit dünýä bilen söweşdi, ili bilen söweşdi,
Ýöne öz nebsi bilen nähili söweşjegini
bilmedi..”.
Bir gezek gijaralar dostlarymyň biri bilen
gürrüňdeş bolup otyrkam, söhbediň arasynda
ýokarky setirleri ýatlap, özümiň durmuş
söweşinde ýeňilmändigimi, Allatagalanyň
fazly-keremi bilen üstün çykandygymy,
durmuşdaky her bir kynçylygyň meni barha
taplandygyny aýdypdym.
Şondan soňra ep-esli wagtlap pikire çümdüm
we özüm hakda oýlanyp başladym. Içimden
bir ses: “Sen näme üçin oňa içki söweşleriň
hakda gürrüň bermediň? Ýürek bilen nebsiň
arasyndaky darkaşlar, bir tarapda haý-höwes,
tamakinlik, şek-şübhe, gümän, beýleki tarapda
razylyk, kanagatlylyk, anyklyk, berk kararlylyk
hakda aýtmadyň..” diýýärdi.
71
Çaň-tozany ýokary göterilen söweşlerdäki
ýeňişlerim hakda agyz dolduryp
buýsanýarkam, içki ahwalatlardaky
asgynlygym hakda dil ýarmaýardym. Aslynda,
içimizdäki söweş söweşleriň iň elhenjidi.
Danalaryň birinde şeýle bir söz bar: “Öz nebsi
bilen gidişip, darkaş gurup bilýän adam
öwülmäge mynasypdyr”.
Haçanda wyždan we ynsap nebse garşy aýgytly
aýak diräp bilýän bolsa, ine, şol hakyky
söweşdir. Nebsi bet işlere batyrynmakdan
saklap, jylawlap, aýagyny gandallap bilýän
bolsa, onda muňa söweş, ýeňene ýeňiji diýip
bolar.
Aramyzda käbir adamlarda beýik-beýik
etsem-goýsamlar, arzuwlar, maksatlar bar.
Hemmeler bize seredýärkä, biz höwesli
işleýäris, ýöne haçanda şol nazarlar başga
tarapa gönügip ugranda, isleglerimiz şöwketiň
öňünde dyz epip, haý-höwesiň öňünde seždä
egilýär. Şodur-da-şodur, kör nebsiň daňyp
goýan ýüpünden boşanmak üçin
çabalanmaýarys.
Şonuň üçin köp adamlar bu söweş hakda dil
ýarmagy halamaýar. Şol synagdan
geçendikleri üçin öwünýän ýa-da buýsanýan
adamlara hem gabat gelip durlanok.
Biz içki söweşlerimizde üstünlik gazanmak,
ýeňmek üçin has artyk yhlas sarp etmelidiris.
Tankydyň ýiti şuglasyny içki söweşlerdäki
nogsanlyklary basyp ýatyrmaga, aradan
aýyrmaga gönükdirmelidiris. Özüme-de,
size-de gaýta-gaýta nygtasym gelýär: diriligiňi
subut edýän söweş içimizde bolup geçýär we
durmuşdaky her bir zat hem oňa bagly-dahylly
bolup durýar.
Özüňden mert durup sora, näçe gezek başga
biriniň gazanan üstünligine, beýikligine
bahyllyk bilen bakdyň, begenmediň? Emma
men şu häsiýeti özümde terbiýeledim,
özgeleriň üstünligine hem özüm gazanan ýaly
begenip bildim, kän gezek başardym. Hawa,
hut şeýle, örän köp pursatlarda nebsimi basyp
bilendigim ýadymda. Allatagalanyň syrly
hikmetlerine, Zeminde bolýan wakalaryň asyl
sebäbine akyl ýetirmäge, şol wagt düşünmäge
aňymyz ejizkä, şeýle nogsanlykdan saplanyp
bilmegem mertlik. Allatagala öz
fazly-merhemetini, ýalkawyny, sylagyny öz
halan, islän adamsyna berýär. Kimi nämä
laýyk görse, şony hem şoňa barabar zada rowa
görýär. Biz bu hakykaty hergiz unutmaly
däldiris. Diýmek, biri öz zehini bilen bir
üstünlik gazansa, öz taýýarlygy, ukyby bilen
beýik derejelere eýe bolsa, biz muňa bilelikde
begenmelidiris. Şeýle üstünlikleriň her biri
milletiň beýikligini, özgeleriň üstünligine
bilelikde begenmek bolsa, milletiň jebisligini
üpjün edýär.
Ýöne kähalatda kimdir biri aýratyn
sylag-serpaýa, alkyşa, üstünlige eýe bolanda,
biziň içimizde hakyky darkaş — synag peýda
bolup başlaýar. Onuň bu ugurdaky
artykmaçlygyna, zehin-ukybyna, neneňsi
gaýrat sarp edendigine düşünjek bolamzok-da,
özümiziň ondan artykdygymyz, has
mynasypdygymyz hakda pikir edip başlaýarys.
Ýa-ha nebsimizi basyp, ondan rüstem
bolmaly, ýa-da nebsiň ugruna gidip, nebsiň
72
guludygyňa garamazdan, hiç zatdan bihabar,
ulumsy, tekepbir, hondanbärsi gezmeli. Synag
şeýle bolýar...
Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin: “Edil
kine-kitüw, huşsuzlyk we holesterin ýaly
bolup, magrurlyk hem ynsan süňňüne
bildirmän ornaýar. Eger-de müňlerçe
adamdan: “Özüňde nähili aýyp bar?” — diýip
sorasaň, olar: “Meniň iň uly aýbym —
adamlara gereginden artyk ynanýanlygym
hem-de gereginden artyk öz syrymy
aýdýanlygym” — diýip jogap bererler” Ahmet
Halid Tewfyk.
30. BAR ZADY BAŞARDY, ÝÖNE AÝNA
GARAMADY...
Durmuşda gowy adamlar kän, emma käteler,
ine, şeýle adamlara hem gabat gelýärin.
...Temegi göge dikilgi, gursagy ulumsylykdan,
tekepbirlikden, eýmendiriji hondanbärsilikden
püre-pür, köpüň öňüne çykyp, içinde
basyrylgy ýatan adatdan daşary ukypbaşarnyklary hakda gürrüň berýär. Onuň
akyly Ýer ýüzüni üýtgetmäge doly taýýar
derejede. Özüni hünärine ussat adam
saýyşyna, gije-gündiz teleýaýlymlardan
düşmän, ýaňy ýola düşen ýaş hünärmenleriň
üstünden ýel sowurýar.
Şeýle adama setanda-seýranda gabat gelersiň.
Ol özünde beýlekileriň görmeýän zadyny
görýär. Özüni nogsandyr aýypdan arassa adam
edip görkezmek üçin özgelere gara
ýöňkemekden hem gaýtmaýar. Onuň ýoldaşy,
hemsyrdaşy, taýy hem edil özi ýaly — heniz
bişmedik arzuw-umytlary şahasyndan öň
ýolmaga ýa-da şol şahany şatyrdadyp
döwmäge şeýle bir ukyply. Asylly maksada,
arassa arzuwa tagna salmagyň uly
ýazykdygyndan asla habary ýok. Nirä barsa
gözi-garagy hile-pirim üçin amatly ýeri,
hatarly meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge
oňaýly topragy gözleýär. Özüni aklamak üçin
hem ýeterlik we baý gory bar.
Ine, şo zeýilli adamlar adamzadyň
gerdenindäki agyr ýük we bar
görgi-kösençlikleriň hem düýp sebäpkärleri.
Adatça şeýle adamlara “aýna seretmeýänler”
ýa-da “aýnada öz ýüzüni görmeýänler” —
diýlip, at berilýär. Eger-de olar birje gezek
aýna bakan bolsalar, ilki bilen özleriniň egri
eginlerini, gyşyk gadamlaryny, gysby we gyňyr
ýüzlerini düzetmelidiklerine düşünerdiler. Öz
şowsuzlyklary üçin gaýrylary günäkärläp
ýörmezdiler.
Eger-de durmuş seni şeýle adamlar bilen
ýoldaş bolmaga mübtela eden bolsa, olara üç
öwra talagyny ber we gaýdyp golaýyňa
getirme, özüňem olaryň ýanynda görünme.
Olar seniň arzuwlaryň düýbüne palta urarlar
we dünýäni, durmuşy başga keşpde
görkezmäge çalşarlar. Şeýle adamlara ýakyn
durdugyňça durmuşyňda ajy pursatlar, zakgun
zowklar barha artar gider. Arzuw-umytlaryň
örüsi daralyp, gözýetimler gysby görner.
Özüniň ebedi matamyna şärik eder hem-de
seni şol duýgulardan hergiz saplamaz.
Iň ähmiýetlisi, şeýle adamlara arka
diremekden, olar bilen iş salyşmakdan
saklanmak gerek. Olaryň duzagyna düşmezlik
73
üçin edýän hereketleriňe, aýdýan sözleriňe,
özüňi alyp barşyňa eserdeň bol!
Ýagty dünýäni garaňky, abadan durmuşy
haraba edip görkezýän päliýaman adamlardan
gönenen ýokdur. Şonuň üçin, käteler özüňi
gyrakladylýan ýaly görseň, munuň üçin
ýaşaýşa, durmuşa aýyp ýöňkemekden, barmak
çommaltmakdan saklanyp, pikirleriňi durla
we töweregiňe sagdyn görüş bilen bak.
Günleriň saňa biparh, ähmiýetsiz bakýandygy
hakda pikirem etme. Käteler tutuş barlygyň
özi saňa pitjiň atýan ýaly görner, emma
aslynda beýle däldir.
Aýna seret we özüňe göz aýla. Özüňden hasap
sora. Öz ýalňyşlaryň we säwlikleriň
garşysynda mert dur. Büdremejek bol, ýöne
her gezek büdräniňde näme sebäpli büdräniňi
öwren. Şol ýalňyşy ikinji gezek gaýtalamazlyk
üçin näme etmelidiginiň çözgüdini şol wagt
tapyp goý.
Hemişe ýadyňda bolsun — durmuş biziň göz
öňüne getirişimizden has giňdir. Bizden has
uludyr. Garaşylmaýan wakalardan doludyr.
Muňa garamazdan, ählimiz durmuş bilen dil
tapyşmaga, oňa ýaraşykly, sazlaşykly
ýaşamaga ukyplydyrys.
Durmuş hakda oýlan. Käbir adamlar bar,
ellerinden gelýän iň uly zat durmuşa näşükür
bakmak we ýaşaýşy bihuda hasaplamak.
Olaryň durmuş sözlüginde zeýrençdir
teýenelerden, galagoplukdan,
gorky-ünjülerden başga söz ýok.
Kanagatsyzlyk, kaýyl dällik, şikaýat, zeýrenç,
arz olaryň aýrylmaýan hal-hemrasy.
Ruhubelent adamlar hemişe özlerine
seredýärler. Aýna bakýarlar we özlerini
oňarýarlar. Özleriniň bolmaýan ýerlerini diňe
özlerinden görýärler we her bir bärden
gaýdýan ýerlerini özleri düzetmäge jan
edýärler. Olar hiç haçan
özleriniňşowsuzlyklary üçin durmuşy
ýazgarjak bolmaýarlar.
Durmuş zynjyr deýin biri-birine sepleşip, uzap
gidýän tejribelerden, synaglardan,
taplanmalardan ybarat. Her bir büdremä ýa
böwede gereginden artyk wagt sarp etme.
Sähelçe wagtlyk bu togtaýyş demiňi dürsäp,
öňe has ruhubelent ilerlemek üçin zerur şert.
Ýoly ýörän ýeňer.
Hemişe beýik bol! Hemişe aýna garap, özüňe
serenjam berip dur. Alada-ünjüleriňi,
ýadawlyklaryňy, argynlyklaryňy durmuşyň
gerdenine atma. Sen bu ýüki özüň götermäge
gaýratlysyň.
Durmuşy agyr edip görkezýän adamlara asla
gulak asma. Ýaşaýşy tümlüge gabsaýanlara
gabak galdyrma. Asylly maksadyňy, ýagşy
amallaryňy dowam et. Bürgüdiň yzyndan uçup
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.