Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06

Total number of words is 3532
Total number of unique words is 2097
29.0 of words are in the 2000 most common words
41.3 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hakykatyň oňa täsir etmejekdigine göz
ýetiripdir. Ylmyň gazananlary, inženerçilik
kanunlary we binagärlik aýratynlyklary
bilenem häkimi raýyndan gaýtaryp bilmändir.
Garaýşyny gozgamagy başarmandyr. Kristofer
başga çykalga tapmansoň, bir mekirlige ýüz
urupdyr.
Ol häkimiň nämeden gorkýandygyny içgin
sorapdyr. Häkim oňa binanyň pylan ýeriniň
çökäýmeginiň ähtimaldygyny ýaňzydyp, şol
ýerde iki sany sütün goýulsa, ikinji gat aşak
çökmez ýaly ygtybarly bolardy diýipdir.
Inženerçilik çözgüt babatda şol iki sütüniň
gerekli däldigine garamazdan, Kristofer
häkimiň pikirini kabul edip, işe girişmäge
rugsat alypdyr. Şeýtmese, bilýän ähli ylmynyň,
başarýan barça zadynyň häkimi bu
gorkulardan halas edip bilmejekdigine göz
ýetiripdir.
Kristofer binanyň gurluşygyna başlapdyr.
Şäher häkiminiň aýdyşy ýaly, hut şol ýerinde
iki sany sütün hem galdyrypdyr. Ajaýyp we
kaşaň ymarat peýda bolupdyr.
Aý-günler aýlanypdyr, birnäçe ýyllardan soňra
binany rejelemek, käbir ýerini, durkuny
täzelemek kararyna gelipdirler. Şol ýerde
işgärler bir täsin ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz
bolupdyrlar. Birinji gatda gurlan iki sany
sütün ikinji gata birnäçe santimetr ýetmezden
tamamlanýan ekeni.
Kristofer näme edipdir?
Daşky görnüşi şol adamyň — häkimiň aýdyşy
ýaly, ýöne beýleki tarapdan öz bilimi,
başarjaňlygy we sungaty bilen, häkimiň
garaýşynyň ýalňyşdygyny subut edipdir.
Häkimiň özi hem birnäçe ýyldan soňra muňa
göz ýetiripdir — şol iki sütün bolmasa-da, bina
öz durkuny bozman saklajak ekeni.
Kejir we ýapyk düşünjeli adamlar bilen iş
salşanymyzda şu zeýilli hile-mekirliklere ýüz
urmagymyz gerek. Sebäbi biz şeýtmeklige
mejbur bolýarys. Hiç hili bähbit görmejek,
täsir edip bilmejek ýerimizden bolsa
daşlaşanymyz ýagşy. Ýogsam, birahatlyk bilen
galagoplukdan başga zat gazanmarys.
54
Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän bir
hikmetli sözi bar: — “Hiç hili çäre tapmasaň,
onda bir hile tap”.
Söhbetdeşiň gaýa deýin gozganmaz
garaýşynyň öňünde deprenip durma, daş
gaýalara maňlaýyň bilen nagyş saljak bolma.
Pikir et we amal et. Ýagdaýa ähli taraplaýyn
seret we bir çykalga-çözgüt, usul-yş, hile-çäre
gözle — hökman taparsyň.
Işiňde ýa öýüňde, ýanýoldaşyň ýa-da başlygyň
bilen bagly wakalarda, ýa-da dostlaryň bilen
gatnaşyklarda şu zeýilli durumlar-orunlar
bilen gabatlaşyp bilersiň. Şonda olaryň
üýtgewsiz garaýyşlary seni ýadatsa-da, pikir
et, oýlan, bir çäresini tap we täsir et.
Ýogsamam, aýan-aýdyň zatlary düşündirmek
iň kyn işleriň, ýagdaýlaryň biri hasaplanýar.
21. ORTASYNA ÝETENDE ÜZÜLÝÄN
HEKAÝATLAR...
Durmuş hakdaky pikirlerden nähili
peýdalanyp bileris?
Bu sowalda üýtgeşik zat ýok we ol
göwnüçökgünlige getirjek şum pikirleri
oýaranok. Men diňe şeýle sowalyň üsti arkaly
gazanyp bolýan peýdalara we manylara
ünsüňizi çekmek isleýärin.
Şek-şübhesiz bu kitabyň awtory ýa-da bu
setirleri okap oturan adam günleriň birinde
zeminiň ýüzündäki syýahatyny kesip, täze
durmuşa başlar — elwan nygmatly jennete
ýa-da azaply tamuga düşer.
Akyly goýalyşan adamlaryň ählisi hem
haçandyr bir wagt ýaşaýyş, durmuş we ölüm
hakda çynlakaý pikir edendirler. Hatda
dünýäniň zer-zynatyna, ter gunçasyna,
meýlisdir gyzygyna meşgul bolanlar hem bu
hakda pikir öwren bolmaly. Kalby we akyly
oýa adamlaryň ýaşaýyş we durmuş hakda
hersiniňözboluşly garaýşy bardyr. Ömrüň
paýawlamagy hakda hem pikir etmeli, emma
berlen ömri manyly ötürmek hakda has
çynlakaý oýlanmak gerek. Ömürboýy bir
niýete gulluk edip, pille paýawlan çaglary ähli
edenleriňe ökündirjek, ahmyra goýjak
amallara irgözinden akyl ýetirmek
döwletlilikdir. Durmuşdaky gözellikleri
görmegi başarmaly, gözel işleri etmeli we
özgelere hem şatlyk paýlamagy maksat
edinmeli. Eýsem, sen adamlara şatlyk
umytlaryny çaýýarmyň ýa-da tukatlyk
duýgularyny paýlaýarmyň?!
Tanymal nemes filosofy Gýote tukat we diýseň
gamgyn durmuş sürüpdir. Ol her gün agşam
uka batanynda ýassygynyň aşagynda hanjar
goýup ýatar ekeni. Dünýä durmuşyndan
irenligi üçin, bir gün oýanyp, şol hanjar bilen
dünýewi durmuşynyň soňuna nokat goýmak
niýetinde eken. Ýöne özüne kast etmek islegi
başa barmansoň, bu gözgyny durmuş hakda
gürrüň bermegi, hasratly ýaşaýşy eserlere
siňdirmegi ýüregine düwýär. Her ýazan
hekaýasynyň soňunda gahrymanyny pajygaly
ýagdaýa uçradýar.
Ýazan gaýgyly eserleri bilen müňlerçe adamy
agladan Alam Werter segsenden gowrak
ýaşady. “Hemmeler meni bagtly adam hasap
edýärdi. Ömrümiň bir pursadyndan nadyl
55
bolan ýerim ýokdur, emma boýnuma alýaryn,
muňa garamazdan bütin ömrümiň
dowamynda adamlara diňe gaýgy-gam,
gynanç, alada, agy we agyr duýgulardan başga
zady paýlamadym. Ömrüm boýy bir aý rahat
ýaşandyryn öýdemok. Meniň durmuşym bir
agyr daşy depä iterip çykarmaklyga
meňzeýärdi — her gezek şol daşy depesine
çykardym diýenimde, ol ýene-de aşak
togalanyp gaýdýardy. Men ýene-de şol geçen
ýolumy gaýtadan geçýärdim, täzeden
synanyşýardym” — diýip ýazýar.
Arasynda ajaýyp pursatlaryň, gönençlikleriň
kändigine garamazdan — olaryň pikiriçe,
ýaşaýyş diňe görgi we kösençlik.
“Ýaşlygymdan başlap garrylygyma çenli her
geçen menzilimi göz öňüne getirýärin. Ýaşlyk
döwrümde ýanymdan aýrylmadyk dostlarym
bireýýäm panyny terk etdiler. Şol zatlar hakda
oýlanyp oturyşyma, bu dünýä tomusky dynç
alynýan wagtlaýyn myhmanhana ýaly
görünýär” — diýip, Gýote ýazýar.
Gýotäniň bu durmuşy tomusky
myhmanhana meňzetmesi hakynda
oýlanýaryn. Ol bu ýerde bolýan adamyň asuda,
arkaýyn gezmejekdigini, basym gitmeli
boljakdygyny bilýän ýaly görünýär. Ynsan
basym bir otla ýa-da uçara münüp, bu ýerden
gitmeli ýolagçy kysmy. Ol ýantorbasyna zerur
gerekli esbaplaryny alyp, ýol şaýyny tutup,
taýýarlykly oturmaly. Bu wagtky ornaşan ýeri
bolsa, arkaýyn oturyp boljak ýer däl. Ol diňe
basym ýola düşmeli ýolagçynyň sähel salymlyk
demini dürsemek üçin düşleýän menziline
meňzeýär.
Meşhur musulman alymy Muhammet
al-Gazalyda hem hut şeýle pikirler bar. Ol
sapar-syýahatlary mahalynda bir
myhmanhanada düşläpdir we öz oturan otagy
hakda pikirlenip: “Menden öňem bu hüjrede,
otagda, gör, näçe adam düşläp ötendir.
Menden soňam ençeme adam bu otagda bolup
gider, meniň ornumy hem biri alar. Bu otaga
meniň dahylymyň ýokdugy, bolsa-da örän
gowşakdygyny diýsene. Bu otag, aslynda şu
myhmanhana maňa dünýä durmuşyny
ýatladýar. Wagtlaýyn bolunýan menzildüşelgä meňzeýär”.
Dogrudanam, bu ýerde her kim öz aladasy
bilen başagaý. Myhmanhanada düşlänler her
kimsäniň öz işine gümradygyna göz ýetirerler.
Olary diňe birek-birege mähirli ýylgyryşlar we
salamdyr baş atyşlar birikdirýär diýmeseň,
başga baglanyşygy bara meňzänok. Ine, her
täze nesil şeýdip bu saraýa düşleýär we
wagty-pursady dolanda, göçüp gidýär.
Bu subut edilmezden düşünip bolýan hakykat
bolsa-da, oňa görä edýän hereketlerimiz,
özümizi alyp barşymyz juda parhly gelýär.
Çünki biziň edýän işlerimiz, ýerine ýetirýän
amallarymyz bu zatlara bolan
ynam-imanymyzyň ölçegini, derejesini
delillendirýär.
Dünýä lezzetine gereginden artyk çümmek,
nebis meýline artykmaç imrinmek,
maksatlarymyzy hasyl etmek üçin hapa-haram
müň dürli usuly, ýoly ulanmak... biziň bu
düşünjelerden gapyl gezip ýörendigimizi
görkezýär.
56
Durmuş bir sapar-syýahatdyr. Ädimleriňi
haýallatjak, ýüküňi agraltjak ýa-da seni aşak
dartjak amallary, pygyllary etmezlige çalyş.
22. ÖMRÜŇ SOŇKY TOGSAN GÜNI...
Kimdir biri “Seniň ömrüňden togsan gün
galdy” diýse, bu gulaga iň ýakymsyz
habarlaryň biri bolup ýaňlanar. Emma bu
sözler hakykatdan-da bir adama diýlipdi...
Gürrüň berjek zatlarym hakynda çuňňur
pikirlen, oýlan, göz öňüne getir we gerekli
manylary çykar... men saňa şol sözleri gulagy
bilen eşiden bir adam hakynda gürrüň
bereýin. Ol şondan soň millionlarça adamyň
ýüregine ornan iň owadan, ajaýyp we täsirli
çykyşy bilen hemmeleri geň galdyryp bildi,
ýogsam ömrüniň sanaýmaly gününiň
galandygyna hem akyly çatyp durdy.
Ol Rendi Pauş, Karnegi uniwersitetiniň
kompýuter ylymlary boýunça professory, ABC
stansiýasyny gurnaýjy, 2007-nji ýylda
dünýädäki iň täsirli 3 adamyň biri, “Taýms”
žurnalynyň kesgitlemegine görä, dünýädäki
100 sany iň täsirli adamlaryň biri. Ine, şu
adama, haçanda ol kyrk ýedi ýaşyndaka,
ömrüniň bary-ýogy togsan gününiň
galandygyny habar beripdirler. Sebäbi ol
ötüşen rak keselinden ejir çekýän ekeni.
Bu habary eşiden Rendi talyplaryny,
dostlaryny we eý görýän adamlaryny,
ýakynlaryny ýygnap, olaryň öňünde “Çagalyk
arzuwlaryny hasyl etmegiň hakyky ýollary”
atly meşhur leksiýasyny okap beripdir. Ol
adamlara bu leksiýasynyň iň soňky
söhbetdigini we bu dünýäni terk etmeli
bolýandygyny, ýakynda ahyrýete göç etmeli
boljakdygyny habar beripdir. Ol munuň üçin
gözýaş dökmändir, sebäbi berk, çydamly adam
eken. Üstesine onuň esasy maksady adamlary
ýagşy işlere, durmuşa höweslendirmekden,
maksatlaryny hasyl etmäge ruhlandyrmakdan
ybarat eken.
“Munuň iň soňky leksiýaňdygyny bilip durkaň,
sen nämeler aýdyp ýetişerdiň? Sende iň soňky
pursatlar barka, sen bu dünýäde nämelere
amal edip bilerdiň? Seniň bu dünýä üçin
galdyrjak wesýetiň we mirasyň näme
bolardy?” diýip, Rendi olara ýüzlenipdir.
Rendi şähdaçyk, şadyýan adam ekeni.
Gelenleriň biri ondan “Durmuşdan lezzet alyp
ýaşamagyň ýollaryny we ähmiýetini” aýtmagy
haýyş edipdir. “Men ony has giňişleýin beýan
ederdim welin, ol sözlerimi eşitseňiz, suwa
suwsaýan balyk ýaly görünmegim mümkin” —
diýip degşipdir. “Aslynda men, nädip lezzet
alman ýaşap bolýandygyny bilemok. Hatda
soňky demimde hem degşip-gülşüp,
şähdaçyklykdan el üzmän giderin. Şu wagta
çenli hemra bolan bu häsiýetimi ömrümiň
ahyryna çenli hem dowam ederin (terk
etmerin). Dogrusy, şeýtmekden başga ýol hem
ýok” — diýip jogap beripdir.
Soňra ol öz durmuşy, başdan geçirmeleri,
öňünde keseren kösençlikler, dulugyny
gyzardan şowsuzlyk şarpyklary, ýeňip geçen
kynçylyklary hakda gürrüň beripdir. Ol näçe
gezek uniwersitetden yzyna gaýtarylypdyr,
pikirine gulak gabardylmandyr, emma ol
umydyny asla ýitirmändir. Soňra köplere täsir
57
eden bir wakasyny ýatlapdyr. Ol uniwersitetde
okaýarka okadylýan sapaklaryň juda
kynlygyndan ejesiniň ýanynda zeýrenipdir.
Ejesi oňa: “Şunuň ýaly juwan ýaşyndaka kakaň
ikinji jahan urşunda duşmanlara garşy
göreşýärdi” — diýipdir. Bu sözler Rendä
aýratyn güýç-kuwwat, takat we ylham beren
ýaly bolupdyr. Ol bir özi oturypdyr we
mundan soňra hiç wagt lapykeçlige düşmeli
däldigine, diňe ynamly öňe ilerlemelidigine
göz ýetiripdir. Hatda iň agyr, kyn halatlarda
hem özüňi çawýan oklaryň penjesine oklamaly
däldigine, teşnelikden ýa-da kösençlikden
ejizläp, jan bermeli däldigine düşünipdir.
Rendiniň aýtmagyna görä, eger-de ynsan
zeýrençdir lapykeçlige sarp edýän
energiýasynyň ondan birini müşgil meselesini
çözmäge bagyş etsedi, ol duýdansyz örän köp
çözgütleriň üstünden barardy.
Soňra ol agyr bergä batan bir zenanyň
kyssasyny gürrüň beripdir. Örtenmelerden,
birahatlyklardan we çaýkanmalardan halas
bolmak hem-de durmuşyň egninden basýan
agyr labyryny unutmak üçin ol zenan ýoga
bilen meşgullanyp başlapdyr. Ýoga bilen
özüne teselli tapmagy, özüni bejermegi ileri
sürüpdir. Rendi: “Eger-de şol aýal ýoga üçin
sarp eden wagtyny haýyrly amala ýa-da şol
amaly salgy berjek pikirlere sarp eden bolsa,
onda ol karz keselinden birwagt gutulardy.
Sag-aman üzlüşerdi. Biz karz keselinden
dynmagyň pikirini etmeli, onuň agyr täsirini
azaltmagyň däl-de...” — diýipdir.
Bir gün ol heniz çaga wagty disneýlende
gidipdir. Ol ýerdäki täsinliklerden, dürli
oýunlardan lezzet almaga derek, onuň
kellesinde “Şunuň ýaly üýtgeşik zatlary nädip
ýasap bolarka?” diýen pikir aýlanyp duran
eken.
Karnegi uniwersitetini tamamlanyndan soňra,
ol işe ýerleşmek maksady bilen diplomyny we
arzasyny Uolt Disneý kompaniýasyna
hödürläpdir. Emma kompaniýa onuň islegini
ret edipdir. Rendi umytdan düşmändir. Ol:
“Öňümizde keserýän her bir böwet bizi has
beýik maksatlara gönükdirmek üçindir” diýen
pikire uýýan eken.
Ol durmuş kötelliklerini adaty bolaýmaly
ýagdaýlar, pursatlar hökmünde kabul edipdir.
“Allatagala bu kynçylyklary, böwetleri bize
päsgel bermek, maksatlarymyzdan,
arzuwlarymyzdan bökdemek üçin ýaratmady...
asla beýle däl... bu ýaltalaryň pikiri... Ýaradan
ol kynçylyklary bizi barha taplamak, has
taýýarlamak we has uly ýeňişleri
gazanmagymyz üçin döretdi. Böwetler,
kynçylyklar beýik maksatlary amala aşyrmak
üçin döredilen, ýasalan zatdyr” diýer eken.
Soňra ol ene-atalary we terbiýeçileri,
mugallymlary öz çagalarynda oýlap tapyjylyk,
döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, oýarmaga
çagyrypdyr: “Goý, çagalaryňyz özlerinde bar
zehini, ukyby ýüze çykarsynlar. Olaryň
zehinlerini ýaşyryp saklamaň ýa-da öňüni
bökdemäň. Goý, olar isleseler öýüň diwaryna,
köçelere surat çeksinler, ol suratlara öz islän
reňklerini bersinler. Bu çagalaryň öz ukypbaşarnyklaryny, isleg-arzuwlaryny ýüze
çykarmagyň tebigy ýoly. Şunuň ýaly
ýagdaýlarda dürli bahanalary, delilleri tutaryk
58
edinip, olara gadaganlyk girizmek hatarly
netijelere eltip biler.
Kiçijikkäm menem hut şeýderdim, enem-atam
munuň üçin maňa gaharlanmazdy, käýemezdi,
gaýta edýän işlerimden lezzet almagym, has
höwesli ýapyşmagym üçin meni ruhlandyryp
durýardylar” — diýipdir.
Soňra ol sözüniň üstüni ýetiripdir: “Mundan
birnäçe ýyl ozal bolan bir wakany gürrüň
bereýin. Täze satyn alan ulagym bilen uýamyň
çagalaryny hem alyp, maşynda gezelenç
etmegi ýüregime düwdüm. Uýam bu pikirimi
oňlady we çagalarynyň ýanyna gelip, olara
duýduryş baryny berip başlady: “Daýyňyzyň
ulagynyň arassalygyna üns beriň, ol täzeje
maşyn, onuň içinde bökjekleşmek bolanok,
aýnalaryny açmak bolanok, nämedir bir
zadyny zaýalamak bolanok, ulagyň içini
hapalamazlyk üçin buzgaýmak iýmek
bolanok...”. Ol şeýle duýduryşlaryny birnäçe
gezek gaýtalady.
Bu duýduryşlary gaýta-gaýta diňlänimden soň
näme edendirin öýdýäňiz? Elbetde, munuň
üçin uýama hoşallyk bildirmedim, alkyş
aýtmadym. Gaýta, gazly suwlaryň birini
açdymda, onuň içini ýaňky maşynyň üstünden
eňterdim.
Bu hereketimde hiç hili dälilik ýokundysy ýok.
Ynsanyň edip biläýjek ýa-da edesi gelýän
zatlarynyň öňünde böwet goýsaň, ol üstünlik
gazanyp bilmeýär. Onuňşu wagtky isleglerini
bökdemek geljekde gazanjak üstünlikleriniň
öňüne böwet bolmak bilen barabardyr.
Ömürboýy “ony eýdäýmäň, muny beýdäýmäň”
diýen ýaly duýduryşlar bilen gulaklary ganan
çagalar, ulalansoňlar hem edesleri gelýän
zatlary ýerine ýetirmekden çekinýärler, hat-da
özleriniň eý görýän arzuwlary, islegleri,
maksatlary babatda hem aňynda berkän şol
gadaganlyklar ýaramaz täsirini ýetirip
durýar... iň gowusy, hemişe haýyr işe
ruhlandyrmaly we tutuş jemgyýete zyýany
ýetmeýän bolsa, öz arzuw-isleglerini özleri
amala aşyrmaga pursat bermeli. Bu ýagdaý
olaryň terbiýesine göz ýummaly, her bir
häsiýetine sowuk-salalyk bilen garamaly
diýdigim däl, ýöne öz isleglerini ýüze
çykarmagyny öwretmeli.
Men şeýtmek bilen uýama, onuň çagalaryna
we hemmelere şu hakykaty ýaňzytmak
isleýärin — «ynsan zatdan gymmatdyr,
hemme zatdan ähmiýetlidir”.
Soňra Rendi durmuş sapaklarynyň ýene birini
gürrüň beripdir. Ol hem adamkärçilik
häsiýetlerini we mähir-muhabbeti hemişe
ilkinji orunda goýmak hakynda ekeni.
Rendiniň gürrüň bermegine görä, ol işe
başlaýan uçurlary kompýuter-hasap ylmyndan
sapak berýän ekeni. Ýöne talyplaryň biri
sapaga ünssüz çemeleşip, synagdan geçip
bilmändir. Tasdanam okuwdan kowlan ekeni.
Rendi derrew dekanyň ýanyna baryp, bu
talybyň kompýuter babatda adaty däl
başarnyklarynyň bardygyny, onuň bu
sapaklary doly özleşdirip biljekdigini, talybyň
okuwyny dowam etdirmeginiň
tarapdarydygyny aýdypdyr. Dekan Rendi bilen
ylalaşypdyr. Ýöne eger-de talyp ähli derslerini
özleşdirmese we tapawutlanmasa, onda
Rendiniň sözüni ygtybarsyz hasaplap
biljekdigini duýdurypdyr. Rendi munuň bilen
59
razylaşypdyr. Ol başga bir adama kepil geçmek
bilen öz geljegini howp astynda goýupdyr.
Ýöne Ýaradan Rendiniň umydyny puç
etmändir.
Şu ýerde bir sowal beresim gelýär: Bizden
näçe kaka öz ogly bir sapagy özleşdirip
bilmese, üstünlik gazanmasa, onuň geljegine
kepil geçip bilýär? Onuň geljekde beýik we
sowatly adam bolup ýetişmegine näderejede
ynanyp bilýär?
Rendi okuwçysyny ýanyna çagyryp, şeýle öwüt
beripdir: “Oýnuň (Kartyň) kagyzlary köne,
ýaramaz diýip, oýny bes edip bilýärmiň?
Oýundan çykmaly däl-de, ýagdaýa görä
hereket edip, has gowy, has ussatlarça
oýnamaga synanyşmaly. Älem gowşak
serkerdeleri ykrar edýän däldir. Nalajedeýin
adamlar äleme zyýan-zelelden başga zat
getirip bilmeýär. Diňe gaýratly, dogumly,
tutanýerli, erjel adamlar ähli adamzat üçin
beýik işleri bitirmäge ukyplydyrlar. Ejiz, iş
başarmaz adamlaryň ady taryhda baky
galmaýar, hat-da olaryň ady gündelik ýa-da
hepdelik gazet-žurnallara hem çykmaýar
ahyry” — diýipdir.
Elinde ýanyp duran alawy göterip, kynçylyk
temençeleriniň, kösençlik myhlarynyň hem-de
tiken deý awuşadýan közleriň üstünden aýak
ýalaň ýöremeýänleri taryh ykrar etmeýär. Diňe
şeýdeniňde dünýä nusgalyk ösüşleriň
hötdesinden gelersiň. Diňe tutanýerli, erjel
bolan halatyňda Zemin adalatyny, Asman
nuruny, Ýaradan ýardamyny gazanyp bolýar.
Bularyň üsti bilen köpe ýaşyryn bolan kiçi we
uly aýat-alamatlary hem saýgarýarsyň,
görýärsiň.
Rendi öz söhbedini şeýle sözler bilen
tamamlapdyr: “Meniň bu leksiýam üç oglum
üçin ýol kartasy bolar”. Soňra ýylgyrypdyr we
olar bilen mähirli hoşlaşypdyr. Ol öz söhbedini
okuwçylarynyňşowhunly el çarpyşmalarynyň
we gözýaşlarynyň arasynda jemläpdir.
Rendi 2008-nji ýylyň 25-nji iýulynda 47
ýaşynda dünýäden ötdi.
Emma onuň aýdan sözleri, ýüzleriniň mähiri
we durmuşa bolan joşguny bu leksiýany
internet arkaly tomaşa eden millionlarça
ynsanyň wyždanyndan aýrylmady. Rendi
özüniň ýazan kitabyny okan millionlarça
adamyň ýüreginden gitmedi. Onuň kitaplary
otuzdan gowrak dile terjime edildi.
Ölümiň ýyldyrym çaltlygynda bäri süýşüp
gelýändigini bilip durkaň hem gaýratly, mert
bolmagy hemmeler başarmasa gerek. Emma
onuň sözlerinden we özüni alyp barşyndan
welin nusga almak gerek.
Rendi özüniň soňky günlerini bilip durka hem
şeýle haýyrly işlerden elini sowatmandyr.
Sagat janymyz, sagdyn düşünjämiz barka, biz
dünýäniň gadyr bilen gujaklajak, mähir bilen
garşylajak ençeme işlerini edip bileris.
Halk arasynda şeýle bir söz bar: “Ömür
uzak ýaşanlygyň bilen däl-de, il-güne näme
bagyş edenligiň, (berenligiň) bilen ölçelýär...”.
60
23. RUHUŇ ÖZÜŇDE BOLSUN!
Bu waka henizem gowy ýadymda.
Öýlän sagat ikide kakam işden gelýär. Elindäki
zatlary eýwandaky stoluň üstünde goýanyndan
soňra öz otagyna girýär we birsellem demini
dürseýär, irkilýär. Öýle nahary taýýar bolanda
ejem ony ukudan oýarýar. Nahar iýeninden
soňra ol gazetlere azrak göz gezdirýär.
Käwagtlar çaýyň lezzetini sorup, telewizora
tomaşa edýär. Garaňky gatlyşandan soňra
dostlary bilen gümür-ýamyr etmek üçin gidýär
we ýatar wagtlary öýe dolanýar. Ol irden
oýanmak we endik eden gününi täzeden
gaýtalamak üçin uka batýar. Şonda-da olar
dünýä, durmuş hakda özlerine ýeterlik zatlary
bilýärdiler we özlerine agram salmazdan,
döwran sürýärdiler.
Maglumatlar asyry, telefon zamany
gelmezinden öň, ýagny sanaýmalyja ýyl
mundan ozalam kakamyň her güni hut şeýle
geçýärdi. Bu ikisi gelenden soň adamlaryň gün
geçirişi düýpgöter özgerdi. Dartgynly,
aljyraňňy, gaýgyly ýa gaharly ýüzler...
öňkülerden kän sataşýar.
Bu gün biziň her birimiz egin-eşiklerimizi
geýip durkak özümize guýlan çaýy howul-hara
içip, ýüz gözümize timar berip, az-kem dikelip,
bir möhüm duşuşyga howlugýarys. Aglaba
hem şol aljyraňňy pursatlarda özümize gerekli
zatlaryň hemmesini ýanymyza
almandygymyzy diňe iş orunlarymyza
geçenimizden soň bilip galýarys.
Gijara öýe dolanýarys. Ýüz-gaşymyz
ýadawlykdan we işdeşlerimiz bilen bolan
dawa-jenjelli ýada usurgadan telefon
gürrüňlerinden ýaňa bürşüp dur. Ýa-da şol
wagt hem internetiň üsti bilen kimdir birine
nähilidir bir habar, maglumat iberjek bolup
durandyrys.
Yzy tükenmeýän şeýle aladalardan,
hereketlerden, pikirlerden ýaňa ýekşenbe hem
indi dynç güni däl.
Ynsan ähli argynlygyny, jyrlap goýmaýan el
telefonyny, yşyjaklary ýanyp-öçüp duran
elektron poçtasyny unudyp, rahat dem-dynç
alyp bilermi? durmuşyň hakyky mazasyny
duýup bilermi? Nädip ýaşaýyşdan lezzet alyp
biler?
Munuň çykalgasyny dessine aýdarsyňyz: has
gowy ýaşamak üçin ylgamaly, yhlas etmeli,
irginsiz zähmet çekmeli diýersiňiz. Köplenç we
gaýta-gaýta ýatlaýan bir jümlämizi hem
suňşuryp galarsyňyz: “Ýogsam-da, elimizden
başga näme gelýär?”.
Nebis islegleri hakyky isleglerden öňe
geçende, ynsan bu zynatly dünýäniň guluna
öwrülip galýar — rahatlygyny we gaýry hemme
zadyny üpjün durmuşyň hyzmatyna
gönükdirýär. Doýmaz-dolmazlygy zerarly ähli
zadyň öz penjesine ýygnanmagyny isleýär.
Elindäki hemme zady pida edip, öňküdenem
has köp zady gazanmaga çalyşýar. Bahasynyň
örän ýokarydygyna, galadygyna garamazdan,
onuň ahyrynda peýdasynyň
bolup-bolmajakdygyna üns bermezden,
hemme zady holtumyna sygdyrmak isleýär.
Hamana, teninde ruhy gaýyp bolup, oňa derek
diňe nebis ornaşan ýaly bolup dur. Onsoň
barha işdäňi açýan dünýä eşretine gözüňi
61
ýumup — baryňa kanagat edip, uludan rahat
demiňi almak çetin zada öwrüliberýär. Biz
nebse gyzygyp, ruhuň isleglerini unudypdyrys.
Ruhuň göwnüni görmegi arka zyňypdyrys.
Käteler dälize çykyp ýa-da penjireden daştöweregi, tebigaty synlap, bu gözellikler,
barlyklar hakynda oýlanyp, pikirlenip, tomsuň
gijeki salkynlygyndan lezzet alyp bolar ahyry...
şeýtmek bilen biz ruhumyzy ýokary göterjek
maşklary ýerine ýetirýäris. Ruhumyz gowşak
ýa-da ýorgun bolsa, onda süňňümiz ondan
birnäçe esse argyn we tapsyz zada öwrüler.
Adamlaryň biri gözleg-agtaryş işlerini
geçirmek üçin birnäçe işçini hakyna tutup,
ýola düşüpdir. Derrew maksatlaryna ýetseler,
olara esse-esse hak tölejekdigini wada
beripdir. Aljak haklaryny göz öňüne getirip,
işçiler arabany we ähli ýükleri çekip
başlapdyrlar. Ýöne birnäçe sagatlardan soňra
olaryň ählisi uludan dem alyp, daljygyp, ýere
ýykylypdyrlar. Gözlegçi adam olara has artyk,
öňküden-de artyk baýlyk, pul, sylag bilen
höweslendirmäge çalşypdyr. Emma bu
hoşamaý wadalar hem olary gurbatyna
getirmändir: “Hojaýyn, biz başda ýola
düşenimizde hiç bir maksatsyz, hiç bir pikirsiz
girişipdiris. Indi ruhumyz özümize dolanýança
biraz dynç almakdan başga çärämiz ýok”
diýipdirler. Beýik maksatlar üçin uly nebis
däl-de, sagdyn we gaýratly ruh gerek.
hemme zada ýeterin, alaryn öýdüp oýlaýar.
Dynç almaly ýerlerinde hem ýene bökjekläp,
öňe at salýar.
Haçan özümize gelip bileris, haçan batyl
düşünjeleri döredýän düýşlerden oýanyp
bileris?
Haçan gaýratymyza galyp, öz ýagdaýymyza
hem göz aýlarys.. durmuş hakdaky
garaýyşlarymyza üýtgeşiklik girizeris... haçan
gerek ýerinde dynç alyp, gerek ýerinde öňe
ýöräris...
Mahlasy, özüňe, ruhuňa rahatlyk bermezden,
diňe nebis çarpaýyna atlanmak, bedew bolup
çapýan durmuşyň yzyndan pyýada kowalap
ýetjek bolmakdyr. Tutuşlaýyn tutup bolmaýan
dünýäniň yzyndan at salmakdyr. Arzuwlar hiç
mahal hem tükenmeýär. Dünýä
durmuşyndaky wakalar, aý-günler, döwürler
bu hakykaty bize gaýta-gaýta ýaňzydýar,
emma biz oňa gulak asamzok: ähli
arzuwlaryny hasyl eden we dünýäden geregini
kämil alan hiç kim ýokdur.
Arzuw etmeli, öňüňde beýik maksat goýmaly.
Köp işlemek bilen netijeli işlemegiň
arasyndaky parha, tapawuda akyl ýetirmeli.
Dünýäniň, durmuşyň gözelliginden üzňe
bolmazlyk hem-de ruhumyzyň özümize
ýadyrgamazlygy üçin gerek ýerinde nepesimizi
dürsemek, dem-dynç almak hökmandyr.
Ruhumyz ýadawlykdan ýaňa daljykýar..
üznüksiz zähmet, dem-dynçsyz iş-alada ony
bir kemsiz usurgadýar, eýini alýar. Emma
ynsan henizem özüniň bu bolşundan bihabar
– öňe okdurylyberse, şol ýeterlik bolar,
62
23. AHYRYNDA KIM BOLARYN...
Hemmelerden hemişe gizlemek isleýän bir
zadym bar, emma her zada garamazdan ol
mende bar!
Aýratyn ýazgylar depderçämde, şu sözleri
belläp goýupdyryn: “Müsürlileriň Faraona
ybadat etmekleri geň zat däl. Iň geň ýeri
Faraonyň özüne hakykatdan-da hudaýdyryn
öýtmesi... Nejip Mahfuz”.
Men size özüňe göwniýetijilik, magrurlyk,
şöhratparazlyk, ada kowalaşmak hakda gürrüň
bermek isleýärin.
24. ŞOWSUZLYGA PER BERME
Eden işlerime, jaýdar aýdan sözlerime ýa-da
köpleriň göwnüne ýaran çykyşlarym üçin öz
ýanymdan monça bolan gezeklerim örän
kändir.
Öňüňde belent maksat goýmak we öz geljegiňi
şol maksada laýyk meýilleşdirmek, myradyňa
muwapyk ýol kartasyny çyzmak her birimize
wajyp.
Ähli ukyp-başarnygy, üstünligi, şowlulygy bir
Allanyň berýändigini anyk bilip durun, ýöne
nebsiň hökümi zory, haý-höwesleriň aldaýjy
hile-pirimleri hem bir ýanyňdan galanok.
Has beýik zatlar hakda göwün ýüwürdip,
ýene-de adaty durmuşa endik etmek akyllylyk
däl. Wagtyň ählisiniň ownuk-uşak
hysyrdylara, dagynyk pikirlere sarp edilmegi,
ähmiýetli zada degerli üns berilmezligi bitertip
we garma-gürme durmuşdan başga zady bagyş
edip bilmez.
Käwagtlar özbaşyma oturýan-da, oýlanmalara
çümýärin, özümden soraýaryn: Gara ýeriň
gujagynda, gör, nijeme adam bar, menden öň
bu ýerlerde at segredip gezenler, menden has
güýçli bolanlar... onlarça.. ýüzlerçe, müňlerçe..
millionlarça..
Erkekler we zenanlar.. çagalar we garrylar...
baýlar we garyplar.. möminler we asylar... bizi
badyhowa şöhrata odukdyrýan, iterýän sebäp
näme?
Özüňdäki akyl-üşügi iliňkiden artykdyr öýdüp,
gollaryňy ganaty petekesine sygmaýan guşlar
kibi gabardyp ýöremek, özgelere äsgermezlik
bilen bakmak, ulumsy gezmek, şöhrata
kowalaşmak tebigatyň oňlamaýan,
makullamaýan häsiýetidir.
Öz geljegiňi göz öňüne getirip, ätjek her
ädimiňi, geçjek menziliňi öňünden
saldarlanyňda, geljekki maksat-hyýallar,
meýiller babatda pikir öwreniňde, öňüňden
çykjak kösençlikleri, päsgelçilikleri, adatdan
daşary ýagdaýlary hem gözden salmagyn.
Hemişe hemme ýagdaýa taýyn we taýýarlykly
bol — özüňi ýagdaýlara görä sazla, rastla we
tapla!
Alnyňdan çykjak şeýle ýakymsyz garşylyklaryň
iň möhümleriniň, iň agyrlarynyň we iň
kynlarynyň biri hem zabun tankytdyr.
Sen şeýle bir adamlardan gep iýersiň – olaryň
bar maksady zaňa zarba urmak, söz we amal
bilen ýörejek ýollaryňy bökdemek, seni ýerden
63
galyp bilmez ýaly ýykmak we işleriňi özüň
dolandyrmaz ýaly ýagdaýa salmakdyr.
Şeýle şek-şübheler, inkär etmeler,
kinaýa-kemsidilmeler, tankytlar bilen
ýüzbe-ýüz bolsaň, bu zatlaryň ählisiniň seniň
taplanmagyň üçin ýene bir goşmaça
okuwdygyna düşün we ýylgyr-da oň.
Bilgeşleýin tankyt ýa-da ýürek agyrtmak
üçin atylan oklardan ejizläp, uly sesimiz bilen
gykylyk-gopgun turuzmagyň asla hajaty ýok.
Üstünlige, abraýa, şöhrata, beýiklige barýan
ýollaryňda şonuň ýaly kötellikler köpeliberse
hem öňe ýöremegiňi, maksadyňa sary at
çapmagy bes etme. Üstünlik beýiklige
ymtylýan we öňe okdurylýan adamlara nesip
edýär. Ruhy ejiz adamlar bolsa şeýle
kynçylyklardan ýaňa lapykeç bolup, bu
böwetleri neneňsi geçmelidigi ýa-da nähili
çözgüt tapmalydygy hakynda uzak gijeläp,
pikir edip geçýär.
Saňa aýdasym gelýän bu hakykata
düşünýänçäm, özüm hem şol ýollary,
böwetleri geçmeli boldum. Ýadyňda sakla:
Mertebäňe görä tankydyň bolar! Şonuň üçin
hem bize gönügen bu “tankytlardan”
goranmak üçin töwerege delmuryp bakmagyň
we ýowuz-zabun gepleri dep etmegiň alajyny
soramagyň, oňa-muňa ýüz tutmagyň hiç hili
wajyplygy ýok.
Munuň ýönekeý sebäbi bar — sen ýöremesi
kyn ýoly saýlap aldyň. Adaty derejelerden
ýokary galmagy, belentde ýöremegi ýüregiňe
düwdüň. Temegini Göge dikýän tekepbirler
diňe özünden ýokarylary görýändir, şonuň
üçin olaryň syýyňdan aslyşmagy adaty hörp.
Eger-de sen ýokary galyp saýlanmadyk bolsaň,
olar seni görmezdi. Şonda olar gep haltasynyň
daňyny çözüp, tankyt ýaýynyň peýkamlaryny
saňa gönükdirip atyp başlar. Maksady —–
başyň aşak egilip, seniň hem edil özleri ýaly
biri bolmagyňy, ýönekeý, adaty ýa-da pes
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.