Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04

Total number of words is 3486
Total number of unique words is 1968
27.0 of words are in the 2000 most common words
38.6 of words are in the 5000 most common words
45.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýagny sarp eden yhlas-zähmetiňe bagly bolar.
Gorkaklar, çekinjeňler üýtgeşik zat gazanyp
bilmezler. Rahatlyk, arkaýynlyk bilen üstünligi
utgaşdyrmak isleýän adamlar
haýpygelijilikden başga zat tapmazlar.
“Yhlaslary» puç bolar.
Özüňe berlen akyl-zehini peýdalanyp, öňde
goýan maksatlaryňda üstünlige ýetesiň gelýän
bolsa, ýaltalyga iterýän aldawçy duýgulara,
salgymlara boýun egmän, töwekgellik bilen
ähli gorky-ürkini dep edip, batyrgaýlyk bilen
öňe ýöre. Hereket et we gazan!
Üstünlik hergiz mugt däldir. Her üstünligiň
bahasy bardyr we onuň bahasyny hemişe
öňünden tölemelidir. Karzyna üstünlik
gazanylmaýar. Yhlasyňa, ýadawsyzlyk bilen
çeken zähmetiňe, gaýratyňa, sabryňa görä
hem sowgat-serpaý, sylag we miwe — gadyr
gazanarsyň.
13. BARABAR BÄHBITLERI
PEÝDALANMAGY BAŞAR
Futbol çempionatynda bir düzgün bar —
çempion bir bolmaly. Edil kazyýetde bolşy
ýaly, dawalaşýan taraplaryň haýsy hem bolsa
biri ýeňmeli we beýlekisi ýeňilmeli.
Bu käbir adamlaryň düşünjesinde hut şeýle.
Ýogsa-da, durmuş, dogrudanam, hiç hili
deňligi bilmeýän, diňe bir tarapyň utup,
beýleki tarapyň utulmagy bilen tamamlanýan
futbol meýdanymy ýa-da kazyýet binasymy?
Eýsem, adamlar “Meňki bitsin, seňki ýitsin»
diýen pikire uýup ýaşamalymy? Bu gün biri,
34
ertir ýene biri ýeňiş gazanybersin diýen pikir
bilen gezmelimi?
Aslynda, durmuşdaky üstünlik gazanyş we
ýitgi-hasrat babatdaky barabarlyk hem-de
tapawut adamlaryň öz esaslandyrýan
prinsiplerinden gözbaş alýar. Käbir adamlar
özünden gaýry kişä pisint etmeýär we
özgeleriň bähbidi, aladasy asla perwaýyna däl.
Käbir adamlar bolsa, hatda özüniň zyýanyna
galyp, beýleki adamlara haýyr-sahawat,
ýagşylyk etmäge ymtylýar. Ýene bir topar
adamlar bar, olar özlerine bähbit geljegini, bir
zat gazanjagyny anyk bileninden soňra
gymyldap, gybyrdanyp başlaýarlar.
Dolandyryş, edara ediş ylymlary boýunça
ussat professor Stiwen Kofiniň “Oňyn täsir
edýän adamlaryň ýedi endigi» atly ajaýyp
eserinde aslynda deň ähmiýetli, barabar
gatnaşyklary peýdalanmagyň alty usuly bar
diýip belleýär. Göreliň, bu gatnaşyklary kim
nähili peýdalanýar:
Men gazanýaryn/sen ýitirýärsiň: Bu düşünjä
uýýan adamlaryň pikirine görä, durmuş
düýbi-teýkary bilen bir oýun. Bu oýunda bir
tarap ýitgi çekmese, beýleki tarap gazanyp
bilenok. Bu zeýilli adamlar bet pygyldan, ters
hereketden gaýtjak adamlar däldir. Olar
beýleki tarapy utmak üçin — özleri ýeňmek,
gazanmak üçin her zady etmäge taýýar.
Men ýitirýärin/sen gazanýarsyň: Seniň
«beýlekileriň gazanmagy üçin özüni pida
edýän adamlaram bolarmy?» — diýip,
geňirgenmegiň hem mümkin. Ýöne
gynansak-da, şeýle adamlar bar. Käbir
ýagdaýlarda adamlar özlerini hut şu ýörelgä
laýyk alyp barýarlar. Güýçli göwnüçökgünlik,
üstünlige bolan umydyň doly üzülmegi, özüňi
gaýgy-gamlara ýesir etmek, öňe ymtylmaga
islegiň bolmazlygy, özüňden, töweregiňden,
ýaşaýan dünýäňden göwnüň geçmegi, ýerliksiz
yrymlara çendenaşa berilmek, gaýratyňa galyp
bilmezlik.. — bularyň ýitiren saglyklaryndan
lukmanlar, tebipler, palçy-porhanlar we käbir
özüni bilýän adamlar köp zat gazanýarlar. Bu
duýga berlen adamlarda optimistik, oňyn
pikirlenmek, gowy tarapa ýykgyn etmek ýaly
ýagdaýlar örän az. Olar hemişe özleriniň
çäresizliginden we ýagdaýlaryň amatly
dälliginden zeýrenýärler. Zeýrenç bolsa, jan
saglygyň ýitirilmegine eltýär.
Men ýitirýärin/sen ýitirýärsiň: Samsonyň
kada-ýörelgesini alyp göterýänler şu hili
adamlardyr: «Maňa-da bolmasyn,
duşmanyma-da bolmasyn». Bu düşünjedäki
adamlaryň ünsi-aladasy hemişe garşydaşyna,
bäsdeşine gönükdirilen. Bularyň ilkinji
maksady, arzuwy bäsdeşleriniň şowsuzlygyny
görmek, olaryň hasratyna guwanmak. Bu
adamlar özgeleriň şowsuzlygyny görüp, öz
şowsuzlyklarynyň ejirini az-kem ýeňilleşdiren
ýaly duýýarlar. Şonuň üçin bular örän ýaramaz
adamlardyr. Olaryň aň-düşünjesi saman
çöpünden hem ýeňildir.
Men gazanýaryn/saňa Allany goýýaryn: Bu
ýörelgä eýerýän adamlar garşydaşlarynyň,
bäsdeşleriniň hereketine, özlerini alyp
baryşlaryna asla üns berenoklar. Dogry, olar
bäsdeşlerine bilgeşleýin zyýan hem edenoklar,
ýöne olaryň gazanmagy üçin yhlas hem
edenoklar. Ünsüni diňe öz gazançlaryna
gönükdirýärler.
35
Men ýitiremok/sen ýitireňok: Bu ýörelge,
deňme-deň tamamlanýan netijeleri,
ýagdaýlary ileri sürýär. Taraplaryň hiç biri
hem ýitgi çekmezden, öz ýollaryny dowam
etmeli diýen düşünjä uýýarlar.
Men gazanýaryn/sen gazanýarsyň: Ählimiz
gazanýarys. Ählimiz bilelikde ylalaşykly,
sazlaşykly hereket edýäris we her birimiz
ählimize bähbitli bolan ýollary, usullary
gözleýäris. Bu pikirdäki adamlar özgeleriň
bähbidine hem edil öz bähbitleri ýaly
garaýarlar. Olaryň pikiriçe, beýleki tarap
gazanman, diňe öz gazanmagyň bir taraplylyk
we diňe özüňi bilmeklikdir, ýalňyş düşünjedir.
Ine, biziň her birimiz şu düşünjeleriň haýsy
hem bolsa birine laýyk hereket edýäris. Şol
pursatlaryň ählisinde hem altynjy düşünjäni —
men hem gazanýaryn, sen hem gazanýarsyň
diýen ýörelgäni öňe ilerledip bolýar. Sagdyn
düşünjeli we uzak geljegi nazarlaýan adam
hemişe şony saýlaýar. Aň-düşünjeleriň
derejesine laýyklykda her kim özüniň dogry
hasaplan usulyny saýlaýar, aslynda welin,
barabar bähbitler ýaly bereketli, lezzetli
hem-de rahatlyk beriji başga bir usul ýokdur.
Stiwen Kofiniň ýazmagyna görä, altynjy
ýörelgäniň iň oňadydygyny, hemmelere
bähbitlidigini bilsegem, kähalatlarda beýleki
ýörelgelere eýermegimiz juda düşnüksiz bolup
galýar. Haýsy ýörelge özümize ýiti täsir etse,
şoňa hem ýykgyn edýäris. Ýitgiden gazanmak
ýörelgesi sport ýaryşlarynda ähmiýetli bolup
biler. Bäsdeşiň säwligini peýdalanmak bilen
özüň ýeňiş gazanmak — oýnuň düzgüni, emma
bu ýagdaýy durmuş oýnuna girizmejek
bolmaly. Men ýitirýärin-sen gazanýarsyň
ýörelgesi hem kähalatlarda bähbitli bolup
biler. Mysal üçin, eger-de bir mesele, iş sarp
eden gaýratymyza we indiki gönükdirjek
yhlasymyza degmeýän bolsa, ondan çekilip,
beýleki tarapa bähbitli bolsun diýip bileris.
Golaýdaky wagtlaýyn we ýönekeýje şowsuzlyk
uzagyndan bildirýän we wagty bilen
egsilmeýän äpet şowsuzlyklardan has
gowudyr.
Her halda bularyň iň oňady men
gazanýaryn/sen gazanýarsyň ýörelgesidir. Bu
biziň alyp götermeli we hemişe şoňa muwapyk
ýöremeli ýolumyzdyr. Bu ýolda bereket hem,
begenç hem, şowlulyk hem beýlekilerinden
has beýikdir, has öwüşginlidir.
Emma muňa eýerip ýaşamak ýeňil-ýelpaý iş
däl. Muny doly başarmak üçin özüňde birnäçe
häsiýetleri kemala getirmeli. Esasanam,
maddy gymmatlyklar bilen serimiziň sämäp
duran zamanynda beýlekileriň bähbidi
dogrusynda pikirlenmek ýeňil düşmez, emma
başaryp bolmajak zat hem däldir. Şol ajaýyp
häsiýetler hemmeleriň bähbidine bolan
pikirleri, çözgütleri tapyp berýär, gözel
pikirleri oýarýar. Halk arasynda ýörgünli
bolan söz bar — ajaýyp häsiýetler ajaýyp
pikirleri oýarýar. Şeýdeniňde, hem öz
bähbidiňi, hem-de özgeleriň bähbidini
goraýarsyň.
Ata-baba gelýän asylly däp-dessurlarymyza,
durmuş ýörelgelerimze üns berseň, bu
ýörelgäniň gymmatyna, ähmiýetine has doly
düşünersiň. Bu biziň asylly ýörelgämize
muwapyk gelýän düşünjedir. Resulallahyň
“Özüňe söýýän zadyňy dostuňa hem rowa
36
görýänçäň hakyky mömin dälsiňiz” diýen
hadysyny ýatlaň. Şuňa nazar salsak, bu
ýörelgäni saýlap-saýlamazlyk däl-de, bize hut
şeýle hereket etmek ündelendir. Bu ýörelgäniň
astynda terbiýe, ynanç-ygtykat ýaly
gymmatlyklar ýatyr. Men gazanýaryn/sen
gazanýarsyň diýen ýörelge belent mertebeli
adam bolmagyň bir şertidir. Şony amal
etmezden mertebäň doly-kämil bolmaýar.
Özüňdäki husytlyk, bahyllyk duýgularyndan
saplanmasaň, diňe özüň gazanmak ýeterlik
diýip pikir etseň, birbada özüňi rahat
duýsaňam, soňabaka durmuşy şeýle
dolandyrmak örän çetin bolar. Beýle durmuş
ýoly örän hatarly, kert gaýaly, uçut eňňitli
ýoldur. «Köke bir adamdan başgasyna
ýetmeýär, ony diňe bir adam iýmeli» diýmek
örän ýalňyşdyr.
Ýaradanyň hazynasy hemişe doludyr we ol hiç
wagt egsilýän däldir. «Gökleriň we Ýer
ýüzüniň hazynalary Allanyňkydyr». Onuň
fazly-keremi hemme zada, hemme kişä
ýetýändir. Bähbitleri barabar peýdalanyp
bilsek, gazanýan her bir zadymyzyň berekedi
artar gider.
Hiç wagt öz bähbidiňi ileri tutmak bilen, daştöweregiňi, ýaşaýan jemgyýetiňi gözden salma.
«Olara näme bolsa, şol bolsun» diýip ýaşama.
Özüň hem gazan, özgelere-de gazanmaga maý
ber. Bile gazanmak ýörelgesi hemmelere
bähbitli, mynasyp ýörelgedir. Şonda päk
gursakdan, päkize niýetlerden, il arasyndaky
orun-mertebeden, hemmä täsir edýän oňyn
oý-pikirlerden lezzet alarsyň.
Mahlasy, arassa gazanç, gazanmak diýmeklik
beýlekileri gözden salmak diýmek däldir.
Gaýta, bilelikde gazanmak üçin olary hem öz
ýanymyza çekmek diýmekdir. Üstünligi we
onuň şatlygyny deň paýlaşmak diýmekdir.
Ýeňiş aýdymlaryny bilelikde ýerine ýetirmek
diýmekdir.
Arap ýazyjysy Nejib Mahfuzyň aýdan sözleri
bar: «Egoistligiň çür başynda ýaşap bilersiň,
ýöne bu häsiýet bilen bagtly bolup bilmersiň».
14. ÝAGŞYLYK MEDENIÝETINI
ÝAÝRAT!
Hemişe hemme zat gülala-güllük bolup
duranok. Käteler ykbal bizi taplamak üçin
birnäçe müşgillikdir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz
edýär. Biz bolsa köplenç şeýle halatlarda sabyr
jylawyny syndyryp, durmuşyň boýdan-başa
ýadawlykdan, böwetdir-päsgelçilikden,
ünji-aladadan doludygyny uly sesimiz bilen jar
edýäris.
Haýsydyr bir meselede özümizi
aldandyklaryny bilsek, hile-duzak ysy
burnumyza ursa ýa-da özümize gyýa
garalandygyna göz ýetirsek, dessine ähli
adamzat neslini ýazgarýarys-da, ynsanyýetiň
bu zeýilli gapma-garşylyklardan hiç wagt halas
bolup bilmejekdigine pugta ynanyp
başlaýarys.
Öňki ýazan kitaplarymyň birinde böwrümize
diň salyp ýaşamagyň wajypdygyny ýatlapdym.
Özümizi durmuş wakalaryna aldatmaly
däldigini ýaňzydypdym. Büdrän pursatymyz,
durmuşyň tutuksy we garma-gürme düşnüksiz
37
bir zatdygyny bahana edip, zeýrenmeli
däldigine, daş-töweregimizde diňe aç böri
pisint adamlardan doludygyna asla ynanmaly
däldigine ünsi çekipdim. Käbir adamlar bizi
bir ýa iki ýola aldasa, biz asylsyz düşünjeler,
öwzaýy bozuk pikirler, howsala-dowullar bilen
özümizi gaýta-gaýta aldaýarys. Bolmadyk we
bolmajak zatlar bilen özümizi dowla salmak,
şemal ýok ýerinden, başymyzy ýapyrynmak —
özümizi aldamakdyr.
Boş dowullara gulak gabartma. Böwrüňe diň
sal, ynan we eýer. Soňy uly gorka ýazjak
waswasylygyň şinelemegine ýol berme. Bir
çäkde durma we kämilleşmegiňi dowam et.
Indi men bu ýerde has artykmajyny talap hem
towakga etmekçi.
Sen hemişe haýyr we mähir-muhabbet
medeniýetini ýaýrat. Adamlary begendirmäge
çalyş. Hiç wagt olary dünýä we durmuş
babatda lapykeçlige salmajak bol. Hiç kesi
begendirmeýän, eşidilenden ýüzi gara-ört
edip, ýürege agram salýan we gussa donuna
büreýän sözler hergiz agzyňdan çykmasyn.
Gaýta-gaýta şum habarlary ýetirýän
adamlardan bolma. Il-gün seniň agzyňdan
diňe ýakymly wakalaryň buşlugyny eşitsin,
hatda sözüň artyk gelýän, diňe dymyp oňmaly
pursatlarynda hem seniň diliňden diňe
umytlara ruhlandyrýan jümleler çyksyn.
Sen şeýle bir aýna bol, bu aýna olara
göwünlerindäki gussany däl-de, umytlaryny,
ynamlaryny açyp görkezsin.
Pygamber alaýhyssalamyň aýtmagyna görä,
“Eger-de bir adam: “Adamlarda derek
galmady, olaryň ählisi dargady” diýse, bilgin,
iň dargan, iň biderek adam şonuň özüdir”
diýilýär. Mundan ötri her bir hereketiňe,
sözüňe seresap çemeleş — adamlara olaryň
dünýäsini tümlüge gaplajak göwnüçökgün,
garaňky, tutuksy pikirleri ýaýradyp ýörme.
Hat-da şol gürrüňiň şol adama dahyly bar hem
bolsa, aýtmaklyk uslyp bilinýän däldir.
Bir kyssanyň üstünde durup geçeli.
Bir adam ürgün çägeli sähralyklaryň içi bilen
atyny çapdyryp barýan ekeni. Birdenkä onuň
gyzgyn çägeleriň üstünde teşnelik mähnetine
dodaklary kepän we ölüm bilen darkaş gurup
duran bir biçärä gözi düşüpdir.
Bedew atly onuň ýanyna baryp, meşiginden
dodaklaryna suw damdyrypdyr. Az-kem essine
gelensoň, suwdan gandyrypdyr. Onuň
hal-ýagdaýy, hajaty bilen gyzyklanypdyr.
Azaşan adam özüni atyň ardyna almagyny we
ilatly ýere ýetýänçäler kömek etmegini
sorapdyr. Bedewli adam oňa: “Sen halys
ysgyn-mydardan gaçypsyň. Gowusy, atyň
üstüne sen mün, men ýanyňdan pyýadalap
ýöräbererin. Özüňi dürsemek, dem-dynç
almak we gurbata gelmek üçin saňa rahatlyk
örän zerur” — diýipdir.
Azaşan bende atyň üzeňňisine basyp, üstüne
müneninden, jylawyny mäkäm çekip, aty
çapdyryp, ol adamdan uzaklaşypdyr. Aty alyp
gaçypdyr. Atyň eýesi bolsa bu zatlara haýran
galyp, geňirgenip duran ekeni. Ajalyň elinden
halas eden bendesiniň ogry biridigini
bileninde, atyny yzyna alyp bilmejekdigine göz
ýetiripdir. Ogrynyň arkasyndan gygyrypdyr:
38
— A-how, Allanyň haky üçin, bir salym saklan.
Atym saňa halal bolsun, ýöne aýtjak sözümi
bir diňläweri — diýipdir.
At eýesiniň kowalap, ýetip bilmejek aralygyny
geçeninden soňra, ol ogry saklanypdyr:
Hawa, näme arzyň bolsa, aýt, eşideli...
“Bu bolan wakalary başga ýerde gürrüň
bermäweri, ýogsam, adamlaryň birek-birege
bolan ynamy ýiter” — diýip, ýagşy adam jogap
beripdir.
Eýsem, bu sözleri diýmek bilen atyny
ogurladan adam nämäni göz öňünde tutýar. Ol
atdan has gymmatly zady — adamlaryň
birek-birege bolan ynamynyň çüpremezligini
isleýär. Zatdyr närsäni heran-haçan gazanyp
bolar, emma ynam ýitse, onuň gaýtadan
dikelmegi üçin ýyllar gerek bolar. Atyny
ogurladandygyna garamazdan, bu wakalary
başgalaryň ýanynda aýdyp ýörmezligi
sargaýar, ýogsam bu ýerde jany ýangynly
boljak atyň öz eýesi ahyry. Eger-de käbirimiz
şonuň ýerinde bolan bolsak, tä içimiziň howry
köşeşýänçä, agzymyzdan ýalyn çabradar
ýörerdik... Näme üçin ýaramaz gürrüňleri
aýtmazlygy ündeýär, sebäbi, ynamsyzlyk
adamzat jemgyýetine zeper ýetirýär... ýagşylyk
etmekden saklaýar... eger-de ölüm halynda
ýatan ýa-da agyr ýagdaýa duçar bolanlary
halas etmek üçin ýardam goluny uzatmaga
ýagdaýy bar adamlar şeýle gürrüňleriň täsirine
berilse, haçan-da beýlekilere ýardam goly
uzadylanda, ýagşylyk etjek adamlarynyň
özlerine ýamanlyk etmeginden howatyrlanyp,
haýyr iş etmekden ýüz öwürerler...
Adamlaryň arasyndaky ynamsyzlyga bolup
geçen bir ýa-da iki waka däl-de, şol wakanyň
soňundan döreýän we dilden-dile düşdügisaýy
barha beleň, bat alýan gep-gürrüňler
sebäpkär. Hut şonuň üçin ýaňzydýaryn,
hemişe hoş habarlary aýt, ýagşy sözleri ýaý,
ýagşylygy ýaýrat.
Ynamsyzlyk bilen pikir ýöretmegimize sebäp
boljak wakany durmuşyň islendik
pursatyndan tapyp bolýar. Hatda käbir
sözleriň, aýtgylaryň özi özara gatnaşyklarda
seresap bolmaklyga iterýär. Şeýle häsiýetleri
unutjak bolsagam, ýadymyza salýar durýar.
“Bu dünýäde hiç kime ynanmaly däl”, “Ile
ýagşylyk etmeli däl, soň özüňe bahylçylyk
edýärler” mysalyndaky gara pälli sözler
ýadymyzy gorjalap dur.
Adamlaryň özlerini alyp barşy, hereketleri,
hal-ýagdaýlary hakda pikir edenimde, köplenç
şol bir netijäniň şaýady bolýaryn. Säher bilen
işe barýandyklaryna garamazdan olaryň
ýüzündäki ynjalyksyzlyk, ikirjiňlenme,
gorky-çekinjeňlik we özgelere bolan
ynamsyzlyk alamatlaryny duýup bolýar.
Tanyş-bilişlerimden hal-ahwal soraşanymda,
kimsi özüni üten taksi sürüjisinden derdinse,
ýene biri özüne bahyllyk bilen bakýan
goňşusyndan zeýrenýär. Beýleki biri bolsa, bu
ykdysady ýagdaýlaryň gowulyk bilen
tamamlanmajakdygyny aýdyp howatyrlanýar.
Emma, bular we beýleki adamlar —
gapylaryny kakyp duran ummasyz nygmatlary
bilmezlige salýarlar. Durmuşlaryna ornaşan,
arzuwlaryndan has beýik gowulyklara göz
ýumýarlar. Sebäbi, ýakyn adamlarym
39
bolansoň, men olaryň ähli ruhy hem-de
maddy ýagdaýlaryna belet ahyryn.
durandygyny bilip ýaşasynlar. Duýup
ýaşasynlar.
Zeýrenje derek, iň bolmanda şol ýagşylyklaryň
hatyrasyna ýürekden “Hudaýa şükür” diýse
bolmaýarmy. Şükranalyk nygmatyň
artmagyna sebäp bolýan zatlaryň biri bolup
durýar. Ýene-ýene gowy zatlary göz öňüne
getirip, umydyny has güýçlendirse has gowy
ahyry.
Gel, her bir ýagşy işi, gözelligi has-da ösdüreli,
beýgeldeli we illere görkezeli. Adamlaryň
hoşuna gelmejek habarlary, hereketleri, sözleri
bolsa aýdyp ýörmäli.
Özünde bar bolan gowy zatlaryny ýatlap,
şükranalyk bilen gürlese — çagalarynyň
sowatly, edepli, düşünjelidigi üçin, öz
saglygynyň gowy-ganymatdygy üçin, ýaramaz
gep-gybatlara eltmeýän işiniň bardygy üçin...
şükür edip, begençli gürlemegi gerek.
Zeýrenmekden, biziň ýanymyzda gamgyn we
tutuksy gürrüňleri gozgamakdan olaryň
maksady nämekä? Ýakymsyz gürrüňler bilen
biziň dünýämizi hem tümlüge gaplamaga,
garaňkylyga büremäge çalyşýarmy? Meni
begendirmeýän, şol bir wagtda hem netijesini
meniň üýtgedip bilmejek bir habarymy maňa
aýtmagyň nä derkary bar? Ýa-da ol umyt
penjireleriniň lapykeçlik tutulary bilen
örtülmegini, durmuşa bolan umydymyzyň
kiparlamagyny isleýärmikä?
Gel, öňümizde belent maksat goýaly we
üstümize bir gowy wezipe-borç alaly —
adamlaryň arasynda ýagşylyk medeniýetini
ýaýradaly. Olaryň ýüreginde tutuş ömürlerini
ýagtylandyrjak umyt şemlerini ýakaly. Bagtly
geljege, oňatlyga, üstünlige ynam döredýän
pikirleri we düşünjeleri ýaýradaly. Goý, her
kes Ýaradanyň fazly-kereminiň çäksizdigini,
üznüksizdigini, hemişe goldap we gorap
Bu aňsat wezipe däl, emma şol hereketleri
edenimizde gazanýan sogabymyz we bizi
gurşaýan begenç-şatlyk duýgulary, üstünlik
lezzeti onuň agyrlygyny, kynlygyny ýatdan
çykarýar. Üstesine-de, üns berseň, bu diňe
beýikleriň başarýan işidir.
Mahlasy, Gün ýaly parlak dogup, göwün
galkyndyryjy ýagty nurlar bilen ikirjiňlenme
we lapykeçlik bulutlaryny parran dilip geç.
Adamlara özlerindäki bol-elin nygmatlar,
ukyp-başarnyklar, zehinler dogrusynda gürrüň
ber. Her zadyň gowy tarapyny ýatlamak bilen,
olaryň durmuş hupbatlaryny ýeňlet. Olara her
zadyň gowy tarapyny görkezmäge çalyş. Çäksiz
kerem-merhemetiň biziň her birimizi gurşap
alandygyny mysallar bilen düşündir. Bu biziň
başarjak işimizdir!
15. AR ALMAGY ÖWREN
Hemişe süýji arzuwlara garylyp, gowy
netijelere umyt etsek-de, wakalaryň hemmesi
göwün halar netije bilen tamamlanyp
duranok. Bir gün durmuş meýdanlarynyň
birinde kimdir birinden asgyn gelip, ahmyra
gaplansak, hökman ar alasymyz gelýär.
Meniň maslahatym — ar al! Bir maksat üçin
çalyşýan wagtyňda biri senden öňürtse..,
büdreseň, ýykylsaň, ynjasaň, utulsaň,
ýeňilseň.. ar al we ar al. Ar almak üçin ýüregiňi
40
bire bagla. Ýöne ilki nähili ar almalydygyny
öwreneliň. Talmud kitabynda ar almak
hakynda göwne makul bir jümle bar: “Täzeden
dogul, iň uly ar alyş şudur”.
Ýykylsaň, dikel, ör tur, dik dur, yhlas bilen
işle, maksadyň üçin göreş — şonda sen öz
bäsdeşleriňe, göriplere neneňsi ajy zäherleri,
azapdyr hasratlary ýuwutdyrýandygyňy
bilersiň.
Şowsuzlyklaryň iňňe neşteri ýaly awusyndan
halas bolmak hem-de seniň büdremegiňe
heşelle kakýanlardan üstün bolmak üçin
ýene-de ar al.
Özgelerden däl-de, öz şowsuzlyklaryňdan ar al
— örtenmeleriňden saplanmaga çalyş.
Durmuş — göreş meýdany. Göreş bolsa käteler
örän zabun bolýar. Birdenkä, bu gowgaly
meýdanyň ortasyna nädip düşeniňi duýman
galýarsyň. Öz gymmatyň, mertebäň, ynanjyň,
maksadyň, pikiriň, prinsipiň, arzuwyň, ýerine
ýetirýän işiň üçin, sen göreşmäge mejbur
bolýarsyň.
Belki ýeňilersiň... kimdir biri iň pis usullary
ulanyp, pes hereketler bilen seni heläk etmek
ýa-da aşak basmak islär. Şol halatda sen näme
etmeli..?! Näme edesiň geler? Gör, ikimiz
pikirdeş ekenik — ar alasymyz geler.
Ine, şeýle ýagdaýlarda, hormatly professor
Abdyl Mutawygyň sözleri ýerlikli
görünýär:“Saňa ýamanlyk edýänlerden ar
almagyň iň gowy usuly — olaryň özi ýaly
bolmazlykdyr. Durmuşyňda olaryň sökel
ýörelgelerini, näsag garaýyşlaryny, keselli
düşünjelerini gaýtalamakdan, olaryň özleri
ýaly bolmakdan gaça durmakdyr. Olara özleri
ýaly jogap bermekden özüňi belent tut, goý,
olar özleriniň pesdigini, düşünjeleriniň
çüýrükdigini, ahlaklarynyň nogsanlydygyny
duýsunlar”.
Ine, meniň saňa ündeýän ar alşym, senden
isleýän zadym şu — ar almakçy bolsaň şunuň
ýaly hereket et. Ruhuňy aç ýyrtyjy deýin
gemirýän gabahat we haýyn ar alyşlary asla
aňyňa ornaşdyrma.
Allatagala: “Olar takwa we bagyşlaýan,
geçirimli adamlardyr” — diýýär.
Bagyşlamaklyk, geçirimlilik etmek iňňän
ähmiýetli zat. Ol ar alyş sözüne geň görünýän,
laýyk gelmeýän, gelişmeýän hem bolsa, asylly
we ýagşy adamlaryň ar alyş ýoly-ýörelgesidir,
bir ar alyş usulydyr.
“Ar alyş” sözi seni birneme biynjalyk eden
bolmagy ahmal, ýöne men onuň gowy
tarapyny saýlap aldym. Ar alşyň howry,
gyzgynlygy saňa ýykylmagy, ýeňilmegi
ýigrendirer, gaça duruzar, şowsuzlyklara
öwrenişdirmez. Ar alşyň bu usuly bozulan
zady düzetmäge, döwlen zady dikeltmäge,
ýoýulan zady bitewi etmäge iterýän täsire
eýedir.
Nähili ar almaly?
Ikinji jahan urşy döwründe Beýik
Britaniýanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy
bolan Uinston Çerçilliň aýdan bir sözi bar:
“Her kimsäniň öz sähetli güni bar...» Günleriň
käbiri beýlekilerinden has tapawutly bolup
biler. Emgenip ýa eglenip geçirmeli günlerem,
üstünlikli, şowly we toýly günlerem bolup
41
biler. Ýöne öňümizde peýda bolan
şowsuzlyklar ýa-da gyýa garap, gyňyr bakan
ýüzler zerarly örtenmekçi bolsak, günleriň
ötegçidigini, tiz çalşyp durýandygyny we hiç
zadyň, esasan-da, ýaramazlygyň uzak dowam
etmeýändigini ýadymyza salalyň. Gaýgy-ünjä
sarp etjek wagtymyzy has haýyrly zatlara,
başga bähbitli amallara gönükdireli. Bize
garaşyp duran wajyp işlerimize ünsümizi
jemläli. Bize garaşyp duran bagtly pursatlara
taýýarlyk göreli. Ähli ýagdaýlarda sagdyn we
asuda pikirlenmek, gahar-gazaba berilmezlik,
dessine ünsümizi gowy zatlara gönükdirmek
iň makul usullaryň biridir.
Maňa maý berseň, men saňa neneňsi ar
almagyň birnäçe ýollaryny kesgitläp bereýin.
Owadan arzuwlara ýugrulan süýji ykbalyň
durmuş deňzinde çaýkanyp duran bolsa, has
gowy ýaşamagyň hatyrasyna sen ýaramaz
endikleriňden ar alyp başla. Munuň üçin
ýörite wagt belle we durmuş hakdaky
pikir-hyýallaryňy, arzuw-maksatlaryňy,
etsem-goýsamlaryňy gaýta-gaýta gözden geçir.
Öz bärden gaýdýan häsiýetleriňi öwren we
olaryň gaýtalanmazlygy, aýrylyp gitmegi üçin
çalyş. Şol ýaramaz häsiýetleriňi üýtgetmäge
jan et. Ýaramaz endiklere ýesir bolma. Ajaýyp
häsiýetler bilen bezen we özüňi erkin hem-de
dogumly duý. Köp oka, tejribeli adamlar bilen
geňeş. Maşgala gatnaşyklaryny
düzgünleşdirýän we jemgyýetde özüňi edepli
hem-de edenli alyp barmagy öwredýän ýörite
kurslara, leksiýalara gatna. Şeýle söhbeti berip
biljek adamlar bilen dostlukly gatnaşyklary
ýola goý. Maşgala durmuşyndan lezzet alýan
adamlaryň iň gowusy bolmagy
başarýandygyňy subut et — iş oňarýandygyňy
görkez.
Eger-de dostuň göwnüňe degen bolsa ýa-da
ýoldaşyň özüni alyp barşynda, hüý-häsiýetinde
hyýanat kokuny burnuňa ursa, ar al — sen olar
ýaly bolma. Kinaýa kinaýa bilen, hyýanata
hyýanat bilen, ýaňsyly söze ýaňsy bilen jogap
berme. Ýa-ha öňki bolşuňy sakla ýa-da
öňküleriňden hem mylakatly, arkaýyn,
asuda-parahat we sabyrly-salykatly bol. Bu
seniň ondan beýikdigiňi delillendirýän
aýratynlykdyr. Gylyk-häsiýet, ynam-iman
babatda olara meňzemezlik, olardan has gowy
bolmaga çalyşmak ar almagyň iň netijeli
usullarynyň biridir. Olara, (edil özleri ýaly
bolup,) ýamanlyk etmäge iterýän her bir
duýgyny ýom-ýok et. Sogabyna Alladan garaş.
Eger-de öz duýgularyňda, herekethäsiýetleriňde bärden gaýtmaklyk bar bolsa,
öňde goýan maksadyňda, meýilnamaňda
agsaýan bolsaň, yza galýan bolsaň ýa-da bir
geleşikde bar baýlygyňdan el ýuwan bolsaň,
daş-töweregiňdäki janly-jemende hem “indi
seniň aýak üstüne galmagyň mümkin däl” —
diýip, pikir etseler, sen olaryň bu batyl
düşünjesini çym-pytrak etmek üçin ar al —
garyňa daýan, aýaga gal. Wagtlaýyn
kynçylyklaryň sag-aman sowulmagy üçin
Alladan ýardam we dözüm dile. Gaýta-gaýta
öňe okduryl. Öňküleriňden hem has dogumly
we ynamly bol. Her ätjek ädimiňi, ýörejek
ýoluňy, geçjek menziliňi, gerek ýerinde
düşlejek, ýük ýazdyrjak ýerleriňi ilik-düwme
inçelikleri bilen gözden geçir, maksatly öňe
ilerle. Seniň şol gezekki şowsuzlygyň bedew
atyň birje büdremeginden başga zat däldigini
42
adamlara we dünýälere aýan et. Goý, olar
seniň ýene-de öňe ýöreýändigiňi, uly ynam we
güýç-kuwwat bilen gaýtadan ýoluňy dowam
edýändigiňi gözleri bilen görsünler.
Eger-de iş ýerinde müdiriň ýa-da ýokary okuw
mekdebinde mugallymyň saňa nädogry baha
berse, özüňi alyp barşyňdan, sapaklaryňa
ýetişigiňden nägile bolsa, sen olaryň bu
pikirinden rüstemdigiňi, beýikdigiňi ýagşy
endikleriň, häsiýetleriň bilen subut et. Seniň
şowsuz ýa-da ýaltadygyňy delillendirýän we
gün geçdigisaýy aňlarynda kök urjak
garaýyşlaryny öz asylly häsiýetleriň bilen inkär
etmäge çalyş. Gowy adamdygyňy we
öňkülerden hem has gowy bolup bilýändigiňi
görkez.
Eger-de içiňdäki nebsiň, iblisiň senden rüstem
gelip, kimdir biri bilen öç eden bolsa, özara
gatnaşyklaryňyza säwlik we sowuklyk
aralaşdyran bolsa ýa-da bijaý söz, ýerliksiz
degişme bilen dost-doganyň göwnüne degen
bolsaň, bir gödek söz ýa-da pygyl bilen
kimsäniň janyny ýakan bolsaň, ötünç gylyjy
bilen öz nebsiňden ar al. Ynsabyňy,
wyždanyňy oýar we häsiýetiňi gowulaşdyr.
Hataňy geçirmegini, seni bagyşlamagyny sora.
Özüň müýnlikäň ötünç soramagy peslik bilme.
Eger-de seni haý-höwesiň, nebsiň bendi-ýesir
eden bolsa, nebsiň özüňe hökümini ýöredýän
bolsa, gaflatyň uzaga çeken bolsa, iman
agylyna dolanmak bilen ar al. Toba galkanyny
goluňa al.
Aýagyň büdrese ýa-da biliň gypjynsa, seniň
oňa berýän gaýtargyň gaty ýowuz bolsun...
gaýratlylyk bilen garyňa gal, dikel, täzeden
deňagramly halyňa gel.
Ine, şeýle ýol bilen ýöräp, dowam ediber.
Mahlasy, ar almagyň hem iki ýüzi, iki tarapy
bar: gara tarapy seniň ynsabyňy, ruhuňy we
wyždanyňy gemirýär, beýleki adamlara
azar-ezýet bermäge iterýär. Ar alşyň parlak
tarapy hem bar, ol ruhuňy alawlandyrýar.
Gylyk-häsiýet we özüňi alyp barmak babatda
ruhuňa täze ylham, joşgun berýär.
Ýalňyşlaryňdan we büdremeleriňden ar
almagy öwren — has gowy bolmagyň üçin.
Saňa ýamanlyk edenlerden ar almagy öwren —
olara meňzemezligiň üçin (olara meňzemezlik
bilen). Goý, seniň ajaýyp we ýagşy häsiýetleriň
olaryň nogsanlyklaryny özlerine görkezýän
ýüzi dury, arassa aýna bolsun.
16. BEÝIKLIGI DÖREDÝÄN
SABYRLYLYK
Hemme zada we bolýan her bir zada birbada
akyl ýetirip bolanok. Durmuşda bolýan her bir
wakanyň asyl manysyny çöşlemek, hikmetini
bilmek, aslyna düşünmek pelsepeçileriň,
hekimleriň, alym-danalaryň, şeýle hem
takwa-ybadathonlaryň käridir, salyhlaryň
hünäridir.
Taryh eserlerini okanyňda ýa-da ýanyňda,
ýakynyňda bolýan wakalary eşideniňde, özüni
täze zatlary öwrenmäge bagyş edýänleriň
bardygy geň galdyranok. Olar wakalaryň
süňňüne, düýp mazmunyna akyl ýetirmek
üçin uzak aralyklary söküp, alys yklymlara
43
aralaşýarlar. Täze maglumatlar bilen bilim
gorunyň üstüni ýetirip, köňli nurlandyrýarlar,
durmuş we hakykat ylymlaryndan has köp
habardar bolýarlar. Birje hikmetiň üsti bilen
ynsan ömrüne degerli uly bir zada akyl
ýetirýärler.
ýaýran bu ruhany bilen didarlaşmak we
miýesser etse, ony hak ýola çagyrmak üçin
Ybraýym Edhem köňlüni bire baglap, Haka
töwekgellik edip, ýola rowana bolupdyr.
Adamlaryň zyýarat edýän möwsüminde hem
ol ýere baryp ýetipdir.
Şeýle alymlaryň biri hem Ybraýym Edhem..
Ruhanynyň howlusyna ýygnanan mähelle
aňyňy haýykdyrýan ekeni. Biri-biri bilen
gyslyşyp duran adamlaryň juda köpdügine
garamazdan, Ybraýym Edhem hem ahyry
onuň huzuryna barypdyr. Ilki ruhanyny
hikmet nazary we parasat gözi bilen mazaly
synlapdyr. Onuň daşynda gallaw bolup duran
şägirtleri, kömekçileri we olaryň “lepbeýtagsyr” hyzmatlary ruhanynyň
abraý-mertebesiniň örän beýikdigini subut
edýän ekeni. Aýdan sözüne derrew eýerip,
ýumşuny, tabşyrygyny desbi-dähil ýerine
ýetiripdirler. Sözüne gulak asypdyrlar.
Ybraýym Edhem Haky tanaýan, hakykaty
ideýän, görýän we synlaýan zadynyň öňünde
hemişe özüni pespäl alyp barýan, durmuş
kitabynyň sahypalary, ynsanlaryň
gylyk-häsiýetleri, durmuş dolaýyşlary,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.