Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03

Total number of words is 3479
Total number of unique words is 1981
28.9 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
beýik maksatlary, beýik arzuwlary, beýik
umytlary saýla we Ýaradan Halyga bil bagla,
oňa arka daýan. Ondan ýardam-towpyk we
şowlulyk dile. Arzuw edeniňde, ussat alym Ibn
al-Jewziniň mundan on asyr ozal ýazyp giden
sözlerini hem ýadyňdan çykarma: “Akylly
adam mümkin bolan iň beýik derejä çenli
barmalydyr. Bir adam asmanlara galmagy göz
öňüne getirip bilýän bolsa, onuň ýerde
kanagat edip oturmagyny iň gabahat işdir” .
9. “IL-GÜN NÄME DIÝERKÄ?!»
Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda
heý-de bir zatlar eşidipmidiň? Ýok, bu
24
gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki
kesgitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür
menzillerindäki iň täsirli möwsümler. Sen on
sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň
sen hakda näme diýýändikleri bilen çuňdan
we çyndan gyzyklanýarsyň. Olaryň sen hakda
aýdýan-goýýan her bir sözüne berilýärsiň.
Näme diýýändiklerine pugta üns berýärsiň. Öz
etmeli işiňden ünsüňi sowup, bu sözlerden
olaryň matlap-pälini seljerýärsiň. Sen hakda
nähili pikir edýändiklerinden biynjalyk
bolýarsyň. Kyrk ýaşa ýeteniňde welin,
özgeleriň sen hakda nähili gep-gürrüňe gümra
bolandyklaryna pisint edeňok. Olara asla üns
bereňok, gyzyklanaňok. Olaryň öwmesi ýa-da
ýamanlamasy asla seniň perwaýyňa däl.
Altmyş ýaşa ýeteňde bir hakykata akyl
ýetirýärsiň. Ýyllar boýy ýanyňa hemra bolan,
aňyňda göterip gelen iň wawwaly sowalyň: “Ilgün men hakda näme diýýärkä?» diýen pikiriň
üznüksiz pikire öwrer derejede asla ähmiýetli
däldigine, juda biderekdigine akyl ýetirýärsiň.
Ine, 18-40-60 kadasynyň kesgitlemesi şeýle.
Öz maksatlarymyzy ähmiýeti babatda ikinji
derejeli zada öwürmegimize özümiz günäkär.
Munuň gözbaşy hem, başgalaryň özümiz
hakdaky oý-pikirlerine gereginden artykmaç
üns berýändigimiz. Her gezek başyna baran,
ýerine ýetiren ýa-da hyýallanýan işimizi olara
ýarap-ýaramaýandygy bilen ölçerjek bolsak, öz
göwnümizi, ýürekde beslän arzuwlarymyzy
gaýra goýsak, diňe töwerekden baha ýa-da
dalda garaşsak, öňe ilerläp bilmeris. Hiç wagt
hemme kişiniň göwnünden turjak iş edip
bilmersiň. Ogly bilen bazardan gelýän Hoja
Nasreddiniň kyssasyny ýatla. Hoja Nasreddin
ogly bilen eşekli bazardan gelýän ekeni.
Olaryň ikiside eşege artlaşyp münen ekenler.
Bularyňşeýdip barýanyny gören bir topar
adam: “Bulara serediň-ä, iki bolup bir eşege
münüpdirler. Eşek janawara haýpyňyz gelsin»
— diýipdirler. Hoja Nasreddin ogluny eşekden
düşürip, bir özi oturypdyr. Az ýöräpdirler.
Öňlerinden ýene bir topar adam çykyp: “Muňa
serediň, garry atasy eşegiň üstünde, körpe
ogul bolsa pyýada barýar, heý-de, boljak
zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin eşekden
düşüpdir we ogluny mündüripdir. Az salym
ýöränlerinden soňra öňlerinden çykan ýene
birtopar adam bu ahwalaty geň görüpdir:
“Bulara serediň, ogly eşegiň üstünde, garry
atasy bolsa, pyýada barýar, heý-de, gelişýän
zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin ogluny eşegiň
üstünden düşürip, ikisi hem eşegiň ýanyndan
pyýada ýöräp gidiberipdirler. Biraz salymdan
birnäçe adam bularyň ýoluny kesipdir: “Bulara
serediň, eşegiň-ä üsti boş, adamlar hem
ýanyndan pyýada ýöräp barýar. Nähili
düşünjesizlik?» diýşipdirler. Hoja Nasreddin
ogluna ýüzlenip: “Oglum, il-günüň her sözüne
gulak asyp ýaşajak bolsaň, gaty kyndyr, iň
gowusy öz bilýänimizi edibereli» — diýipdir.
Aslynda, biziň näme maksadymyzyň barlygy,
nähili hyýallary gursakda göterýändigimiz
bilen özgeleriň işi-dahyly bolmaly däl. Ýöne
ilçilik, her hili häsiýetli adam bar, özi ýagşy bir
päli maksat edeninden geçen, gaýta tiňkesini
gaýrylaryň hereketine dikip oturanlar
setanda-seýranda gabat gelýär. Adamlaryň
ýüreklerini gözden geçirip, barlap görseň,
garaşylmadyk täsinlikler bilen gurşalarsyň.
“Adam öz ýüreginde şunça zady nädip göterip
bilýärkä?» diýen sowaly berersiň. “Beýle-de
pikir edip bolýan ekeni» — diýip, has-da
25
geňirgenersiň. Daş-töweregiňi gurşan adamlar
hem hil-hildir. Daşyndan dost ýaly
görünýänler bardyr, asla seni indemeýänler
bardyr. Emma dost ýaly görünýän käbirleriniň
ýüregi bahyllyga eýlenendir. Saňa biperwaýdyr
öýdýän käbir adamlaryň bolsa saňa
akýürekden üstünlik arzuw edip oturandyrlar.
Adamyň ýamany — özgeleriň büdremeginden
ýüregine teselli tapýan, kimdir biri ýykylsa
begenýän, maksadyna gönügen adamyň orta
ýolda eglenmegine heşelle kakýan adamdyr.
Gynansagam, şeýle adamlar käteler alnymyzda
ýa-da ýanymyzda peýda bolýar. Ýeri onsoň,
sen öz geljegiňi, arzuw-maksadyňy şeýle
adamlaryň pikiri, berjek bahasy, çykarjak
netijesi esasynda gurnamak isleýärmiň? Ýagşy
bolsun, ýaramaz bolsun, şol pikirler esasynda
bir netije çykaryp, şondan soňra belli karara
gelmekçimiň? Bu hemişe dogry çözgüdiň
üstünden eltmez.
Elbetde, özgeleriň pikirini diňlemeli. Köpçüligi
inkär etmeli diýen zat ýok. Olaryň aýdýan
sözünden, edýän hereketinden niýetlerini
duýmagy öwreniň. Özüňe diýilýän zatlary
diňle, nesihatlar, tankytlar, ýüzlenmeler hakda
oýlan. Olar hakda ymykly pikirlen, akyl
eleginden geçir. Mundan soňra bir işi ymykly
ýüregiňe düwdüňmi, maksadyňdan dänme,
hiç kimsäniň pikiri-garaýşy seni ýoluňdan
sowmasyn, yhlasyňy sowatmasyn. Özleri iş
etmekden bizar, bikär oturanlar, maksatly
ýöräp bilmeýän adamlar seniň badyňy
bökdemesin.
Hezreti pygamberimiz käbir adamlaryň özüne
“mejnun» diýendiklerine üns beren bolsady,
yslamyýet beýle ýaýrap-ýaýylmazdy. Emma
onuň öz ýoluna, beýik maksatlaryna berk
ýapyşyp, öňe hereket etmegi bize köp zatlary
öwretdi. Özümize bähbitli gymmatlyklarymyzy
we ýörelgelerimizi berkitmelidigimizi öwretdi.
Bilmeýän we zatdan bihabar adamlaryň
pikirlerine gulak gabartmaly däldigimizi
öwretdi.
Köpimize mahsus ýagdaýlaryň biri — beýik
maksatlara ýapyşanymyzda “özgeler näme
diýerkä?» diýen sowal serimizden aýrylanok.
Bir ädim ädýäris we töweregimize
garanjaklaýarys — beriljek baha garaşýarys.
Ýene ýöräbermeli welin, heniz şol ädimleriň
bahasyny eşitmezden, öňe gidibermelidigine
akyl ýetiremzok. Indiki ädimlerimizi, has
dogrusy şeýle ädimlerden düzülýän tutuş
geljegimizi özgeleriň pikirine baglap goýýarys.
Bu käbirimiz üçin bejerip bolmajak, geçip
bolmajak päsgelçilik, böwet ýaly bolup
görünýär. Şol duýgulardan saplanyp bilsek,
has uly işleri wagtynda bitirmäge
gaýratymyzam, güýjümizem azlyk edenok.
Şeýle pikirlere garşy durdugymyzça, üns
bermedigimizçe, biz şonça-da beýik bolarys.
Akyl taýdan özbaşdaklyk we özgeleriň täsirine
berilmezlik, işe ilgeziklik —
arzuw-maksatlaryňy hasyl etmek üçin iň
ähmiýetli zatlaryň biridir. Eger-de seniň
ynamyň we pikirleriň, şeýle hem
arzuw-umytlaryň berk, aýdyň we mäkäm
esaslarda gurnalan bolsa, ol galdaw häsiýetler
saňa täsir etmez. Bu ruhy binýat ýüregiňizde
şek-şübhe, ikirjiňlenme, ünji peýda bolan
pursady we özgeleriň tankydyna uçran
wagtyňyzda olaryň garşysyna melhem bolup
hyzmat eder.
26
Stolumyň üstünde şeýle ýazgy dur. Muny
durmuş tejribelerinden netije çykaran bir
akyldar hut bize niýetläp aýdan ýaly: “Ýuwaşýuwaşdan ýokary galmagyň esasy ýoly özüňi
mümkin bolan ýollar bilen ösdürmekdir. Seni
ösüş ýolundan alyp galmaga synanyşýan,
böwet bolýan adamlardan zeýrenmezlikdir.
Diňe öňe seret! Awraam Linkoln”.
10. ŞOWSUZLYK GORKUSY
Saňa birnäçe sowal: “Şowsuzlykdan
gorkýarmyň? Işiň ugrukmazlygyndan
howatyrlanýarmyň? Bir zatda işim ugrukmaz
öýdüp, synanyşyp görmekden gaça
durýarmyň?».Eger-de sen “hawa” diýip jogap
berseň, onda seniň öňüňde, dogrudanam,
ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we sen
aglaba şeýle halatda arzuwlaryňy hasyl edip
bilmersiň.
Şowsuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzlyk
üstünligiň ganatydyr, ruhudyr, barlygynyň
jöwher janydyr. Durmuşda haçandyr bir wagt
büdremedik ýa-da agsamadyk adamy hiç wagt
görmersiň. Işi rowaç adamlaryň ählisi hem
şowsuzlyk tagamyny dadyp görendirler. Hiç
bir adam Allanyň kesgitlän bu durmuşynda:
“Bu ýolda üstünlik hemişe meniň hemram
boldy” — diýip, aýtmaga milt edip bilmez.
Şowsuzlyk her birimiziň taplanmagymyz üçin
tejribeler toplumy. Ol dogry ýolundan sowlan
we egrelen maksatlarymyzy düzedýän zat.
Üstünlik üçin düýp esas we özen.
Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri
Uinston Çerçill üstünlik hakda söz açanda:
“Üstünlik bir şowsuzlykdan başga bir
şowsuzlyga ynamyňy, yhlasyňy ýitirmän geçip
bilmekdir” — diýip belleýär. Ol şowsuzlygy
üstünligiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde
görýär we şowsuzlyk bolmazdan üstünligiň
kämil bolmaýandygyny, şowsuzlyk bolmasa
üstünligiň sap tagamyny duýup
bolmaýandygyny nygtaýar. Ýöne beýle
diýildigi şowsuzlyklara kaýyl bolup, arkaýyn
oturmalydygymyzy aňladanok.
Bir zada aýratyn ähmiýet ber: nämedir bir
zady döretmegi, ýasamagy, ýerine ýetirmegi
ýüregiňe düwseň, şol ýerde şowsuzlygyň hem
peýda bolup biljekdigini unutma. Esasanam,
has gowy tarapa özgermegi ýüregine düwen—
özgeriş heňini çalýan adamyň hut ýanynda
şowsuzlyk bukulyp durandyr.
Iň ýönekeýi adaty durmuşy alyp göreliň. Her
gezek gujurly, işeňňir, işewür boldugyňça,
artykmaç işläp, zyýada hereket etdigiňçe,
gaýrat etdigiňçe, her gezek hem säwlikler,
hatalar ýüze çykyp biler. Ýöne özüne,
jemgyýete, il-güne haýry bolmadyk adamlar
ýata suw mysaly. Diňe şolar, ýagny işlemeýän,
jan etmeýän adam ýalňyşanok. Ýöne bu
ýagdaý onuň tutuş ömrüniň ýalňyşlykdygyny,
hatadygyny, günädigini görkezýär.
Şowsuzlyga iň mynasyp gaýtawuly hiç bir
halatda umytdan düşmeýän we her neneň
bolsa-da, hemişe üstünlige ymtylýan adam
berip bilýär. Şowsuzlygyň garşysyna iň jaýdar
hereket öz maksadyň üçin gaýta-gaýta
synanyşmakdyr, erjel we tutanýerli
bolmakdyr. Ýeňip geçmek, üstün çykmak üçin
şol şowsuzlygyň sebäbini öwrenmekdir.
27
Sebäbini bileniňden soňra, onuň alajyny,
çözgüdini tapmak aňsat we arzan düşýär.
Gynansakda, birnäçe adam duçar bolan sähel
şowsuzlyklary zerarly dyza çökdi, ýan berdi.
Ugrukmadyk işi üçin lapykeçlige,
göwnüçökgünlige özlerini aldyrdy. Netijede,
synanyşyk we amal gapysyny baglap goýdular.
Maksatlaryndan ýüz öwürdiler. Ine,
şeýdýänler hakyky şowsuzlardyr. Pikir edip
görüň, hut şeýle ýagdaý zerarly dünýä ýüzünde
milliardlarça asylly maksat ýola goýulman
galýar.
Şeýle şowsuzlaryň köpüsi birje hakykatdan
bihabar galýarlar: olar şowsuzlyga boýun egip,
saklanmagy, bes etmegi ýüregine düwen
pursatlary hakyky we beýik üstünligiň
bary-ýogy bir ädim bärisinde ýa-da edil
alkymynda durdular. Üstünlige bary-ýogy bir
ädim galypdy...
Biziň däp-dessurlarymyzda,
ynanç-ygtykadymyzda işe yhlasly ýapyşmak
babatda ajaýyp ýörelgeler bar. “Eger-de ýagşy
bir işi ýüregiňe düwüp, hasyl etmek üçin
ugruna çyksaň, ýalňyşaýan halatyňda hem bir
sogap ýazylýar, berjaý etseň welin iki esse
ýa-da şondan hem köp sogaba eýe bolýarsyň».
Bu ýörelge, däp-dessur ynsanlary maksada
okgunly, gaýduwsyz, tutanýerli we erjel
bolmaga, gaýta-gaýta synanyşmaga
höweslendirýär. Bir zat bilen olary arkaýyn
edýär: olaryň bu ýoldaky zähmet-yhlaslarynyň
birjigide boş galmaýar. Sebäplere daýanmak
we ädimlerini dykgatly öwrenmek şerti bilen,
hatda ýalňyşlyklary üçin hem sogap ýazylýar.
Diýmek, hiç bir zähmetiň köýmeýär.
Birdenkä säwlige uçrasaň ýa-da ýalňyşsaň,
durmuş deňzinde ömür gämisi bilen ýüzüp
barýarkaň gaý-tupanlar bilen ýüzbe-ýüz
durmaly bolsaň, seriňi eýelän we “gorkana
goşa görkezýän» gaýgy-gamdyr
howsala-dowullardan, bimany
ünji-aladalardan dessine saplan — ýene-de öz
ýöremeli ýoluňa düş. Her zatda haýyr bar.
Işimiziň ugrukmaýan, ýerinden gozganmaýan,
öňe ilerlemeýän pursatlary nämeler edip
bileris? Käteler ýöreýän uly ýolumyz
şowsuzlyk ýodalaryna sapsa, ondan
aman-esen aşmak üçin aşakdaky häsiýetler,
hereketler bize peýda berip biler:
1. Şowsuzlyk seniňşowsuz, işi ugruna
bolmaýan adamdygyňy aňladanok.
Şowsuzlyga uçranyňda gynanmak, işiň
ugrukmadyk wagty alada batmak adaty tebigy
zat. Ýöne oňaýsyz pikirlere we ýakymsyz
duýgulara özüňi eýeletmezlik has möhümdir.
Alada-ünjülere artykmaç üns berseň, olar
boýnuňa oralyp, dem almagyňa päsgel berer.
Ýalňyşlardan, säwliklerden netije çykarmak
üçin özüňden hasabat soramak bir başga zat,
bolup geçen zatlar üçin özüňi köteklemek,
ýazgarmak, gam deňzine çümmek aýry bir zat.
Özüňi nalaçlykda, kelesaňlykda, hiç zady
oňarmaýanlykda aýyplamak düýbünden
ýalňyş hereketdir. Hadyslarda “Hiç kimse
özüne kembaha garamasyn, özüni
peseltmesin» diýilýär. Hemişe her bir zadyň
gowy tarapynyň bardygyny unutmaly däldir.
2. Şowsuzlyk seniňşol işi başarmaýandygyňy
aňlatmaýar.
28
Mysal üçin, durmuş gurmakda şowsuz ädimler
seniňşowsuz ýanýoldaşdygyňy, geljekde
durmuş meselesinde üstünlik
gazanmajakdygyňy aňlatmaýar. Bir işde
birbada işiň ugrukmazlygy seniňşol ugra — şol
işe mynasyp däldigiňi, hakly däldigiňi
görkezenok. Ýa-da bu ýagdaý seniň başga iş
gözlemelidigiňe yşarat etmeýär.
Asla beýle däl... tejribelerdäki, iş ýüzündäki
şowsuzlyklar, alasarmyk şol ýagdaýlar seni has
eserdeň, ünsli bolmaga iterýär. Sen öňki
ýalňyşlyklaryňa bataryn öýdüp asla
howatyrlanmaly däl, çünki seniň toplan
tejribeleriň öňküden bir ädim däl-de, on ädim
öňe ilerlemäge mümkinçilik berýär.
Ýöne bir şerti bar, sen öňki goýberen
säwlikleriňden, gözden sypyp galan
hereketlerden many alyp, netije çykarmalysyň.
3. Ýol saýlamakdaky şowsuzlyk bilen maksat
saýlamakdaky şowsuzlygyň arasyny aç.
Käbir adamlar maksatlaryna barýan ýolda bir
şowsuzlyga uçrasalar, olar derrew maksatlary
babatda ikirjiňlenip başlaýarlar. Aslynda bar
mesele, müşgillik maksatda däl-de, şol
maksada ýetmek üçin saýlanyp alnan ýolda.
Ine, şu düşnüksizlik, bulam-bujarlyk hem
adamyň ýüzbe-ýüz bolýan iň hatarly zadydyr.
Sebäbi ol bir maksatdan başga maksada
göçüp-gonup ýörmäge iterýär we ömrümiziň
köp bölegini bihuda sarp etmegimize sebäp
bolýar. Isleýän zadymyz babatda
pikirlerimiziň dagynyk, pytraňňy bolmagyna
getirýär. “Näme isleýändigimizi hem
bilmeýäris» diýen bahana duwlanýarys.
Aslynda welin, biz isleýän zadymyza eltýän
başga bir ýoly gözlemäge, öwrenmäge
mätäçdiris. Munuň üçin maksatlara
şübhelenip bakmak nädogrudyr.
4. Seret, şowsuzlyk seniň ömrüňden hiç zat
ogurlan däldir.
Haýsydyr bir işe gümra bolup geçiren
günleriňe, ýöne munuň üçin gazanmadyk
üstünlikleriňe gözýaş döküp ýörme, aglamaga
endik etme. Sen häzirlikçe maksadyňa
ýetmedik hem bolsaň, gazanan zatlaryň örän
gymmatlydyr — seniň tejribeler sandygyna
goşan — öwrenen zatlaryň, ynanaý,
gymmatyny baha bilen kesgitläp bolmajak
zatlardyr. Aslynda-da durmuş tejribeleriň
toplumydyr. Resulalla hezretleri hemişe bizi
şu sözler bilen ruhlandyrardy: “Işler ahyryna,
netijesine görädir”. Ahyryna göz aýlamak,
nusga almak gerek. Bir günde bolmasa-da, bir
gün bolar.
5. Şowsuzlyk seniňşowsuzdygyňy aňlatmaýar.
Geň görme, şowsuzlyk bu şowsuzlyk
şahadatnamasyna eýe bolandygyňy
aňladanok. Ýa-da ol dünýä ýüzüniň saňa
barmagyny çommaldyp, töhmet atyjylyk
nazary bilen bakýandygyny aňlatmaýar. Ýa-da
seni inkär edijilik we saňa şübheli garaýyş
bilen seredýändigini aňlatmaýar.
Ol mundan soň hemişe biabraýlyk dony bilen
kanagat etmegiň saňa ýazgytdygyny, galan
ömrüňi işi şowlamaýanlaryň hatarynda
geçirmelidigiňi aňlatmaýar, asla beýle däl...
Bir şowsuzlyk... ol diňe synanyşyk, ol diňe
tejribe. Ol heniz ahyrky we gutarnykly netije
däl... ol wakalaryň ýüze çykýan ýeri, ýöne
29
uruş-jeň ýeri däl... ol indikä geçiş nokady, ol iň
soňky öwrüm däl...Maňa ynan, öňüne
şowsuzlygyň kölegesi düşmese,
üstünligiňşuglasy göz gamaşdyryjy bolmaz.
Mahlasy, ondan öwrenýän zatlaryň bilen
şowsuzlykdan lezzet almagy öwren. Lapykeçlik
we şowsuzlyk pursatlarynda çuňňur oýlan
hem-de şol tümlügiň içindäki tutuş ömrüňi
(ömür ýodalaryny) nurlandyrjak ýagtylygy
görmäge, duýmaga döwtalap bol.
Hakyky şowsuz adam sähel şowsuzlykdan
soňra indiki synanyşykdan sowaşýan we
göwnüni çökerýän adamdyr. Aslynda üstünlik
galasynyň esasy kerpiçleri şowsuzlyk we
ugursyzlyk kerpiçlerinden ybaratdyr.
Jon Çarlzyňşowsuzlyk hakda aýdan bir sözi
bar: “Şowsuzlyk iki hilidir: birinjisi, pikirini
edýäň, emma oňa ýeterlik we yzygider amal
edeňok. Ikinjisi, öňünden pikirini etmän,
nähilidir bir zada amal etmekçi bolýaň...»
11. DURMUŞA BARMAK ARASYNDAN
BAKMA!
Sen gorkakmy?
Belki, bu soragym saňa juda gömelteý eşidilen
bolmagy mümkin. Has giňişleýin aýtsam —
eger-de durmuşyňda nämedir bir zady şu
wagtkysyndan has gowulyga tarap
üýtgetmekçi bolanyňda, üýtgetmegi ýüregiňe
düweniňde, nähilidir bir gorky-ürkini,
çekinjeňligi duýýarmyň diýdigim.
Bir zady ýa-da ýagdaýy üýtgetmek islänimizde,
ýa-da öň öwrenişmedik zadymyzyň başyna
barmagy pikir edenimizde nähilidir bir
gorky-ünjiniň bizi gaplap almagy tebigy
ýagdaý. Töwekgellik artdygyça birahatlyk hem
güýçlenýär, gorky hem ulalýar.
Psiholog lukmanlaryň aýtmaklaryna görä,
gorky — ýüze çykyp biläýjek howp-hatarlardan
(şolary gozgaýan zatlardan, sebäplerinden)
goraýan zat, emma käbir halatlarda ol ösüşiň
öňündäki esasy päsgelçilik we böwetdir.
Artykmaç gorky işe yhlasly ýapyşmaga,
zähmet çekmäge, öňe ilerlemäge päsgel
berýär. Şeýle ýagdaýdan halas bolmak we ol
gorkyny bejermek mümkindir.
Öňden bar bolan zady üýtgetmek isleýän
adama dürli-dümen ýakymsyz (otrisatel) we
göwnüçökgün duýgularyň esger kimin hüjüm
edýändigi subut edilen zat. Şeýle oňaýsyz
pikirler ony maksat-myradyny hasyl etmekden
alyp galmaga synanyşýar. Şolaryň has
möhümleriniň biri hem gorky duýgularydyr.
Gorky adamy ýesir edýär. Ýaramaz nebsine
bat berip, duýgularyna hökümini ýöredýär.
Eger-de gorkusy rüstem gelse, ol adam hasrata
çümýär, ünji, çekinjeňlik, birahatlyk
duýgularyna şam bolýar. Gowy zatlar hakda
pikir ýöredip bilenok. Älem-jahany tümlüge
gark bolan mysaly kabul edýär. Dünýäni
barmaklarynyň arasyndan synlap başlaýar.
Çünki biz näbellilikden şeýle bir gorkýarys.
Täze gapylary kakmakdan çekinýäris. Öňki
bilýän we öň öwrenişen zatlarymyza ýa-da öň
köpleriň synap gören zadyna ýapyşanymyzy eý
görýäris.
30
Emma garadangaýtmaz, ýürekli,
maksadaokgunly adamlar ömrüň bir gezek
berilýändigini we ol ýerde ikinji ömre pursat
ýokdugyny, bu ömri gorky-ürkä gaplanyp
ýaşamaly däl-de, şol näbelli zatlara hem
dokunyp görmegi, täze tejribelerden lezzet
alyp ýaşamagy, töwekgelçiliklerden we her
täzeçillige ýürekli topulmakdan lezzet alyp
ýaşamagy eý görýär. Munuň üstesine
amerikan ýazyjysy Mark Twen biziň her
birimize juda ähmiýetli bir maglumaty habar
berýär. Ol uzak we asuda ömür sürüpdir.
Ýüreginde bolsa ençeme dowul, howatyr bar
eken. Ýazyjynyň aýtmagyna görä, onuň
kalbyna dolaşan gorkularyň hiç biri hem hasyl
bolmandyr. Ol bize biziň has erbet gorkýan
zatlarymyzyň hiç wagt başymyza
gelmeýändigini, biziňşol gorkulary görmezden
dünýäden ötüp gidýändigimizi nygtaýar.
Biziň içimizdäki nebis hemişe bizi nähilidir bir
howsala, gorky bilen gurşaýar. Biziň köpimiz
hereket edýäris we kellämizde hem iň ýaramaz
zatlaryň ssenarisi dur. Şol ýaramaz ssenariler
hem biziň gündelik durmuşdaky
kararlarymyza täsir edýär we geljegimiz üçin
kabul edilmeli möhüm çözgütleriň öňüni,
badyny alýar.
Ähmiýetli durmuş kadalarynyň ýene birini
ýaňzydaýyn, üns ber — üstünlik hiç wagt
sowgat berilmeýär. Üstünlik gazanylýar. Ony
göreşip, çekip almaly.
Sen iki sany ýagdaýyň birini saýlamaga borçly:
ýa-ha adaty ynsan (belki adatylykdan az-kem
tapawutlysyň) bolup, aman-asuda ýaşa, ýa-da
beýik adam bolup, töwekgelçilik edip,
kynçylyklary ýeňip geçde, has ajaýyp
durmuşda ýaşa! Ýa-ha barmak uçlarynda
ýöräp, daraklygyňa basyp, “ýer birden
jygyldaýmasyn, dünýäniň nazary maňa
gönügäýmesin» — diýip, gorky-howsala bilen
ýaşa, ýa-da sesiňi beýgeldip, bardygyňy subut
edip, özüňi ykrar etdirip, durmuşda batyrgaý
we şadyýan ýaşa!
“Baý kaka, garyp kaka” atly ajaýyp eserinde
Robert Kiosaki şeýle ýazýar: “Garyplaryň
toparyndan baýlaryň hataryna goşulmak üçin
beýnimizi garyplaryň pikir-düşünjesinden,
olaryň pikirleniş ukybyndan we durmuşa
bolan garaýşyndan halas edip, baýlaryň pikir
ýöredişini we özlerini alyp barşyny öwrenmeli,
şol esasda ýöremeli. Iň möhüm zatlaryň biri
töwekgelçilik etmekden saklaýan ýerliksiz
gorkudan saplanmakdyr. Şol gorky adamlary
şowsuzlyk toruna, ugursyzlyk çeňňegine
daňyp, baglap, asyp goýýar. Şeýle adamlar
arkaýyn asuda we aňsat zada ýapyşýarlar
hem-de hemişe örän az zat bilen kanagat edip
ýaşaýarlar...
Adamlaryň aglabasy öz maksatlaryny ujypsyz
(minimal) derejede hasyl etjek, üpjün etjek
ýoly saýlap tutýar. Durmuş ýollarynda sähelçe
howp-hatara düşjegini syzsa, töwekgelçilikli
öňe okdurylmaga beýlede dursun, gaýta
maksatlaryna şübhelenip başlaýar.
Howp-hatar görseň, gözsüz batyrlyk bilen
okduryl diýemok, ýa-da hemişe
alada-birahatlyk içinde ýaşa diýjek bolamok.
Ýöne bir zat hemişe ýadyňda bolsun — egerde
sen beýik maksatlara, belent arzuwlara
beslenen döredijilikli, oýlaptapyjylykly adam
31
bolmagy ýüregiňe düwen bolsaň, unutma,
howp-hatar, gorky-ürki, birahatlyk ýaly zatlar
hem saňa hüjüm eder durar. Bu gorkular
seniňmaksadyňa çynlakaý ýapyşypýapyşmandygyňy bilmek üçin bir synagdyr.
Hemişe taýýarlykly we hemme zada taýyn bol!
Mahlasy, her bir üýtgeşikligiň, özgerişiň saňa
birnäçe ýadawlyklary tirkäp geljekdigini bil,
ýöne olardan gorkma. Olara garşy biliňi berk
guşa. Ruhy taýdan taplanan, taýýarlykly
bolsaň, olary ýeňip, geçip gitmek müşgil zat
däl. Özüňi işeňňirleriň hatarynda, işewürleriň
toparynda görmek isleseň, her bir işe
jogapkärçilikli çemeleş. Gorkynyň özüňi
eýelemegine pursat berme, ýogsam, beýik
adam bolmaga ukybyň we mümkinçiligiň
barka, ýönekeý adamlaryň biri bolup galarsyň.
Ýazyjylaryň biriniň gorky we ikirjiňlenme
hakda aýdan bir sözi bar: “Şübhelerimiz
hemişe bize hyýanat edýärler. Olar
synanyşmak arkaly gazanyp biljek
mümkinçiliklerimizi, haýyrlarymyzy elden
gidermegimize getirýär».
12. ÜSTÜNLIGIŇ BAHASYNY TÖLE
Beýik sahabalaryň biri Suheýb ar-Rumy
Resulalla hezretleriniň ýanyna barmak üçin
Mekgeden Medinä göç etmegi ýüregine
düwende, kuraýyşyň betpälleri ony yzarlap,
ýol ugrunda bir ýerde gabapdyrlar. Suheýb şol
ýerdäki dag aýyrdynyň bir ýerinde bukulyp,
penalanyp başlapdyr. Ol ýaý atmaga örän
ezber bolansoň, duşmanlarynyň hiç biri
munuň golaýyna barmaga milt etmändir. Ony
ele salmak tamasyny ýitirenlerinden soňra, iň
bolmanda mal-mülküne eýe bolmak höwesi
nebislerini odukdyrypdyr. Niýetini tersine
düwen betpäller: “Ähli emlägini, mal-mülküni
taşlasa, öz ugruna goýberjekdiklerini, ýogsam,
gitmäge idin bermejekdiklerini” aýdypdyrlar.
“Sen aramyza geleňde, ýer urup ýerde galan
garyp biridiň. Ýanymyza geleňsoň, rysgyň
açylyp gitdi, baýlygyň artdy. Aramyzda iň uly
baýlaryň birine öwrüldiň. Indi seni şol
baýlygyň bilen goýbermejekdigimiz hak”
diýşipdiler.
Suheýb olara hazynasynyň, mülküniň gömlen
ýerini salgy beripdir. Gömülgi genjiň
salgysyny eşiden betpäller, ony şol ýerde
taşlap, hazynany talamaga gidipdirler. Suheýb
hem sag-salamat Medinä aşypdyr we dessine
Pygamber hezretleriniň huzuryna barypdyr.
Bolan wakalary gürrüň beripdir. “Bu-da bir
söwdadyr. Söwdaň oňuna bolsun, Suheýb» —
diýip, pygamberimiz dillenipdir. Suheýb
öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin ähli
baýlygyny, malyny, hazynasyny berdi. Ol
isleýän zadyny gazanmak üçin gelen bu
geleşiginde bir sekunt hem, birjigem
ikirjiňlenmedi.
Her bir üstünligiň özboluşly bahasy, töleg
nyrhy, gymmaty bar. Parhy ýok, ol üstünlik
maddy, edebi, jemgyýetçilik ýa-da ahyrete
dahylly üstünlik bolaýsyn, hökman bahasyny
ödemelidiris. Eger-de üstünlik mugt ýa-da
mugta ýakyn bir zat bolsa, her bir işýakmaz,
ýalta, biweç adamlaram ony islän çagynda
gazanardy. Der dökmezden alardy.
32
Işewürlik dünýäsinde adygan, girdejisi,
gazanjy bilen beýlekilerden bir ädim öňe
düşmegi başaran adamlaryň ählisi diýen ýaly
şu hakykaty tekrarlaýar: üstünligiň bahasy
bar, ony gazanmak üçin öňürti şol bahany
hökman ödemegiň gerek.
Agynjak zehiniň we gudratyň özi
hasaplanylýan tanymal suratkeş Maýkl Angelo
üstünlik hakda oý-hyýallara çümýänlere,
ukyp-başarnygyň ýüze çykmagy ýa-da bagtyň
çüwmegi üçin üstünlik gerek diýýänlere şu
zady maslahat berýär: “Üstünlik üçin harç
eden yhlasymy bilsediňiz, üstünlik üçin ýerine
ýetiren zähmetlerimi görsediňiz, Maýkl Angelo
bolmak üçin nähili çytraşandygymy göz öňüne
getirsediňiz, meniň başarnygym size asla geň
zat bolup görünmezdi. Sisten
ybadathanasynyň gümmeziniň iç ýüzüne surat
çekmek üçin dört ýyllap arkanlygyna
ýatyp-turdum, ukymy şeýdip aldym” diýipdir.
Muhammet Abu Terike Müsüriň we tutuş arap
dünýäsiniň ençeme ýyllap meşhur sportsmeni
bolmagy başaran adam. Ol ähli arap
dünýäsiniň berekellasyna, söýgüsine,
hormatyna mynasyp boldy. Adamkärçiligi,
erjelligi we tutanýerliligi bilen jemgyýetiň
hem-de milletiniň gyzyklanmasyna dogry
bakyp bilýändigi bilen şol mertebä eýe boldy.
Bir gezek men ondan bu artykmaçlygynyň syry
hakda soranymda: “Dogrusy, men üýtgeşik zat
edemok. Meniň edýän her bir zadym meniň
hökman edäýmeli zatlarym. Türgenleşik
döwründe özümden ödelmeli yhlasy, erjelligi
ýerine ýetirýärin, tälimçilerimiň
görkezmelerini gyşarnyksyz we doly kämil
ýerine ýetirmäge çalyşýaryn, şeýdibem,
tomaşa etmäge gelýän janköýerleriň
hormatyny gazanýaryn» — diýip, jogap berdi.
Ewerest dagynyň çür başyna çykan ilkinji
müsürli Omar Sümre. Bir gezek onuň bilen
bolan duşuşykda Ginnesiň rekordlar kitabyna
ýazylan bu batyrgaýlygy we muny başaran
ilkinji müsürli hökmünde taryha girmegi bilen
gutlap, muňa nähili hötde gelendigini
soradym. Ol maňa şu hakykaty äşgär etdi:
“Ewerest dagynyň depesine iki hepdede
çykdyk, ýöne munuň üçin ilki dört ýyllap
taýýarlandyk». Ol göz öňüne getirişinden has
agyr bolan pursatlar hakda hem gürrüň berdi.
Muňa garamazdan, üstünligiň iki ädim bäri
ýanynda durkaň, maksatlary hasyl etmekden,
doly amala aşyrmakdan saklanmazlyk gerekdi.
Ol hyýalynda göterip gezen dag belentligine
dyrmaşmak meselesinden birjik dänmedi.
Üstünligiň bahasyny öňünden töleseň —
taýýarlygyň, taýynlygyň we laýyklygyň kämil
bolsa, orta ýoldan yza gaýtmak gelşiksiz ahyry.
Doktor Nebil Faruk — arap edebiýatynda
ýaşlaryň söýgüli gahrymany, arkadaýanjy,
Ýakyn Gündogarda aňtawçylyk edebiýatynyň
öňbaşçysy. Ol bir gezek şeýle gürrüň berdi:
“Bir maksady ýüregime düwdüm, ýöne munuň
ummasyz tölegi bardy, ödemegim borçdy.
Eger-de men üstünlige ymtylýan bolsam,
maňa üstünlik gerek bolsa, men şol tölegi
ödemelidim. Ýogsam, göz öňünde tutan işimi
hasyl edip biljek däldim. Ahyry belli bir karara
geldim. Öz islegim boýunça saglyk ministri
wezipesinden boşadym we adaty lukman
bolup işlemegi ileri tutdum. Işimiň daşyndan
göz öňünde tutan maksadyma amal ederim
ýaly boş wagtlarym tapyldy. Edebiýat bilen has
33
içgin gyzyklandym we owaldan ýürekde lowlap
duran islege ot berdim — elime galam aldym
we eser ýazyp başladym. Öňümde goýan beýik
maksadyma ýetmek üçin wezipämden
meýletinlik bilen ýüz öwürdüm. Ýogsam,
lukmançylyk ugry şol wagt hem adamzada
bähbitli we girdejili hünärleriň biridi».
Edara ediş-dolandyryş işleriniň ussady
hasaplanylýan Stiwen Kofi hem şu sözleri
tassyklaýar: “Maddy, mal-mülk ýa-da amaly
üstünlik gazanan adamlaryň ählisi biragyzdan
ykrar eder: üstünlik gazanmak üçin ilki
akylyňy işlet, soňra şol ugurda der döküp işle.
Üstünligiň bahasyny öňünden we doly-kämil
tölemegiň gerek. Üstünlik üçin iň gysga ýol
şundan ybarat».
Üstünligiň bahasyny tölemäge sen şeýle bir
borçly, şeýle bir mejburysyň. Tölegiň
görnüşleri dürli-dürli bolup biler: şol ugra
degişli zatlary köp okamalysyň, köp maglumat
toplamaly bolarsyň ýa-da ýadawlygy ýada
salman, dynç gerek diýip, göwün bölmän,
irginiz we yzygider işlemek hem bolup biler.
Belki, häzirki iş ornuňy üýtgetmegiň gerekdir.
Täze tanyşlyklar, dostluklar zerurdyr. Garaz,
her üstünlik üçin nämeleri näçe mukdarda
tölemelidigini, neneňsi yhlas-tagalla
etmelidigini bilmegiň we berjaý etmegiň
gerek. Hernäçe arzuw-maksada eýlenseňem,
hal-ýagdaýyň öňki bolşundan üýtgäp gitmeýän
bolsa, diýmek, seniň bu ugurda ýeterlik alada
ýa-da dogry hereket etmeýänligiňi aňladýar.
Öňüňde goýuljak üstünlik tortunyň tagamy we
göwrümi — seniň tölän bahaňa, muzduňa,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.