Latin

Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02

Total number of words is 3572
Total number of unique words is 2005
29.9 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýene-de dymyp duranyň gowudyr”.
14
Mundan müň ýarym ýyl ozal Omar ibn
al-Hattab: “Her bir adam tä gürleýänçä meniň
gözüme şeýle bir hormatly, şeýle bir eziz,
gürlänsoň, hemme hakykat aýdyň ýüze çykýar.
Kimiň-kimdigi belli bolýar” diýipdir.
Gerek ýerinde dymyp saklanmaklyk abraýly
we eý görülýän häsiýetleriň biri. Ol
göwünlerde, ýüreklerde hormat-sylagy
oýarýar.
Dilini boş we biderek ýaňramazlyga endik
etdiren adamy, dilini many we düşbülik bilen
jylawlamagy başarýan adamy güýç-kuwwatyň
eýesi hasaplap bolar.
Akyldan gapylka aýdylan, gör, näçe söz eýesini
heläkçilige uçratdy. Baýlyk-maly, abraý-ady
gitdi.
Taryhy ýazgylara görä, Luis XIV ýaş ýetginjek
wagty çeper gürlemekde, jaýdar sözlemekde,
birini susdurmakda, dawa-jedelde üstün
çykýandygy bilen buýsanar eken. Ýöne tagta
çykanyndan soň ol mese-mälim üýtgäpdir. Az
gürläp başlapdyr. Dymmaklyk, az gürlemeklik
onuň esasy ýaraglarynyň we güýç-kuwwat
çeşmeleriniň biri bolupdyr. Şol gürrüňlere
görä, hatda onuň wezirleri hökümdar bilen bir
meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin hem
ençeme sagatlap aram-karar tapman,
hökümdara meseläni nädip sunmagyňugruny
bilmän zowzuldap ýörer ekenler. Öz
aralaryndan iki sany wekili saýlap, şol teklibi
Luis XIV hödürlemäge zordan boýun eder
ekenler. Ony nähili, haçan hödürlemelidigi
hakda uzak wagtlap kelle döwer ekenler.
Geňeşden soňra, iki sany adam gorka-gorka
bu teklibi hökümdaryň ygtyýaryna berip, ähli
ýagdaýyny, taraplaryny jikme-jik beýan
edenlerinden soňra, Luisiň dymmak haýbaty
bilen baş atmasyndan soňra, ol ýerden dolanar
ekenler. Hä-hawada bermez eken.
Birmahalky ýaňra Luis XIV bu häsiýeti bilen
hökümdaryň huzuryna gelnende her
hereketiňe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini
gazanypdyr. Soňra bu hakda eser ýazan San
Simon Luis hökümdary şeýle suratlandyrýar:
“Her sözüni gyzyla gaplaýmaly edip satýan
şeýle adamy hiç kim gören däldir. Onuň
ýylgyryşlary hem, nazary-garaýyşlary hem,
ondaky her bir edim-gylym, hulk-häsiýet hem
şeýle bir gözeldi. Ol üýtgeşik häsiýetli adamdy.
Onuň beýikligi az sözlüligi bilen utgaşyp
gidipdi”.
Käbir adamlar az sözlemde aýdyp boljak zady
süýndürip-sarkdyryp, tutuş kitaby
gürrüňberýän ýaly uzaldýarlar. Käteler
wakanyň özi bäş minutdan uzaga çekenok,
emma onuň gürrüňi sagatlara çekip bilýär.
Her gezek aýtjak zatlaryň takyk we kesgitli
bolsa, onda sen ýerliksiz gep uzaltmalardan we
ýaňramalardan, manysyz sarnamalardan el
çekmeli. Şeýtmek bilen, hem özüňi, hem-de
beýlekileri irizmekden, ýüreklerine
düşmekden halas edýärsiň.
Dogry, söz birek-birek bilen tanyşmak,
habarlaşmak üçin esasy serişde, bu delile
duwlanyp, bu ýerde meniň bilen
ylalaşmazlygyň mümkin. “Ýaşaýan
jemgyýetimizde has köp iş salyşmak üçin köp
gürlemäge mejbur bolýarys» diýmegiň
mümkin. Ýa-da “az gürlesek, özgeler bizi
ulumsy, tekepbir saýyp, bizden aýyp-syn
15
etmekleri mümkin” diýersiň. Gümürtik we
öjükdirijilik häsiýetdäki dymmaklyk hakda
aýdýan bolsaň, onda sen mamla — seniň bilen
ylalaşýaryn. Ýöne men bu ýerde sada söz bilen
dymmaklygyň, ýagny az gürlemekligiň esasy
ähmiýetlerini sanap geçeýin.
Agyzdan çykan sözi yzyna gaýdyp aljak
gümanyň ýok. Pygamberimiziň hadyslarynda
“Ynsany agyr jähenneme oklaýan iň hatarly
zat agyzdan çykan sözdür” diýilýär.
Ähli ýollary, usullary ulanyp, sözleriňe seresap
çemeleş. Diliňe erk et. Gymmaty, ähmiýeti ýok
sözleri ýaňramakdan we anyk gözüň ýetmeýän
zatlary sözlemekden saklan.
“Gürleseňiz, derrew tanalarsyňyz. Ýigidiň
kimdigi dilinde basyrylgy ýatandyr, sözlese,
nähili ýigitdigi dessine äşgär bolar” — diýip,
bäş müň hikmetiň eýesi Aly ibn Abu Talyp
aýdýar. Bu söz maňa-da, saňa-da degişli.
Aýdýan sözlerimiz, ile ýaýýan pikirlerimiz
esasynda adamlarda biz hakdaky düşünje
peýda bolýar. Olar aglaba halatda aýdýan
sözlerimiz arkaly bizi tanaýarlar. Çünki dil
diňe özüňde bar zatlary, aňyňda bar zatlara
laýyklykda sözleýär. Bu diliň tebigatydyr.
Ýöne nirelerde dymmaly? Ine, şu aşakda
ýatlanjak ýerlerde dymyp saklanmak örän
ýerlikli, has dogrusy, ýagdaýa tüýs laýygydyr.
Gahar-gazaplykaň. Gahar-gazap dälilige
mahsus bir ýagdaý. Gaharly ýa-da juda öýkeli
wagtyň gürläniňde öte köp säwlik
goýberýärsiň. Iň hatarly ýeri hem şol ýagdaýda
aýdan her bir sözümiz soňlugy bilen diňe biziň
garşymyza hereket edýär. Öz büdremegimize
delil, tutaryk bolýar, bäsdeşimiz üçin jaýdar
bahana öwrülýär. Diňe bizi ýazgarmaga esas
bolýar.
Gahar-gazabyňy, öýke-kinäňi saklap bilmek
ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýöne özüňi bu häsiýete
alyşdyrmak, yzygiderli endik etmek bilen
gaharyny jylawlap bilýänleriň biri bolarsyň.
Şeýle halatda käbir sözleri ýatlamagymyz
gerek. Mysal üçin, pygamberimiziň
“Gaharlanmasaň saňa jennet nesip eder” diýen
sözleri bar. Şol sözlere amal etmek arkaly
gazanjak sogabyňy we hoş hallaryňy göz
öňüne getir, aňla, düşün. Sogap-sylagdan
daşary adamlaryň hormat-sarpasyna hem eýe
boljakdygyňy ýatla.
Üstüňden gülünmek, ýaňsylanmak we kinaýa
wagtynda.Araplaryň bir hikmetli paýhasy bar:
“Akmak bilen jedel etme, esasanam, özüňçe
ýok biri bilen dawa-jedel etseň, eňekleşseň...,
sizi aralamakda adamlaryň
ýalňyşmagymümkin”
Gürrüňi uzaltmazlyk we ol ýerde uzak
saklanmazlyk — edip boljak iň gowy iş.
Kinaýadyr ýaňsylama hem edil şonuň ýaly
ýaňsy bilen jogap gaýtarjak bolma, gaýta bu
ýagdaýda pespällik, açykgöwünlilik,
dymmaklyk güýçleriňi peýdalan. Şolara berjek
jogabyňdan geljek netijäni, gürrüňi biderek
ýere uzaltmak bilen “gazanjak” zadyňy aňyňda
aýla, il-günüň, özgeleriň näme diýjekdiklerine
ser sal.
Daş-töweregiňi bilmeklik, seljermeklik. Işde,
öýde ýa-da sapar-syýahatda bolsaňam,
köplenç dymmaklyk zerurlygy ýüze çykýar.
Dymmaklyga mätäç bolýansyň. Her bir bolýan
16
zadyň anyk sebäbini bilmeseň, aňşyrmasaň,
sözler kynlyk bilen çykar durar...
Hytaý filosofy Sun Tuzu beýleki bir şahs bilen
geleşige, ylalaşyga girmegimiz hakda şeýle
diýýär: “Biz uzak dymdygymyzça
söhbetdeşimiziň dodaklary we dişleri barha
çalt hereket edip başlaýar. Ol şeýtmek bilen
özüniň islegi we niýetleri hakda saňa has içgin
açylyp başlaýar”.
Gadyrdan dostum! “Dymmaklyk ejizligiň we
dyza çökmekligiň bir alamaty” — diýip,
ýene-de meniň bilen ylalaşmazlygyň mümkin.
Çünki beýleki tarap hondanbärsi bolup, gep
süýndürip, söz sarkdyryp oturmaga magrur
bolýar. Bu ýagdaý diňe seniň bähbidiňedir.
Senden haýyşym hem-de talabym — seniň
mertebäňi, abraýyňy dynnym ýaly ýokary
galdyrmajak ýerinde, gaýta sähel sowa düşseň,
ýazgaryljak ýeriňde gep uzaldyp oturmagyň
haýry-hajaty ýok hasap edýärin. Ýöne şol
ýerde nämedir bir zat diňlemeli, sözlemeli we
aýtmaly bolsa, onda sen asudalyk we agraslyk
bilen az sözde aýdyň jogap bermäge çalyş.
Nygtamak isleýän zadym — diliňi artykmaç
sözlemekden jylawla. Akyl elmydama diliňe
gözegçilik etsin. Diýmeziňden ozal mazaly
oýlan. Bedräni guýa sallamazyňdan öňürti
işleriň ýagdaýyny ölçerip dök.
Jan alýan dymmaklyk. Käbir halatlarda
“Dymyp saklanmak örän agyr, ýaramaz we
ýalňyş” diýip aýtsalar, sen oda-köze düşme!
Şol ýerde hem diliňi ýazgynyna goýberer ýaly
esas ýok, bu bolsa artykmaç gürlemekde haýyr
ýokdugyny aňladýar. Islenilýän zat —
deňagramlylygy saklamak. Durmuş
kadalaryny ýola goýmakda, sagdyn duýgulara
eýermekde ýüze çykan islendik ýoldan
sowulma, gyşarma ynsana ters täsir edýändir.
Heý-de minnetdarlyk ýa-da duýgudaşlyk
bildirilmeli wagty dymyp saklanyň diýýän
hikmeti eşitdiňizmi?
Heý-de söýgi, sylag-hormat, Taňryýalkasyn
aýtmaly ýerinde dymyp durmagymyz laýyk
bolarmy?
Kimdir birine töhmet atylýan wagty anyk we
aýdyň delilleri aýdyp bilýän bolsaň,
dymmaklyk dogry bolarmy?
Elbetde ýok. Eger akylymyz bize şu ýerde
gürleseň jaý ýeri diýse, gürlänimiz ganymat.
Eger-de işleriň gidişi, ýagdaýy dymanymyzy eý
görýän bolsa, onda düşnüksiz we sadaja
ýylgyryp oňanymyz has oňatdyr.
Nakyllarda şeýle diýilýär: “Ýapyk agza siňek
girmez”.
5. ZEÝRENÇ SUNGATY
“Gözellik sungaty”, “Amaly-haşam sungaty”,
“Saz sungaty”, “Heýkeltaraşlyk sungaty”...
sungat bilen bagly ugurlary kän eşidensiňiz.
Ýöne “Zeýrenç sungaty” hakda heý-de bir zat
gulagyňyza ildimi? Ýok, siz öte eşideňizok, bu
ýerde geň görerlik zat hem ýok, men
dogrudanam “Zeýrenç sungaty” hakynda
gürrüň edýärin...
Kimdir biri ýanyňyza gelip, nämedir bir
zatdan derdinse, arzyny aýtsa, zeýrense, bir
17
gün, iki gün üns berip diňlärsiňiz, jaý
maslahaty boldugyndan salgy berersiňiz, ýöne
her gezek we hemişe zeýrenip ýören
adamlardan soňabaka ýüregiňiz doýar, ondan
daş duranyňyzy eý görersiňiz. Nämedir bir zat
sizi ondan iterip, daşlaşdyryp durar. Sebäbi
sähel kötelligi ýüze tutup, zeýrenje ýykgyn
etmek aglabamyzyň häsiýetimize ornan hem
bolsa, aslynda bu ynsanyýetiň hem, tebigatyň
hem halaýan zady däldir. Zeýrenjeň adamlar
hemişe özlerinden otrisatel energiýany bölüp
çykarýar. Şol energiýa hem bize ýakymsyz,
oňaýsyz täsir edýär. Onsoň, şeýle söhbetlerden
soňra gan basyşynyň artmagy ýa peselmegi,
özümizi nähoş duýmak, nähilidir bir
göwnüçökgünlik duýgulary bilen gurşalmak
ýüze çykýar. Şonuň üçin käteler zeýrenje per
berýändigimize garamazdan, özümiz welin,
zeýrenjeň adamlary halamaýarys. Çünki olar
gözelligi açyk ýa-da ýaşyryn-pynhan bolan
durmuş günlerini, bagt güllerini lapykeçlik we
göwnüçökgünlik çotgasy bilen tutuksy çal
reňke boýamaga çalyşýan adamlardyr. Pursat
boldugyndan şeýle adamlardan gaça durmaga
we olara gabat gelmezlige çalyşýarys.
Zeýrenjeňlik bilen içki hasratyňy kimdir birine
dökmek — hersi aýrybaşga zat. Kähalatlarda
gursagymyzdaky oý-pikirler, beýnimizi basýan
aladalar, serimizi gurşan ünjüler hakda kimdir
birine içimizi dökesimiz gelýär, has dogrusy
biz şeýle etmäge mätäç bolýarys. Kimdir biri
bilen pikir alyşmak biz üçin wajyp zada
öwrülýär. Şeýle halatlarda ýagşy adamlara
örän mätäç bolýarys, olar bize howa deýin
gerek. Çünki ynsan dost-doganyna
arkalanman bir özi ýaşap bilmez. Adamlar
bilen gürleşmeli, görüşmeli, pikir alyşmaly.
Gursagyndakyny daşyna çykarsa, adam
rahatlyk bilen uludan demini alýar. Süňňüne,
köňlüne ynjalyk we rahatlyk dolanýar. Şeýle
içiňi dökmek zeýrenç däldir.
Zeýrenç näme? Köplenç halatda gözümiz bilen
görmedik, diňe ondan-mundan eşiden
gürrüňlerimiz esasynda pikir ýöredip, aslynda
ýok meseläni çişirmegimiz, üstümize howp
abanýan mysaly janyýangynly gürlemegimiz,
ýa-da durmuş wakalary dogrusynda ters pikir
ýöretmegimiz, garşymyzdaky päsgelçiliklere
ýüzbe-ýüz durup, olary ýeňip geçmek bilen
däl-de, abaý-syýasat bilen çözjek bolmagymyz
— biz üçin “ýürek sözi” bolup görünse-de,
aslynda ol zeýrençdir. Hemişe ýadyňda
bolsun, hiç hili galtaşygymyz bolmadyk zatlara
zeýrenenimizden, üýtgedip biljek zatlarymyza
ünsümizi sarp etsek, has ýerlikli bolardy.
Hatda içki pikirleriňi paýlaşanyňda hem kimiň
ýanynda näme gürleýändigiňe seresap
çemeleşmeli. Bir müşgillik hakda kimdir
birine derdimizi egsip, gül-gül açylyp otursak,
birbada ynjalan ýaly hem bolarys, emma ertesi
gün biziň uly ile aýan etmek islemedik
meselämiz, dürli-dümen, başly-barat
görnüşde onuň-munuň dilinde gaýmalaşyp
ýören bolsa, onda düýnki sähel salymlyk
ynjalygyň, asudalygyň, rahatlygyň ornuny
öňküden beter ökünjiň we puşmanyň
eýelejekdigi ikuçsuz. Şeýle ýagdaý köplenç
mynasyp däl adama içiňi dökeniňden soň ýüze
çykýar. Özi-de, köplenç şeýle bolýar.
Biziň iň uly müşgilliklerimiziň biri —
derdimizi egismäge, meselämizi çözmäge hiç
hili ýardam edip bilmejek, şol ugurda birjikde
18
haýry bolmajak, üstesine, iň bolmanda
ugrugar ýaly hoşamaý söz hem aýdyp bilmejek
adamlara içiňi dökmekdir. Ine, käbir mysallar.
Aýalyndan zeýrenjini dostuna dökýän, kesir
müdirine bolan arzyny baryp aýalyna aýdýan,
edarasyndaky ýa-da iş dolandyryşdaky
gapma-garşylyklary, nägilelikleri taksi
sürüjisine gürrüň berýän adamlar bar. Şeýle
ýagdaýda içini dökýän adam ýüreginiň
howruny sähel salymlyk gowzadýar
diýäýmeseň, hiç zat gazanyp bilmeýär.
Zeýreneniň bilen mesele çözülmeýär.
Gahar-gazabyny, ynjalyksyzlygyny, janyny
ýakmaklygy artdyrmakdan gaýry hiç zat
gazanmaýar. Emma düşünjeli adamlara içiňi
dökseň, dünýäň giňäp gidýär.
Käbir kişiler duş gelen adamsy bilen
derdinişýärler, mynasyp dälleriň ýanynda
zeýrenýärler. Emma ol adamlar seniň bilen
deň derdinişmese, barabar zeýrenmese, seniň
bilen meňzeş hörpden gopmasa, ýene-de sen
olardan nägile bolup, öýkeläp başlaýarsyň
(ýogsam, şolaryň köpüsi derdineni bilen
meseläniň çözülip gidibermeýändigini bilmän
duranoklar). Şeýle adamlar durmuş
kynçylyklaryna ýüzbe-ýüz durmakdan gorkýan
we özüne gaçybatalga gözleýän adam
mysalydyr. Onuň müdiriniň oňlanmajak
hereketine “Ýok” diýmäge gaýraty ýok.
Aýalynyň öňündäki hatasyny boýun almaga
gurbaty çatanok. Maşgalasyny
mähir-muhabbet bilen gurşap almagy
başaranok. Ol zeýrenje, närazylyga ýüz urmak
bilen jogapkärçilikden gaçmaga synanyşýar. Iň
gowusy — mert bolmaly we şol meseläni çözüp
biljek adamlara ýüregiňi dökmeli. Rahatlyk we
bagtyýarlyk açary elinde bolan adamlara
arzyňy aýtmaly. Ruhubelent adamlardan
haraý islemeli, çünki olar şeýle kynçylyklary
mertlik bilen ýeňip geçen adamlardyr.
Eýsem-de, sen ownuk-uşak hysyrdylar olaryň
durmuşynda ýokdur öýdýärmiň, elbetde bar.
Tapawutly tarapy, olar bar ünsüni bir ownuk
külpete daňyp goýanoklar. Gözlerini meselä
däl-de, şol meseläniň oňyn çözgüdine tarap
öwürýärler.
Gaýtalanýan, yzygider we üznüksiz zeýrençden
gaça dur. Diňe ruhuňa halys agram salyp
başlasa, zehiniň keç bolanda, ruhy derdiňi
egismek isläniňde, ynamdar dostuň bilen
ýürekdeş söhbetdeşlige ýiti mätäç bolan
pursadyň ýüregiňdäkini daşyňdan ýaňzyt,
daşyňa çykar. Diňe derdiňi paýlaşyp biljeklere
içiňi dök. Sagdyn ruha eýe bolan adamlara
ýüzlen, diňe şeýle adamlar saňa peýdaly
çözgüdi, netijeli nesihaty ýa-da ýüregiňi bu
ýükden halas edip biljek çözgütleri salgy
bererler.
Mahlasy, başardygyňça zeýrenjiňi azalt,
zeýrenmegi bes et. Zeýrenmekden zat gazanyp
bolanok, bir gazanýan zadyň — jan saglygyňy
ýitirýänligiň. Ýagdaýlar halys şoňa dirände
ynamdar adamyň ýanynda içiňi döküp
bilersiň. Ol hem dogrudan-da saňa peýda
ýa-da peýdaly maslahat berip biljek adam
bolsun. Meseläniň çözgütlerini ýa-da derdiňe
ýarajak maslahatlary berip bilýän, üstesine
nädip dymyp diňlemeledigini hem öz
hereketleri bilen öwredýän adamlar tylla
hazyna ýalydyr. Akyl-başarnygyň bilen
gözellik sungatyny döretmäge ukyplykaň,
sähel kynçylygyň öňünde müzzerip, zeýrenji
sungata öwürmekden seresap bol.
19
6. GARANTGA BÜRENME
Ynsanlaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanýan
bilermenleriň aýtmaklaryna görä, “Zeminiň 97
göterim adamy öz arzuwy bilen däl-de, başga
biriniň arzuwyny hasyl etmek üçin ýaşaýar”.
Mysal hökmünde käbir zatlary ýatlalyň: Kerim
inženerçilik fakultetine okuwa girdi, sebäbi
kakasy onuň inžener bolmagyny isleýär.Aly
ejesiniň tapyp beren gyzyna öýlendi, çünki
ejesi diňe şol gyz ogluny bagtly edip biler
diýýär.Mazen söwda-satyga güýmenýär,
ýogsam ol bu pişäni asla halanok, ýöne bu
onuň öňündäki ýeke-täk çykalgasy, hereket
edip biljek meýdanymyş, sebäbi ol kakasynyň
hasabyna ýaşamakdan, zol-zol ondan pul
sorap ýörmekden bizar bolupdyr. Ýogsam
Mazen bu wagt 25 ýaşynda.
Psihologlara gelýän, maslahat sorap ýazylan
hatlaryň agramly böleginde: “Durmuşda
nämeler etmek isleýändigime düşünip
bilemok?!” diýen şol bir sowal
gaýtalanýar.Sowalyň täsindigine garamazdan,
bu biziň günlerimizde giňden ýaýran sowaldyr.
Ýigitlik müçesine gadam basan adam ömrüniň
nirede geçýändigini, nämede geçýändigini,
esasanam nähili geçýändigini bilmeýän bolsa,
onuň galan ömrüni hem bihuda geçirmegi
mümkin. Megerem, olaryň daş-töweregindäki
ýagdaý, dünýä habarlary öz geljeklerini has
dogry röwüşde ýola goýmaga pursat beren
däldir.
Şeýle adamlar bilen söhbetdeşlige hemişe şu
sözler bilen başlaýaryn: “Öz arzuwyň bilen
ýaşa! Garantgalara duwlanma, özgeleriň
arzuwyna bürenme!” diýýärin. Eger-de olaryň
biri: “Öz arzuwyň bilen ýaşamak näme bolýar,
men öz arzuwlarym bilen nähili ýaşamaly
diýäýse?”... oňa ilkinji nobatda, hökman
biläýmeli iki sany wajyp zadyň birini
ýatladýaryn: “Ilki bilen, hasyl etmek isleýän
arzuwyň näme — şony kesgitle. Soňra sen bu
arzuwyňy hormatla, ony hasyl etmäge giriş.
Beýik maksadyň barka, ony diňe ýürekde
göterip ýörmek we ugrunda alada-yhlas
etmezlik özüňi, öz arzuwlaryňy sylamazlygyň
bir görnüşidir. Haçanda sen öz
maksat-matlaplaryňa berlip başlanyňda, diňe
şondan soňşol arzuwy hasyl eder ýaly
mümkinçilik we pursat ýüze çykyp başlar.
Galany wagtyň işi».
Geljegiň nähili bolmagyny göz öňüne getirýän
bolsaň, arzuw-hyýallaryňy, maksatlaryňy,
islegleriňi şoňa kybap saýla, şoňa laýyk
taýýarla! Seniňşu wagtky arzuw-maksatlaryň
— seniň geljekki ykbalyň, has gönümel
aýtsam, seniň geljekki özüň. Ýüregiňe düwen
zadyňa ynan, olary hasyl etmek üçin özüňden
bitýän zatlary ýerine ýetir, berjaý et. Nähili
bolmagyny isleýän bolsaň, şoňa muwapyk
hereket et.
Mundan buýana, heniz pikiriňi aýtmankaň,
razylygyny ýa-da nägileligini görmek üçin
gözüň bir ujy bilen özgeleriň näme diýerine
garaşyp durmak gerek däl. Maksatlaryňy
goldamajak jogaplary sözlük goruňdan aýryp
taşla. Şeýle hem öz arzuwlaryňy
ikirjiňlenmeler bilen özüň inkär etme!
Her bir zat babatda seniň öz şahsy pikiriň, öz
garaýşyň bolsun. Hususanda, hut öz
durmuşyňa, geljegiňe dahylly bolsa, öz
20
pikirleriňi, oý-hyýallaryňy göz ýummazdan,
çekinmezden, dogumlylyk, arkaýynlyk bilen
aýt. Mertebäňi peseltmezden bu meseläni
çözmäge arkaýyn girişip bilersiň. Ýol ugrunda
ýüze çykan, käteler büdreden hatalaryňy we
säwlikleriňi hem düzedip bilersiň. Maňa ynan,
öz saýlan zadyňda ýalňyşmak lezzeti, seniň
üçin beýlekileriň saýlan zatlaryndaky dogrulyk
bagtyndan, tagamyndan has ýokarydyr.
okaýan esasy zatlaryň hut şol ugra degişli
bolsun. Özüňe gerekli maglumatlary tapmagy
we toplamagy wagtlara böl. Ilkinji ädimiňi hut
şu pursat ýerine ýetirip başla. Soňa süýşürmek
özüňi aldamagyň medeniýetli görnüşidir.
Şeýle hem ilkinji ädimi ätmeziňden owal
mazaly pikirlen. Arzuwlary hasyl etmek üçin
ýeterlik sabyr-kanagat, tutanýerlilik we güýçli
ynam hökmandyr.
Häzir bolsa men saňa çyn arzuwlary
saýlamagyň käbir usullaryny öwredeýin. Bir
kagyz we galam getirde, durmuşda amala
aşyrmak isleýän 25 sany maksadyňy
birin-birin ýaz. Sanawyň başynda
gymmatbaha ulag, soňra deňze süsňäp duran
willa ýazarsyň. Ýagşy, mylakatly ýanýoldaş
ýa-da täsirli şahs bolasym gelýär diýibem
ýazyber. Ýa-da durmuşym manyly, ähmiýetli
bolsun diýibem ýazyp bilersiň. Näme isleseň,
şony ýaz!
Ine, şu ädimlerden, şeýle ýagdaýlardan soň,
sen bir zada haýran galarsyň, anyk göz
ýetirersiň: Eger-de arzuwlaryňa, maksatlaryňa
erjellik bilen gol ýapsaň, onda älem-jahan
durky-düýrmegi bilen şol işleri hasyl ederiň
ýaly giň mümkinçilikleri açar. Amatly
pursatlar yzy tükeniksiz zynjyrlar deýin peýda
bolar durar. Näme üçin şeýle bolmasyn? Çünki
sen öz ýoluny özi saýlap bilýän az sanly
adamlaryň biri.
Bu kagyzy öňüňde goý we çuňňur pikire çüm.
Soňra bularyň arasyndan ilkinji nobatda
gazanyp biljek zatlaryňy — hasyl etmek
mümkinçiligi ýokary, has oňaýly sebäpleri
bolanlary ýokary geçirip başla. Has ähmiýetli
we has zerurlaryny öňe süýşür. Şol maksatlara
nähili ýetip boljakdygy hakda dürli sebäpleri
pikirlen. Ine, şonda sendäki arzuwlaryň
gaýmagy öz-özünden aýan bolar durar.
Indi bolsa hökman ýerine ýetirmeli işleriň
başyna bar. Meselem, sanawyň başynda
diplom almak durmy? Indi şol diploma nähili
ýetip bolýandygy bilen gyzyklan: haýsy ýokary
okuw mekdebine höwesli bolsaň, haýsy
hünäre gol ýapmak isleýän bolsaň, öwrenýän,
Gynansakda, öz geýjek eşigini özbaşdak
saýlamaýan käbir adamlary tanaýaryn. Oňa
gelişýän ýa-da gelişmeýän, ýaraşýan ýa-da
ýaraşmaýan zatlary maşgalasy ýa-da dostlary
salgy berýärler, “saňa şu gelişýär” diýip
görkezýärler. Geýjek köwşüni özi saýlap
bilmeýän adam, öz ýörejek ýoluny neneňsi
saýlasyn?
Durmuşy öz arzuwlary bilen ýaşaýan adamyň
durmuşy örän gyzykly. Mahlasy, başga
adamyň arzuwy bilen döwran sürjek bolma.
Özüň bolup ýaşa, öz arzuwlaryň bilen ýaşa!
Seniň durmuşyň öz islegleriň esasynda
gurnalan bolsun. Arzuw-maksat babatda
hergiz az zada — ownuk arzuwa kanagat
etmegin. Şahyrlaryň birinde şeýle sözler bar:
21
“Has köp zady amal edip bilýärkä, az zat bilen
kanagat edip oturmak, ynsan üçin iň uly
aýypdyr”.
Her bir zat hakynda öz pikiriň, garaýşyň, öz
maksadyň, arzuwyň bolsun. Sen daştöweregiňi synla, köpçülikden nusga al,
ene-atalaryň öwüt-ündewlerine gulak as, ýöne
öz arzuwlaryň bilen ýaşa. Bu özüňi açmagyň,
seniň hem bu dünýä üçin özboluşly bir
nygmatdygyňy bildirmegiň iň ygtybarly
ýoludyr.
7. MERSEDES MAŞYNYŇA ÝER
TAÝÝARLA
Çendenaşa hyýalbentlige göz ýumup, hakyky
durmuş bilen ýaşamagy eý görýärin. Akylyma
we başarnygyma görä ýüzlenýän adamlar
mende hormat duýgusyny döredýär. Şonuň
üçinem aýdýan käbir zatlarym saňa birbada
geň görünmegi mümkin. “Haçandyr bir wagt
satyn aljak “Mersedes” maşynyň üçin şu
wagtdan ýer taýýarla” diýsem, ýüzüme
çiňerilip seredersiň. Ynan, men oýun edemok
ýa-da hyýallaryň üstünde uçup ýöremok.Bu
ýerde saňa ýetirjek bolýan zadym, uly
arzuwlaryňa örän uly ähmiýet bilen
bakmalydygyny ýatlatmak isleýärin. Arzuw et,
özi hem uly arzuw et, göz öňüne getir we
garaş. Oňa ýetmegiň diňe wagta bagly. Arzuw
edeniňde, özüňi wagtdan başga zada mätäç däl
ýaly duý.
Meşhur suratkeş Maýkl Angelonyňşeýle
sözleri bar: “Adamlaryň aglabasy hasyl etmesi
kyn bolan uly arzuwlardan däl-de, juda aňsat
ýetip bolýan ownuk-uşak aladalardan howatyr
edýärler”. Uly zatlary amala aşyrmaga
gaýratyň, güýjüň, mümkinçiligiň barka, az zat
bilen kanagat edip oturmak, pes we ownuk
maksatlar bilen ýaşamak ynsana utançdyr.
Arzuwlaryňa çäklendirme girizmek,
üstesine-de durmuşymyzyň agramly böleginiň
irde-giçde eden arzuwlarymyz esasynda ýüze
çykýandygyny görüp, bilip durkak, bu seniň
kanagatlydygyňy aňladanok. Maksatsyz ýa-da
ujypsyz arzuwlar bilen ýaşamak adamzada
abanýan howp-hatarlaryň biri.
Hyýallarymyzda mesgen tutan zada az-owlak
yhlas etsek, garaşanymyzdan has artygyny
gazanyp bilýäris. Ýa-da “Beýle arzuwlary hasyl
etmek asla mümkin däl, muňa ullakan güýç
gerek” diýen ýaly pikirlere eýlensek, bu hem
arzuwlara abanýan apatdyr. Egsik düşünje,
ýaramaz çaklaýyş hemişe oňaýsyz netijelere
alyp gelýär.
Aslynda, bu ýerde “Mersedesiň» özi hiç zady
aňladanok, “Mersedes» bu ýerde siziň beýik
arzuwlaryňyzy aňladýar. Belki, seniň iň beýik
arzuwyň ähli gowy kitaplary ýat tutmakdyr,
ýa-da millioner bolmakdyr. Esasy zat, öňüňde
aýdyň we kesgitli maksat goý. Maksatlaryňa
ynan, olaryň hökman hasyl boljakdygyna, bu
gün bolmasa ertir bir sebäp bilen ýüze
çykjakdygyna ynan. Soňra seni şol ýere eltjek
sebäpleri gözle, tap, ýapyş we öňe ynamly
hem-de batly ädim ur.
Belki, sen henizem munuň näderejede
ähmiýetli we aýdyňdygyna akyl ýetirýän
dälsiň, emma ýadyňda bolsun, kiçi arzuwlary
hasyl etmek üçin nähili yhlas we zähmet gerek
bolsa, uly arzuwlary hasyl etmek üçin hem
22
şondan köp zat gerek däl. Ikisine sarp edilýän
güýç des-deňdir. Şeýle bolsa, onda arzuwlaryň
hörpi belentden gopsun.
Deň-duş ýazyjylarymda şeýle ýagdaýlara kän
gabat gelýärin. Käbiri bar, ajaýyp bir eser,
kitap ýazmakdan baş maksady özüni bagtyýar
we üstünlikli duýmak üçin şondan
müňnusgasyny satyp bilmek. Käbirleri bar,
olar ýönekeý üstünligi ykrar etmeýärler, boýun
bolmaýarlar. Tä öz kitabyndan 50 000
nusgasyny satýança akyly ynjalyk tapanok.
Şularyň arasyndaky tapawut kitabyň içindäki
pikir-garaýyşlaryň, maglumatlaryň
täsirliliginde däl, olaryň gursaklarynda
göterýän we şol kitap üçin siňdiren
arzuw-yhlaslarynda, maksada
okgunlylyklarynda, erjelliklerinde,
tutanýerliliklerinde ýatyr.
Bir gezek kazylaryň birini Kerek şäherine
sürgün edipdirler. Möhleti dolandan soň, ol öz
iline gaýtmakçy bolupdyr. Kerek welaýatynyň
häkimi oňa: “Bu ýerde gal, saňa köp-köp zat
bereris” diýipdir. Kazynyň jogaby nagt
bolupdyr: “Häkim, seniň welaýatyň meniň
ylmymdan örän kiçi” — diýipdir. Ol özüne
gerek hajatlaryny tapyp, Müsüre rowan
bolupdyr we şol ýerde alymlaryň soltany diýen
derejä çenli barypdyr. Sebäbi bu adam öz
öňünde anyk maksat goýupdyr we bu
maksadyny az adamlara däl-de, has uly
köpçülige niýetlän eken.
Gardaşym, nebis-jan rahatlyga we asudalyga,
nämedir bir zada daýanmaklyga,
arkalanmaklyga ýykgyn edegen zat. Beýik
maksatlar birbada ony howpurgadar, gorka
salar. Seni maksadyňy hasyl etmekden
sowmaga synanyşar. Maksada barýan ýoluňda
ýüze çykjak şowsuzlyklary göz öňüňde
janlandyrmaga synanyşar. Hamala, öňüňde
diňe keserip duran päsgelçilikler we
müşgillikler bar ýalydyr. Şol wagt sen
işýakmaz nebsiňi belent hümmetiň bilen
pugta jylawla. Mertlik, gaýratlylyk senalary
bilen ony gozgalaňa sal, oýar, seni herekete
getirjek tutanýerlilik ýüküni arkasyna ur.
Gardaşym, bu ýollarda seni maksadyňdan
sowmaga synanyşýan we seniň mümkinçilige
bolan ynamyňy gowşatmaga synanyşýan
adamlar gürrüňsiz gabat geler, öňüňden çykar.
Sen olara asla gulak gabartma we olar bilen
asla işiň bolmasyn. Sen diňe öz maksadyňy bir
dem ýadyňdan çykarma.
Muhammet ibn Abi Amyr Kordowanyň emiri
bolmagy arzuw edende bary-ýogy ýigrimi
ýaşynda eken. Dostlary onuň bu arzuwynyň
üstünden gülüpdirler, onuň bary-ýogy
kölegede oturyp hat ýazýan kätipdigini
ýatladyp, ýaňsylapdyrlar. Onuň arzuw edip
biljek iň ýokary derejesi Kordowanyň saýaly
köçeleriniň birinde gelen-gideniň, haýyş
edeniň hatyny ýazyp bilmekdigini we munuň
üçin adamlardan dirhem ýa-da iki dirhem
gazanyp biljekdigini aýdyp gülşüpdirler. Şol
wakadan sanaýmalyja ýyl geçipdir we
Muhammet ibn Abi Amyr diňe Kordowanyň
däl, tutuş Ispaniýanyň — Andalusiýanyň emiri
wezipesini eýeläpdir. Beýik ýeňişleri we ajaýyp
üstünlikleri bilen taryha giren Amyryýýe
döwletini esaslandyrypdyr.
***
23
Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda älemi aňk
eden ýene bir täsin wakany ýatlaýyn. 1977-nji
ýylda Amerikanyň Florida welaýatynda 63
ýaşly Laura Şultz atly garry zenan agtygynyň
goluny halas etmek üçin äpet awtoulagynyň
yz tarapyny ýokary göteripdir. Ýogsam, bu
garry şol ulagyň ondan birine deň bolan
agramdaky zady hem götermäge gurbaty ýok
eken.
ökünýärin” – diýip, Laura ene sözüni dowam
edipdir.
Bu habar örän köp adamyň ünsüni özüne
çekipdir. Habar beriş serişdeleriniň wekilleri,
köpsanly adamlar onuň bilen gürrüňdeş
bolmak, söhbetini diňlemek üçin Laura enäniň
öýüne hyň beripdir. Onuň adatdan daşary bu
başarnygy hakda içgin bilmek isläpdirler.
Owadan maşyn, kaşaň jaý we jemgyýetde
göwnümi hoş etjek menzil-mertebe
gazanmagym üçin men hökman baý bolup
dogulmalymy?
Döwrüň tanymal ýazyjylarynyň biri, şahsyýeti
kämilleşdirmek ylmy babatda köpsanly eserler
ýazan Çarlz Garfild hem Laura enäniň
huzuryna barypdyr. Emma Laura ene örän
gamgyn we juda ýadaw eken. Çarlz ahyry onuň
göwnüni tapypdyr, ony gürlemäge yrypdyr.
“Şol wakadan soň özümi örän gamgyn, tukat
we ýadaw duýýaryn. Ulagy ýokary
galdyrmagym durmuş hakda şu çaka çenli
göterip gezen ähli ynanç-ygtykatlarymy puja
çykardy. Mümkin we mümkin däl zatlaryň
arasyndaky käbir düşünjelerimi ýerinden
gozgady” diýip, Laura ene dillenipdir.
“Meni gynandyrýan esasy zat, men mundan
öň ömür boýy “mümkin däl” diýen zadyma
amal etdim. Bu nämäni aňladýar? Eýsem men
juda köp zada “mümkin däl” diýen ýarlygy
ýelmäp, olary hasyl etmek pikirinden ýüz
öwrüp, bütin ömrümi boş-zaýa geçirendigime
Men soňky sözleriň öňünde diňşirgenip
durdum we özümden soradym:
Men nämedir bir zady başarýandygymy
bilmegim üçin bir ulagy ýokary
götermelimikäm ýa-da adatdan daşary bir işi
ýerine ýetirmelimikäm?
Durmuşyň talaby şeýle: Islendik zat hakda
arzuw edenimizde hem has beýigini arzuw
etmeli. Resulalladan öwüt alalyň, ol şeýle
diýýär: “Alladan dileseňiz, jennetiň iň ýokary
derejesinden orun, jaý diläň”.
Her birimizde maksat, arzuw, isleg bar. Iň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
  • Parts
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 01
    Total number of words is 3491
    Total number of unique words is 2043
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 02
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2005
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 03
    Total number of words is 3479
    Total number of unique words is 1981
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 04
    Total number of words is 3486
    Total number of unique words is 1968
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 05
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2062
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 06
    Total number of words is 3532
    Total number of unique words is 2097
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 07
    Total number of words is 3529
    Total number of unique words is 2070
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 08
    Total number of words is 3551
    Total number of unique words is 2084
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 09
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2062
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 10
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2015
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary - 11
    Total number of words is 2940
    Total number of unique words is 1739
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.