Latin

Alhimik - 6

Total number of words is 3775
Total number of unique words is 1966
33.3 of words are in the 2000 most common words
46.9 of words are in the 5000 most common words
54.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dowamly ýaşaýşa begenmegiň şaýyny tutýan welin, laçyn asmandan inýär-de, meniň
ýetişdiren zadymy gapyp alyp gidýär.
— Ýöne sen ony laçyn üçin, ony naharlamaga niýetläp ýetişdiripdiň ahyryn.
Laçyn bolsa adamy naharlaýar. Adamyň özi hem bir gün seniň çägäňi naharlar, ýene
goýnuňda ýaşaýyş möwç urar, netijede-de, laçyn üçin aw peýda bolar. Dünýäniň
gurluşy şeýle.
— Seniň söýgi diýýäniň şumy?
— Hawa, şuňa söýgi diýerler. Söýgi awy laçyna, laçyny adama, adamy çöle
öwrüp bilýär. Onuň gudratyndan gurşun altyna öwrülýär, altyn bolsa ýene topragyň
astynda gizlenýär.
— Men seniň aýdýanlaryňa düşünemok — diýip, çöl lapykeç boldy.
— Onda, iň bolmanda, bir zada berin düşün: seniň depeleriň arasynda maňa bir
gyz garaşýar. Şol sebäpli hem men ýele öwrülmeli.
Çöl esli wagtlap dymdy.
— Men saňa ýel tozadar ýaly çäge-hä berip bilerin. Ýöne bu seniň üçin ýeterlik
däl. Ýeke özümiň elimden geljek zat ýok. Bolmasa, ýelden ýardam isle.
Ýuwaşjadan ýel öwüsmäge başlady. Serkerdebaşylar ýetginjegiň kimdir biri
bilen özlerine düşnüksiz bir dilde gürleşýändigini uzakdan synlap durdular.
Alhimik ýyrş-ýyrş edýärdi.
Ýel Santýagonyň ýanyna gelip, onuň ýüzüni sypady. Ol ýetginjek bilen çölüň
arasynda bolup geçen gürrüňi diňläpdi. Umuman, ýeller bar zatdan habarly bolýarlar.
Olar dünýäni aýlanyp ýörýärler. Olaryň pylan ýerde doguldym diýip biljek
gümanlary hem ýok, bir ýerde ölmek aladalary hem.
— Maňa ýardam et! — diýip, ýetginjek oňa ýüzlendi. — Bir gezek sen maňa
söýgülimiň sesi bolup eşidildiň.
69
— Çölüň, ýeliň dilinde gürlemegi saňa kim öwretdi?
— Kalbym — diýip, Santýago jogap berdi.
Ýeliň ady sanardan kändi. Bu ýerde oňa «sirokko» diýýärdiler, araplar onuň
suwuň bol, hüýt gara derili adamlaryň ýaşaýan ülkelerinden öwsüp gaýdýandygyna
ynanýarlar. Santýagonyň watanynda oňa «lewantinli» diýýärler, çünki çölleriň
çägesini we garaýagyz kişileriň haýbatly gykuwlaşýan seslerini alyp gelýän şoldur
öýdýärler. Belki, öri meýdanlary bolmadyk uzak ülkelerde bu ýeliň Andalus
ülkesinden gözbaş alyp gaýdýandygyny çaklaýan bolmaklary hem mümkin. Ýöne ýel
hiç ýerde doglanogam, hiç ýerde ölenogam, çünki ol çölden has kuwwatly. Adamlar
çölde haýsydyr bir ösümlikleri gögerdip, dowarlaryň baş sanyny köpeldip bilýärler,
ýöne ýeli boýun egdirerden olar ejiz.
— Sen meniň ýaly bolup bilmersiň — diýip, ýel oňa ýüzlendi. — Biziň
tebigatymyz aýry.
— Bu beýle däl — diýip, Santýago jogap bermäge howlukdy. — Seniň bilen
birlikde jahany seýran edip ýörkäm, maňa alhimiýanyň syry aýan boldy. Şindi mende
ýellerem, çöllerem, ummanlardyr ýyldyzlaram, Älemdäki beýleki zatlaram jemlenen.
Biziň ikimizi hem Biribar ýaratdy, biziň kalbymyzam bir. Meniň sen ýaly bolasym
gelýär, islendik yşdan syzyp bilmek, deňizleriň üstünden uçmak, hazynamy gizläp
ýatan gum depelerini göçürmek, söýgülimiň sesini alyslara aşyrmak isleýän.
— Men bir gezek seniň Alhimik bilen eden gürrüňiňi diňledim. Ol her kişiniň
Öz Ýolunyň bardygyny aýdypdy. Adama ýele öwrülmek ukyby berilmändir.
— Iň bolmanda sähelçe pursatlyk özüň ýaly bolmagy öwret. Ana, şonda
adamyň hem ýeliň çäksiz mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp bilerdik.
Ýel bilesigelijidi. Öň eşitmedik gepi ony diýseň gyzyklandyrdy. Ol bu barada
has jikme-jigräk söhbet etmek isledi, ýöne ol adamy nädip ýele öwürmelidiginden
düýbünden habarsyzdy. Ýogsam, elinden gelmeýän zat ýok diýen ýalydy. Ol bir ýere
çöli süýşürip eltip bilýärdi, gämileri gark etmek, ýogyn-ýogyn agaçlary omrup, tutuş
tokaýlary ýere ýazmak, aýdym-saz asmana göterilýän, düşnüksiz sesler eşidilýän
şäherleriň üstünden geçmek hem başaraýýan zatlarydy. Ol öz ýanyndan dünýäde
ýetip bolaýjak nähili dereje bar bolsa, şol derejeleriň çürbaşyna çykandyryn öýdýärdi.
Häzir bolsa, öz öňünde duran bir ýetginjek häzirkisindenem has köp zady başaryp
biljekdigini ýüzüne basýar.
70
— Muňa «söýgi» diýýärler — diýip, ýeliň öz haýyşyny kanagatlandyrmaga
eýýäm taýýardygyny gören Santýago dillendi. — Söýýän mahalyň kim bolaýyn
diýseň bolup bilersiň. Söýýän mahalyň näme bolup geçýändigine düşünmegiň asla
geregi ýok, çünki hemme zat kalbymyzda bolup geçýär. Şol pursat adam ýele-de
öwrülip biler. Ýöne munuň üçin ýeliň oňa ýardam etmegi gerek.
Ýeliň howalasy belentdi. Santýagonyň sözleri onuň degnasyna degdi. Ol has
güýçli öwsüp, çäge sowrup ugrady. Ýöne iň soňunda, bütin dünýäni aýlanyp çyksada, adamy ýele öwrüp bilmeýändigini boýun almaly boldy. Ol söýginiň nähili
zatdygyny hem bilmeýär ekeni.
— Men adamlaryň söýgüden söz açan mahaly gözlerini asmana dikişleriniň
kän gezek şaýady boldum — diýip, öz güýjüniň çäklidigini boýun almaga mejbur
bolany üçin guduzlana dönen ýel aýtdy. — Belki, saňa-da asmana ýüzlenmek
gerekdir, muňa näme diýersiň?
— Bu aýdýanyň jany bar — diýip, Santýago onuň bilen ylalaşdy. — Ýöne sen
maňa ýardam bermeli bolarsyň: Güne dogry bakamda gözümiň gapylmazlygy üçin,
tozan turzup ber.
Ýel has hem güýçli öwüsmäge başlap, çölden ýokary göterilen tozan asmany
büräp aldy we Gün altynsow kökäniň keşbine girdi.
Bolup geçýän zatlary synlap duran serdarlar şindi hiç zady saýgarmaýardylar.
Çöl adamlary bu ýeliň edähedinden habarly bolup, oňa «samum» diýip at beripdiler.
Ol bu adamlar üçin deňiz tupanyndan hem aýylgançdy. Dogrusy, olar deňziň nähili
zatdygyndan hem bihabardylar. Atlar hokranyşdylar, ýaraglara siňen çäge
gyjyrdamaga başlady.
Serkerdebaşylaryň biri serdara ýüzlenip:
— Bes edäýsek nädýä? — diýdi.
Olar häzir Santýagony görmeýärdiler. Olaryň ýüzleri gözlerine çenli ak
ýaglyklar bilen örtülgidi, çyzylyp görünýän gözlerinde bolsa gorkynyň alamatlary
aýan bolup durdy.
— Muny bes etmek gerek — diýip, başga bir serkerdebaşy hem dillendi.
Serdar:
71
— Goý, Allah, öz gudratyny doly görkezsin. Men adamyň ýele öwrülişini
görmek isleýän.
Ol gorkýandygy mälim bolan kişileriň atlaryny öz ýanyndan belläp goýdy we
ýel ýatansoň olaryň ikisini-de wezipelerinden boşatmak kararyna geldi. Çünki çöl
adamlaryna gorky-ürki ýat bolmalydy.
— Ýel maňa seniň söýgüden habarlydygyňy aýtdy — diýip, Santýago Güne
ýüzlendi. — Onuň aýdany dogry bolsa, sen Jahanyň Kalbyny hem tanaýmaly, çünki
ol söýgüden ýaradylan ahyryn.
— Şu duran ýerimden men Jahanyň Kalbyny görýärin. Ol meniň kalbyma
ýüzlenýär, biz birlikde otlary ösmäge, dowarlary bolsa saýa gözleginde bir ýerden
başga bir ýere göçüp-gonup ýörmäge mejbur edýäris. Şu ýerde durup — bäri bolsa
siziň dünýäňizden gaty uzakda ýerleşýär — men söýmegi öwrendim. Men Ýere
sähelçejik ýakynlaşaýsam, onuň ýüzündäki janly-jandaryň hemmesiniň heläk
boljagyny, Jahanyň Kalbynyň hem gaýyp boljagyny bilýärin. Şonuň üçinem biz biribirimize uzakdan garap oňýarys, biri-birimizi söýýäris. Men Ýere ýaşaýyş, ýylylyk
berýärin, şol berýän zatlarym, şol bir wagtyň özünde, meniň öz ömrüme-de many
çaýýar — diýip, Gün jogap berdi.
— Sen söýgüden habarlymy? — diýip, Santýago soragyny gaýtalady.
— Jahanyň Kalby maňa tanyş, çünki Älemdäki soňy gelmeýän bu
sergezdançylyk mahaly biz uzakdan-uzak söhbet edýäris. Ol maňa öz öňündäki esasy
kynçylygyň nämedigini habar berdi. Häzire çenli diňe daşlardyr ösümlikler dünýäde
hemme zadyň bir bitewüligi emele getirýändigini bilýärmişler. Her bir zadyň bir
Ählumumylygyň ülşi bolandygy sebäpli, demriň mise meňzemeginiň, misiň hem
altyna çalym etmeginiň hiç hili geregi bolmaýar. Bu bitewi dünýäde her bir zadyň
anyk bir ýazgydy bolup, şol ýazgydyň Eýesi ýazmagyny bäşinji gün bes
edäýenliginde, hemme zat dünýäniň bitewi bir simfoniýasynda öz ýerini tapardy.
Ýöne altynjy gün hem ýazgy dowam edipdi.
— Sen paýhasdan ýüküňi tutupsyň — diýip, ýetginjek onuň sözüni böldi. —
Çünki sen hemme zada uzakdan bakýarsyň. Ýaradylyşyň altynjy güni bolmadyk
bolsa, adam peýda bolmazdy. Onsoň mis misligine, gurşunam gurşunlygyna
galybererdi. Hawa, her bir zadyň Öz Ýoly bar, ýöne haçanda bolsa bir wagt her bir
zat ýoluny tamamlaýar. Hut şol sebäpli hem başga bir zada öwrülip, täze Ýoluň
başyny başlamak gerek bolýar. Jahanyň Kalby, hakykatdanam, bitewi bir zada
öwrülýänçä, bu ýagdaý gaýtalanar durar.
72
Gün böwrüni diňledi, öňküsinden hem ýiti şöhle saçmaga başlady. Bularyň
söhbetinden lezzet alan ýel hem güýçlenip, Santýagony göz gamaşdyryjy şöhlelerden
halas etdi.
Santýago sözüni dowam etdi:
—Alhimiýa her bir kişiniň öz hazynasyny gözläp tapmagy, şondan soňra
öňküsinden has gowy bolmaga çalyşmagy üçin gerek. Gurşun bu dünýä gerek bolan
müddetçe, öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirer, soňra bolsa ol altyna
öwrülmeli bolar. Bu — alhimikleriň aýdýany. Olar biziň gowy bolmaga çalyşýan
mahalymyz, töweregimizdäki zatlaryň hem kämilleşýändiklerini tekrarlaýarlar.
— Sen meniň söýgi diýilýän zatdan bihabardygymy aýdaňda, nämä
esaslandyň? — diýip, Gün sowal berdi.
— Söýýäniň çyn bolsa, çöl ýaly, bir duran ýeriňde durubam, ýel ýaly, mydama
at salyp ýörübem, seniň özüň mysaly, uzakdan garap durubam bolmaýar. Söýgi
Jahanyň Kalbyny özgerdiji, gowulandyryjy bir güýç. Ilkinji gezek onuň jümmüşine
aralaşamda, ol maňa kämil bolup göründi. Ýöne soňra onuň dünýädäki bar zatlaryň
bir şöhlelenmesidigine, onuň özünde-de hyjuwlaryň hetden aşyp, özüne mahsus
uruşlaryň gidip durandygyna göz ýetirdim. Ony biz iýmitlendirýäris, ýaşap ýören
dünýämiz biziň özümize baglylykda gowy ýa-da erbet bolup biler. Ine, şu ýerde-de
söýginiň güýji ara goşulýar, çünki söýýän mahalyň gowy bolmaga çalyşýarsyň.
— Menden näme isleýäň?
— Ýele öwrülmäge maňa ýardam ber.
— Tebigat dünýäde menden dananyň ýokdugyny bilip durandyr. Ýöne ýele
nädip öwrülip bolýanyny men hem bilmeýärin.
— Onda men kimiň ýardamyna daýanmaly?
Gün bir pursat dymyp durdy: gürrüňlerine gulak gerip duran ýel onuň
paýhasynyň çäksiz däldigini derrew habar berip çyksa gerek. Şonuň ýaly-da,
Ählumumy Dilde gürleýän ýetginjekdenem gaçyp sypjak bolmak akyllylygyň nyşany
däl.
— Ony ähli zadyň ýazgydyny ýazan Elden sora — diýip, Gün jogap berdi.
73
Ýel heşelle kakyp, görlüp-eşidilmedik güýje eýe boldy. Çadyrlaryň birnäçesi
ýeliň gurbany boldy, daňylgy duran atlar baglangy ýüplerini üzdüler, gaýada duran
adamlar, uçuryma gaýyp düşmezlik üçin, biri-birlerinden ýapyşdylar.
Santýago hyýalynda ýazgytlaryň Eýesine tarap öwrüldi, şol wagtyň özünde
älem-jahana ümsümligiň aralaşandygyny duýdy. Ol bu ümsümligi bozmaga het edip
bilmedi.
Soňra Söýginiň güýji kalbyndan çogup çykmaga başlanda ol doga edip ugrady.
Ol dogasynda hiç bir zady dilemeýärdem, dowarlaryň öri meýdanyna gowşandygy
üçin minnetdarlygam bildirmeýärdi, dükana jäç önümleriň hyrydarlaryny köpräk
ýollamagy hem, çölde duşan gyzy özüne garaşar ýaly etmegi hem haýyş etmeýärdi,
umuman, diline söz gelmeýärdi. Santýago ümsümlige diň salyp durşuna, çölüň, ýeliň,
Günüň hem şol Eliň galamyndan çykan yşaratlary gözleýändigine, Öz Ýollaryny
soňuna çenli geçmäge çalyşýandygyna, zümerret daşynyň bir çylgymynda ýazylan
zada akyl ýetirmekçi bolýandygyna düşünip galdy. Ol bu yşaratlaryň Ýeriň hemme
ýerine, hatda Arşa-da seçilendigini, daşdan seredeniňde olarda hiç hili manynyň,
sebäbiň görünmeýändigini bildi. Çöller hem, ýeller hem, Günler hem, adamlar hem
olaryň näme üçin ýaradylandyklaryndan habarsyz. Diňe ähli zatlary Ýaradyjynyň Eli
munuň sebäbini bilýärdi we diňe şol keramat görkezmäge: ummanlary çöllüge,
adamy ýele öwürmäge ukyplydy. Çünki Ýaradylyşyň alty gününiň Beýik Binýada
öwrülýän ýerine Älemi haýsydyr bir öňniýetiň çekýändigine diňe Şol düşünýärdi.
Ýetginjek şeýde-şeýde Jahanyň Kalbyna aralaşdy, onuň diňe Hudaýyň
Kalbynyň bir bölegidigini, Hudaýyň Kalbynyňam öz kalbydygyny gördi, özüniňem
keramat görkezmäge ukyplydygyny duýdy.
Samum şol gün öňkülerinden has güýçli öwüsdi. Ýele öwrülip, çölüň iň
kuwwatly serkerdebaşysynyň hut özüniň garşysyna çykyp, onuň adamlarynyň
ýaşaýan mekanlaryny tutuşlygyna diýen ýaly ýer bilen ýegsan eden ýetginjek
hakdaky rowaýat nesilden nesle geçer.
Ýeliň köşeşmegi bilen hemmeleriň gözi ýetginjegiň duran tarapyna gönükdi.
Ýöne ol ýerde ýetginjegi görmediler. Ol jülgäniň beýle çetinde, biline çenli çägä
gömlen sakçynyň ýanynda durdy.
Jadyly güýç hemmeleriň ýüregini ýarylara getirdi. Diňe iki kişi ýylgyrýardy.
Olaryň biri öz şägirdinden göwnühoş bolan Alhimik, beýlekisi bolsa, ýetginjegiň
Ýaradanyň gudratyna akyl ýetirendigine düşünen taýpabaşydy.
74
Ertesi gün ol Santýagonyň, Alhimigiň islän ugruna gidip biljekdiklerini yglan
edip, urşujylarynyň birini hem ýolbelet hökmünde ýanlaryna goşdy.
Olar uzakly gün ýol ýörediler. Iňrik garalyp başlanda, Alhimik urşujyny yzyna
gönderdi, atyndan düşdi. Ol Santýago ýüzlenip:
— Mundan beýläk ýeke özüň gidersiň — piramidalara çenli bu ýerden üç
sagatlyk ýol bar — diýdi.
— Taňry ýalkasyn — diýip, ýetginjek onuň ýüzüne garady. — Sen maňa
Ählumumy Dile düşünmegi öwretdiň.
— Men saňa diňe öňdenem bilýän zadyňy ýatlatdym.
Alhimik keşişhananyň derwezesini kakdy. Derwezäni gara geýnen keşiş açdy,
olar kopt dilinde birnäçe söz atyşdylar. Şondan soňra Alhimik Santýagony içeri
girmäge çagyrdy.
— Men oňa seniň kömekçim boljakdygyňy aýtdym.
Monastyra degişli aşhanadaky ojakda Alhimik ot tutaşdyrdy. Ol keşişiň getirip
beren bir bölek gurşunyny demir gabyň içine salyp, gaby ojagyň üstünde goýdy.
Gurşunyň eremegi bilen, ol kisesinden sary reňkli aýna ýumurtga çykaryp, ondan
kiçijik, iňňäniň başyndan uly bolmadyk owuntygy bölüp aldy-da, onuň daşyna mum
çalyp, erän gurşunyň içine taşlady.
Suwuklyk gan ýaly gyzyl reňke eýe boldy. Alhimik pitini otdan aýyrdy-da,
keşiş bilen uruş, çöl hakda gürleşip oturyşyna, suwuklygyň sowamagyna garaşyp
başlady.
— Uruş uzaga çekse gerek — diýip, ol ilki dil ýardy.
Keşiş uruş sebäpli kerwenleriň köp wagtdan bäri Gizehde galandygyny aýdyp
zeýrendi-de, soňundan hem: «Bar zat Hudaýyň erkinde» diýip, ykbalyna kaýyl
kişiniň keşbine girdi.
— Şuny-ha hak aýtdyň — diýip, Alhimik onuň soňky sözlerini makullady.
Pitiniň ahyrsoňy sowamagy bilen, Santýago bilen keşiş heşelle kakyşyp, biribiriniň ýüzüne seretdiler: pitiniň düýbünde tegelenip duran gurşun altyna öwrülipdi.
— Eýsem meniň hem bir wagt şundan başym çykarmyka? — diýip, ýetginjek
dillendi.
75
— Bu meniň Ýolum, saňa degişli ýeri ýok. Men diňe munuň mümkindigini
saňa görkezmek isledim.
Olar monastyryň derwezesini nazarlap ugradylar. Alhimik derwezäniň öňünde
tegelek altyny dörde böldi.
— Bu saňa — diýip, ol bir bölek altyny monaha uzatdy. — Muny seniň
zyýaratçylary mydama güler ýüz bilen garşy almagyň üçin berýärin.
— Beýle etmek güler ýüzümi gaty gymmat bahaladygym bolýar — diýip, keşiş
garşy çykjak boldy.
— Gaýdyp hiç haçan şunuň ýaly sözi agzyňa alaýma. Durmuş aýdanyňy
tötänden eşidäge-de, saňa berjek zadyny indiki gezek azaldaýmasyn — diýip,
Alhimik onuň jogabyny berdi-de, ýetginjege tarap öwrüldi. — Bu-da seniň serdara
olja bolan puluň öwezi.
Santýago hem altynyň hümmetiniň öz aldyran pulunyňkydan has kändigini
aýtjak bolsa-da, soňra sesini çykarmazlygy ýüregine düwdi.
— Bu bölek bolsa maňa — diýip, Alhimik aýtdy. — Men öýüme dolanmaly,
çölde bolsa uruş gidip dur.
Altyn bölekleriniň dördünjisini ol ýene keşişe uzatdy:
— Bu hem Santýago üçin. Oňa gerek bolmagy mümkin.
— Men hazynanyň gözlegine çykdym ahyryn — diýip, ýetginjek gygyryp
goýberdi. — Ony tapmagyma-da az wagt galdy.
— Hazynany tapjagyňa doly ynanýaryn — diýip, Alhimik onuň göwnüni
götermekçi boldy.
— Onda bu altyn meniň nämäme gerek?
— Munuň öz sebäbi bar. Sen eliňdäki bar zadyňdan iki gezek mahrum bolduň.
Birinji gezek hilegäriň toruna düşdüň, soňky gezek bolsa seni serdar talady. Men bir
garry, yrymçyl arap bolanym üçin, ata-babalarymyzdan miras galan bir nakylyň
dogrudygyna ynanýaryn. Ata-babalarymyz bolsa: «Bir gezek başyňdan inen zat,
soňra hiç haçan garşyňdan çykman biler, ýöne iki gezek başyňdan inen şol bir zat
üçünji gezek hem saňa hökman duçar bolar» diýipdirler.
Olar atlandylar.
76
— Men saňa düýşler bilen bagly bir wakany gürrüň bereýin — diýip, Alhimik
söze başlady.
— Atyňy sürüp, golaýragyma gel.
Ýetginjek onuň aýdanyna boýun boldy.
— Ine, onsoň, gadymy Rimde, imperator Tiberiniň zamanynda bir gowy adam
ýaşap geçipdir. Onuň iki sany ogly bar eken. Ogullarynyň biri ykbalyny esgerlik
bilen baglapdyr, imperiýanyň çet-gyraklarynda gulluk etmäge gidipdir. Ogullarynyň
ikinjisi goşgy ýazmak bilen meşgullanyp, öz eserleri bilen bütin Rimi heýjana
salypdyr.
Bir gezek goja bir düýş görüpdir. Düýşünde onuň öňünde asman çapary peýda
bolup, onuň ogullarynyň biri tarapyndan aýdylan sözleriň bütin dünýäde meşhur
boljakdygyny, köp ýüzýyllyklaryň dowamynda adamlaryň olary gaýtalap
gezjekdiklerini habar beripdir. Goja şonda bagtdan ýaňa gözýaşlaryny saklap
bilmändir: ykbal oňa şeýle sahylyk, rehimdarlyk edipdi, çünki oňa atanyň arzuwlap
biljek iň uly şatlygyny bagyşlapdy.
Goja şol düýşi gören gününden köp wagt geçmänkä aradan çykypdyr. Ol agyr
arabanyň aşagyna düşmekden bir çagajygy halas etmekçi bolanda, özi arabanyň
aşagynda galyp jan beripdir. Ol päkize ömür sürensoň, göni arşa çykarylypdyr, şol
ýerde-de düýşüne giren asman çaparyna duşupdyr. Asman çapary oňa ýüzlenip:
— Sen mylaýymdan oňat bir adamdyň. Seniň ömrüň söýgä ýugruldy,
ölümiňem belent mertebä eýe bolmagyňa sebäp boldy. Men seniň islendik haýyşyňy
ýerine ýetirerin — diýipdir.
— Durmuş meni asla ynjytmady — diýip, goja söze başlapdyr. — Sen
düýşüme giren mahalyň men öz tagallalarymyň biderek bolmandygyny duýdum.
Çünki oglumyň ýazan şygyrlarynyň nesilden-nesle geçjekdigini bildim. Özüm üçin-ä
dilejek zadym ýok. Ýöne her bir kaka özüniň ýetişdiren, okadan, nesihatlary bilen
gulagyny gandyran oglunyň şöhrata eýe bolanyny görüp, buýsanman durup bilmez.
Şonuň üçinem uzak geljekde oglumyň şygyrlarynyň ýaňlanyşyny göresim gelýär.
Çapar elini gojanyň egnine degripdir, olar şol pursadyň özünde uzak geljege
baryp düşüpdirler. Olar düşnüksiz dilde gepleýän adamlaryň ýaşaýan şäherine
barypdyrlar.
Goja ýene şatlygyna bäs gelip bilmän, gözlerine ýaş aýlapdyr.
77
— Men oglumyň şygyrlarynyň asyrlary aşjakdygyny bilýärdim — diýip, ol
gözýaşyny sylyp seslenipdir. — Hany sen maňa aýt: şu adamlar onuň haýsy
setirlerini gaýtalaýarlar?
Çapar mylaýymlyk bilen gojany oturgyçlaryň birinde oturdyp, özi hem
gapdalynda çöküpdir.
— Seniň ogluň goşgulary bütin Rimde meşhur boldy, olary her kim söýýärdi,
olardan lezzet almaýan ýokdy. Ýöne Tiberiniň zamany tamam bolanyndan soňra, şol
goşgulary unutdylar. Adamlar seniň esger ogluň sözlerini gaýtalaýarlar.
Goja çaparyň ýüzüne geň galyp seredipdir.
— Ol uzakdaky welaýatlaryň birinde gulluk edýärdi — diýip, çapar gürrüňini
dowam edipdir. — Ony ýüzbaşy belläpdirler. Ol adalatlydan ýuka ýürekli bir adam
eken. Bir gün onuň gullarynyň biri näsaglap, demini sanamaga başlapdyr. Seniň
ogluň bir güýçli tebibiň peýda bolandygyny eşidip, şonuň gözlegine çykypdyr. Ýolda
bolsa şol tebibiň Isa alaýhyssalamdygyny bilip galypdyr. Ol onuň sagaldan adamlary
bilen duşuşypdyr, onuň nämäni wagyz edýändigini öwrenipdir we rim
ýüzbaşysydygyna garamazdan, onuň getiren dinine giripdir. Bir günem säher wagty
onuň huzuryna barypdyr. Ol öz gulunyň keselländigini aýdyp, ondan kömek
sorapdyr. Mugallym — Isa alaýhyssalama şeýle diýip ýüzlenýärdiler — onuň bilen
gidip biljekdigini aýdypdyr. Ýüzbaşy onuň gözlerini gören badyna, Hudaýyň
pygamberidigini aňlapdyr. Ana, şonda ol hiç haçan unudylmajak sözlerini diline
getiripdir. Şonda ol şeýle diýipdir: «Ýa, Biribar! Şu pygamberiň haky üçin, ýekeje
söz diýseňem, gulumyň sagaljagyna ynanýaryn».
Ine, gojanyň gören düýşi bilen bagly wakany hem eşitdiň.
Alhimik atynyň jylawyny gowşatdy.
— Her bir adam, näme bilen meşgullanýandygyna garamazdan, dünýäniň
taryhynda esasy orny eýeleýär, adatça mundan habarsyz bolýar.
Santýago gülümsiredi. Ol ýaşaýşyň çopan üçin şeýle möhüm bolup biljekdigi
barada hiç haçan pikir hem etmändi.
— Salamat gal! — diýip, Alhimik seslendi.
— Salamat bol! — diýip, ýetginjek jogap gaýtardy.
78
Santýago kalbynyň aýdýanlaryna ünsli diň salyp barşyna, çölüň içi bilen iki
sagat dagy atyny sürüp gitdi. Hazynanyň nirede gömlendigini onuň kalby
syzaýmalydy. Alhimik oňa: «Hazyna nirede bolsa, ýüregiň hem şol ýerde bolar»
diýipdi.
Ýöne kalby başga zatlardan söz açýardy. Ol iki gezek gören şol bir düýşüni
oraşan etmek maksady bilen öz dowarlaryny taşlap gaýdan çopanyň başdan
geçirenlerini gürrüň berdi. Öz Ýoluň diýilýäniň nämedigini, şol ýoly geçmegiň
hötdesinden gelenleriň köpsanlysy — tarp topraklaryň ýa-da taýsyz gözelleriň
gözlegine çykanlar, öz döwürdeşleriniň oý-pikirlerine hemde ýalan düşünjelerine
garşy duranlar barada ýatlatdy. Ol uly açyşlaryň, düýpli özgerişleriň, kitaplaryň
gürrüňini etdi.
Santýago gum depesine çykmak üçin atyny gyssap ugranda — diňe şol wagt
kalby onuň garaşýan sözlerini pyşyrdady: «Ünsli bol! Meni hünübirýan bolup aglan
ýeriňden taparsyň, diýmek, seniň hazynaňam şol ýerde bolar».
Ýetginjek atyny ýuwaşjadan sürüp barýardy. Ýyldyz sepilen asmanda ýene
dolan Aý göründi — onuň çöl bilen ýol söküp başlanyna bir aý bolaýan oguşýa. Aý
gum depelerini ýagtyldýardy, kölegeler şeýle bir geň şekillere eýe bolýardylar welin,
çöl tolkunyp ýatan deňzi ýada salman hem duranokdy. Santýago Alhimik bilen
hoşlaşyp, jylawyny gowşatmak bilen atyny öz ugruna goýan pursadyny ýatlady. Aý
bu mahal çöl ümsümligini we hazynanyň gözlegine çykanlaryň goýup giden yzlaryny
ýagtyldýardy.
Ýetginjek birnäçe minutdan depäniň üstünde peýda bolup, töweregine garanda,
ýüregi gürs-gürs edip urmaga başlady. Onuň öňünde Aýyň, ak çägäniň şöhlesine apaýdyň görnüp duran piramidalar seleňläp durdylar. Santýago atyndan düşüp, dyzyna
çökdi-de hünübirýan aglamaga başlady. Ol Öz Ýoluňa ynanmagy kalbyna guýany
üçin, Melhisedek, jäç önümleriň Söwdagäri, iňlis, Alhimik bilen tanyşdyrany üçin, —
iň esasysy hem — söýginiň hiç haçan adamy Öz Ýolundan aýra salmajagyna
ynanmaga mejbur eden çöl gyzyny garşysyndan çykarany üçin, Hudaýa şükür baryny
etdi.
Piramidalar müňýyllyklaryň belentliklerinden ýetginjege garap durdy. Eger ol
islese, şindi jülgä dolanyp baryp, Patma öýlenip, dowarlaryň yzyna düşüp biler.
Çölde Ählumumy Dilden habarly, gurşuny altyna öwrüp bilýän Alhimik hem ýaşap
ýör ahyryn. Santýagonyň öz sungatyny kimdir birine görkezmek, öz paýhasynyň
79
miwesi bilen kimdir birini geň galdyrmak aladasy ýok: Öz Ýoluna eýermek bilen, ol
özüne gerekli zatlary öwrendi, arzuw eden zatlarynyň-da tagamyny datdy.
Ýöne ol öz hazynasyny gözleýärdi, çünki diňe öňde goýlan maksada ýetilen
halatynda işi bitdi hasaplap boljakdy. Ýetginjegiň henizem aglap durşudy. Ol
aýagynyň aşagyna — gözýaşlarynyň damyp duran ýerine gözüniň gytagyny aýlanda,
tomzagyň gyrmyldap barýandygyny gördi. Çöl söküp ýören wagty, Santýago
tomzagyň Müsürde Hudaýyň nyşany hasaplanandygyny bilipdi.
Oňa ýene bir yşarat aýan edilipdi, ol duran ýerini gazmaga başlady. Ýöne
gazmaga başlamanka, ol jäç önümleriň söwdagärini ýadyna saldy, onuň
ýalňyşýandygyna düşündi: eger tutuş ömrüni daş örüp geçirse-de, hiç kimiň öz
howlusynda piramida gurup biljek gümany ýokdy.
Ol özüne yşarat edilen ýeri uzak gijeläp gazsada, tapan zady bolmady. Oňa
piramidalaryň belentliginden müňýyllyklar garap durdy. Ýöne ol umytdan düşmedi
— gazan çukuryny çäge bilen doldurjak bolup duran ýel bilen göreşip şol gazdy
durdy, gazdy durdy. Santýago güýçden gaçypdy, ellerini pakgardypdy, ýöne
hazynany gözýaşynyň daman ýerinden gözlemegi emr eden kalbyna ynanman
bilmeýärdi.
Birden, goparan daşlaryny çukurdan çykarmak bilen meşgul bolup durka, onuň
gulagyna aýak sesleri eşidildi. Santýago ses gelen tarapa gaňrylyp seredende, birtopar
adamyň üstüne abanyp durandygyny gördi. Olar ýagta ýeňselerini öwrüp duransoňlar,
ýüz-gözlerini saýgarmak mümkin däldi.
— Bu ýerde näme işläp ýörsüň? — diýip, olaryň biri sorady.
Ýetginjek sesini çykarmady. Onuň süňňüni gorky gaplap alypdy, çünki şindi
ýitirip biljek zady bardy.
— Biz uruşdan gaçyp gaýtdyk — diýip, olaryň başga biri dillendi. — Bize pul
gerek. Sen bu ýere näme gömdüň?
— Hiç zadam gömemok — diýip, Santýago jogap berdi.
Gaçgaklaryň biri ony çukurdan çekip çykardy, ýene biri onuň kiselerini
sermeläp altyn bölegini tapdy.
— Altyn! — diýip, ol zowladyp goýberdi.
80
Şol pursat Aýyň şöhlesi garakçynyň gözlerini ýagtyltdy, Santýago şol gözlerde
öz ajalyny gördi.
— Çukurda başga-da altyn bolaýmaly — diýip, gaçgaklaryň biri seslendi.
Olar çukury gazmagyny dowam etmegi Santýagodan talap etdiler. Oňa boýun
egmekden başga ýol galmady. Ýöne hazynanyň üstünden baranokdy. Gazaba münen
garakçylar ýetginjegi urmaga başladylar. Gündogarda daň şapagy gyzaryp
başlaýança-da, ony ýençmek kemini goýmadylar.
Santýagonyň eşikleri sal-sal bolupdy, ol ajalynyň golaý gelendigini bildi.
Birden onuň ýadyna Alhimigiň sözleri düşdi: «Öljek bolup durkaň saňa puluň näme
derkary bar? Pul ajaly bir pursat hem yza tesdirip bilmeýär».
— Men hazyna gözleýän! — diýip, Santýago gygyryp goýberdi.
Ol ýençgilenen, gana boýalan dodaklaryny kynlyk bilen gymyldadyp,
garakçylara düýşünde iki gezek müsür piramidalarynyň golaýynda gömlüp goýlan
hazynany görendigini gürrüň berdi.
Gaçgaklaryň baştutanydyr diýdirýän biri uzak wagtlap dymanyndan soňra,
adamlarynyň birine ýüzlendi:
— Ony goýber. Onda alar ýaly başga hiç zat hem ýok, bu bölek altyny-da ol
bir ýerden ogurlan bolsa gerek.
Santýago ýere ýazylyp gitdi. Gaçgaklaryň baştutany onuň göreçlerine bakmak
isledi, ýöne ýetginjegiň nazary piramidalara tarap gönügendi.
— Ýörüň, bu ýerden arany açalyň — diýip, garakçybaşy ýanyndakylara
ýüzlendi-de, ýetginjege tarap öwrüldi. — Munuň ýaly derejede samsyk bolmaly
däldigiňe düşünmegiň üçin, seni diri galdyrýaryn. Şu wagtky seniň duran ýeriňde
meniň özümem iki ýyl mundan ozal birnäçe gezek gaýtalanan bir düýşi görüpdim.
Düýşümde, göýä meniň Ispaniýa tarap ýola düşüp, şol ýerde çopanlaryň öz dowarlary
bilen birlikde gijelerini geçirýän ýeriniň — goşhanasynyň ýerinde injir ösüp oturan
bir weýran bolan ybadathanany tapmalydygym aýdylýardy. Şol injiriň kökleriniň
astynda hazyna gömlüp goýlanmyş. Ýöne men diňe gören düýşüm sebäpli, çöli kesip
geçmäge hyýallanar ýaly, beýle bir akmagam däl.
Garakçylar şondan soň, bu ýerden arany açmak bilen boldular.
81
Santýago hyk-çok edip ýerinden galdy. Ol iň soňky gezek piramidalara tarap
nazaryny aýlady. Olar ýetginjege seredip ýylgyrýardy. Ol hem piramidalara
ýylgyrmak bilen jogap berdi. Santýago kalbynyň bagtdan ýaňa püre-pür bolup
durandygyny duýdy.
Ol öz hazynasyny tapypdy.
Sözsoňy
Ýetginjegiň adyny Santýago diýip tutýardylar. Ol ýarysy weýran bolan
ybadathananyň ýanynda peýda bolanda, töwerek gowy garalypdy. Birmahal
goşhananyň ýerleşen ýerinde henizem injir hellewläp otyrdy, sal-sal bolup duran
gümmeziň yşlaryndan bolsa ýyldyzlar jyklaýardylar. Ol bir gezek şu ýerde dowarlary
bilen birlikde gijesini geçirendigini ýadyna saldy. Ukusyny gowy alyp bilmändi
diýäýmeseň, şol gezek gije diýseň rahat geçipdi.
Ol ýene-de bu ýere geldi. Bu gezek ýanynda dowarlary ýokdy: oňa derek eline
pil alyp gelipdi.
Ol uzak wagtlap asmany synlap durdy. Soňra ýantorbasyndan bir çüýşe şerap
çykaryp, bir gezek owurtlady. Bir gezek çölde Alhimik bilen oturyşlary we şerap
içişleri göz öňünde janlandy. Ol öz geçen hupbatly ýollary barada, Hudaýyň täsin bir
ýol bilen hazynany salgy berşi barada oýlandy. Eger ol öz gören düýşlerine
ynanmadyk bolsa, Melhisedege, garakçylara duşmadyk bolsa...
«Bu sanawy uzaltsaň, uzaldyp oturmaly. Ýöne bu ýol çelgiler bilen belli
edilendi we azaşjak gümanym ýokdy» diýip, ol içini gepletdi.
Uklanyny onuň özi hem duýman galdy. Gözüni açan mahaly bolsa Gün alasmana galypdy. Santýago injir agajynyň kökleriniň ýerleşýän ýerini gazmaga
başlady.
«Garry jadygöý» — diýip, ol hyýalynda Alhimige ýüzlendi. — Sen bar zady
öňünden bilen bolmaly. Sen hatda, meniň şu ybadathana aşyp bilerim ýaly, ikinji
bölek altyny hem maňa niýetläp goýup gaýdypdyň ahyryn. Meniň sallam-sajak
bolup, ýenjilen göwrämi süýräp gelşimi gören keşişiň gülküsini saklajak bolşuny bir
görsediň. Sen bu zatlar başymdan inmänkä-de hazynanyň nirede ýerleşýänini
aýdaýmaly dälmidiň?»
82
«Beýle etsem bolmazdy». Bu sözler ýel yraýan otlaryň pyşyrdysy bolup
eşidildi. «Eger bu barada öňünden duýduran bolsam, sen piramidalary görüp
bilmezdiň. Olar bolsa gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Şeýle dälmi?»
Bu Alhimigiň sesidi. Ýetginjek ýylgyrdy-da, gazmagyny dowam etdi. Ýarym
sagatdan soňra pil bir gaty zada degdi, şondan bir sagat geçeninden soňra bolsa,
gadymy altyn teňňelerden dolup duran sandyjak Santýagonyň öňünde keserip durdy.
Sandyjagyň içinde teňňelerden başga-da gymmatbaha daşlar, ak, gyzyl ýelekler bilen
bezelen altyn ýüzükler, dürler bilen haşamlanan daş butlar — bu ýurtda birmahal
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Alhimik - 7
  • Parts
  • Alhimik - 1
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2037
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 2
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1965
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 3
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2009
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 4
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 1997
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 5
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1938
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 6
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1966
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 7
    Total number of words is 170
    Total number of unique words is 144
    46.4 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    63.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.