Latin

Alhimik - 4

Total number of words is 3836
Total number of unique words is 1997
35.7 of words are in the 2000 most common words
49.3 of words are in the 5000 most common words
56.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Düýekeş Hudaýyň nähili ýagdaýlarda geljege garamaga rugsat berýändigini
sorady.
— Muny Onuň özi duýdurýar. Bu örän seýrek ýüze çykýar, oňa ýazgydyň
üýtgedilmelidiginiň öňden kesgitlenilip goýulmagy sebäp bolýar.
Düýekeş şol wakany aňynda aýlap oturyşyna: «Bu ýetginjege Ýaradan geljegiň
bir ujuny görkezdi, ony sebäp edip ulanýar» diýen netijä geldi.
— Serdarlaryň ýanyna git — diýip, ol ýetginjegi gyssady. — Jülgä bir goşunyň
ýakynlaşyp gelýändigini olara habar ber.
— Beýtsem, üstümden gülerler.
— Ýalňyşýaň. Olar çöl adamlary, diýmek, yşaratlarydyr alamatlary ýok
saýmak olaryň edähedi bolup bilmez.
— Beýle bolsa, olaryň özi hem abanýan howpdan eýýäm habarly bolmaly.
— Olar munuň aladasyny etmeýärler, çünki olar Allahyň islemegi bilen bir
zady bilmeli bolsalar, ony kimdir birinden bilip galjakdyklaryna ynanýarlar. Şindi
bolsa sen «kimdir biri» bolarsyň.
Santýago Patmany ýadyna saldy-da, jülgede ýaşaýan tireleriň serdarlary bilen
duşuşmagy ýüregine düwdi.
— Meni serdarlaryň ýanyna goýber — diýip, ol ullakan ak çadyryň öňünde
duran sakça ýüzlendi.
— Çölde maňa bir yşarat aýan boldy.
Sakçy sesini çykarman, çadyra girip gitdi we esli wagtlap yzyna dolanmady.
Soňra zer sapaklardan dokalan ýapynjany egnine atan ýaş arap bilen birlikde daşary
çykdy. Santýago gözüne gömen zatlary ýaş oglana habar berdi. Ol bolsa, garaşmagy
haýyş edip yzyna dolandy.
Töwerek ymykly garaldy. Araplardyr keseki ýurtly täjirler çadyra bir
girýärdiler, bir çykýardylar. Tiz wagtdan otlar hem söndürilip, jülge kem-kemden,
sessiz-sedasyz çöl ýaly bolup, ümsümlige gark boldy. Diňe uly çadyrda çyra
ýanýardy. Kabul edilmegine garaşyp duran Santýagonyň bu mahal bar küýi-köçesi
Patmadady. Aralarynda bolup geçen soňky gürrüňiň manysy onuň üçin garaňkydy.
Ahyry ony çadyryň içine saldylar.
41
Gören zady onuň aňkasyny aşyrdy. Ol çölüň ortarasynda şunuň ýaly bir zat
bilen gabatlaşyp biljekdigini ýadyna-oýuna-da getirmezdi. Onuň aýaklary ajaýyp
ýumşak halylara çümdi, ýanyp duran şemli sary metal şemdanlar bolsa ýokardan
sallanyşyp durdy. Tire serdarlary gowy edilip keşdelenen ýüpek ýassyklara
ýassanyşyp, törde ýaý berip otyrdylar. Hyzmatçylar kümüş mejimelerde naznygmatlardyr çaý daşaýardylar. Ýene birnäçe hyzmatkär nargiläniň odunyň
öçmezligine gözegçilik edýärdi. Howada temmäkiniň hoşboý ysy bark urýardy.
Santýagonyň garşysynda sekiz adam oturan-da bolsa, olaryň baştutanlarynyň,
zer sapaklardan dokalan ýapynjasyny egnine atyp, hataryň gap bilinde oturan
kişidigini bada-bat aňlady. Onuň gapdalynda özi bilen habarlaşmak üçin çadyrdan
çykan ýaş ýigit otyrdy.
— Yşaratlardan söz açýan keseki ýurtly kim? — diýip, serdarlaryň biri sorady.
— Men — diýip jogap gaýtaran Santýago, gören zatlaryny habar bermäge
howlukdy.
— Ata-babalarymyzyň hem şu ýerde ýaşap geçendiklerinden habarly bolan çöl
ne sebäpden bu zatlar barada keseki birine gürrüň bermek isledikä? — diýip, başga
bir serdar söze goşuldy.
— Çünki meniň gözlerim heniz çöle öwrenişip ýetişmänsoň, ýerli adamlaryň
indi saýgarmaýan zatlaryny hem görmegi başarýar — diýip jogap beren Santýago
soňundan: «Jahanyň Kalby-da maňa aýan» diýip içini gepletdi. Ol soňky sözleri
daşyna çykarmady — araplar munuň ýaly zatlara pitiwa etmeýärler.
— Jülge — ortak bir ýer. Hiç kim bu ýerik çozup girmäge het edip bilmez —
diýip, üçünji bir serdar hem öz pikirini orta atdy.
— Men diňe öz gözlerim bilen gören zadymyň gürrüňini edýän. Ynanmasaňyz
— bu öz işiňiz.
Çadyryň içini dartgynly dymyşlyk gaplap aldy. Birdenkä-de serdarlar ot alan
ýaly bolşup, özara jedele başladylar. Olar Santýagonyň düşünmeýän dilinde
gürleýärdiler. Ol işimi bitirdim hasap edip, çykalga tarap ýönelende, sakçy öňüne
böwet boldy. Ýigdekçe gorkup ugrady. Yşaratlar abanýan howpdan habar
berýärdiler. Ol düýekeşe içini dökenine ahmyr etdi.
Ýöne gap bilde oturan gojanyň çala ýylgyryp goýbermegi bilen Santýagonyň
ýüregi giňäp gitdi. Baş serdar agzyndan bir söz hem sypdyrmandy, jedele-de goşuljak
42
bolmandy. Ýöne Jahanyň Kalbyna düşünmegi öwrenen ýigdekçe, golaý gelen
söweşden ýaňa çadyryň sarsyp gidýändigini duýdy hem-de bu ýere gelip, dogry iş
edendigine düşündi.
Hemmeler seslerini tapba kesip, goja tiflkelerini dikdiler. Ol bolsa
Santýagonyň duran tarapyna öwrüldi. Ýetginjek onuň ýüzüniň kesekiden sowuk
keşbe girendigini aňşyrdy.
— Iki müň ýyl mundan ozal düýşlere ynanýan bir adamy mundan uzak bir
ýerde ilki guýa taşlap, soňra-da gul edip satdylar — diýip, goja söze başlady. —
Täjirler ony Müsüre alyp geldiler. Düýşlere ynanýan kişiniň olary ýormagy-da
başarýandygyny hemmämiz bilýäris.
Goja gürrüňiniň şu ýerine ýetende garry sygan aýal ýadyna düşen Santýago:
«Ýöne hemişe olary durmuşa geçirmegi-hä başaraýanok» diýip içini gepletdi.
— Şol kişi Pyrgunyň düýşüne giren ýedi sany hor, ýedi sany semiz sygryň
nämäni aňladýandygyny ýorup berip, Müsüri açlykdan gutarypdyr. Onuň adyna
Ýusup diýýärdiler. Ol hem seniň ýaşlaryňdaky bir keseýurtludy.
Goja sözüniň arasyny kesdi. Onuň ýüzünden heniz hem sowuk öwsüp durdy.
— Biz mydama Adata görä hereket edýäris. Adat Müsüri açlykdan gutaryp,
onuň halkyny iň bir baý halka öwürdi. Adat bize çöli nädip kesip geçmelidigini,
gyzlarymyzy nämä esaslanyp durmuşa çykarmalydygymyzy öwredýär. Adat jülgäniň
ortak bir mekandygyny ýatladýar, çünki uruşýan taraplaryň ikisi-de oňa mätäç bolup,
ol bolmasa heläk boljakdyklaryny bilip durlar.
Hiç kimden ses-seda çykmaýardy.
— Ýöne Adat bize çölüň ýollaýan habarlaryna-da ynanmagy emr edýär. Bilýän
zatlarymyzyň ählisini çölden öwrendik.
Onuň yşarat etmegi bilen araplaryň hemmesi aýak üstüne galdy. Maslahat
tamam bolupdy. Nargiläniň oduny öçürdiler, sakçylar dim-dik hala geldiler. Santýago
ýaňy bir çykyp gitmäge hyýallananda, ýene-de gojanyň sesi eşidildi:
— Kanun jülgede hiç kimiň ýarag götermegine rugsat bermeýär. Ýöne ertir biz
Kanuny bozarys. Biz uzakly güni duşmana garaşyp geçireris, Gün ýaşanda bolsa
esgerlerim gelip, maňa ýaraglaryny tabşyrar. Öldürilen her on duşman üçin bir tylla
teňňe alarsyň. Ýöne bir ele alnan ýaragy hiç hili ulanmazdan, öňki ýerinde goýup
bolmaýar — ol hökman duşmanyň ganynyň tagamyny datmaly. Ýarag hem edil çöl
43
ýaly, örän ynjyk zat bolýar: indiki gezek ele alnanda onuň göçmezligem daş däl. Eger
ertir ýaragymyz üçin edere iş tapylmasa, iň bolmanda, ony saňa garşy ulanmaly
borus.
Jülgede ýylpyldaýan zat göze ilenokdy. Töweregi diňe Aýyň yşygy
ýagtyldýardy. Santýagonyň bolýan çadyry bilen aralyk, pyýadalap gideňde, ýigrimi
minutlyk ýoldy. Ýetginjek şol tarapa ädimläp ugrady.
Serdardan ýap-ýaňy eşiden sözleri ony mazaly gorkuzypdy. Ol Jahanyň
Kalbyna aralaşypdy, munuň, hakykatdanam, şeýledigine ynanmagynyň öwezine öz
janyny bermeli bolaýmagam ahmal. Bu gaty gymmat düşmezmi? Ýöne Öz Ýoly
bilen gitmek maksady bilen dowarlaryny satan mahaly, ömrüni orta goýmaga özi
razylaşypdy ahyryn.
Onsoňam düýekeşiň aýdyşy ýaly, iki gezek öljek gümanyň-a ýok... Ertirki
günmi ýa-da başga bir gün dünýäni terk etmeginiň ähmiýeti bir barmy? Ýaşamak
üçin ýa-da bu dünýä bilen hoşlaşmak üçin mynasyp däl güni tapmarsyň. Bar zat
«Maktub» sözüniň aňladýan manysyna bagly.
Santýago sessiz-üýnsüz barýardy. Ol hiç zada ökünmeýärdi, hiç zada nebsi-de
agyrmaýardy. Eger ol ertir öläýse, diýmek, Hudaýyň geljegi üýtgetmegi islemedigi
bolar. Ýöne ol dünýäni terk etmeli bolaýanda-da, eýýäm bogazdan aşmaga, dükanda
işlemäge, çöli kesip geçmäge, onuň ümsümligi we Patmanyň gözleri bilen tanyş
bolmaga-ha ýetişdi. Ol öýden çykyp gaýdaly bäri bir gününi-de boş geçirmedi. Ertir
onuň gözleri müdimilik ýumlaýanda-da, olar beýleki çopanlaryň gözlerinden-ä köp
zat görüp galdylar. Santýago muňa buýsanýardy.
Birden onuň gulagyna bir gümmürdi eşidilip, nireden geleni belli bolmadyk
güýçli ýel ony ýere pylçap urdy. Bulut ýaly bolup ýokary göterilen tozan Aýyň öňüni
tutdy. Ýetginjegiň öňünde çarpaýa galyp, gaty-gaty kişňeýän ullakan ak at durdy.
Tozan birneme ýatyşansoň, Santýagony henize çenli özüne tanyş bolmadyk bir
gorky gaplap aldy. Ak ata atlanan, egni gara eşikli, başyna ak selle oranan atlynyň
çep egninde bir laçyn otyrdy. Atlynyň ýüzi örtülgi bolup, diňe gözleri görünýärdi.
Boýy şeýle äpet bolmadyk bolsa, ol kerweni garşylap, ýolagçylary çölde bolup
geçýän zatlardan habardar edip duran çarwa araplara meňzemän hem durjak däldi.
Atly ganjyga bilen eýere baglanan gylyjyny sogrup alanda, ýaragyň demir
päkisi Aýyň ýagtysyna ýalpyldap gitdi. Ol gaty sesi bilen hemleli gürledi:
— Gyrgylaryň uçuşyndan many agtarmaga kim het edip bildi?
44
Onuň sesi şeýle bir haýbatlydy welin, goýä, Faýum jülgesindäki elli müň düýp
hurma dil bitip, onuň aýdanlaryny gaýtalaýan ýalydy.
— Men — diýip, Santýago jogap berdi.
Şol pursat ýetginjegiň gözüne bu atlynyň keşbi garaýagyzlary boýun egdiriji,
gaýry dinlileri atynyň toýnagynyň astyna alyp, debsiledip duran Ýagşyzada Iakowyň
suratyna juda çalymdaş bolup göründi. Ýöne häzir gaýry dinlileriň ornunda
ýetginjegiň özi durdy.
— Men — diýip, ol bir diýenini gaýtaladyda, depesinden inmeli ajaly mynasyp
garşylamak üçin başyny aşak egdi. — Köp adamlary halas etmek başardar, çünki siz
Jahanyň Kalbyny hasaba almadyňyz.
Ýöne näme üçindir örän haýallyk bilen inen gylyç ýetginjegiň maňlaýyna
galtaşyp saklandy. Onuň degen ýerinde bir damjajyk gan göründi.
Atly sarsman otyrdy. Santýago-da doňup galdy. Ol hatda gaçyp, janyny
gutarjak hem bolmady. Onuň süňňüni geň-taň bir şatlyk gurşap alypdy: ol Öz
Ýolunyň hatyrasyna, Patmanyň hatyrasyna gurban bolar. Diýmek, yşaratlar ony
aldamandyr. Ine, onuň öňünde Duşman garalyp dur, ýöne ajal ony birem
eýmendirenok. Çünki Jahanyň Kalbynyň bardygy magat bolup, ol göz açyp-ýumasy
salymdan onuň bir bölegine öwrüler. Ertir bir gün Duşmanyň hem kysmaty şeýle
bolar.
Ýöne atly ony gylyç bilen çapyp taşlajaga meňzemeýärdi.
— Sen nämüçin beýle etdiň?
— Men diňe gyrgylaryň maňa gürrüň beren zatlaryny eşidip, eşidenlerimiň
manysyny tirmegi başardym. Olar jülgäniň halas bolmagyny islediler. Ony goraýjylar
sizi gyryp gutararlar. Olar köplük.
Gylyjyň päkisi, öňküsi ýaly, ýetginjegiň maňlaýyna galtaşyp durdy.
— Allahyň ýazgydyny üýtgetmäge synanyşar ýaly, özüňi kimdirin öýdýäň?
— Allah diňe bir goşuny däl, eýsem, guşlary-da ýaradypdyr. Allah olaryň
diline düşünerim ýaly, maňa kuwwat berdi. Dünýädäki bar zat diňe Biriniň elinden
çykan hata meňzeýär — diýip jogap beren ýetginjek düýekeşiň aýdan sözlerini
ýatlady.
Atly ahyry gylyjyny başga ýana sowdy. Santýago uludan bir dem aldy.
45
— Öňdengörüjilikden ägä bol — diýip, atly seslendi. — Ýazgytdan gaçylyp
gutuljak ýeke kişi-de ýokdur.
— Men diňe goşuny görüp galdym. Men munuň näme bilen gutarjagyny
bilemok.
Ýetginjegiň beren jogaby atlynyň göwnünden turan hem bolsa, ol gylyjyny
gynyna salmaga howlugyberenokdy.
— Gaýry ýurtlynyň bu ýerde näme işi bar?
— Men Öz Ýolumy gözleýärin. Ýöne sen munuň nämedigine düşünmersiň.
Atly gylyjyny gynyna saldy. Onuň egninde oturan laçyn gulagyňy deşip barýan
bir ses bilen gygyrdy. Santýagonyň elini-aýagyny baglan dartgynlylyk gowşap
başlady.
— Men seniň batyrlygyňy synap görmekçi boldum. Dünýäniň Dilini tapmak
isleýänler üçin şondan möhüm zat bolmaýar.
Ýetginjek geň galdy. Atly az-az kişileriň aňlaýan zatlaryndan söz açýardy.
— Mundan başga-da, uzak ýoly külterlänem bolsaň, bir pursadam gowşaklyga
ýol bermeli däl — diýip, ol sözüni dowam etdi. — Onsoňam çöli söýmeli, ýöne oňa
doly ynanaýmagam bolmaz. Çünki çöl adam üçin bir synagdyr: bir pursat ünsüňi
başga ýana sowdugyň özüňi heläk bolan hasaplaý.
Onuň sözleri ýetginjege goja Melhisedegi ýatlatdy.
— Urşujylaryň peýda boljak wagtyna çenli kelläň egniňde galsa, meni gözläp
tap — diýip, atly sözüni tamamlady.
Onuň ýap-ýaňy hem gylyjyň baljagyny gysymlap duran elinde indi gamçy
bardy. At, daş-töweregi ala tozan edip, öňe okduryldy.
— Sen nirede ýaşaýaň? — diýip, Santýago atlynyň yzyndan gygyrdy. Ol atyny
çapyp barşyna, gamçysy bilen günorta tarapa yşarat etdi. Ýetginjegiň öňünde duran
atly Alhimikdi.
Ertesi gün irden elleri ýaragly iki muň adam Faýum jülgesindäki hurma
agaçlarynyň saýasynda jem boldy. Gözýetimde bäş ýüz sany urşujy peýda bolanda,
Gün gaty bir ýokary galmandy. Ýaraglaryny ak ýapynjalarynyň astynda gizläp, gowy
maksat bilen gelýän ýaly bolup görünmäge çalyşýan urşujylar jülgä demirgazyk
46
tarapdan aralaşdylar. Olar diňe serdarlaryň bolýan uly çadyryna ýakyn baranlaryndan
soň, herhili ýaraglaryny, egri gylyçlaryny ellerine aldylar. Ýöne çadyrda hiç kim
ýokdy.
Jülgäniň ýaşaýjylary çöl atlylarynyň daşyny gabadylar. Ýarym sagatdan soňra
dört ýüz togsan dokuz kişiniň jesedi çägäniň üstünde serlip ýatyrdy. Hurma
tokaýlygyna tarap alnyp gidilen çagalar, çadyrlardan çykman, ärleri üçin doga edýän
zenanlar bu elhençligi görmediler. Wepat bolanlaryň çalam-çaş bolup ýatan jesetleri
bolmadyk bolsa, jülge öňkülerinden tapawutlanjak däldi.
Diňe Faýum jülgesine kürsäp giren atlylaryň ýolbaşçysy diri galypdy. Ony
ýanlaryna alyp gelenlerinde, serdarlar ondan Adaty bozmaga het etmeginiň sebäbini
soradylar. Ol köpgünlük söweşlerden, açlykdan we teşnelikden lagar düşen
urşujylarynyň jülgäni basyp alyp, soňra urşa gaýtadan girişmek isländigini aýtdy.
Serdar urşujylaryň halyna gynanýandygyny, ýöne Adaty bozmaga hiç kimiň
hakynyň ýokdugyny ýatlatdy. Çölde diňe ýel, diňe çäge depeleriniň şekili üýtgeýär.
Galan zatlar bolsa bir durkuny ýitirmeýär.
Adaty bozan urşujylaryň baştutanyny masgaraçylykly ölüm bilen
jezalandyrdylar: ony güllä dözmäge-de, gylyçdan geçirmäge-de rowa görmän, guran
hurma agajyndan asdylar. Çölden öwüsýän ýel onuň jesedini kän wagtlap hallanlatdy.
Serdar keseki ýurtly ýetginjegi çagyryp, oňa elli altyn teňňäni gowşurdy. Soňra
ýene Yusuply wakany gürrüň berip, ondan Baş Maslahatçysy bolmagyny haýyş etdi.
Gün ýaşyp, asmanda öçügsije ýyldyzlar peýda bolanda (dolan Aý sebäpli
ýyldyzlar çala saýgarylýardy), Santýago günorta tarapy nazarlap ýola düşdi. Onuň
barýan tarapynda diňe ýekeje çadyr bolup, öňünden çykanlar oňa bu ýerleriň jynlaryň
ýaşaýan mekanydygyny duýdurýardylar. Ýöne ol çadyryň ýakynyna baryp çökdi-de,
garaşmaga başlady.
Alhimik peýda bolanda, Aý esli ýokary galypdy. Onuň eginlerinden iki sany
öli gyrgy asylgydy.
— Men bärde — diýip, Santýago seslendi.
— Bu ýere biderek gelipsiň. Ýoluň seni meniň ýanyma alyp geläýmelimi?
— Töwerekde uruş gidip dur. Çöli kesip geçmek ýeke özümiň elimden geljek
däl.
47
Alhimik atdan düşüp, eliniň yşaraty bilen ýetginjege çadyra girmegi mürähet
etdi. Serdarlaryň ertekilerdäki ýaly edilip bezelen çadyryny hasaba almasak, onuň
çadyry-da jülgäniň ýaşaýjylarynyňkydan tapawutlanmaýardy. Santýago gözüniň
gytagyny aýlap, güýçli odada çydaýan demir eredilýän gazandyr küräni, himiki
tejribeler geçirilýän çüýşe gaplary görmek isledi. Ýöne sahypalary dagan birnäçe
kitapdan, ýüzlerine geň-enaýy suratlar çekilen we halynyň ýüzüni tutup ýatan
kagyzlardan başga gözüne ilen zat bolmady.
— Otur, men häzir çaý gaýnadaýyn — diýip, Alhimik oňa ýüzlendi. — Şu
gyrgylary bişirinip agşamlyk edineris.
Ýetginjek bu guşlaryň düýn asmanda synlan guşlarydygyny güman etse-de,
sesini çykarmady. Alhimik ojakda ot ýakdy, basym çadyryň içi gowrulan etiň
ýakymly ysyndan doldy. Ol nargiläniň ysyndan has ýakymlydy.
— Meni nämüçin görmekçi bolduň? — diýip, ýetginjek ahyry dil ýardy.
— Belanyň körügi yşaratlarda. Ýel maňa geljekdigiňi, meniň kömegime mätäç
boljakdygyňy habar berdi.
— Seniň diýýän adamyň men däl. Ol başga bir ýolagçy — iňlis. Seni gözleýän
şoldy.
— Ol meni tapýança, başga-da köp kişiler bilen duşuşmaly bolar. Ýöne ol
dogry ýolda. Ol şindi kitaplardan başga-da käbir zatlary görmäge başlady.
— A men näme?
— Sen bir zady etmegi ýüregiňe düwseň, tutuş Älem seniň arzuwyňa ýetmegiň
üçin ýardamçyň bolar — diýip, Alhimik goja Melhisedegiň sözlerini gaýtalady.
Ýetginjek Öz Ýoluny tapmagyna kömek etjek ýene bir kişiniň öz alnyndan çykanyny
bildi.
— Sen meni okatjakmy? — diýip, ol Alhimikden sorady.
— Ýok. Sen eýýäm özüňe gerek zatlary bilýäň. Men diňe seniň maksadyňa
ýetmegiňi, öz hazynaňa gowuşmagyňy aňsatlaşdyraryn.
— Ýöne çölde uruş gidip dur ahyryn — diýip, Santýago aladasyny aýan etdi.
— Men çöle belet.
48
— Men eýýäm gözleýän hazynamy tapdym. Meniň düýäm, jäç önümleriň
söwdasyny edip gazanan pulum, elli sany altyn teňňäm bar. Ýurduma dolanyp
barsam, men baý saýylaryn.
— Ýöne bularyň hemmesi seni piramidalara bir ädimem golaýlaşdyranok
ahyryn — diýip, Alhimik ony akylyna aýlamaga çalyşdy.
— Meniň Patmam bar. Ol dünýäniň bar baýlygyna degýär.
— Onuň bolýan ýerinden piramidalara çenli esli aralyk bar.
Olar gürrüňleriniň arasyny kesip, garbanmaga başladylar. Alhimik bir çüýşäniň
dykysyny sogrup alyp, onuň içindäki haýsydyr bir gyzyl reňkli suwuklygy käsä
guýdy. Ol şerap ekeni. Ýetginjek munuň ýaly üýtgeşik şeraby henize-bu güne çenli
dadyp görmändi. Ýöne Kanun şerap içmegi gadagan edýär ahyryn.
— Adamyň agzyndan içeri girýän zatlarda dälde, agzyndan daşary çykýan
zatlarda şer bar — diýip, Alhimik seslendi.
Içen şeraby Santýagonyň şähdini açdy. Ýöne ol çadyryň eýesinden öňküsi ýaly
eýmenýärdi. Olar çadyra giräýen ýerlerinde ýanaşyk oturyşlaryna, dolan Aýyň
yşygynda ýyldyzlaryň öçügsilenişlerine syn edip otyrdylar.
— Ýene şerap owurtla, bu saňa rahatlyk berer — diýip, şerabyň ýetginjege
eden täsiri gözünden sypmadyk Alhimik dillendi. — Özüňi söweşe taýýarlanýan
esgerdirin öýt-de, güýç toplajak bol. Ýöne ýüregiň hazynanyň ýanyndadygyny
unutma. Ony bolsa sen hökman tapaýmaly, çünki ony tapmak üçin şunça ýol geçip
öwrenen, duýan zatlaryň diňe şeýdeňde, bir mana eýe bolup biler.
— Ertir düýäňi sat-da, at satyn al. Düýelere düşünmek kyn bolýar. Olar
armany-ýadamany bilmän uzak menzilleri aşýarlar-da, birdenem, dyzlaryna çöküp,
ölüp galaýýarlar. At bolsa güýçden ýuwaş-ýuwaş gaçýar. Onuň ýene näçe wagtlap
çapyp biljekdigini, haçan heläk boljakdygyny hemişe öňünden bilip oturmaly.
Ýene bir gün geçip gitdi. Santýago satyn alan atyny idip, agşamara Alhimigiň
çadyrynyň ýanyna bardy. Tiz wagtdan çadyryň eýesi-de peýda bolup, atyna atlandy.
Laçyn hem öz ornunda — onuň çep egninde omaşdy.
— Maňa çöl durmuşyny görkez — diýip, Alhimik seslendi. — Diňe bu ýerdäki
durmuşyň aýratynlygyna akyl ýetiren adam hazynany tapyp biler.
49
Olar Aýyň yşygynda agaryp görünýän çägeli ýoly syryp ugradylar. «Bu maňa
asla başartmasa gerek — diýip, Santýago içini gepletdi. — Çöle düýbünden
beletçiligim ýok, ondan ýaşaýyş alamatlaryny tapmak maňa başartjak zat däl».
Ol Alhimige tarap öwrülip, oňa bu pikirini mälim etmek islese-de, beýle
etmäge çekindi. Olar ýetginjegiň gyrgylaryň uçuşyny synlan ýerindäki daşlaryň
deňine ýetdiler.
— Başaran zadym bolmaz öýdüp gorkýan — diýip, ýüregini bire baglan
Santýago dillendi. — Men çölde ýaşaýşyň bardygyny bilýän, ýöne ony tapyp
biljegime ynamym ýok.
— Ýaşaýyş ýaşaýşy özüne çekýändir — diýip, Alhimik oňa jogap berdi.
Ýetginjek onuň näme diýjek bolýanyna düşündi-de atynyň jylawyny gowşatdy.
At çägelikleri, daşlyk ýerleri yzda goýup barşyna, ýörejek ýoluny özi saýlamaga
başlady. Alhimik yzdan gelýärdi. Şeýlelik bilen ýarym sagat geçdi. Hurma
tokaýlyklary uzaklarda gözden gaýyp bolupdy. Äpet Aýyň yşygynda kümüş çaýylan
ýaly bolup lowurdaýan çäge depelerinden beýleki zatlaryň bary ýitirim boldy.
Santýagonyň aty ahyry aýak çekdi — bu ýer ýetginjegiň öň gören ýeri däldi.
— Şu ýerde ýaşaýyş bar — diýip, ol Alhimige ýüzlendi. — Men çölüň diline
düşünemok, ýöne atym ýaşaýşyň dilinden habarly.
Olar atdan indiler. Alhimik sesini çykarmaýardy. Ol daşlara gözüniň gytagyny
aýlap, ýöräp barýardy. Birdenkä-de aýak çekip, usullyk bilen aşak egildi. Daşlaryň
arasynda bir hin garalyp görünýärdi. Ol ilki hine barmagyny sokup gördi, soňra bolsa
eli egnine çenli hiniň içinde ýitirim boldy. Hiniň içinde bir zat müňňüldäp giden ýaly
boldy we Santýago Alhimigiň gözlerindäki (onuň diňe gözlerini görüp bilýärdi)
dartgynly bir garaýşy aňşyrdy: ol biri bilen güýç synanyşýana çalym edýärdi. Soňra
bolsa Santýagony tisginip gitmäge mejbur eden çaltlyk bilen elini hinden çekip alyp,
aýak üstüne galdy. Ol ýylanyň guýrugyndan tutup durdy.
Santýago hem böküp turup yza çekildi. Ýylan haşşyldysy bilen çöl
ümsümligini sal-sal edip, Alhimigiň elinde iki ýana urunýardy. Bu — zäheri sanlyja
minutda adamy öldürmäge ukyply kepjebaşdy.
Santýagonyň kellesinde: «Ol nädip beýle batyr bolup bilýärkä?» diýen pikir
peýda boldy. Ýylanyň hinine elini sokan Alhimigiň diri galmak umydy ýokdy, ýöne
onuň ýüzüniň bir damaram tirsildemedi. Santýago iňlisiň: «Ol iki ýüz ýaşynda» diýen
50
sözlerini aňynda aýlady. Diýmek, ol çöldäki ýylanlara çemeleşmegiň tärlerinden
habarly bolmaly.
Ine, Alhimik öz atynyň ýanyna bardy-da, ganjyga bilen eýere baglanan
uzyndan egri gylyjyny gynyndan sogrup aldy. Ol çägäniň ýüzünde tegelek çyzyp,
bada-bat ümsümleşen kepjebaşy onuň ortarasyna taşlady.
— Gorkma — diýip, ol ýetginjege ýüzlendi. — Ýylan bu ýerden çykyp bilmez.
Sen bolsa çölde ýaşaýşyň bardygynyň şaýady bolduň. Maňa geregi-de şudy.
— Eýsem bu şeýle möhümmidi?
— Bu örän möhümdi. Piramidalaryň daşyny çöl gurşap ýatyr.
Santýagonyň piramidalar hakdaky gürrüňe dolanmak meýli ýokdy — düýn
agşamdan bäri onuň ýüreginden daş asylan ýalydy. Hazynany gözlemäge gitse,
Patmany ýitirmeli boljakdy.
— Saňa özüm ýolbelet bolaryn — diýip, Alhimik seslendi.
— Jülgede galsam, meniň üçin gowy bolardy — diýip, Santýago oňa jogap
berdi.
— Patma — çöl perzendi. Erkek kişileriň yzlaryna dolanmak üçin
gidýändiklerini onuň bilmejek gümany barmy. Ol hem öz hazynasyny — seni tapdy.
Häzir bolsa seniň öz gözleýän zadyňy tapmagyňa umyt baglaýar.
— Men galmak kararyna gelsem näme?
— Onda sen serdaryň Maslahatçysy bolarsyň. Seniň kän-kän dowarlardyr
düýeleri satyn almaga ýetjek altynyň bolar. Patma öýlenersiň, bir ýyllap onuň bilen
bagtly ömür sürersiň. Sen çöli söýmegi öwrenersiň, elli müň düýp hurma agajynyň
her birini beýlekilerden tapawutlandyrmagy başararsyň. Olaryň dünýäniň yzygiderli
üýtgäp durandygyny subut edip boý alýandygyna düşünersiň. Yşaratlardan güngünden gowy baş çykaryp ugrarsyň, çünki çölden gowy halypa ýok.
Ýöne bir ýyly arka atanyňdan soň, hazyna ýadyňa düşer. Yşaratlar irmänarman oňa tarap ümlär, sen bolsa muňa üns bermejek bolup jan edip, öz akyl ýetiriş
ukybyňy jülgäniň ýaşaýjylarynyň abadançylygy üçin sarp edersiň. Serdarlar munuň
üçin gadyryňy-da bilerler. Sen köpsanly dowara, düýä we uly baýlyga eýe bolarsyň.
Şeýdip, ýene bir ýyl yzda galar. Yşaratlar, edil öňküsi ýaly, hazyna we Ýol
barada ýatlatmagyny dowam ederler. Sen gijeleriňi jülgede entäp geçirersiň, Patma
51
bolsa gam-gussa batar. Çünki seni ýoluňdan alyp goýan şoldy ahyryn. Ýöne söýgiňizi
welin, birek-birekden gysganmarsyňyz. Sen onuň galmagyňy bir gezegem haýyş
etmändigini, çünki çöl zenanlarynyň öz ärlerine garaşmagy başarýandygyny
ýatlarsyň. Ony günäkärlär ýaly birje delilem tapmarsyň. Ýöne sen tirkeşip gelýän
gijeleri çölde we hurmalaryň arasynda gezmeläp geçirmegi dowam edersiň hem-de
Patmany söýýändigiňe çyndan ynanan bolsaň, öz ýoluňa gitmäge ýürek edip
biläýmegiň hem ahmal ekendigi barada pikire batarsyň. Çünki seni jülgä baglap
goýan zat gorkudyr — sen bu ýere gaýdyp dolanman öýdüp gorkýarsyň.
Dördünji ýylam gelip ýetip, yşaratlar bir ýerlere zym-zyýat bolarlar. Sebäbi
şindi olary aňşyrmak hem isleýän dälsiň. Muňa göz ýetiren serdarlar seniň
hyzmatyňdan ýüz öwrerler. Ýöne sen şol wagta çenli baý täjire öwrülersiň, köpsanly
dükanlaryň, süri-süri düýeleriň bolar. Soňra-da, ömrüň ahyr bolýança, hurmalaryň,
çöl depeleriniň arasynda aýlanmagyňy goýmarsyň, özüňem Öz Ýoluň bilen
gitmändigiňi, indi bolsa beýtmäge giçdigini her pursatda ýada salar durarsyň.
Şeýlelik bilen, sen adamyň Öz Ýoluny tapmagyna söýginiň päsgel berip
bilmejekdigine düşünmänjik geçersiň. Söýginiň oňa päsgel berýän halatlary duş
gelýän bolsa, diýmek, ol hakyky söýgi — Ählumumy Dilde gürleýän söýgi däldir.
Alhimik sözüni tamamlady. Ol çägede çyzan tegeleginiň bir gyrasyny bozdy
welin, kepjebaş şol ýerden çykyp, daşlaryň arasyna siňip gitdi. Ömrüni Mekgä
zyýarat etmegi arzuwlap geçiren Söwdagär, Alhimigiň gözlegine çykan iňlis şu wagt
Santýagonyň ýadyna düşdi. Ol çölüň öz söýmek islän adamyny günleriň birinde
alnyndan çykarjagyna ynanýan gyzy hem ýatlady.
Olar ýene atlandylar. Bu gezek Alhimik ýola başlady. Ýel jülgäniň
ýaşaýjylarynyň sesini olaryň gulagyna ýetirdi. Ýetginjek şol sesleriň arasyndan
Patmanyň sesini tapawutlandyrmaga çalyşdy. Jülgede bolup geçen söweş sebäpli ol
düýn Patma bilen guýynyň başynda duşuşyp bilmändi.
Ýöne öten gije ol tegelek çyzygyň serhedini bozmaga milt edip bilmedik
kepjebaşy synlady, egninde laçyn oturan şu syrly adamyň hazyna, çöl zenanlary we
Öz Ýoly barada aýdanlaryny diňledi.
— Men seniň bilen gitjek — diýip, Santýago aýgytly karara geldi, şol pursadyň
özünde kalbyna rahatlygyň aralaşandygyny duýdy.
— Biz ýola ertir irden, töwerek heniz garaňky wagty çykarys.
Ol Alhimikden başga ýeke söz hem alyp bilmedi.
52
Gije onuň gözüne uky gelmedi. Ol Gün dogmagyna iki sagat çemesi wagt
galanda, özi bilen bir çadyrda ýatan ýetginjekleriň birini oýardy-da, Patmanyň
ýaşaýan ýerini görkezmegini ondan haýyş etdi. Ýetginjek Santýagonyň ýany bilen
gitdi. Oňa bolan minnetdarlygyny aňlatmak üçin ol ýolbeledine bir goýun satyn alyp
bolaýjak mukdarda pul sowgat berdi. Soňra ondan gyzy oýaryp, özüniň oňa garaşyp
durandygyny aýtmagy haýyş etdi. Ýetginjek arap onuň bu haýyşyny hem ýerine
ýetirip, ýene bir goýun satyn alyp boljak pul gazandy.
— Indi bolsa bizi ýalňyz galdyr — diýip, Santýago oňa ýüzlendi. Ýetginjek hut
Maslahatçynyň özüne kömek edendigine buýsanyp, goýun satyn alar ýaly pully
bolanyna begenip, öz bolýan çadyryna dolanyp bardy-da, uklamak bilen boldy.
Ine-de, Patma peýda boldy. Olar hurma tokaýlygyna tarap gitdiler. Santýago
Adaty bozýanyna düşünýärdi, ýöne indi onuň hiç hili ähmiýeti galmandy.
— Men gidýärin — diýip, ol dymyşlygy bozdy.
— Ýöne bir zady bilip goýmagyňy isleýän: men gaýdyp gelerin. Men seni
söýýän, çünki...
— Bir zatlar aýtmagyň asla geregi ýok — diýip, gyz onuň sözüni böldi. —
Adamlar söýýändigi üçin söýýärler. Bar bolany şü. Söýgi delilleri ykrar etmeýär.
Ýöne Santýago lal-jim bolaýmady:
— ...çünki düýş gördüm, Melhisedek şa bilen duşuşdym, jäç önümleriň
söwdasyny etdim, çöli kesip geçdim, uruş başlananda jülgä gelip düşdüm we guýyň
başynda senden Alhimigiň ýaşaýan ýerini soradym. Tutuş älemiň biziň
duşuşmagymyza ýardam berendigi üçin men seni söýýän.
Olar gujaklaşdylar we bedenleri ilkinji gezek biri-birine galtaşdy.
— Men gaýdyp gelerin — diýip, Santýago öňki aýdanyny gaýtalady.
— Men öňler çöli arzuw bilen synlardym, indi bolsa umyt bilen oňa tarap
serederin. Kakam kän gezek çöle çykypdy, ýöne her gezek ejemiň ýanyna dolanardy.
Ine, bar bolan gep-gürrüň şudy. Olar hurmalara duwlanyp ýene birnäçe ädim
ätdiler. Soňra bolsa Santýago Patmany ýaşaýan çadyryna çenli ugratdy.
— Men seň kakaň dolanyşy ýaly, dolanyp gelerin.
Ol gyzyň gözleriniň ýaşa dolandygyny gördi.
53
— Sen aglaýaňmy?
— Men — çöl gyzy — diýip, ol ýüzüni gizläp seslendi. — Ýöne bar zatdan
öňürti men ýöne bir gyz maşgala ahyryn.
Gyz çadyryň tutusynyň aňyrsynda gaýyp boldy. Eýýäm daň ataňkyrlapdy. Gün
dogan badyna Patma daş çykyp, köp ýyllardan bäri edip gelýän işi bilen meşgul
bolar. Ýöne indiden beýläk bar zat başgaça bolar. Santýago jülgäni terk etdi. Indi
jülge onuň üçin öňki ähmiýetini ýitirer. Ol öňler — ýap-ýaňy diýseňem boljak — elli
müň düýp hurma agajynyň ösüp oturan, uzak-uzak ýol ýöräp tapdan düşen
ýolagçylaryň uly şatlyk bilen özlerine tarap howlukmagyna sebäp bolýan üç ýüz
guýynyň ýerleşýän ýeridi. Şu günden şeýläk bolsa ol gyz üçin gugaryp galan mekana
döner.
Şu günden başlap, çöl has gymmatly bolar. Patma öz hazynasynyň yzyny çalyp
barýan Santýagonyň ýüzüniň haýsy ýyldyza tarap bakýandygyny çak bilen bilmäge
çalşyp, hälişindi çöl tarapa garar. Ol söýgülisiniň ýüzüne galtaşmagyny we özüniň
diridigini, oňa garaşýandygyny habar bermegini umyt edip, ýelden posa ugradar. Şu
günden başlap, çöl Patma üçin diňe bir zady aňladar: Santýago şol tarapdan öz
ýanyna dolanyp gelmeli.
Çöli külterläp ugranlarynda Alhimik:
— Yzyňda galanlar hakda oýlanmaňy bes et — diýip, oňa maslahat berdi. —
Eýýäm bar zat Jahanyň Kalbynda ornuny aldy, şol ýerde ömürbaky galar.
— Adamlar ýola çykmaga garanyňda, dolanyp gelmek barada has köp arzuw
edýärler — diýip, çöl ümsümligine gaýtadan öwrenişip başlan Santýago oňa jogap
gaýtardy.
— Tapan zadyň gowy esasly bir zat bolsa, oňa hiç bir peläket zyýan ýetirip
bilmez. Şeýle bolanda, sen arkaýyn oňa dolanmagyň aladasyny edip bilersiň. Eger ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Alhimik - 5
  • Parts
  • Alhimik - 1
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2037
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 2
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1965
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 3
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2009
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 4
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 1997
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 5
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1938
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 6
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1966
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 7
    Total number of words is 170
    Total number of unique words is 144
    46.4 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    63.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.