Latin

Alhimik - 1

Total number of words is 3696
Total number of unique words is 2037
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Paulo Koelio 1947-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde
dünýä indi. Ýazyjylyk bilen çynlakaý meşgullanmak kararyna gelmezden öň
dramaturg, teatr režissýory bolup işledi.
Ilkinji uly seslenme döreden «Zyýarat» atly romany 1987-nji ýylda neşir
edildi.
1988-nji ýylda neşir edilen «Alhimik» atly romany bolsa Paulo Koelionyň
ussat Gabriel Garsia Markesden soň, dünýäniň iň köp okalýan latyn amerikaly
ýazyjysy diýlip ykrar edilmegine getirdi. P. Koelionyň häzirki güne çenli 16
kitaby neşir edildi. Ýazyjynyň iň meşhur eserleri «Brida», «Walkiriýa», «Piedra
derýasynyň kenarynda oturdym, agladym», «Bäşinji dag» we «Weronika
amanadyny tabşyrmak isleýär» ýaly romanlary hasaplanylýar. Onuň «Alhimik»
romanynyň dürli dillerde neşir edilen umumy nusgalygy 300 milliondan hem
geçdi. Ýazyjy bu eseri üçin dürli ýurtlaryň edebiýat baýraklaryna mynasyp
boldy.
Häzirki döwürde P. Koelio aýaly Kristina bilen Rio-de Žaneýroda ýaşaýar.
Şunlukda, ýazyjynyň meşhur «Alhimik» romanynyň terjime edilen
dilleriniň sany ýene-de artdy — ol türkmen dilinde ilkinji gezek çap edilýär.
1
Alhimik
Giriş
Ýekeje sözi-de toslama bolmadyk
«Jadygöýüň
gündeligi»
atly
eserimden
1
tapawutlylykda, «Alhimigiň » göçme manyly
kitapdygyny okyja habar bermegi borjum
hasaplaýaryn. Ömrümiň on bir ýylyny
alhimiýany
öwrenmäge
bagyşladym.
Jadygöýlik bilen ýaňy meşgullanyp başlan
adamy, metaly altyna öwrüp boljakdygy ýa-da
Dirilik Suwuny ýasamagyň mümkindigi
hakdaky pikiriň bir özi hem çakdanaşa
imrindirip biler. Dirilik Suwuny tapmak
pikiriniň maňa has güýçli täsir edendigini boýnuma almalydyryn, çünki haçanda
bolsa bir wagt bar zadyň soňunyň geljekdigi hakdaky pikir Hudaýyň bardygyna akyl
ýetirýänçäm we ony kalbym bilen tassyklaýançam, maňa çekip-çydap bolmajak bir
hakykat bolup görünýärdi Zemindäki ömrümizi uzak-uzak ýyllara ýetirmäge ukyply
haýsydyr bir suwuklygy ýasamagyň mümkindigini bilip, ömrümi şol dermanyň
ugrunda pida etmegi ýüregime düwdüm. Men bu işe ýetmişinji ýyllaryň başlarynda,
durmuşda uly özgertmeleriň amala aşyrylýan eýýamynda baş goşdum. Şol döwürde
heniz alhimiýa boýunça çynlakaý ylmy şler ýokdy. Men, şu kitabyň
gahrymanlarynyň biriniň özüni alyp barşy ýaly edip, ujypsyzja baýlygymy daşary
ýurtlarda neşir edilen kitaplary satyn almak üçin, wagtymy bolsa şol kitaplardaky
çylşyrymly göçme manyly sözleriň manysyny tirmäge harçladym. Rio-de-Žaneýroda
Beýik Eser bilen çynlakaý meşgullanýan iküç sany alymyň salgyny alan hem bolsam,
olar meniň bilen duşuşmak islemediler. Men özlerini alhimik diýip atlandyrýan,
barlaghanalara eýe bolan we ummasyz baýlygyň öwezine öz sungatynyň syryny açyp
biljekdiklerini aýdýan adamlar bilen hem duşuşdym. Men şindi olaryň maňa
1
Alhimik – alhimiýa bilen meşgullanýan adam. «Alhimiýa» sözi grek dilindäki «chemeia» sözi
bilen baglanyşdyrylýan «al-kimiýa» diýen arap sözünden ýasalypdyr. Alhimiýa Günbatar
Ýewropada giçki orta asyr eýýamynda giňden ýaýran ýarym ylmy, ýarym jadygöýlük häsiýetli
mistiki taglymatdyr. Ol ylmy himiýanyň gözbaşynda durmak bilen, adaty metallary altyna we
kümşe öwürmegiň, ähli keselleriň dermanyny tapmagyň täsin serişdesi hasap edilýän pelsepe
daşyny agtaryp tapmaga gönükdirilendir.
2
öwretmekçi bolýan zatlary barada özleriniň hem jinnek ýaly düşünjeleriniň
bolmandygyna akyl ýetirýärin.
Meniň yhlasym we odukmagym boşuna gitdi. Sansyz nyşanlardan:
aždarhalardan, Günlerden, Aýlardan hyryn-dykyn bolan alhimiýa okuw kitaplarynda
yşarat dili bilen tekrarlanýan zatlaryň birini hem amala aşyrmak başartmady.
Ümzügimiň ters tarapadygy baradaky güman meni bir pursat hem terk etmeýärdi,
çünki göçme manyly nyşanlaryň dili olara ýalňyş düşünilmegi üçin giň ýol açýardy.
1973-nji ýylda, agtaryşlarymyň bir ädim hem öňe ilerlemändigi sebäpli umytdan
düşmek bilen uly bir jogapkärçiliksizlige baş urdum. Şol döwürde Matu-Grossu
ştatynyň Bilim müdirliginiň maňa teatr sungaty boýunça sapak bermegi teklip etmegi
bilen, Zümerret Skrižal mowzugy boýunça «barlaghana» sahna oýunlaryny goýmaga
öz talyplarymy çekdim. Bu maňa arzan düşmedi. Şular ýaly synanyşyklar
jadygöýlügiň typançak zemininde aýak üstünde durjak bolup edýän beýleki
synanyşyklarym bilen birlikde, bary-ýogy bir ýyl geçeninden soňra, «Başlangyjy bar
zadyň ahyry hem bolýar» diýen atalar sözüniň dogrudygyna öz tejribämde göz
ýetirmegime sebäp boldy. Ömrümiň şondan soňky alty ýylynda mistika bilen bagly
zatlaryň hemmesine ynam etmämi düýbünden diýen ýaly goýdum. Bu ruhy sürgün
mahaly özüm üçin zerur bolan birnäçe möhüm açyş etdim: biz haýsydyr bir hakykat
bilen diňe ony tüýs ýüregimizden ret edenimizden soň ylalaşýarys; ykbalyňdan gaçyp
gutuljak gümanyň ýok; Haktagala hasaby berk soraýar, ýöne onuň rehmeti çäksiz.
1981-nji ýylda men öz Halypamy tapdym. Öňki terk eden ýoluma gaýtaryp
getirmek şonuň nesibesi eken. Onuň aýak diräp durmagy bilen, kellämi etegime
salyp, alhimiýany öwrenip başladym. Bir gezek agşamara, telepatiýa bilen
meşgullanyp ýagşy surnuganymdan soňra, men ondan alhimikleriň öz pikirlerini
şeýle çylşyrymly we gümürtik beýan edişleriniň sebäbini soradym.
— Alhimikleriň üç hili topary bar, — diýip, ol jogap bermäge başlady. —
Olaryň käbirleri näme bilen meşgullanýandyklaryny bilmeýändikleri üçin
gümürtiklige ýykgyn edýärler. Beýlekiler ony bilýärler, ýöne şonuň bilen birlikde
alhimiýanyň diliniň adamyň aňyna däl-de, kalbyna täsir edýändiginden hem olar
habarly.
— Üçünji topar barada näme diýersiň? — diýip, men ýene sowal berdim.
— Üçünji topara girýänler alhimiýa barada hiç zat eşitmedik hem bolsalar, olar
ömürlerini orta goýup, Pelsepe Daşyny tapmagy başardylar.
3
Şu gürrüňçilikden soňra ikinji topara girýän Halypam maňa alhimiýadan sapak
bermegi ýüregine düwdi. Onuň göçme manyly nyşanlardan ybarat bolan we kän
gezek aňymy garjaşdyran, meni şeýle birahat edýän diliniň Jahanyň Kalbyna ýada
Ýunguň atlandyryşy ýaly, «köpçülikleýin aňsyzlyk» diýilýänine akyl ýetirmegiň
ýeke-täk ýoludygyna göz ýetirdim. Men Öz Ýolumy tapdym we Hudaýyň
Sypatlaryny — örän sadadyklary sebäpli aň-düşünjämiň kabul etmejek bolup
çytraşan hakykatlaryny aňşyrmaga başladym. Men Ýaradylyşyň Beýik Syryna akyl
ýetirjek bolmagyň saýlantgy kişileriň däl-de, Ýeriň ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň
wezipesidigini bildim. Ýaradylyşyň Beýik Syry biziň öňümizden mydama
ýumurtganyň we suwuklyk guýlan gabyň şekilinde çykaýanok, ýöne her birimiziň
Jahanyň Kalbyna aralaşmaga ukyplydygymyz barada birjik hem şübhelenmese bolar.
Göçme mana eýe bolan «Alhimigi» hem şu sebäbe görä göçme manyly kitap
hasaplamaly. Men onuň sahypalarynda diňe bir şu mesele boýunça öwrenen
zatlarymy beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, Ählumumy Dilde gürlemegi başaran
Hemingueý, Bleýk, Borhes (ol hem hekaýalarynyň birinde Persiýa bilen bagly bir
wakany beýan edipdi), Malba Tagan ýaly uly ýazyjylara mynasyp baha bermäge
çalyşýaryn.
Has uzalyp barýan sözbaşymyň ahyrynda Halypamyň alhimikleriň üçünji
toparyna kimi degişli hasaplandygyny düşündirmek maksady bilen, onuň bir gezek
barlaghanada wagtymyz maňa gürrüň beren wakasyny ýatlaýyn.
Bir gezek Merýem enemiz körpeje Isany elinde göterip, monahlaryň ýaşaýan
mekanlarynyň birine baryp görmekçi bolupdyr. Badyhowa monahlar hatara düzlüp,
her biri gezekli-gezegine onuň hormatyna öz başarnyklaryny görkezmäge
başlapdyrlar. Biri öz ýazan şygryny okapdyr, beýlekisi Injili çuňňur öwrenendigini
görkezmäge çalşypdyr, ýene biri ýagşyzadalaryň hemmesiniň atlaryny sanap beripdir.
Olar güýçleriniň ýetişine we başarnyklaryna görä Bibi Merýemi we körpeje Isany
şeýdip hormatlapdyrlar. Iň soňunda gezek Mukaddes Kitapda ýazylanlary hem ýat
tutup bilmeýän egnigysyk we nebsagyrgynç bir monahjyga ýetipdir. Onuň ene-atasy
sowatsyz bolup, sirkde çykyş edýän ekenler we ogullaryna diňe şarjagazlary birlikde
zyňyp gapmagy we beýleki hokgalary öwredipdirler. Gezek şoňa ýeten mahaly,
monahlar dabarany tamamlamakçy bolupdyrlar, çünki ol Bibi Merýeme suwutly bir
zat aýdyp bilmejekdi. Onuň elinden geläýjek zat diňe şu monastyryň abraýyny ýere
çalmakdy. Ýöne bu monahjyk Merýem enemize we körpeje Isa özüniň başarýanja bir
zadyny bagyşlamasa ynjalmajagyny duýupdyr.
4
Ine, ol meslekdeşleriniň gyjytly nazarynyň astynda has hem aljyrap, kisesinden
birnäçe apelsin çykarypdyr we şolary zyňyp-gapmaga başlapdyr, ýagny, özüniň
başarýan ýeke-täk işini edipdir.
Öň bir bolşuny üýtgetmedik Isa diňe şol pursatda ýylgyrypdyr we ellerini
çarpmaga başlapdyr. Bibi Merýem ogluny şol görgüli monahjyga uzadyp, ony elinde
götermäge rugsat beripdir.
Ýaradylyşyň Beýik Syryna akyl
ýetirmegi başaran alhimik Ž.-e
bagyşlanýar.
«Gidip barşyna, Ol bir obanyň üstünden bardy. Şol ýerde Marfa atly bir zenan
maşgala Ony öýüne myhman aldy. Onuň Mariýa atly uýasy Isanyň öňünde çök düşüp,
Onuň sözüni diňleýärdi.
Marfanyň bolsa esasy gaýgysy bol hödür-kerem etmekdi. Ol Isanyň huzuryna
gelip: «Uýamyň maňa kömekleşmeýändigi Sizi hiç hem alada goýmaýarmy? Ony
maňa kömekleşer ýaly etseňiz-le» diýdi.
Isa oňa: «Ah, Marfa, Marfa! Sen köp zadyň aladasyny edip, köp zat barada
ýanyp-bişýärsiň. Adama bolsa diňe birzat gerek. Mariýa hiç wagt mahrum
bolmajagyny iň gowusyny saýlap aldy» diýip jogap berdi».
Lukanyň gürrüň beren Injili, 10; 38-48.
Gepbaşy
Alhimik ýolagçylaryň biriniň öz ýany bilen alyp gelen kitabyny eline aldy. Jildi
gopan hem bolsa, ol kitabyň Oskar Uaýldyň galamyna degişlidigini bildi. Kitabyň
sahypalaryny agtaryp oturyşyna-da, Narsis hakdaky hekaýatyň üstünden bardy.
Alhimik öz gözelligine guwanyp, çeşmäniň suwunyň ýüzüne düşýän keşbine
uzakly günläp aňkaryp oturan görmegeý ýetginjek hakdaky rowaýatdan habarlydy.
5
Ahyry ol suwa ýykylýar hem gark bolýar. Şondan soňra çeşmäniň kenarynda bir gül
gögerip çykýar we oňa wepat bolan ýetginjegiň adyny dakýarlar.
Ýöne Oskar Uaýld bu wakany başgaça beýan edipdir.
«Narsis wepat bolanda, tokaý perileri bolan driatlar çeşmäniň gözýaş dökmegi
sebäpli, onuň süýji suwunyň şorlaşandygyny bildiler.
— Näme üçin aglaýarsyň? — diýip, driatlar çeşmeden soradylar.
— Men Narsisiň agysyny aglaýaryn — diýip, çeşme olara jogap berdi.
— Muny geň görüp oturasy iş ýok — diýip, driatlar seslendiler. — Onsoňam ol
tokaýyň içi bilen geçip gidende, biz mydama yzyndan ylgap, diňe ýeňsesini görüp
galýardyk. Onuň gözelligini ýakyndan synlan diňe sensiň.
— Ol görmegeýmidi? — diýip, çeşme-de öz gezeginde sorady.
— Ony senden gowy biljek kim bar? — diýşip, tokaý perileri geň galdylar. —
Seniň kenaryňda durup, suwuňa seredip gününi geçirýän şol dälmidi näme?
Çeşme esli wagtlap dymanyndan soňra, ahyry dillendi:
— Men onuň şeýle görmegeýdigini hiç mahal bilmedik hem bolsam, Narsis
üçin gözýaş dökýärin».
«Nähili täsin hekaýat» diýip, Alhimik oýa batdy.
BIRINJI BAP
Ýetginjegiň adyny Santýago diýip tutýardylar. Ol terk edilen hem-de ýarpy
bölegi weýran bolan ybadathananyň golaýyna öz dowarlaryny sürüp eltende, iňrik
garalyp ugrapdy. Ybadathananyň gümmezi bireýýäm içine çöküpdi, birmahal
riznisanyň (keşişleriň geýim-gejimleri we kilisäniň esbaplary saklanýan jaý) ýerleşen
ýerinde bolsa, äpet injir agajy seleňläp otyrdy.
Şol ýerde gijäni geçirmek maksady bilen, ol dowarlaryny lagşan gapydan içeri
saldy, olar daşaryk çykmaz ýaly, çykalga agaç böleklerini görmedi. Golaý-goltumda
möjeklere duş gelinmeýärdi, ýöne dowarlar käte pytrap, azaşan owlajygy tapmak
üçin uzyn günläp selpelýän halatlary bolýardy.
6
Santýago keltekçesini ýere düşäp, golaýda okap çykan kitabyny ýassyk edindide uzandy. Gözleri ýumiup barýarka, ol indiki gezek ýanyna kütüräk kitap
almalydygyny, şonda onuň has köp wagtlap okamaga ýetip, üstesine-de has gowy
ýassyk boljakdygyny aňynda aýlady.
Ol gözlerini açanda töwerek heniz garaňkydy we sal-sal bolup duran üçekden
ýyldyzlar aýyi-saýyl görünýärdi.
«Ýene biraz uklap bolsady» diýip, Santýago gözlerini ýumdy. Ol ýene geçen
hepdedäki düýşüni gördi we ýene-de onuň soňuna ýetmek oňa nesip etmedi.
Ol ýerinden turup, şerap owurtlady. Soňra çopan taýagyna elini ýetirip, uklap
ýatan dowarlary dürtgülemäge başlady. Ýöne dowarlaryň köpüsi, çopan bilen bu
janawerleriň arasynda syrly bir baglanyşyk bar ýaly, ol gözüni açan badyna eýýäm
aýak üstüne galypdy. Ýetginjek indi iki ýyl bäri suwuň, otuň bolrak ýerini gözläp,
dowarlary bilen birlikde ondan-oňa göçüp-gonup ýördi. Ol içinden: «Maňa şeýle bir
öwrenişipdirler welin, edim-gylymyma çenli belet bolupdyrlar» diýdi. Biraz
pikirlenip duranyndan soň bolsa, munuň tersinedigi, özüniň dowarlaryň edähedine
uýgunlaşandygy baradaky netijä geldi.
Ýöne käbir dowarlaryň gozganmak meýli ýokdy. Ol çopan taýagyny şolara
degrip, ýeke-ýekeden atlaryny tutmaga başlady. Ol dowarlaryň öz aýdan her bir
sözüne aňryýany bilen düşünýändiklerine berk ynanýardy. Şol sebäpli hem
kitapçalaryň göwnüne has beter ýaran ýerlerini olara käte daşyndan okap bererdi ýada çopanyň maňlaýyna ýazylanyň ýekelikdigini, onuň durmuşynda şatlanmaga sebäp
bolup biljek zadyň örän seýrek duşýandygyny aýdyp, olar bilen derdini paýlaşardy,
ýa bolmasa, şäherleriň içinden dowarlaryny sürüp barýarka eşiden täzeliklerini
gürrüň bererdi.
Soňky döwürlerde-hä Santýagonyň bar gürrüňi diňe bir zada syrygýardy: ol
dört günden soňra baryp ýetjek şäherinde ýaşaýan bir täjiriň gyzynyň adyny dilinden
düşürmeýärdi. Ýetginjek şol gyzy geçen ýyl ýekeje gezek görüp galypdy. Mawut we
ýüň söwdasyny edýän dükançy, özüni aldamazlary ýaly, ýüňüni satyn aljak
dowarlarynyň hut gözüniň öňünde gyrkylanyny gowy görýärdi. Santýagonyň
ýoldaşlarynyň biriniň oňa şol dükanyň nirede ýerleşýändigini salgy bermegi bilen, ol
dowarlaryny sürüp baryp: «Men ýüň satmakçy bolýaryn» diýip seslenipdi. Dükanyň
öňi alyjylardan ýaňa hümer bolup durdy. Dükançy günortana çenli garaşmagyny
ýetginjekden haýyş etdi. Santýago onuň aýdany bilen ylalaşyp, köçäniň ýakasynda
çökdi-de, ýantorbasyndan kitapçasyny çykardy.
7
— Çopanlaryň kitap okap biljekdikleri ýatsam-tursam oýuma-da gelmeýärdi.
Golaýdan çykan zenan maşgalanyň sesine başyny kitapdan galdyran
ýetginjegiň gözi daş sypaty ig andalus gyzyny ýada salyp duran gyzjagaza düşdi.
Onuň garadan ýylmanak uzyn saçy bardy, gözleri bolsa birmahallar Ispaniýany
boýun egdiren araplaryňka çalym edýärdi.
— Aslynda çopanlara okamagyň geregem ýok: dowarlar islendik kitapdan has
köp zat öwredip bilerler — diýip, Santýago jogap gaýtardy.
Söz söze ulaşyp, gürrüňleri alşyp, olar iki sagatlap söhbet etdiler. Gyz
kakasynyň dükançydygyny, durmuşynyň içgysgynçdygyny, günleriniň biri-birlerini
gaýtalap durandyklaryny gürrüň berdi. Santýago bolsa Andalus ülkesiniň
meýdanlarynyň waspy, üstlerinden ýoly düşen şäherlerinde eşiden gürrüňleri bilen
gyzyň gulagyny gandyrdy. Ol gürrüňdeş tapynanyna begenýärdi — mydama diňe
dowarlara içiňi döküp hem ýörmeli däl, ahyry.
— Sen okamagy nirede öwrendiň? — diýip, gyz oňa sowal berdi. Ýetginjegiň
jogaby nagt boldy:
— Hemmeleriň okamagy öwrenýän ýerinde — mekdepde.
— Sowatly halyňa häme üçin dowar bakýarsyň?
Santýago bu soraga jogap bermek islemän, gürrüňi başga ýana sowanyny kem
görmedi: barybir, onuň düşünjek gümany ýok. Ol öz sergezdançylyklaryndan söz
açdy. Geň galmakdan ýaňa gyzyň araby gözleri bir tegelenip, bir-de süzülýärdi. Olar
wagtyň nädip geçýänini hem aňşyrmaýardylar. Santýago şu günüň hiç haçan
tamamlanmazlygyny, alyjylaryň dükançynyň aňkasyny aşyrmaklaryny, goýunlary
gyrkmak üçin üç gün dagy garaşmaly bolmagyny arzuw edýärdi. Ol kalbyna dolan
duýgulardan şu güne çenli habarsyz gezipdi. Onuň şu ýerde mydamalyk galasy geldi.
Şu gara saçly gyz bilen bir günüň hem beýlekisine meňzemese gerek.
Ýöne gyzyň kakasy gelip, ýetginjege dört sany goýny gyrkmagy buýurdy. Ol
ýüň üçin hasaplaşyp, Santýagonyň bir ýyly geçirip ýene gelip biljekdigini aýtdy.
Ine, bellenilen şol möhletiň tamamlanmagyna bary-ýogy dört gün galdy. Ol
öňde garaşýan duşuşyga begenýärdi, şol bir wagtyň özünde howsala düşmän hem
durmaýardy: birden gyz ony unudan bolsa näme? Onuň ýaşaýan şäheriniň içinden
dowarlaryny sürüp geçýän çopan gytmy.
8
— Bu hiç-le, — diýip, ol öz dowarlaryna ýüzlendi. — Meniň hem beýleki
şäherlerde gören gyzym az däl.
Ýöne täjiriň gyzy bilen duşuşmagynyň örän möhümdigini ýürejigi syzyp
durdy. Çopanlaryň, deňizçileriň, gezende söwdagärleriň hersiniň gözüne yssy
görünýän bir şäheri bolup, şol şäherde olaryň her biriniň halaýan gyzy ýaşaýar. Şol
näzeniniň hatyrasyna awara durmuşyň berýän şatlygyndan geçmek beýle bir kyn zat
däl.
Töwerek gowy ýagtylypdy. Santýago sürini Günüň dogan tarapyna sürdi. Ol:
«Mallaryňky hezil: olara belli bir karara gelmegiň geregi ýok. Belki, olaryň maňa
gysmyljyramaklary hem şonuň üçindir» diýip, oýa batdy. Olara suw bilen otuň bol
bolmagyndan başga asla hiç zat hem gerek däl. Santýago Andalus ülkesindäki iň
gowy öri meýdanlaryna barýan ýollary unudaýmasa, dowarlar onuň iň gowy dostlary
bolar. Günler biri-birlerine meňzäbersinler, ir bilen dogan Gün ýaşmaza dönse
dönübersin, goý, gysga ömürlerinde ýeke kitabyň hem gatyny açman, şäherlerde hem
obalarda ýaşaýan adamlaryň hyşy-wyşy edişýän diline düşünmeseler düşünmesinler,
suwdur otdan garynlary dolup dursa, şolardan bagtly mahluk tapylmaz. Şu zatlaryň
öwezine hem olar adama öz ýüňlerini, höwürdeşliklerini, wagtal-wagtal hem etlerini
bagyşlaýarlar.
«Men häzir ýyrtyjy haýwana öwrüläge-de, olary ýeke-ýekeden parçalap
ugrasam, diňe köpüsiniň başyna ýetenimden soňra nämäniň nämedigine düşünip
başlasalar gerek» diýip, Santýago pikir ýumagyny çözlemegini dowam etdirdi. —
Olar maňa ynanyşlary ýaly, öz üşüklerine-de ynananoklar. Muňa-da olary ot, suw
tapjak ýerlerine alyp barýanlygym sebäpli bolýar».
Bu gün kellesine gelýän pikirlere onuň özi hem geň galdy. Muňa riznisasynda
injir agajy seleňläp oturan şu ybadathananyň kimdir biri tarapyndan näletlenmegi
sebäp bolýan bolmasyn? Başda ol öň gören düýşüni ýene bir gezek gördi, şindi bolsa,
öz wepaly höwürlerine gaharlanmaga başlady. Ol agşamlyk naharyndan galan
şerapdan owurtlady-da, keltekçesini çugdamlady. Bary-ýogy birnäçe sagadyň
geçmegi hem Günüň dik ýokary galmagy bilen, şeýle bir yssy düşüp, gyrdan
dowarlaryny sürüp geçmäge-de mejalynyň galmajakdygy ýetginjege aýandy. Şol
sagatda tutuş Ispaniýanyň gözi ukuda bolýar. Yssy diňe agşamara gaýdyşar. Şoňa
çenli ol agyr keltekçäni egninde götermeli bolar. Ol adatça edişi ýaly, şu ýagdaýdan
zeýrenmekçi ýaly hem etdi-de, her säherde gyş gününiň aňzagyndan şol keltekçäniň
gutarýandygy ýadyna düşäýdi.
9
«Howanyň çykarjak hokgalaryna mydama taýynlykly bolmak gerek» diýip
Santýago pikir edip, öz ýanyndan keltekçesinden minnetdar boldy.
Diýmek, sergezdançylygynyň iki ýylynda Andalus ülkesiniň üsti tekiz
belentliklerini we düzlüklerini külterläp ýörşüne, onuň ähli şäherlerinde bolup gören
eýesi ýaly, keltekçäniň hem öz manydyr maksady bardy. Santýagonyň maksady
syýahat etmäge syrygýardy. Ol ýene bir gezek duşuşaýsalar, mawutçynyň gyzyna
sadalaç bir çopanyň nädip sowatly bolşuny düşündirmekçidi. On alty ýaşyna çenli ol
dini mekdebe gatnapdy. Ene-atasy onuň ruhany bolmagyny arzuw edýärdiler. Bar
aladalary garynlaryny doýurmak bolan ýönekeý daýhanlar öz ogullaryna guwanmak
isleýärdiler. Santýago latyn we ispan dillerini öwrendi, dini taglymaty özleşdirdi.
Ýöne dünýä akyl ýetirmäge çagalygyndan bäri halys alyp ýatan höwesi Hudaýa akyl
ýetirmäge ýa-da adamlaryň edýän günälerinden habardar bolmaga bolan
ymtylyşyndan güýçli çykdy. Ol bir gezek ene-atasynyňka görme-görşe gelende,
ýüregine daş baglap, ruhany bolmakçy däldigini, syýahat etmekçidigini aýtdy.
— Oglum — diýip, kakasy oňa ýüzlendi. — Şu obanyň içinden her ýerden
bolan kişiler geçip gitdiler. Olar haýsydyr bir täzelige aşnadylar, ýöne özleri welin,
bir boluşlaryndan üýtgemeýärdiler. Olar depäniň üstündäki galanyň ýanyna baryp
ýetýärler-de, geçen günleriniň häzirkiden has gowudygyna akyl ýetirýärler. Olaryň
saçy aksowult ýa-da derileri gara bolup biler, ýöne olar obadaşlarymyzdan birjigem
tapawut etmeýärler.
— Ýöne olaryň dogup-dörän ýerlerinde nähili galalaryň bardygyny men
bilmeýärin ahyry — diýip, Santýago ýeň bermedi.
— Şol adamlaryň biziň meýdanlarymyza we zenanlarymyza gözleri düşende,
özleriniň şu ýerde mydamalyk galmak isleýändiklerini aýdýarlar — diýip, kakasy
sözüniň üstüni ýetirdi.
— Meniň bolsa başga topraklar-da bolup göresim, başga zenanlary synlasym
gelýär. Seniň diýýän adamlaryň hem bu ýerde ýaşamak üçin galmaýarlar ahyry.
— Syýahat etmek üçin gurp gerek. Diňe biziň aramyzdaky çopanlar bir ýerde
durmaýarlar.
— Onuň ýaly bolsa, çopançylyk edäýerin — diýip, Santýago öz diýenine tutdy.
Kakasy sesini çykarmady, ertesi irden bolsa üç sany gadymy altyn teňňe salnan
gapjygy oňa uzatdy-da:
10
— Şulary bir gezek meýdandan tapypdym. Gökden indi diýseňem boljak.
Özüňe bir süri dowar satyn al-da, galamyzyň dünýädäki iň esasy galadygyna,
zenanlarymyza-da gözellikde taý geljek başga bir zenanyň ýokdugyna akyl
ýetirýänçäň, ondan-oňa selpe-de ýör — diýdi.
Kakasy pata beren mahaly, onuň garaýşyndan, garrandygyna garamazdan,
özüniň hem syýahat edenini kem görmeýändigi Santýagonyň nazaryndan sypmady.
Goja oturymly durmuşyň nygmatlary bolan iýgi-içgi we öýüň berýän höziri bilen
köňlüni aldap, islegini näçe gizlejek hem bolsa, bu oňa başartmaýardy.
Asman gözýetimde eýýäm goýy gyzyl reňke boýalypdy. Tiz wagtdan Günüň
hem gyrasy göründi. Kakasy bilen eden gürrüňini ýatlan Santýagonyň keýpi göterildi:
ol eýýäm köpsanly galalary we gözelleri görüp ýetişipdi. Ýöne şol gözelleriň birinide,
iki günden soňra duşuşjak gyzy bilen deňäp boljak gümany ýok. Onuň egninde
keltekçesi, goltugynda mydama çalyşmak mümkin bolan kitaby, öňünde bolsa dowar
sürüsi bar. Iň esasy zat bolsa, iň arzyly arzuwy hasyl bolýar: ol syýahat edýär.
Andalus ülkesiniň meýdanlary irizen mahaly bolsa, islendik wagt dowarlaryny satyp,
deňizçi bolup biler. Deňizde ýüzmek irizýänçä-de ol başga-başga şäherler, başgabaşga zenanlar, bagtly bolmagyň başga-başga ýollary bilen tanyş bolar.
«Men dini mekdepde Hudaýy nädip gözleýändiklerini bilmeýärin» diýip,
Santýago dogup gelýän Güni synlap durşuna oýlandy. Ol mydama täze bir ýol
tapmagyň aladasyndady. Şu töwereklerde öň birnäçe gezek bolup gören hem bolsa,
weýran bolan ybadathanada bir gezek hem gije bolup görmändi. Dünýä şeýle giň,
onuň aňyrsyna ýetjek gümanyň ýok. Goý, dowarlar oňa ýolbelet bolsunlar olar
hökman bir gyzykly zadyň üstünden alyp bararlar. Iň täsin ýeri bolsa, olaryň her
günde özlerine täze bir ýol arçaýandyklaryna, öri meýdanlarynyň we pasyllaryň biribirlerini çalşyp durandyklaryna akyl ýetirmeýändikleridi — olaryň bar gaýgysy otdan
doýmak, suwdan ganmakdy.
«Belki, biz hem şolara çalym edýändiris» — diýip, çopan oýlanmagyny
dowam etdi. — «Mawutçynyň gyzyna duşýançam, meniň özüm hem başga zenanlar
barada pikir etmedim ahyryn». Ol asmany synlap, günortana çenli Tarife baryp
ýetjekdigini çaklady. Şol ýerde ol kitabyny başga bir has küti kitaba çalşar,
mytarasyny şerapdan doldurar, sakgalyny syryp, saçyny taraşladar. Mawutçynyň
gyzy bilen boljak duşuşyga taýýarlanmak gerek. Başga bir ýönekeý çopanyň özünden
öňürdip, şol gyza söz aýdyp biljekdigi barada bolsa ol pikir hem etmejek bolýardy.
11
Asmana gözüniň gyýtagyny aýlap, ädimlerini barha ýygjamladyp barşyna,
Santýago: «Durmuş düýşi huşa öwrüp bilýändigi üçin gyzykly» diýip oýlandy.
Tarifde düýş ýorup bilýän bir kempiriň ýaşaýandygy onuň ýadyna düşdi. Eýýäm
ikinji sapar gören düýşüniň syryny, goý, şol çöşlesin.
Kempir myhmanyny dürli reňklerdäki plastmas ýüplerden gurnalan tuty arkaly
naharhanadan bölünip aýrylan tördäki otaga alyp bardy. Otagyň bar goşy stoldan hem
iki sany oturgyçdan ybaratdy. Diwardan Isanyň Ýüregi diýlip atlandyrylýan surat
asylgydy.
Hojaýyn öý eýesi aýal Santýagony stoluň başynda oturdyp, özi-de dyzyny epdi.
Soňra ol Santýagonyň ellerinden tutdy-da, ýuwaşja sesi bilen doga okady.
Doga syganlaryň okaýan dogasy bolarly. Çopan syganlar bilen häli-şindi
ýüzbe-ýüz bolýardy. Olardowarbakmaýan hem bolsalar, sergezdançylyk etmegiň
kemini goýmaýardylar. Adamlar bolsa olaryň aldawdyr hiiäniň hasabyna
ýaşaýandyklaryny, ruhlaryny şeýtana satandyklaryny, çaga ogurlamagy pişe
edinendiklerini, şol çagalaryň soňra olaryň gullaryna öwrülýändiklerini aýdýardylar.
Çaga mahaly Santýagonyň özi hem syganlaryň ogurlap gitmeklerinden öler ýaly
gorkýardy. Palçynyň ellerinden tutmagy bilen şol gorky ony gaýtadan gurşap aldy.
«Ýöne bu ýerde «Isanyň Ýüregi» asylgy dur ahyryn» diýip pikir eden ýetginjek
özüni köşeşdirmäge hem saňňyldamagyny bes etmäge çalyşdy. Ol gorkýandygyny
kempire bildirmejek bolup, içinden bilýän dogasyny okady.
— Şuňa bir seretsene! — diýip, onuň aýasyndaky çyzyklardan gözüni aýyrman
oturan kempir seslendi, soňra hem nämüçindir dymdy.
Santýagony has hem howsala basdy. Onuň elleri öňküsinden hem beter
titremäge başlady hem-de ol howlukmaçlyk bilen ellerini çekip aldy.
— Men elimiň aýasyna seredip, pal atyp bermegiň üçin bu ýere gelmedim —
diýip, ol şu öýüň gapysyndan içeri ätlänine puşman edip seslendi. Näçe diýseler
töläp, bu ýerden garaňy saýlasaň gowy bolmazmy? Ol öz gören düýşüne gereginden
artyk ähmiýet berýän-ä däldir-dä?
— Düýşüňi ýordurmaga geleniňi bilýärin — diýip, sygan aýal dillendi. —
Hudaý düýş arkaly bize habar gatýar. Ol dünýäniň islendik halkynyň dilinde gürlese,
Onuň aýdanyny terjime edip bilerdim. Ýöne Hudaý seniň öz janyň dilinde saňa
ýüzlenen bolsa, Onuň aýdanyna diňe özüň düşünersiň. Ýöne senden iň bolmanda
beren maslahatym üçin pul almaly bolaryn.
12
«Ine, saňa gerek bolsa» diýip, ýetginjek oýurganan ýaly etdi, ýöne, barybir
töwekgellik etmegi ýüregine düwdi. Çopanyň işi mydama-da töwekgellik bilen
bagly: bir görseň, möjek dişlerini gyjap durandyr, bir görseň guraklyk aňkaňy aşyryp
barýandyr. Onuň durmuşyna ýalkym çaýýan zadyň özi töwekgellik ahyryn.
— Men şol bir düýşi iki gezek gördüm — diýip, ol söze başlady. — Düýşümde
bir çemenzarlykda dowarlarymy bakyp ýörmüşim. Birden bir çagajyk peýda bolup,
mallar bilen oýnamak isledi. Kesekileriň dowarlaryma ýakynlaşmaklary asla halaýan
zadym däl, — olar del kişilerden ürkýärler. Ýöne nämesindendigini bilemok, olar
çagalaryň öz ýanlaryna ýakynlaşmaklaryndan birjigem çekinmeýärler. Dowarlaryň
adamyň ýaşyny nädip kesgitleýändiklerine hiç aklym çatanok.
— Gürrüňi başga ýana sowma — diýip, kempir onuň sözüni böldi. —
Gazanymyň aşagynda ot ýanyp dur. Seniň puluň ujypsyzdygyny bilýärin, meniň
wagtymyň bolsa bahasy örän gymmat.
Santýago biraz özüni ýitirjek ýaly etdi-de, sözüni dowam etdi:
— Çaga dowarlar bilen oýnamak kemini goýmady. Birdenem meni eline
göterip, aýaklarymyýerdenüzdi-de, müsür piramidalarynyň ýerleşýän ýerine alyp
bardy.
Şeýle diýip, Santýago kempiriň piramidanyň nähili zatdygyny bilmeýän
bolmagynyň mümkindigini aňynda aýlap, biraz sägindi. Ol haýal hem örän düşnükli
edip ýap-ýaňy aýdan soňky sözlerini hetjikledi-de, gören düýşüniň dowamyny gürrüň
bermäge başlady:
— Ol müsür piramidalarynyň ýerleşýän ýerine alyp bardy-da: «Eger ýene-de
bir gezek şu ýerde bolup görmek saňa miýesser etse, gömlüp goýlan hazynanyň
üstünden bararsyň» diýip seslendi. Ol şol hazynanyň gömlen ýerini ýaňy bir
görkezmekçi bolanda oýanaýypdyryn. Bu düýş, şeýdip, iki gezek gaýtalandy.
Kempir esli mahal dymyp oturanyndan soňra, Santýagonyň iki elini gaýtadan
özüne garşy çekip, aýalaryna içgin-içgin bakdy.
— Men häzir senden gara köpük hem aljak däl — diýip, ol ahyry seslendi. —
Ýöne hazynany tapmak saňa başardaýsa, onuň ondan birini maňa bermeli bolarsyň.
Bu sözleri eşiden ýetginjegiň böwregi böküp, ýylgyranyny duýman galdy.
Düýşe giren hazynanyň onuň bäş şaýysynyň kisesinde galmagyna sebäp bolşuny
13
diýsene. Kempir, hakykatdanam, sygan bolmaly. Aýdyşlaryna görä, olaryň akyly
eşegiňkiçede ýokmuş.
— Gören düýşümi ýorup ber — diýip, ol kempirden haýyş etdi.
— Sen ilki bilen hazynalaryň ondan birini maňa berjekdigiňe ant iç. Düýşüňi
diňe şondan soň ýorup bererin.
Santýago ant içýändigini aýtdy. Ýöne kempir onuň Isanyň Mukaddes
Ýüreginiň suratyna seredip, ant içip aýdan sözlerini gaýtalamagyny talap etdi.
Kempir şondan soňra:
— Bu düýş Ählumumy Dilde edilen yşaratdyr. Näçe kyn düşýänem bolsa, ony
ýormaga synanyşaýyn. Munuň şeýle kyn işdigi üçinem hazynanyň ondan birini
bermegiňi talap edýärin ahyryn. Maňa ýagşy gulak as: sen müsür piramidalarynyň
ýerleşýän ýerine gitmeli. Olaryň nähili zatdygyndan meniň-ä asla habarym ýok, ýöne
çagajyk olary saňa görkezen bolsa, diýmek, olar, hakykatdanam, bar bolmaly. Şol
ýere tarap git: şol ýerde hazynanyň üstünden bararsyň hem-de baýarsyň — diýip
seslendi.
Santýago başda geň galan ýaly eden hem bolsa, soňra onuň kalbyny ökünç
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Alhimik - 2
  • Parts
  • Alhimik - 1
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2037
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 2
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1965
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 3
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2009
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 4
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 1997
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 5
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1938
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 6
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 1966
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Alhimik - 7
    Total number of words is 170
    Total number of unique words is 144
    46.4 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    63.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.