Latin

Akhunlar - 2

Total number of words is 3470
Total number of unique words is 1805
25.0 of words are in the 2000 most common words
34.3 of words are in the 5000 most common words
40.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýagny köp ilatly bolan bu şähere girmek üçin takmynan 6 kilometr
uzynlygynda bir diwar bilen gurşalypdyr. Bu ýerde hem uly gala bar. HsuanTsangyň pikiriçe Jaganiýanyň merkezi Tirmiziň we Balhyň ýarsyna çenli 10
(1-den 500 m) metr giňişligindedir. Ol ýerde 5 buddist monastyry bolupdyr.
Bu ýeri Kuşan hökümdarlygy wagtynda Budraç diýlip atlandyrylypdyr. Bu
şäher döwürme-döwür giňeldilip, ekerançylyk, haýwançylyk we dindarçylyk
şäheri bolupdyr[45].
Bu welaýatyň ýene bir paýtagty Jaganiýanyň merkezi bilen birdir. Bu ýerde
Hu-şadyr(ýa-da Wakş). Bu ýerler diwarlar bilen guşalandyr. Ölçegleri
takmynan 360 X 360 m. Bu şäherde dolandyryjylar oturupdyr. Huşa şäheri
iki bölege bölünýär. Bu sebitiň bir tarapy dini ýer, bir tarapy söwdagärleriň
ýerleri bolupdyr.
Şäheriň daşy giňişlikdir. Ol ýerde Galaýy Kafimigan ýaly orta we ululy-kiçili
şäherçeler bolupdyr[46]. Aýratynam Wakş bilen Badahşanyň
günbataryndaky Gimataladan gürrüň etmek peýdaly bolsa gerek.
Çynmaçynly syýahatçy Sung Ýun bu ýere gelipdir, emma hiç zat hakda
ýazmandyr. Ýöne Akhun hökümdary bilen gürleşen ýeri belki-de
Gimataladyr. Ýöne Gimatalanyň teswirini welin iň gowy beýan eden
Hsuang-Tsangdyr. Onuň bu şäher hakyndaky bize gelip ýeten maglumatlar
şulardyr: «Hsi-mo-ta-lo (Gimatala) gadymdan Toharystanyň bir bölegidi.
Daş-töweregi 3000-lik giňlikdir. Biri-birini zynjyr ýaly uzap gidýän daglar we
derýalar bardyr.
Ol ýerde ekerançylyk taýýarlanyp we ter miweleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Deriden edilen egin-eşikleri Tukýularyňka (Tekeler) meňzeş. Olaryň atalary
güýçli döwlet durupdyrlar. Hökümdarlary Sak asylly hökümdarlaryň nesilleri
bolandygy hakynda gürrüň berdiler. Soň Pamir daglarynyň günbataryndaky
ýerleri ele geçiripdirler. Goňşy ýurtlara çozupdyrlar. Bu ýerdäki adamlar
çadyrlarda ýaşaýarlar. Çi-li-şi-mi bularyň günbatarynda, Po-to-çangnanyň
hem gündogar taraplarynda ýerleşýär»[47]. Hsi-ma-ta-lo, Hsuan tarapyndan
Çynmaçyn iýerogliflerine terjime edilende galan atdyr. Bu sözüň asly
sanskritçe bolup «Gimatala» diýlipdir. «Gima» «Gar», «tala» «etek, kemer,»
diýen manydadyr. Hakyky aýdylşy Himatala[48]. Manysy hem
Garlydagynyň eteginde ýaşanlar diýmekdir.
Birnäce alymlar Hsuan-Tsangyň bu atlandyran ady Akhunyň ýene bir
atlandyrylan beýleki ady «Heftal» bolandygyny aýdypdyrlar[49].
Akhunlaryň ilkinji ýaýrawy
Akhunlar (Eftal, Abdal) Orta Aziýanyň uly taýpasy bolandygy hasap edilsede, olaryň ilkinji taryh sahnasyna çykyşy we asyl gelip çykyşlary hakynda
anyk maglumatlar ýokdur.
Akhunlar V asyryň ortalaryndan başlap VI asyryň ýarysyny geçen
wagtlarynda Orta Aziýadan günbatara Sasani, günortada Hindistan içlerine
çenli uzalan hökmürowanlyga eýe bolupdyrlar.
Çynmaçyn ýazyjylary Akhunlaryň ilkinji sapar VI asyryň başlarynda
Amyderýa töwereklerinde Juan-Juan şanýusynyň ogly Şelun, öz jigsi bilen
birlikde günbatara tarap çekilip olaryň şondan soňra orta
çykandyklaryny[50] aýdypdyrlar. Meşhur alym Enoki bolsa olaryň ilkinji
çykyp ýaýran ýerleri Toharystany görkezýär we soňra Amyderýadan geçip
Baktriýadan Balha gelendiklerini tassyklaýar.
Enokiniň pikiriçe Akhunlar Baktriýada oturan Kuşan-Kidaritleri günorta tarap
gysyp çykaran 456-457-nji ýyllarynda Toba/Weý saraýyna ilçi
goýbereninden soňra Çynmaçyn çeşmelerinde belgilenipdir[51].
Akhunlaryň Baktriýa şäherinde Kuşanlary çykarandyklaryny Wizantiýa
çeşnelerinde hem belgilenipdir.
Bu bolup geçen wakalarda Sasanileriň şol döwürler hem bardy.
Belli bolşy ýaly Alhunlaryň taryhy iki esasy çeşmelere daýanýar. Bular,
hanedan taryhlaryndan Liang Şu (618-907) bilen Wei Şu (386-556). Bu
taýpalar Akhunlaryň döwürdeşleridir.
Olaryň beren maglumatlary beýleki çeşmelerde ýazylmadyl hakyky hem
ygtybarly eserdir.
Liang Şu hem bularyň Turfan tarapyna giren taýpalardan bolandyklary,
Hanlaryň demirgazyk harplarynda aýdan Ýuan Weiler döwründe SangÇiende oturandyklary ýazylypdyr.
Lian Şudan başga To-ba (Wei/Weý) Şuda Akhunlar hakynda olaryň bir
müddet Çynmaçynyň demirgazygynda oturandyklaryny, soňra Kin Şan ýoly
bilen Hotanyň gündogaryna geçendiklerini düşündirýär.
Akhunlaryň Ýueçji (Ta-ýueh-çi) asylly bolandyklaryny kabul etsek hem
olaryň ilkinji watanynyň Kamsunyň goňşusy Türklere degişli ýerlerde
oturandyklary bellidir. Altaýdaky Akhun göçüp-gonujylaryň soňra özlerine
Sogdianany ýurt edinen wagtlaryndaky taryhy çeşmelerde belgilenipdir. Bu
ýerde beýleki Hun taýpalary bilen birlikde oturandyklaryny hem ýazypdyrlar.
IV asyra çenli Sogdianada galyp, V asyryň başlarynda Sasaniler bilen
darkaş gurupdyrlar[52].
Çyn-maçyn çeşmeleri Sogdianada ýerleşen Akhun ýa-da Hun
taýpalaryndan habarly bolupdyrlar. Toba (Weý) Şu Suteniň (Sogdiana) Hu-i
ýa-da Hu-ni tarapyndan zabt edilendigini bildiripdir.
Şol bir çeşme Hu-niniň bu täze ýurduna Wen-na-şa adyny beripdir. L. Ligeti
we F. Hirth dagylaryň pikiriçe Weý Şuda ady geçen hökümdar Hu-ni,
Attilanyň ogly Irnekden başga hiç kim däldir[53].
Sogdianadaky Hunlar ilkinji gezek Ammianus Marcelliulsta «Hionitae» ady
bilen çeşmelerinde belgilenipdir.
Bularyň Sasaniler bilen çaknyşan wagtlary hem 365-nji ýyla çenli dowam
edipdir we ýaraşyk şertnamasy bilen tamamlanypdyr.
Olar Günorta Anadolydaky Rim-Eýran söweşlerinde Sasani hökümdary
Şapur II (309-379) kömek berdiler.
Hionitaelaryň baştutanynyň ady bize A. Markellinulstanyň
maglumatlaryndan gelip ýetipdir.
Bu söweş onuň üçin şowsyz bolupdyr. Ogly Amidada (Diýarbekir) öldi.
Jesedi söweş wagty duşman topraklarynda galmasyn diýlip ýakyldy.
Sogdianadaky «Hionitler» O. G. Won Wasendonka görä Hun taýpalar birligi
gysga wagtyň içinde Sasaniler garşy bolan taýpady. Grek we Rim
ýazyjylarynyň agzap geçen «Hionitler»i bilen döwürdeş gyzyklanma bildiren
alymlar tarapyndan «Akhunlar» diýlip atlandyrlypdyr.
Gürzin we Ermeni çeşmeleri hem Akhunlary şol bolup geçen söweşlerde
tanap başlapdyrlar. Akhunlar Kawkaziýada esasy rol oýnapdyrlar[54].
Zeki Welidi Togan V we VI asyrlarda Günorta Kawkaziýada we
Azerbeýjanda «Haýlandurk» diýip atlandyrylan Akhunlaryň Muganda
Balasagun, Aras derýasyna ýakyn bolan ýerde Warasan ýaly şäherleri
bolandygyny J. Marquartyň salgylanmasyna esaslanyp aýdypdyr[55].
Akhunlar V asyryň başlarynda Jeýhun (Amyderýa) derýsyny geçip
Sasanilere aralaşypdyrlar. Bu hadysalar Yslam çeşmelerinde yz
galdyrypdyr[56].
Akhunlaryň Sogdianany eýeläp höküm edişleri Çynmaçyn çeşmelerinde
hem bellidir. Weý Şuda Seýhun bilen Jeýhun derýalary arasyndaky
başlangyç 3 ýerden ilçi gelendigi belgilenipdir.
Ilki Su-te, ikinjisi Hsiwançin, ýagny Samarkant, üçünjisi bolsa
Akhunlardandyr. Aşakdaky tablisa ilçileriň ugradylan taryhy hakynda bize
maglumat berýär.
(Sogdiana) Hsi-wan-çin (Samarkant) ýazgy tabletkada ýazylşyna görä Su-te
479-njy ýylda Samarkant şähri hem 509-njy ýylda ilçi ugratmakdan ýüz
dönderipdir.
Bu ýerdenem Su-teniň we Samarkantyň kesekileriň eýeländigini aňladýar.
Çynmaçyn we Günbatar çeşmeleri bu ýerlerde Akhunlaryň höküm
sürendiklerini tassyklaýar[57].
Olar 400-nji ýyllarda Juan-Juanlaryň häkimýeti astynda Gazagystanyň
günortasyndaky Jungariýa sebitlerinde bolupdyrlar we W. Bähram Guruň
(420 - 39 ý) höküm süren wagtlarynda Horasan welaýatyna ýerleşipdirler
we 425-nji ýyllarda kuwwatlanyp Ýueçji topraklaryny eýeleýärler.
Sasanileriň garşysyna çyksalar hem 427-nji ýylda Bähram Gur Akhunlara
zarba urupdyr. Bähramdan soňra Ýezdigerd II (438-457 ý) döwründe
Akhunlar Samarkant, Buhara we Balhy zabt edýärler. 460-njy ýyllarda
gündogarda Tarim kölüniň günbatar tarapynda, demirgazykda Amyderýa
we Syrderýa aralygyndaky Sogdiana sähralygyna we Taňry daglaryna çenli
bolan ýerlerde höküm sürüp başlapdyrlar. Şol wagtlar Sasanileriň iç işlerine
goşulan Akhun begi Gün kaganyň (Kun kan) goldamagy bilen Firuz Sasani
tagtyna geçýär. Soňra Gün kagan demirgazyk Hindistandaky Gupta
döwletini syndyrýar (470 ý). Soňra birden dörän düşünişmezlikleri zerarly
484-nji ýylda Amyderýa töwereklerinde Sasani hökümdary Firuzy ýeňen
Akhun kaganynyň ady Wizantiýaly taryhçy Theophanes «Ephthalanos»
diýip taryhy maglumatlarynda beýan edipdir. Şol sebäpden Akhunlara
«Eftalit» hem diýilip atlandyrlypdyr. Emma bular dogrusynda heniz üstünde
işlenen derňew ýokdur. S. Gömeç bolsa Akhunlaryň «Apa Tölesden»
gelendiklerini çak edýär[58].
Akhunlar (Eftalitler) taryh sahnasynda Orta Aziýanyň iň kuwwatly
hökümdarlyk gurupdyrlar. Olar häzirki Türkmenistanda güýçli taýpalaryň biri
bolupdyrlar.
Olar Sasanilere garşy has ökdelikde rol oýnapdyrlar.
Horasan we Türküstanda Ak hunlaryň alyp baran işleri
Baktriýanyň zabtyndan soňra Akhunlaryň goşublary Eýrana garşy
kuwwatlanyp başlady. Olaryň bir bölegi Kawkaziýany eýeledi, bir bölegi
hem Ferganany we Sogdianany, soňra-da Baktriýa we Gandharra tarap
ýola düşdüler. Iň soňunda hem Hindistana ýörüş etdiler.
Başga milletiň arasynda Türk-türkmenler öz sanyň az bolandyklary üçin şol
ýerleriň medeniýetine uýgunlaşyp gidipdirler. Akhunlaryň arheologik
tapyndylaryndan mälim bolşuna görä olaryň kaganlary Aziýadaky edimgylym, däp-dessurlary, din-dilini syýasy-döwlet gurluşy hökmünde kabul
edipdirler.
Pullarynda Zerduştlyk, Buddizm we Şiwa yzlarynyň galandysyny, Hinduizm
dininiň ýany bilen Greko-Bakteriýa döwürleriniň dürli taňrylarynda hem
görüp bileris.
Kaşmirde ýaşaýan adamlaryň Buddist bolmandyklaryny taryhçylar
ýazypdyrlar[59]. Akhunlaryň teňňelerinde kagan ady we lakamy Pars diliniň
Bakteriýan şiwesinde ýazylypdyr. Bu teňňelerde Sanskrit diliniň Brahman
alfabedi bilen ýazylanlary hem görýäris.
Bularyň hemmesi olaryň ýerleşen ýerleriniň medeniýetini kabul edendigini
görkezýär. Bulardan başga-da Eýran bilen bolan söweşler Sasani
hökümdary Firuz sebäplidir[60].
Akhunlar miladynyň 457-nji ýylynda Sasani hökümdary Ýezdigerd bilen
başlanan söweşde ýeňiş gazanýarlar[61]. Ýezdigerdiň ölüminden soňra
Sijistanyň häkimýetini ogly Firuza beripdir. Tagta hem beýleki ogly Hurmuz
geçipdir. Jigsiniň tagta geçendigini duýan Firuz Amyderýa taraplara ýörüşe
geçip, öz maksadyna ýetmek, ýagny jigsinden tagty almak üçin Akhunlaryň
hakany Aksungurdan kömek soraýar. Soňra Aksungur Firuzy diňläp, oňa
Merw er-Ruddan üç mil uzaklykda ýerleşen we Balha ýakyn Talekanda
oturmagyny aýtdy.
Eýranda Hurmuzyň dolandyrmagyndan närazy bolup ýola çykanlar Firuzyň
Talekanda oturandygyny eşidip onuň ýanyna geldiler. Soňra Aksungur
Firuza käbir şertleri goýup[62] oňa kömek berjegini aýtdy we 30 müň
adamlyk kuwwatly goşuny herekete geçirdi. Şeýlelikde 458-nji ýylda Firuz
söweşde jigsi Hurmuzy ýeňip Sasani tagtyna çykdy[63].
Akhun leşgerleri Firuzy tagta geçirip birnäçe sowgatlar bilen öz ýurtlaryna
ýola rowana boldylar.
Söweşden öň Firuz Aksungura Jeýhunyň ýakynyndaky Tirmiz we Wasgirti
bermekligi wada beripdi. Firuz öz sözünde durup Tirmizi we Wasgirti oňa
berdi[64]. Akhun kagany Toharystan, Badahşan we Baktriýanyň
hökümdarydy. Soňra Firuz söweş harjyny bermegi red etdi. Akhunlar bilen
arasy bozuldy[165]. Şertnama baglaşylan wagty Firuz öz gyzyny ýa-da gyz
jigsini Aksungura berjekdigini söz beripdir. Aksungur Firuzyň wadasyny
ýatladýar. Emma Firuz öz gyzyny ýa-da gyzjigsini Aksungura bermeýär we
durmuş gurmaklyk islegini red edýär.
Prikos tarapyndan ady «Kunças» diýlip geçen bu şazenan Aksungura
iberilmeýär.
Firuz hilelik bilen özüniň saraýyndaky gyrnagy Aksungura şagyzy diýip
ugratmaklygyň kül-külüne düşýär.
Gyrnagy Aksungura ugratýar. Soňra bu gyrnak Akhun hökümdaryna
hemme zatlary bolşy ýaly aýdyp berýär. Aksungur gyrnagyň günäsini
geçýär. Aksungur Firuzyň ýalňyş adam ugradandygyna gahary gelýär.
Aksungur oňa jogap edip Firuz saraýyna ilçi ýollaýar. Ilçi Firuzdan
Akhunlara kömek bermegi üçin goşun ýollamagyny soraýar. Firuz birnäçe
serkerdeleri oňa ýollaýar. Akhun ýurduna baran Sasani esgerler we
serkerdeler duzaga düşýärler. Birnäçesi ölýär we käbirleri hem yzyna
Firuzyň ülkesine tarap ugradylýar.
Firuz Aksunguryň näme üçin beýle edendigine düşünip şazadany oňa
ugratmagyň deregine serkerdelerini öldürmek bilen bu meseläni gutarnykly
çözdüm edýär.
Firuz Akhunlar bilen söweşmegi ýüregine düwdi. Goşunyň öňüni çekip,
Gürzin we Grek geografikleriniň «Girkaniýa» diýip atlandyran ýurdy bolan
Türkmenistana tarap ýörüş edýär.
Deguigensiň aýtmagyna görä Akhunlaryň serhetlerinden Balämy ele
salýar.
Bu ýerler öňki Talekandyr[66]. Firuz Aksungur bilen garşylaşyp bilmän yza
dolanýar. On ýyllap Akhunlar bilen Sasanileriň arasynda duşmançylyk
bolupdyr. 475-nji ýylda Firuz Aksungura garşy täzeden ýörüşe geçýär.
Bu söweşiň näme sebäpden başlanandygy hakynda çeşmelerde maglumat
ýokdur. Aksungur, Firuza göz görkezmek isläp Türkmen söweş usullarynyň
biri bolan «Turan söweş taktikasy» bilen oňa sowgat taýynlaýar. Soňra
Akhunlar Firuz bilen bir obada bir-birege golaý garşy-garşa geldiler.
Alsunguryň emri bilen Akhun leşgerleri yza çekilmäge başlady. Obanyň
yzynda bukulan daglyk taraplara çekilen ýaly boldular.
Geçitler yzda galdyrylyp birnäçe ökde Akhun urşujylary bukuda ýatdylar.
Firuz Aksungura garşy aňsat ýeňiş gazanmaga howlugupdy. Adamlary
özleriniň ýalňyşýandyklaryny aýtmaga gurby çatmady.
Sasani leşgerlerinde Wizantiý hökümdary Zenonuň (474 - 491) ilçisi hem
bardy. Prokopius bu ilçiniň adyny Eusibius diýip atlandyrandygyny
aýdýar[67].
Ol hem Firuzyň duşmanyň üstüne tejribesiz halda gidişine haýran galdy we
iň soňunda Firuza beýle etmekliginiň uly ýalňyşdygyny aýdýar. Sasani
beýikleri we serkerdeleri Eusibiosy goldadylar emma Sasani goşuny öňe
ilerlediler. Firuz we goşunlar Aksunguryň duzagyna düşüp nalaç galdylar.
Firuzyň bu ýagdaýda Aksunguryň ýanyna baryp ötünç soramagy gerekdi.
Aksungur Firuzy we goşuny bir şert bilen bagyşlajakdygyny aýtdy. Ol hem
beýik Sasani hökümdary özüniň aýaklaryna ýykylyp boýun egýändigini
görmek isledi. Sasani hökümdarynyň Aksunguryň aýagyna ýykylmagy
hemmeleri haýran galdyrjakdy.
Alaçsyz galan Firuz, din adamlary bilen görüşdi. Olar hökümdaryň diňe
Zerduşt öňünde boýun egýändigini aýtdylar. Şol wagt Firuzyň kellesine
gowy pikir geldi.
Gün dogan wagty Aksunguryň aýaklaryna ýykylsa, bu hereketi bilen özüni
kiçi saýmaz. Din adanlaryna pikirini aýdanda, olar muny kabul etdiler.
Firuz Sasani ilçilerini Aksungura ugradyp daň bilen Gün dogan wagty
aýaklaryna ýykyljakdygyny aýtdy. Firuz Aksunguryň ýanyna geldi. Daň bilen
Gün dogan badyna Firuz Aksunguryň öňünde dyz epdi. Aksungur Firuzyň
bu herektlerine örän begendi. Soňra Firuz 475-nji ýylda Ermenistanda ýüze
çykan käbir meseleler sebäpden ol ýere gitdi. Soňra Firuz Ermenistandan
dolanyp gelen wagtlary Akhun meselesini kanagatlandyrmaga karar berdi.
Serkerdelerinden biri bolan Suhraýy Sijistana ugratdy we bu ýerleri oňa
berdi.
Akhunlara garşy ýörüşe geçmäge taýýar wagty Sasaniler oňa bu wagt
herekete geçmekligiň ýalňyşdygyny aýtdylar. Firuz içindäki ar alma hyjuwy
sebäpli olary diňlemekden ýüz öwürdi.
Aksungura beren sözüni bozmak üçin dürli hileleri ulanmaklygy makul bildi.
Ol söweş pilleri bilen Akhun sebitine süsňäp girip gitdi.
Akhun hökümdary Firuzyň akyllanmandygyny bildi.
Bu sapar oňa gowy sapak bermek gerekdi.
Aksungur Firuz gelmezden öň garym (hendek) gazdyrdy. Diňe öz esgerleri
geçer ýaly kiçi geçitler gazdyrdy we ol geçitleri diňe öz esgerlerinden başga
bilen bolmady. Öz leşgerleri bilen söweş meýdanyna geldi we taýýarlandy.
Söweş başlamanka Aksungur yza çekilmegi yşarat etdi. Firuz Aksunguruň
gaçmak üçin yza çekilýär diýip düşündi. Goşunyny onuň üstüne ýollady.
Üsti pürslerden doly örtülen garym hendekleriň üstünden geçen wagtlary
agaçlar çökdi. Sasani serkerdeleri we esgerler bu duzaga düşüp öň
hatardaky eglenen topalaňlyk döretdi.
Birnäçe Sasani leşgeri heläk bolup öldiler we Firuzda olaryň içinde-di.
Karargähdäki birnäçe din adamlary we Firuzyň gyzy hem ýesir alynýar.
Sijistan häkimi Suhra ýanyndaky Sasani kuwwatlary bilen Akhunlara tarap
söweş yglan edip herekete geçdi.
Bu leşgerleriň 100.000 adamdan ybarat bolandygyny hem çeşmelerde
ýazylypdyr. Suhra Merwe tarap hereket edip bu ýerden Aksungura
günäkärleýji ýazgylardan doly hatlary ýazýar.
Aksungur oňa bu bolan söweşiň özüniň tarapyndan däl-de Firuz tarapyndan
başlanandygyny duýdurdy. Merwden Kuşmihana gelen Suhra Jeýhun
derýasyny geçip Beýkentiň golaýyna çenli geldi. Soňra Aksungur bilen
şertnama baglaşyp öz welaýatyna döndi[68]. Bu ýerde Suhranyň kömegi
bilen Firuzyň iň kiçi ogly Kawad (488-531) Sasani tagtyna geçdi[69]. Kawad
döwründe (488-531) döwlet sosiýal çökmelere sezewar bolmaga başlady.
Miladynyň 488-nji ýylynda Mezdek atly biri Maniheý ynanjyndaky «ikili»
telâkki (aýdyňlyk-garaňkylyk, gowylyk-erbetlik göreşi) ynanjy sosiýal
birahatlygy belgiläp, geçmişdäki adamlaryň hem garaňkylykda bolandygy
hakyndaky düşünjeleri ýaýmaga başlady.
Onuň pikiriçe adamlaryň rahatlygyny bozan iki zat her kimiň ortalyk maly
bolan wagty ýerýüzinde erbetlik ýok bolup gitmeli. Bu komuniste çalymdaş
propoganda netijesinde ýolbaşçylara we beýleki mal eýelerine garşy
öjükdirilen halk Mazdek we müritler tarapyndan aýaga galdylar.
Din adamlary we ruhanylar öldürildi, aýallar zorlanyp, öýler we saraýlaryň
üsti basyldy. Döwletiň başyndaky Mazdeke ynanan Kawad hem zyndana
atyldy. Soňra ol gyz jigsiniň kömek etmegi netijesinde zyndandan
gaçdy[70].
Kakasy Firuzyň edişi ýaly Kawad Akhunlara sygynmaga mejbur boldy.
Olara birleşdi. Köp wagtlap bu pursata garaşandan soňra Akhunlardan
düzülen özüne kömekçi goşun bilen Eýrana girdi. Jigsi Tahmaspy tagtdan
agdaryp ýerine özi geçdi. Soňra Kawad 497-nji ýylda ýene-de tagtdan
agdarylyp zyndana atyldy. Ol ýene gyzjigsiniň kömegi bilen zyndandan
gaçyp täzeden Akhunlardan kömek sorap bardy. Kawad täzeden
Akhunlaryň kömegi bilen üç ýyldan soňra täzeden tagtyna geçip höküm
sürmegini dowam etdirdi[71]. Kawad Akhunlaryň kömegi bilen birnäçe
üstünliklere ýetip olara beren sözünde tapyldy[72]. Sasaniler Merw bilen
Hyrady elden gidirdiler. Akhunlar Eýranda gazanan bu ýeňişlerinden soňra
Hindistana garşy täzeden ýörüşe geçmek üçin taýýarlanýardy[73].
Akhunlaryň Hindistandaky işleri
Miladynyň V asyryň ilkinji ýarymynda Akhun dolandyryjylary Greko-Baktriýa
we Kuşan dolandyryjylarynyň syýasy hereketlerinde peýda boldylar.
Bu wakalar bilen baglanyşykly Hindi çeşmelerindäki Gupta hökümdarlygy
bilen söweşler alyp baran Akhunlar, Hindistanyň bir bölek topraklaryny
basyp aldylar[74]. Hindi alymy Professor Modiniň belläp geçnegine görä
Hunlar Hindistanda kuwwatly güýje eýe bolupdyrlar. Özlerine ýaýlak we
oturumly ýerleri saýlamaga başlapdyrlar we bu ugurda kä wagt saýlap
seçip, kä wagtlar hem saýlap seçip bilmediler[75].
Ol ýerler 455-nji ýylda häzirki Päkistandaky Penjap welaýaty bolupdyr.
Şol döwürler Hindi hökümdary Skandagupta olary ýeňlişe sezewar
edipdir[76] we bu wakadan soň Bhitariýada dikilen ýeňiş hem belgilenipdir.
Ýazgylarda Skandaguptanyň Akhunlaryň garşysyna örän kynlyk bilen
çykypdyr.
Soňra Guptalar bilen Türkileriň arasyndaky çaknyşygyň haçan
başlanandygy hakynda belli bir pikir ýa-da magkumat ýokdur. Käbirleri 455nji ýylda başlanypdyr diýse käbirleri 457-460-njy ýyllary görkezýärler[77].
Akhunlaryň Gabdhariýa nähili girendikleri hakynda hem dürli gapmagarşylyklar bar. Bularyň biri hem Akhunlaryň Nagaraharanyň aňyrsyndan
günbatardan demirgazyk-günbatara gelip ilki Zabulystany, Kapisany we
Bamyýany, soňra Gandhariýany eýeläpdirler. Akhunlaryň Bamyýan, Kapisa
ýa-da Zabulystana ugramazdan Garagurum we Hindiguş aralaryndan
geçip, Toharystandan demirgazyk-günbatara gelendiklerini hem öňe
sürýänler-de bar.
Kawkazyň arkasy, Owganystan, Päkistan we Hindistandaky Hunlar
arasynda garyndaşlyk barlygy ýa ýokdugy hakynda hem gapma-garşylykly
pikirler şu wagtlar hem dowam edip gelýär.
Käbir alymlar Akhunlar bilen Abdallaryň aýrylygyny aýdýarlar. Emma bu
maglumat gutarnykly subut edilen däldir. VI asyryň ortalarynda (520)
Hindistanyň demirgazyk taraplaryna syýahat eden Suň Ýun, Akhun (Abdal)
taryhy üçin bize käbir maglumatlar gelip ýetipdir. Ol Gandhariýa (Kan-o-olo)
gidipdir we häzirki Swatda (Wie-çaň) ugrady. Bu ýerleri eýelän Akhun
(Abdallar) baştutanyna «Tigin» unwany bilen atlandyrypdyrlar. Onuň bilen
birlikde Skandaguptanyň 470-nji ýyldaky ölümi we egindeşleriniň
aradyndaky tagt dawalary, Gupta döwletiniň ýykylmagyny çaltlandyrypdyr.
Gupta döwletine bagly Budagupta Malwada, Puragupta Biharda
garaşsyzlygyny gazanýarlar.
Şeýdip Hindistanyň demirgazygynda bu wakalar bolup geçýärkä Akhun
döwletiniň başynda Tigin unwanyny göterýän Toraman (Töremen)
bardy[78]. Ol Hindistanyň garşysyna gurnalan ýörüşlerde meşhurdyr.
Hindiçe maglumatlarda oňa Jauwla hem diýlipdir[79].
Käbir ýazgylarda onuň adyna «Topraklaryň dolandyryjysy meşhur
Törümen» diýlipdir[80]. Hindistandaky Ghoşitarama zyýarathanasyndaky
gazuw-agtaryş işlerinde tapylan möhürleriň birinde To-Ra-Ma-Na
(Töremen), beýleki tarapynda «Huna-raja» ýazgysyna duş gelindi. Raja [81]
sanskrit ýazgysy Hökümdar ýa-da patyşa manysyndadyr. Huna bolsa
Toramanyň (Töremen), dolandyran Akhunlary aňladýandyr. Arheologlar bu
möhürleri 513-nji ýa-da 515-nji ýyllara degişli diýýärler.
Şu wagta çenli tapylan şaý-pullar 3 bölege «Atly», «Sasani býust», «ýarym
drahm» aýrylýar.
Toramanyň portrediniň arkasynda symboly ýerleşdirilipdir.
Şaýlara zikgelenen ýazgylarda Toramanyň «Şahi Jabuýla», «Şahi Jabul»,
«Dewa Jaýati» [82].
«Wijitawanir Awanipati Sri»[83] lakamy (unwan) hem göterendigi bellidir.
Professor R. Grişman, Ramanila teňňesini Toramanyňky bilen meňzeşdigini
öňe sürüp, ikisiniň hem şol bir şahsyýet bolan bolmaklary mümkin diýip pikir
edýär. Häzirlikçe Ramanila adynda başga ýerde zikkelenen teňňä gabat
gelmedik. Ramanilanyň 455-456-njy ýyllarda Zabulystanda garaşsyzlygyny
yglan eden haýsydyr bir şahsyýet bolan bolmaklygy hem mümkindir. Bir
ýandan Suň-Ýuňuň 520-nji ýylda Gandharada gören şahsyýeti Lae-Lih hem
bolup biler pikiri hem orta atýarlar.
Şol sebäpden Toramanyň (Törümen) döwrini öwrenmek üçin ygtybarly
çeşmeler bilen birlikde ýazylan kitaplar has möhümdir. Oňa degişli üç sany
kitap bar[84] bolup, olaryň biri «Eran» kitabydyr. Eran Hindistanyň
demirgazygynda tapylan kitapdyr. Bu kitap Sagar welaýatda tapylýar.
Wişnu üçin dikilen bu ýazgylarda Brahmi ýazgysy bilen belgilenipdir[85].
Aýratynam bu kitap Toramanyň (Törümen) ilkinji hökümdarlyk ýyllaryna
degişlidir[86]. Bu kitapda Toruman hakynda şeýle setirler bar:
«Maharajadhiraja hökümdarlaryň hökümdarynyň ilkinji dolandyryp başlan
wagtlarynda, örän uly üstinliklere ýeten Toroman dünýäni dolandyrýardy».
Toraman (Töremen) hakyndaky ýazylan ýene bir setirleriň biri Demirgazyk
Penjapdaky Kura welaýatynda Brahma elipbiýinde ýazylan bir kitapda hem
bardyr.
Bu kitabyň bir bölümine Jawulah, Maharjadhiraja unwanlary we Sri
Toramanyň döwrine degişli sene ýokdur.
Öl V asyryň soňky çäriýeginde dikilipdir diýlip hasap edilýär. Ondaky
sanskritçe ýazylan Maharajadhiraja «Hökümdarlaryň hökümdary» sözi iki
kitaba hem ýazylypdyr. Kura kitapda alymlar, iň azyndan «Jawula» sözüniň
üstünde durup geçýärler.
Onuň Gandharanyň merkezi bolan Jawul şäherini aňladýandygyny we
Toramanyň (Töremen) hem bu ýerde dogulandygyny yşarat edýändigine
soňra bu sözüň Şahin adyna öwrülendigini aýdýarlar. Bu atlary her hili
teňňelerde hem görýäris. Kitapdaky Saha Jauwla «Kabulyň dolandyryjysy»
manysyndadyr. «Jawlah Juwl» sözleriniň gadymy türkiçe «şahin»
manysynda gelendigini aýtmanymyzda-da gadymy Türkmen-türkileriň
ýyrtyjy guş atlaryny lakam ýa-da at, unwan görnüşinde atlandyrypdyrlar.
Bu Şahin Akhunlaryň keramatly guşlary bolan bolmagy mümkin.
Toraman hakynda ýazylan setirleriň ýene biri Gwaliorda tapyldy. Ol kitapda
onuň ogly Mihiragula wagtynda ýazylandyr (530-njy ýyllar) diýlip çak
edilýär.
Kitap Gün taňrysy we Şiwa adyndaky tapyndylaryň arasyndan tapyldy.
Kitapda Toromanyň maşgalasynyň uzak ýaşandygy, Mihiragulanyň
dünýäniň hökümdary bolandygy hakynda aýdylypdyr.
Kitapda ady geçen Pasupati, Şiwanyň ikinji ady bolandygyny, Toraman we
Mihiragulanyň onuň yzyndan gidendigi ýazylypdyr. Bu üç kitabyň yany bilen
tapylan arheologik tapyndylara görä Hindistanyň merkezindäki Madhýa
Pradeş bilen günbatarda Rajastan we Ganja çenli
Demirgazyk hem-de Demirgazyk-günbatar Hindistan, Gandhara, Gündogar
Eýran bilen Baktriýa häkim bolan Hun dolandyryjylary hakynda maglumat
beren san-sajaksyz teňňeleri tapdyk. Diýmek türkmenleriň gadymky atababalary bolan Hunlar Hindistanyň tas deň ýarysyna hökümdarlyk
edipdirler. Bu Toramanyň teňňeleriniň XVIII asyrda Kaşmir teňňelerinde
hem agzalyp geçilendigi hem aýdylýar. Bu teňňelerdäki «Sahi Zabula» ýada «Sahi Jauwla» atlary bilen birlikde berilen Şiwa we ony göterýän
haýwanyň bu teňňelerde ýokdugy, onuň ýerine Gün şöhlesine olaryň
hormat goýýandygyny bildirýän şekiller bar.
Hunlary öwreniji hindilerden A. Biswas olaryň baran ýerlerinde şol ýeriň
ilatlarynyň edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna çalt öwrenişip, dinlerini
üýtgedipdirler.
Bu daş kitaplar, teňňe-pullar we Buddist kitaplar bilen birlikde Jainst
Kuwalaýamala we Kalhananyň Rajatarangini hem Akhun döwleti hakynda
maglumat berdi.
Bu çeşmelere görä örän gaýduwsyz söweşiji we başarnykly bolan Toraman
(Töremen) Hindistanyň ilkinji keseki hökümdary bolupdyr.
Hökümdarlygy binýat ediji bu Türkmen hanynyň merkezi demirgazykda
Peşawar, günortada Malwa topraklarynyň aradyndady.
Malwa öz döwründe Saklardan soň Kuşanlaryň hem merkezi bolupdyr. Ol
höküm süren ýyllarynda ýerli Hindi şazadalaryndan hem peýdalanmagy
başardy we Buddizm, Hinduizm we Jaýnizm ýaly dinleri üç birlik toparyny
gurdy.
Onuň döwründe halkdan kän bir şikaýat gelmändir[87]. Sebäbi ol ýurdy
başardygyça dolandyrmak isläpdir.
Gök türk ýazgylarynda belli bolşuna görä hökümdaryň ilkinjo etmeli
wezipeleriniň biri aç milleti doýurmak, ýalaňaç milletu geýindirmek
bolupdyr.
Çynmaçyn çeşmelerine görä Toharystan we Bakttiýada oturan hökümdaryň
ady Ýen-tai-i-li-todyr. Bu hökümdar Toramanyň ölüminden bir ýyl soňra
Liňlar saraýyna ilçi ugradýar. Toramanyň «Tigin» unwany bilen Owganystan
we Demirgazyk Hindistany basyp alan Ýentailitomyka?
Bu hakda çeşmelerde açyk maglumatlara gabat gelmedik.
Bu Suň Ýun hatlaryndaky Laelih hem Junniňham tarapyndan Toramanyň
kakasy diýlip ýazylypdyr.
Teňňelerde Ramanila ýeke-täk görülen bolsa, Laelih hem Suňýun
ýazgylarynda bellidir. Laelih bir şahsyýetiň adymy? Markuarta bular
dogrusynda köp gözlegleri geçiripdir. Onuň pikiriçe Laelih «Tigin» sözüniň
ýalňyş düşünilip çeşmä geçen görnüşidir. Professor Göbliň hem Laelih
hakynda agzapdyr. Şu maglumatlar bilen birlikde käbir alymlaryň bikiriçe
Akhunlar Ýüçji we Kuşanlara baglanýar. Ýöne bu dogry garaýyş däldir.
Aýratynam El-Birunynyň eserinde Kabulda höküm süren Türkmen we Kabul
şasynyň lakamy Laga-Turman diýlip bellenipdir. Laga-Turmanyň hem
Toraman (Töremen) bolandygy hakynda çak edýäris[88].
Toraman sözüniň manysy hakynda dürli-dürli pikirler bar.
Tolstowyň pikiriçe «Tora» Çuwaş dilinde «Taňry» manysynda, «tora+man»
şeklinden «ko+man» şekline geçipdir. Gumilýewiň pikiriçe «Tore» sözi
türkmençe «Kanun we ülke» manysyndadyr. J. Karabaçege görä bu söz
Türkçe «gozgalaňçy, pitne turuzýan» manydadyr[89]. Soňra Professor
Gömeç türkçe ulanylan «Tör», «baş-tagt» sözleri ulanyp «Tagt ýa-da
Tagtyň eýesi» diýmekdigini aýdýar[90].
V asyryň ortalarynda Skandaguptanyň ölüminden soň Toraman (Töremen),
Guptalaryň içerki düşünişmezliklerinden peýdalanyp Demirgazyk Hindistana
çenli uzalan ýörüşleri gurnady.
Ilki Penjap Guptalardan alyndy. Soňra Totaman Budaguptanyň
ölendiginden peýdalanyp Guptalara hüjüm etdi. VI asyryň başlarynda
Guptalaryň käbir esasy şäherlerinden Pawwiýa Sakkala (Sialkot), Eran,
Malwa hemmesini yzly yzyna Akhunlaryň eline geçirdi. 510-njy ýylda bolsa
Hindistanyň Walahbi rajalaryndan Bhatarke, Toramanyň demirgazyk
Hindistandaky bolup geçen söweşlerinde egelmegi saklady. Hat-da iki tarap
arasyndaky söweşde Toraman ýeňlişe sezewar boldy. Soňra olar
Baladotýany, ýagny Narasimhaguptanyň ýerleşen gadymy Bengal
welaýatyny terk etdiler[91]. Akhunlaryň meşhur hökümdary Toraman 515-nji
ýylda Benareste öldi. Onuň ölüminden öň ogly Mihiragulanyň
mirasdüşeridigini aýdypdyr. Kakasynyň bütin mal mülkiniň
Mihiragulanyňkydygyny aýdypdyr. Kakasy oňa kä wagtlar sabyrly, dogry
hereketleriniň bardygyny aýtsa-da käte yzgytsyzdygyny hem aýdar
eken[92].
Toramanyň ölüminden soňra tagtda oturan ogly Mihiragulanyň[93] 533-nji
ýyla çenli Hindistanyň esasy bölegini dolandyrandygyny we gysga wagtyň
içinde Kaşmiri eýeländigini maglumatlarda gabat geldik.
Owganystanyň orta kesimlerinde bar ýerleşen Utuzganda tapylan kitaplarda
onuň ady Mihiragula (Mihiraguly) şeklinde ýazylyp bu at original Hun
adydygy çak edilýär[94].
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Akhunlar - 3
  • Parts
  • Akhunlar - 1
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1613
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Akhunlar - 2
    Total number of words is 3470
    Total number of unique words is 1805
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    34.3 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Akhunlar - 3
    Total number of words is 2364
    Total number of unique words is 1153
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.