Latin

Akhunlar - 1

Total number of words is 3420
Total number of unique words is 1613
23.3 of words are in the 2000 most common words
33.0 of words are in the 5000 most common words
37.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aşgabat 2015.
Terjimeler we gollanmalar, çeşmeler esasynda toplanyp ýazylan bu kitap
geçmişdäki türkmenleriň ata-babalary bolan Ak hunlar hakynda gyzykly
maglumatlary özünde jemleýär. Eliňizdäki kitapda Akhun hökmürowanlygy,
hökümdarlary, taryhy yzlary hakyndaky maglumatlardan peýdalanyp
bilersiňiz.
Toplan we terjime eden Ş. Suwtyýew
SÖZBAŞY
Häzirki döwürde köp ylmy meseleleriň çekeleşikli bolmagyna görä, ylmygözleg işlerini dowam etdirijileriň käbirleriniň pikirlerine görä Türkmenler
Eýranly, başga birleriniň pikirleriçe Mongol we asylly bolandyklaryny öňe
sürýärler. Emma beýle karara, ýeterlik subutnamasyz deliller aýtmaklyk
örän nädogrydyr.
Taryhy çeşmelerde: «Akhun», «Eftalit», «Haýtal», «Hua», «Ýeta»
görnüşlerde atlandyrylan bu kowum hakynda aýtsak, olaryň Gadymy Orta
Aziýanyň içinden, ýagny häzirki Kansunyň Günbatar taraplaryndan
Türküstan, Türkmenistan, Mawerannahr we Hindistanyň demirgazyk
taraplaryna ýaýylandyklary bellidir.
Olar şu geografik ýerleşmede taryhyň gymmatly yzlaryny galdyrypdyrlar.
Akhunlaryň meşhur hökümdarlary Aksuwar (515-528) bilen Mihirakula (528542) bolupdyr. Hökümdarlygyň umumy meýdany 500 3500000 km 2
bolupdyr. Paýtagty Balh şäheri bolupdyr.
Ak Hun türkmenleriň döwleti (Wizantiýa çeşmelerinde «Eftalit», Hytaý
çeşmelerinde «Ak Hiung-nu», Hindi çeşmelerinde hem «Swet-Hüna» diýlip
atlandyrlypdyr), IV asyryň başlarynda Yssy kölüň aňry tarapynda Awarlara
bagly bolup ýaşaýarkalar bu asyryň ikinji ýarymynda Mawerannahra we
Toharystana ýaýylan Türkmen hökümdarlygydyr.
Günbatara tarap süýşmeklerini dowam edip Hytaýyň demirgazykgûnbataryndaky Gobi çölünden Hazar deňizi kenaryna çenli ýaýylan bir
döwlet gurupdyrlar. Ak Hunlaryň günorta inen bir göçümi hem Kabul
töwereklerinde ýerleşen Kuşan döwletiniň goşunyny ýeňip Hindistana tarap
herekete geçipdirler. Olar Hindistandaky Gupta hökümdarlygyny V asyrynyň
soňlarynda tozduryp 510-njy ýylda Hindi we Ganji üstünliklerini
gazanypdyrlar.
Soňra Hindistandaky Ak Hunlar VI asyryň ilkinji ýarymyndan soňra taryh
sahnasyndan çekilip ilatyň arasyna ýaýrap gidipdirler.
Günbatar Ak Hunlary bolsa, bir taraptan Orta Aziýada häkimýetini binýat
eden Göktürkmenleriniň, bir tarapdan çozup giren kuwwatly duşmanlary
bilen bolan söweşlerde ysgyndan gaçyp 567-nji ýylda taryhyň sahnasyndan
çykypdyrlar.
Bu kitapda siz şular hakynda giňişleýin okap bilersiňiz.
Şamuhammet Suwty.
GIRIŞ
Beýik Hun döwletiniň bölünip parçalanmagy bilen orta çykan beýik syýasy
döwletleriň biri Akhunlar häzirki Türkmenistan, Türküstan, Gündogar Eýran,
Owganystan we Hindistanyň demirgazygynda Miladydan öňki I asyrlarda
aralaşypdyrlar.
Hun (Gun=Gün) adynyň Miladydan öňki 1000 ýyllaryň başynda orta
çykandygy bellidir. Miladydan öňki XI asyrlar bolsa Hunlaryň birleşip başlan
wagtlarydyr. Miladydan öňki 318-nji ýylda ilkinji gezek syýasy döwlet
hökmünde gazanylan şertnama sebäpli ady agzalypdyr. Soňra Hunlaryň
Aziýanyň iň güýçli döwletine öwrülendigini we miladydan öňki 216-njy
ýylynda Çynmaçynlylaryň (Hytaý) Türkilere garşy arasyny bölmek
syýasatyny ulanandyklaryny bilýäris.
Hun taryhynyň iň kuwwatly we meşhur hökümdary Mode Ýabgudyr. Kakasy
Duman özünden soňra hökümdarlyk üçin uly ogly Modeni dälde, ondan kiçi
jigisini tagt mirasdüşeri etmägiň kül-külüne düşýär. Mode bolsa birnäçemüň
leşger toplap kakasyna garşy uruş meýdanyna girişýär. Kakasyny şol
söweşde öldürip Hun tagtyna geçýär (M. ö. 209 ý). Mode Tunghularyň
ýerini eýeledi. Miladydan öňki 203-nji ýylda Ýueçjiler (Düýeçi) bilen uruş etdi
we olary ýeňlişe sezewar etdi. Mode Ýabgu Aziýadaky syýasy häkimýetini
dikeldeninden soňra Çynmaçyn topraklaryna ýörüş etmäge girişdi.
Çynmaçyn topraklary eýelenip başlanynda, Çynmaçyn hökümdary Kaoýy
(M. ö. 206-195) uruşda gabaýar. Çynmaçyn hökümdary Kao Hunlara ýyllyk
salgyt bermäge mejbur bolupdyr.
Mode Ýabgu Orta Aziýadaky garyndaşlary bilen gatnaşyk açmak üçin Hun
serhetlerini Garaguma çenli giňetýär. Hökümdarlyk gündogarda Koreýadan,
günbatarda Hazar-Ural sähralygyna, demirgazykda Ýeniseýiň (Eneseý/
Eneçaý) ýokarlaryna çenli, günortada Hindistanyň denirgazygyna we
Köpetdaglaryna çenli giňden ýaýylyp ýatypdyr. Mode ýabgu taryhda ilkinji
sapar Türki-türkmen (Turan) taýpalaryny birleşdirip hökümdarlygyny binýat
edipdir. Mode Ýabgu miladydan öňki 174-nji ýylda dünýeden öteninden
soňra ýerine ogly Kiok (Gök ?) kakasy kimin ýörüşlere başlapdyr.
Çynmaçyny birnäçe sapar tozdurýar. Olary täzeden salgyt bermeklige
mejbur edýär.
Kiokdan soňra Hun tagtyna ogly Güniçen geçýär. Onuň döwründe
(miladydan öňki 160-miladydan öňki 126-njy ýyllar) hökümdarlyk pese
gaçmaga başlady. Çynmaçyn, Hun döwletini ýykmak üçin dürli ar-alyş
syýasatlaryny ulanmaga başlady. Çynmaçynlylar olaryň içini alartmak üçin
jansyz ýetişdirip goýberýärler. Netijede Hun hökümdarlygy birnäçe
bölümlere bölünýär.
Şol wagtlar Han hökümdary Wutiniň döwri (miladydan öňki 141-nji一m. ö.
87-nji ý. ý.) bu syýasatyň güýçli alynyp başlanan wagty bolupdyr.
Çynmaçynyň ady belli jansyzy Çangçieniň baştutanlygynda ýüz adam
Türküstan (Turan) topraklaryna gönderilýär. Miladydan öňki 138-nji ýylda
başlarynda Ýueçjiler bolmak bilen birlikde, ady belli taýpalar hem
toparlanyşýarlar. Jansyz Çangçien bu töwekgellikleriň arasynda Hunlaryň
eline düşýär. Ol on ýyllap tussaglykda ýatýar.
Ol Hunlaryň arasynda tussaglykda bolup boşadylanlaryndan soňra gaçyp.
Ferganadaky Ýueçjileriň baştutanynyň ýanyna gidip Türkilere garşy
çykmagyny dowam etdirdi.
Miladydan öňki 126-njy ýylda Çynmaçyna dolanyp baran Çangçieniň toplan
maglumatlary Çynmaçyn planlary üçin gereklidi.
Bölünen Hun hökümdarlygy bir-birlerine ýagy bolýarlar. Hunlar wagtyň
geçmegi bilen dargamaga başlaýarlar.
Aýratynam Hunlaryň, Türküstan ýerleriniň gündogar taraplary elden gidýär.
Şol sebäpden Hun birleşigindäki birnäçe taýpalar we kowumlar olardan
aýrylyp, Çynmaçyna birikdiler.
Kyn günlerde galan Türki milletiniň häkimligini öz eline alan Tanhu Kun Kan
(Huhanýe M. ö. 58-M. ö. 31-nji ý. ý.) käbir begleriň teklibi bilen Çynmaçynyň
hemaýaty astyna girmek isläpdi.
Soňra onuň Çynmaçyna birikmegine garşy çykan jigsi Çiçiçihkutuhow (Çiçi,
Çiçik, Kiçik, Kiçijek) öz tarapdarlary bilen ondan aýryldy.
Türkiler şeýdip ikä bölünýärler (M. ö. 55 ý) we hökümdarlyk ikä bölünýär.
Kiçi Gutly Alp Ýabgu halkyň bir bölegini toplap öz kuwwatlary bilen
hökümdarlygyň günbatar taraplaryna göçýärler.
Kiçi Gutly Alp Ýabgu, Taňry daglary we Yssyköl töwereklerindäki söweşde
ýeňiş gazanyp bu ýerlerdäki Tölesleri öz gol astyna geçirýärler.
Olaryň ýanyndaky leşgerleriň sany hem iki-üç müňe ýetipdi. Çynmaçyn
(Hytaý) Kiçi Gutly Alp ýabguwa güýçlenmäge maý berenokdy. Çu-Talas
şäherleriniň arasynda bir paýtagt guran Hunlary 70.000 adamlyk goşun ýok
edip, şäheri hem ýykýarlar (Miladydan öňki 36)
Çynmaçyn ýurdunda galan Türkiler bir müddet soňra täzeden garaşsyz
bolmak ugrunda hereket etdiler.
Aralaryndaky düşünşmezlik we açlyk guraklyk sebäpli miladynyň 46-njy
ýylynda döwlet bir gezek demirgazyk we günortada iki bölege aýrylypdylar.
Soňra günortadaky Hun döwleti Hytaýyň golastyna giren wagtlary,
demirgazykdaky Hunlar garaşsyzlygyny gorap saklapdyrlar.
Çynmaçynyň birnäçe ýyllap alyp baran söweşleri, beýleki keseki taýpalar
bilen eden söweşleri, demirgazyk Hunlary ysgyndan gaçyrypdyr. Olar hem
öňler Kiçi Gutly Alp Ýabgunyň baştutanlygynda Hunlar 90-njy ýyllarda
göçüşleri ýaly soňra 150-nji ýyllarda Gazagystan taraplara çekilýärler.
Şeýdip olar Türküstan (Turan) topraklaryna ýaýylmaga başlaýarlar.
Günortadaky Hunlar hem öz aralaryndaky gozgalaňlar we närazylyklar we
kesekileriň basyp ýatyrmaklary bilen 250-nji ýyllarda dargadylar.
Olaryň Günbatardaky mirasdüşerleri häzirki Türküstanyň topraklaryna gelen
Akhunlardy. Şeýdip Hun döwleti ýaşmagyny dowam edýärdi. Ýewropadaky
Türk topar taýpalary; Awarlar we Bolgarlar ýaly syýasy birleşik baglaşyp
Aziýa geografiýasynda-da Demirgazyk Hytaý we häzirki Mongoliýada täze
Huntürkmen taýpalary taryh sahnasyna çykýar.
Öňki güýç-kuwwatyny ýitiren Hunlar Çynmaçyny ençeme ýyllap
sarsdyrypdyrlar. Bularyň arasynda syýasy birleşik saklap Hunlary gol
astynda saklan Liu Ýuan (adynyň manysy belli däl) begligi we Çuçu (Türk)
Bengu kagan tarapyndan gurulan döwlet hem-de Çynmaçyn çeşmelerinde
ady agzalýan Helienpopo atly Türki asylzadasynyň Ordosyň günortasynda
güýçlendiren begligi we Akhunlaryň Türküstandaky häkimýetini görýäris.
Akhunlaryň ýönekeý atlary däl eýsem, asyl gelip çykyşlary, ýaşan ýerleri,
baş şäherleri, haýsy we nähili dilde gürleşendikleri, edim-gylymlary, pul-
birlikleri ýaly olardan galan ýerasty miraslary gynansakda örän çekeleşikli
we jedellidir.
Bu jedeller näme üçin belli bir çözgütsizkä? Sebäbi olar hakda ýeterlik we
belli bir çeşmäniň gabat gelmezligi boldy.
Bu ylmy işde Akhunlar hakyndaky maglumatlaryň dargadylandygy ýa-da
haýsydyr bir milletde saklanyp galandyklaryny aýtmak isleýäris.
Bu ylmy iş taryhy maglumatlar bilen taýýarlanyldy.
Bu ylmy tejribe kitabymyzda Arap-Yslam, Çynmaçyn, Hind çeşmelerine
salgylanmak bilen Akhunlaryň Ýewropadaky galyndysy Awarlar bolup
biljekdikleri öňe sürlipdir.
Akhunlar Türkmenistanyň çäklerinde oturan wagtlary Eýranyň ganym
duşman bolan wagtlarydyr. Mümkin Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama»
eserindäki Eýran-Turan söweşleri bilen baglanyşykly ýazylan wakalar
Akhunlar bilen Eýranyň arasyndaky ýitileşen söweşleriň gadymdan bäri
saklanyp galandygy sebäpli ýazylypdyr.
Şamuhammet Suwty
AKHUNLARYŇ ASYL GELIP ÇYKYŞY
Taryhy çeşmelerde miladynyň 4-nji 6-njy asyrlarynda peýda bolan Kuşanlar,
Hionitler, Kidaritler we Akhun (Abdal, Eftal) aralarynda syýasy birleşmeler
bolupdyr.
Bu döwlerleriň asly hakynda heniz anyk maglumatlara gabat gelmedik we
bu hakdaky çekeleşikler intek hem dowam edip gelýär.
Ýöne olaryň Kidarit we Hionitler (Hun) bilen bir asyldaş bolandyklary
hakyndaky pikirler üstündir.
Ylmy-gözleg işlerini geçirijileriň käbirleri W. De Saint-Martin, W. Bartold, N.
Weselowski, G. Grum Grizhimailo dagylar Akhunlaryň (Abdallaryň)
Ýueçjileriň agtyklary bolan bolmaklary mümkin diýýärler. J. Marquart, R.
Grousset dagylar bolsa olaryň atalarynyň Mongollardan gelendigini çak
edýärler.
S. Tolstow we A. Bernştam dagylar bolsa Orta Aziýadaky asylly bolan
Hunlaryň nesli bolandyklaryny aýdýarlar.
Biz türkmenler hem S. Tolstowyň we A. Bernştam ýaly alymlaryň pikirlerini
örän makul we bolup biljek hasap edýäris.
R. Ghrishman, Tolstow, Bernştam, Mandelshtam, W. Masson dagylar
Akhunlaryň Hionit (Hun) asylly bolandyklary hakynda subutnamalar
görkezmäge çalyşýarlar[1]
Bu aslymyzy taryha ornaşdyran ata-babalarymyz bolan Akhunlar
dogrydanam Hun asyllydyrlar. Akhunlar öňki dargan Hunlaryň günbatardaky
mirasdüşerleridirler.
Akhunlar Ýueçjilermikä?
V. De Saint-Martin we Bartold Akhunlaryň (Abdal) Tibet asylly we
Ýueçjileriň agtyklary bolandyklary hakyndaky çaklaýarlar[2].
E. Specht we E. Parker dagylar olaryň başga bir kabyladan gelendiklerini
aýdýarlar.
Gumilew, Saint Martiniň bu teoriýasyna birnäçe sapar garşy çykypdyrla.
Sebäbi ol Ýueçji we Eftalitler arasyndaky kişilik tapawutlarynyň bolandygyny
aýdypdyr. Gumilew bu düşünjesiniň sebäbini Çynmaçyn çeşmesi bolan
«Bei Shi» de Ýe-da görnüşde atlandyrylanlaryň Ýueçjiler bolandyklaryny we
«Sui Shu» da hem Ýüeh-jilerden ýerli halk görnüşde däl-de Abdallaryň
dolandyran hanedanlygy bolandygyny öňe sürdi[3].
P. Lerkh we N. Weselosky Akhunlary (Abdal) Ýueçji asylly kabul edýärler
we olaryň asyl-kökleriniň Horezmde bolandygyny aýdýarlar. Weselowski bu
çaklamany öňe sürende Wizantiýanyň ilçisi Klikýaly Zemarkhousyň
resminamalaryny subutnama hökmünde orta atýar. Zemarkhous[4] Abdal
döwletiniň ýykylyşyndan soňra miladynyň 568-nji ýylynda Dizawul (Sinjubu),
Türkileriň kagany hökümdar Ýustinýan (565-578) tarapyndan bir ilçi
hökmünde ugradylypdyr. Zemarokhos Khoalitsiň topraklarynda
Weselowskynyň ünsi çeken zat Khoalitlaryň Abdallar bolandygyny pikir
edýär.
Ol Khoalitleriň adynyň aslynyň Xoaλìraı «khoalitoi»-«toi» den gelendigini
aýdýar.
Sözümiziň ahyrynda «Khoalitler Horezmianlardan tapawudy ýok» diýýär.
Lerkh Horezm şäheriniň adyny Kidariteleriň gadymy häkimýeti bolandygy
hakynda bir dokument tapypdyr we Kerder (Kurder) adynyň bu şäheriň
patyşasyna berilen at bolandygy çaklamany öňe sürýär.
Weselowski hem Lerkiň bu pikirine goşulýar we Kidariteleriň adynyň üç
nesle bölünen we olaryň biriniň adynyň «Kerderi» bolan we kiçi taýpalary
Gazaklar tarapyndan biziň döwrümize çenli goralyp saklanandygyny
çaklaýar[5].
G. Grum Grizhimailo V asyrda Akhunlaryň (Abdallaryň) bir böleginiň
Altaýdan aýrylyp Dinglingler bilen birleşip Ýuebanlary ýykyp Toharystana
giren Ýueçjileriň bir şahasy bolandygyny çak edýär. GrumGrizhimailo bolsa
Akhunlaryň asyl ata-watanlary Altaý daglary bolandygyny we
hökümdarlarynyňda ady Akşunwar (Aksungur) Akhunlaryň ady bilen
meşhur bolupdyr[6].
Akhunlar Mongolmy?
Marquart Hion ady astyndasky Akhunlaryň IV asyrdan bäri Kuşan
taýpalaryndaky baýlar bolandygyny, soňra hem olaryň dolandyryjysynyň
başyna geçendigini açyklapdyr.
Marquata görä Abdallar (Akhun) gadymy Mongollardyr. Ol bu ylmy işini orta
atanynda Oguz taýpasynyň Gaýy taýpasynyň Türkmen bolmandygyny,
Mongoldyklaryny öňe sürüp Akhunlaryň hem Gaýy taýpasynyň ata-babasy
bolandyklaryny aýdypdyr.
Marquatyň bu pikiri bilen ylalaşýan R. Grussetdir. Mongollardaky Gaý
taýpasy bilen Türkmenleriň Gaýy taýpasynyň tapawutly bolandygyny F.
Köprogly we E. Eberhard dagylar aýdypdyrlar[7].
Akhunlar Türkmenmi?
Tolstowyň işlerinde Akhunlar hakynda birnäçe gapylary açdy. Ol Eftalit
(Abdal, Akhun) adynyň Massaghet (Massaget) adynyň Türkmençesine
öwrülen atdygyny orta atdy. Tolstowa görä Massaget Alanlar Hunlaryň
beýleki taýpalary bilen garyşyp-gatyşyodyrlar. Amyderýa we Syrderýa
deltasynda Abdallaryň paýtagty Horezmiň demirgazyk-gündogar
taraplaryndadyr.
Tolstow taryhda Abdallar diýip orta çykan Kidarite adynyň [8] Kerder bilen
ýakyn baglanyşygy bolandygyny aýdýar.
Tolstow öz işlerinde Akhunlaryň (Abdallar, Eftalitler) Orta Aziýany basyp
alandyklaryny we Kuşanlaryň Massaget taýpalary hem-de Abdallaryň ýakyn
aragatnaşyklarynyň bolandygyny belleýär. Tolstow Horezmiň X asyrda Aral
deňziniň demirgazyk-gündogaryndaky taraplaryna aralaşyp Kerderiň
kimdigini subut edýär.
Lerk we Weseloskiniň tapyndylaryny hem göz öňünde tutmak bilen Kerder
şäheriniň ady bilen Abdal taýpasynyň ady bilen baglanyşyklydygyny
aýdýar[9].
Akhunlar hakynda Bernştam hem Tolstowyň pikirine goşulýar. Onuň pikiriçe
Akhunlar Orta Aziýadan günbatara göç eden Hunlardyr (Gunlar). Şol
aýdylanlar Caesarea Procopiusyň «History of Wards» atly eserinde hem
bar eken[10]. Bernştam Akhunlary açyklamak bilen Orta Aziýadan göçüp
giden Hunlaryň iki şaha [10]
aýrylandygyny, bularyň biriniň Hazarlary kemala getiren Hun-Akatir
taýpalary, beýlekileriniň hem Hun-Kidarite taýpasy bolandygyny aýdýar.
Onuň pikirine görä Gündogar Aziýa Hunlary bilen Orta Hunlarynyň birleşigi
bolsa Abdallardyr (Eftalit, Akhun)[11].
Diýmek Hunlar Türkmen asyllydyrlar. Olar hakyky Türkmen mirasdüşerleri
bolupdyrlar. Biz Tolstow bilen Bernştamyň bu pikirlerini iki elimiz bilen
goldaýarys.
Akhunlar Eýranlylarmy?
Mandelştam we Dýakanow Akhunlaryň Kidarite we Eýran asylly
bolandygyny we onuň subutnamasyny hem aýtmaklyk bilen Eftalitleriň
(Abdal, Akhun) teňňe pullaryndaky ýazgylaryň gadymy Pählewi dili
bolmagyny we olara degişli birnäçe ýazgylaryň hem Eýranda orta
çykandygyny görkezýär.
Akhun (Abdallaryň) Eýran asylly bolandygyny goldaýanlaryň biri hem B.
Gapurowdyr. Ol hem Abdallaryň Orta Aziýa we Gündogar Eýran
taýpalaryndan ybarat bolandygyny aýdypdyr [12]. Akhunlaryň asly hakynda
ilkinji derňew edenleriň arasynda Gumilew we Enoki hem bardyr.
Gumilewden has öň Enoki Çynmaçyn (Hytaý) çeşmelerini agtaryp
açyklanyndan soňra Çynmaçyn ýazyjylaryň Akhunlaryň asly hakyndaky
maglumatlara diňe çaklama maglumatlar bilen doldurylandygyny aýdypdyr.
O. Grişmanyň Akhunlaryň Eýran dillidiklerini kabul edilipdir. Şol bir wagtyň
özünde diliniň Hionitlerden (Hun) tapawutly bolandygyny we Akhunlaryň
Hunlar bolandygyny aýdypdyr.
Onuň pikiriçe Sogd taraplardaky Hionit patyşasy Jauwla ýa-da Jhow Şu
patyşa döwründe Akhunlar tarapyndan basylyp alnypdyr. Onuň iň uly
tutaryk çeşmesi-de Çynmaçyn çeşmelerinden ybarat bolan «Sui-şuda» bu
patyşalyk ilkibaşda Wen (Hun), soňra bolsa Çao-wu görnüşe geçipdir[13].
Enoki we Gumilew Abdallaryň göçüp başlan ýerleriniň biri Badahşan
bolandygyny çaklaýan Betnştamyň 1951-nji ýyldaky Badahşan teoriýasyny
kabul edipdir.
Soňra bolsa Akhunlaryň ilkinji merkezi Orta we aşaky Syrderýa ikinji
merkezleri bolsa Amyderýanyň ýokary bölekleridir aýratynam Bernştam
Grişmanyň Miladynyň başlaryndaky Hunlaryň herketletlerini yzarlan
Ghrişmanyň pikirlerini goldap Hionite we Abdallaryň Türkmenleriň atababalarynyň biri bolandygyny öňe sürüpdir[14]. Bartold we Harmatta[15]
Saint Martinyň Akhun (Abdallaryň) Ýueçji bolandygy hakyndaky pikire
goşulýar. Çynmaçynlylar Gazak sähralaryny Ýuebanlar Wusunlardan
demirgazyga göçüpdirler Gazak sähralarynda miladynyň IV we V asyrlarda
ýaşan Hunlardyr we Akhunlaryň bir şahasydyr diýen pikirde[16].
Grişman bolsa Akhunlaryň Sogdianlar bolandygyny we olaryň Buhara we
Samarkantda ýaşandyklaryny agzap geçen Al-Mesudy bilen deň
pikirdedir[17]. Onuň pikiriçe Akhunlar Eýranly boludyrlar. Grişman Akhunyň
teňňe pullary hakynda rowaýatlary çözeninden soňra olaryň belli jogabyny
tapypdyr we «Eptla Shaho (no)» görnüşinde ýazylan atlandyrmanyň
«Hionitleriň» hökümdary bolan Eftalitler manysynda bolandygyny aýdýar.
Şol sebäpden Eftalitler dolandyryjy ady astynda, Hionitler bolsa öz
gezeginde halk manysynda ulanylandygyny aýdypdyr[18]. Grişman we
Sundetmann dagylaryň pikiriçe Kidaritler Kuşanlaryň dördünji hanedanlygy
bolan Kuşanlardyr[19]. Grişman ýene-de öz pikiriniň üstüni dolduryp
Hionitleriň demirgazyk gündogar topary bolan Ýueçji we Saklaryň bir bölegi
bolandygyny aýdýar. Hionitleriň günorta goly bolsa Zabutilerdir. W. Liwşits,
Grişmanyň gelen kararyndan soň Akhunlaryň Orta Eyran çeşmelerinde
«Hýon» görnüşde agzalanlaryň agynjak özi bolandygyny we olaryň hem
Hionitleriň bir şahasy bolandygyny« aýdýar[20].
Grişman tarapyndan öňe sürülen Hionit we Eftalitleriň (Akhun) kimdigi
olaryň şaý-pullaryndaky okalan atlar bilen biri-biri bilen birleşendiklerini
aýdýan Grişmany goldaýan Mandelştam, B. Marşak hem şol bir wagtda
Gumilewiň öňe süren teoriýal daýanmalary olaryň aslynyň Türkmen
bolandyklaryny kabul edýär[21]
Grişman tarapyndan okalan Eftalit şaý-pullary hakynda birnäçe alymlaryň
ünsi düşdi. Şolaryň käbiri Hionit we Abdallaryň tapawutlydygyny öňe
sürýärler. Olaryň arasynda Liwşit we Massom hem bar. Olaryň pikiriçe
şübhelendirýän pullardaky ýazgylaryň okalmagy Hionitleriň we Abdallaryň
kimdigi hakynda şaýatlyk ýokdur.
«History of the Turkmen SSR» atly kitabyň ikinji jildiniň birinji bölümi
Abdallar hakynda ýatlap geçipdir. Bu bölümdäki ýazyjy S. Wýazigin
Avdallary Hionitleriň guran döwletiň içindäki dolandyryjy hanlardan orta
çykandygyny aýdyp Hionit we Abdallaryň kimdigini subut etmäge
çalyşypdyr.
Onuň pikiriçe Hionito-Eftalit birleşigi, Türk we Eýran dilde gürleşenleriň
asyllary tapawutly taýpalar bolandygynyň tarapynda. Wýazigin Kidariteleriň
Kuşanlar bolandygyny olaryň Hionite we Eftalitler bilen garyşypgatyşmandygyny hem aýdýar. Şoňa meňzeş bir pikirde bolan Türkmenistan
taryhyny öwrenijileriň biri bolan A. Gubaýew hem Kidarite we Hionite-
Eftalitleri bolan etnik asyllylar içinde Türkçe we Eýran dilde gürleşenleriň
garyşyp-gatyşandygyny aýdýar.
Türkmen taryhçysy H. Ýusupow Hionite-Kidarite we Eftalitleriň dürli
halklardan bolandygyny aýdýar. Hionitleriň Hunlaryň bir bölümi bilen
garyşan käbir Mongollar bilen Eýran dilde gürleşipdirler.
Ýusupow Eftalitleriň asyllary bilen baglanyşyklyklar bilen gyzyklanyp Akhun
(Eftalitleriň) Eýran Sasanilerine garşy söweşe ýol açan we Parfiýa döwleti
ýykylanyndan soňra öz garaşsyzlygyny gazanan ýerli halklaryň birleşiginiň
bolandyklaryny öňe sürýär[22].
Rus taryhçysy Trewer Hionitleriň Kuşan döwleti ýykylanyndan soňra
Massaget kowmyndan aýrylan we soňra hem Hunlaryň bir bölümi bilen
birleşen Massaget topary bilen gelen kişiler bolandyklaryny çak edýär.
Ýöne ýene-de olaryň kultural we fiziksal gatnaşyklarynyň bir-biri bilen
baglanyşygynyň ýokdugyny-da aýdyp geçipdir. Onuň pikiriçe olaryň atlary
Ýunan (grek) çeşmelerinde Akhunlar diýip atlandyrylypdyr we şol şekilde
geçmegi bilen bu adamlaryň başga bir göçüp-gonujy Hunlardan has uly
ýerlerde ýaşandyklaryny we tenleriniň hem ak reňkli bolandyklaryny
aýdypdyr.
Miladynyň V asyrynyň başlarynda Trewer Eftalitleriň Kuşanlar bilen
garyndaş bolandyklaryny hem aýdypdyr[23].
Meşhur türkmen taryhçysy Ö. Gündogdyýew tarapyndan başlanan bir ylmyişde Kidaritler, Hionitler we Eftalitler etnik bolan ýeketäk bir topardyr. Öwez
Gündogdyýew Hunlar we Hionitlere degişli teoriýalary öňe sürüp IV asyrda
Hionitlerden aýrylan Kidaritleriň garaşsyz bolandyklaryny aýdýar. Onuň
pikiriçe Kidara Kuşan döwleti çöküp başlanynda olaryň güýjüni we
häkimýetini ele geçirýärler. Hionit-Kidaritleri zabt edýärler. Hionit
taýpasynyň ady Eftal (Abdal) adyny alanyndan soňra Hionitler Eftalit adyny
götetipdirler. Bu pikir iki sany garaşsyz çeşmelere daýanýar: VI asyrda
ýazyjy Theophanes Byzantinos hem Eftalanos (Eftalit patyşasynyň adyny
agzapdyr) we Çynmaçyn (hytaý) ýyl ýazgylarynda hem (Ýe-ta ýa da Ýe-ta-ilito一belkäm «Ýyldyz») Eftalidiň Kidaritleri ýeňendigini we Kuşanlary
Hindistanyň denirgazyk taraplaryna kowandyklaryny ýazypdyr.
Onuň pikiriçe Eftalitler Kuşan döwletiniň varisleridir[24]. Türkmen taryhyny
öwreniji G. Karpow bolsa Eftalitleriň has soňra Kuşan adyny alandygyny,
olaryň hem Eýranlylar bolandygyny we bu ýerlerdäki asyl ähliniň
Owganystandadygyny çak edýär[25]. Gyzyl Hunlar iki asyr öňki Akhunlar
bilen birdirler we VI asyryň ortalarynda Pers hökümdarlygynyň
demirgazygyndaky Syr derýa we Aral deňziniň çäklerine höküm sürüpdirler.
Olar taryhyň esasy roluny oýnan bolmalydyrlar[26]. Päkistanly meşhur
arheolog we dil alymy bolan A. H. Daniniň makalasyna görä H. Baileý,
Pehlewi uýerogliflerinde «Jamaspname» de Eýran we Akhunlar arasyndaky
bolup geçen söweş hakynda maglumat berendigini öňe sürýär. «Zan-i
Wohuman ýaş» (Pehlewilerde Zandi Wöhüman ýaşt diýlip atlandyrylan)
kitapda Sasanileriň ýeňlişe sezewar bolandyklaryny ýazýar. Bu çeşmede
agzalýan Gyzyl hunlar bilen baglanyşykly bolan «Patyşalyk we häkimýet
Eýranly bolmadyk, daglarda ýaşaýan Hun, Türk, Abdal, Tibetli deýin, hemde Çynmaçyn, Kabul, Sogdiana, Wizantiýa, Gyzyl hun we Ak hun ýaly
gullara geçendigini we olaryň Eýran şäheriniň hökümdarlarydyr. Dünýade
olaryň buýruklary ýerine ýetiriljekdir» ýazgylary hem hakykaty aýdyň
görkezýär[27]. Käbirleriň pikiriçe Gyzyl hunlar adyny gyzyldaňyzly, gyzyl
zyrh we gyzyl baýdaklar göterendikleri üçin şol at dakylypdyr.
Hindi çeşmelrinde aýratynam Warahamihira görnüşinde geçen Akhunlar we
Gara hunlar hakynda agzalyp geçilendigini öňe sürülip Gara hunlar Gyzyl
Hiona (Hun一Gun) we VII asyrdaky Hotan-sak dilindäki bir goşgyda olaryň
atlarynyň gyzyldaňyzly görnüşinde tanalandyklaryny çak edilýär[28]... Bu
iýerogliflerde görşümiz ýaly Hionlar (Hunlar), Akhun (Eftalitler we Gyzyl
gunlar diýip atlandyrylypdyrlar. Tapawutly taýpalar bilen bir etnik topar
bolup atlandyrylan kişileriň atlary ýalňyş ýazylan hem bolup biler. Bular
aýdyň bolmandygy üçin aýratyn Zaçarias Rhetoryň maglumatlarynda (V一
VI a.) göçüp-gonup ýören Abdallar hemem Eftalitler görnüşinde
görkezilipdir[29].
Markuart Gyzyl hunlaryň, Juan-Juan we Akhun (Eftalit) bolmandyklaryny
aýdyp, Baileý Perçedäki Spet ýa-da Hýon sözleriniň Kamir baglanyşygynyň
bolandygyny çak edýär[30]. W. M. Growern Kuşanlar (Ýüeçji) we Akhun
(Eftalitleriň garyndaş bolandyklaryny we olaryň Turfandan gelendiklerini
açyklaýar.
M. Gowern hem şol döwürde tapawutly dil we medeniýete eýe bolan
Akhunlar (Abdallar) bilen Awarlaryň arasynda baglanyşygyň bardygyny çak
edýär. W. M. Gowern Eftalitler hakynda Wiznatiýa çeşmelerini tutaryk
görkezip Turfanda ýaşaýanlaryň gök gözli we Majarystan we Wengeriýada
ýaşaýan Hunlar we Eftalitler hem bu adamlara örän meňzeşdirler.
Onuň pikiriçe ol ýerde tapylan tapyndylary tutaryk görkezip Tibetliler bilen
Eftalitleriň arasynda käbir baglanyşyklaryň bolandygyny; ýöne ýene-de iki
halkyň şol bir asyldan gelendigini aýdýar.
Şol wagtlarda tapawutly dile we medeniýete eýe bolsalar hem Awarlar we
Eftalitler arasynda hem ýakyn gatyşyklygy bardyr. M. Gowern bolsa
Awarlardaky düzgünleriň köpüsiniň Eftalitlerden geçendigini aýdýar[31].
Gömeçiň pikiriçe Akhunlaryň asly Göktürk ýazgylaryndaky Aparlar (Awarlar)
şolardyr. Çünki ol, eger Akhunlar, Bumyn kaganyň ölen wagtlarynda bar
bolan bolsalar, onuň jynazasyna ilçi ugratmaklary we şol sebäpden
atlarynyň hem Göktürk ýazgylarynda agzalmaly bolandygyny aýdýar[32].
Aýratynam «Türk taryhynda Awarlar we Awar meselesi» atly makalada bu
meseleler hakynda agzalypdyr[33].
M. Tezjan bolsa bu iki hanedanlygyň biri-birinden tapawutly bolandygyny
we Eftalitleriň, Akhunlaryň ýerine geçendiklerini öňe sürüp Akhunlaryň hem
Eftalit bolmandygyny çak edýär[34].
Wasendonka görä Eftalitler, Akhunlar bilen şol bir taýpa däldigini aýdýar.
Onuň pikiriçe Akhun ýa-da Hionitler birdir. emma Aftalitler başgadyrlar. Ol
hem Tezjanyň Akhunlary ýok edenleriň Eftalitler bolupdyr diýenlere
goşulýar[35].
AKHUNLARYŇ ÝURDY
Akhunlaryň geografik ýerleşişi
Akhunlar hakyndaky ylmy-gözleg işlerde Hunlaryň günbatar şahasyny
döreden Akhunlar belki miladydan öňki 50-nji ýyllarda amala aşandygy
bellidir. Soňra 46-48-nji ýyllarda Hunlar ikinji gezek bölünip, soňra 90-njy
ýyllarda we ýene-de 150-nji ýyllarda has uly topar bilen Türküstana gelen
Türkilere Çynmaçyn ýyl ýazgylarynda Ýüe-ban, Y-ta, Ýe-ta we ş.m. atlar
bilen belgilenipdir. Göktürk maglumatlarynda Apar, beýleki çeşmelerde Uarhun, Huna, Eftalit, Akhun we ş.m. atlar bilen belli bolandygy çak edilýär.
Günbatara çekilen bu Hunlaryň ýerleşen ýerleri Türküstanyň gündogary we
günbatary bilen birlikde Hindistanyň demirgazyk taraplary bilen AmyderýaAral kenarlaryna çenli, soňra Itil-Ural taraplaryny öz içine alyp, ol ýerden
Ýewropa Hunlarynyň şinelenmegine sebäp bolupdyrlar.
Akhunlar Ýewropadaky Hun döwletini, Awar kaganlygyny, döredenlerdir.
Akhunlar Hindistanyň demirgazygyndaky häzirki Owganystan we Päkistan
geografiýa çäkleri ilkinji ýurt tutunan ýerleri bolupdyr[36].
Akhunlaryň höküm süren ýerleriniň başynda Gur welaýaty bar. Bu ýerler
häzirki Owganystandaky Gerat derýasynyň gündogar taraplarydyr[37].
Ýöne çynmaçynça Hua bilen Guruň birmeňzeş boljagy mümkin däldir.
Çünki Hua Ak Huny garşylaýar
Aýtmaklaryna görä Hua olaryň ýaşan ýerleri däldir[38]. Emma bu
atlandyrma Ak hunlary dolandyryjy Apary (Uar, War) garşylaýar[39]. Meşhur
buddist Hsuan Tsang Türküstanda syýahat edeninde Akhun topraklaryna
hem syýahat edipdir. Onuň maglumatlaryna ser salsak Akhunlaryň merkezi
Amyderýanyň Günortasyndadyr diýipdir. Alymlar ony Kunduz töwerekleri
diýip düşündirýärler.
Hsuan Tsang döwründe bu ýerler Göktürk kaganlygynyň günbataryndaky
ýabgularyň eýeliginde bolupdyr [40].
Onuň Huo diýip atlandyran ýeri Toharystan bolan bolmagy mümkin.
Toharystany hem Göktürkleriň ele alandyklaryny aýdýarlar. Toharystan
Balhyň gündogaryna düşen Jeýhun derýasynyň günortasyndaky Hulm,
Kunduz, Ysgamyş, Talakan, Simingan, Baglan ýaly ýerleri öz içine
alypdyr[41]. Hem-de oňa Balh bilen Tirmiz hem girýär. Balh demirgazyk
Owganystanda Jeýhun (Amyderýa) derýanyň günortasynda Dehasyň
uzaboýundaky Kuhy Babab dagynyň etekleri Toharlylaryň dini merkezi
bolupdyr[42].
Çynmaçynlylar Fo-ho-lo /Fo-ko-lo, Po-ti, Siriýalylar Balakh, Ermeniler Bahl,
Arap we Pasrlar (Eýran) Balh diýip atlandyrypdyrlar[43] Grek häkimýetiniň
syndyrylmagyndan soňra Balh Kuşanlaryň häkimýetine girýär. V asyrda
Akhunlar Kuşanlary bu ýerden gysyp çykarýarlar we olary günorta
sürýärler.
Soňra Balh VIII asyra çenli Akhunlaryň merkezi şäherleriniň biri bolupdyr.
Hasaplamalara görä Balhdaky Akhun ilaty takmynan 50-60.000 adam
bolupdyr.
509-njy ýylda bu ýerden Çynmaçyn saraýyna ilçi ugradylypdyr.
Bu ilçiler Akhunmy, ýogsa Balh halkyndan bolanmy belli däl[44]. Tirmiz
bolsa Balhyň gündogaryndadyr. Termezde 10 monastyr we 1000 din
adamlary bolandygy bellidir. V we VI asyrlar arasyndaky taryhlarda bu
şäher bilen baglanyşykly maglumat örän azdyr.
Bu şäher dik dörtgen şeklinde we etraplary diwarlary bilen gurşalypdyr.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Akhunlar - 2
  • Parts
  • Akhunlar - 1
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1613
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Akhunlar - 2
    Total number of words is 3470
    Total number of unique words is 1805
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    34.3 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Akhunlar - 3
    Total number of words is 2364
    Total number of unique words is 1153
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.