Latin

Adam bolmak kyn - 4

Total number of words is 880
Total number of unique words is 622
46.4 of words are in the 2000 most common words
57.8 of words are in the 5000 most common words
64.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Onçasyny özüň bil! Meniňki bir aýtmak. Onsoňam
diňle, Ýekegulagyň plany şeýle: men itleri örüzmeli-de,
aýagaldygyma gaçmaly, olaryň ünsüni özüme sowmaly.
Şol wagt beýleki möjekler süriniň yk tarapyndan gelip,
çozmaly. Olar etjegini edip, yzlaryna gaçansoňam,
Ýekegulagyň özi süriniň ortasynda bukulyp galjakdyr.
82
«Şu gezekde öňki-soňky arymy ýerine salaryn!»
diýýär. Şonuň üçinem biriňiz süriniň ortasynda
boluň... Anha, hojaýynyňam daş çykdy öýdýän. Men
gitdim! Ýoldaşlaryňa aýt, ertir meni gaty çyny bilen
dalamasynlar, haýyş!
Oglan-möjek şeýle diýip, garaňka siňip gitdi.
21-nji bap
Serdar möjegiň «bütin Garagumuň taryhynda galar»
diýýän taryhy hüjümi başlandy. Diňe ene möjek sürä
çozmakdan boýun towlady diýmeseň, ähl zat planda
bellenilendäkisi ýaly: howanyň tüýsi üýtgedi, güýçli ýel
turdy, ýyldyrym çakyp, gök gübürdäp, asman ýyrtylara
geldi. Ine, şol wagtam täze gelen möjek özünden möjek
ysynyň gelmeýändiginden peýdalanyp, Hudaýguly
çopanyň sürüsiniň ýele tarapyndan arkaýyn bardy-da,
itleri örüzdi. Çopanlary başagaýlyga saldy. Soňam uzyn
uwlap, gelen tarapyna ökjäni göterdi. Onuň mekgesine
münen itler wagyrdysy daşlaşyberende, serdar bukuda
ýatan nökerlerini aýaga galdyrdy-da, sürä tarap at
goýdy. Baryp süriniň edil ortasyna kürsäp urdy.
...Ýeňseden ýaňlanan batly tarkyldyny serdar ilk gök
gübürdisidir öýtdi. Ýöne bir möjegiň elhenç waňkyran
83
sesi welin, ony bada-bat yza seretdirdi. Tarkyldy ýene
gaýtalandy. Şol wagt ýalpyldap giden ýyldyrymyň
ýagtysyňa ol süriniň daşynda ylgaşyp ýören itleri, elleri
tüpeňli çopanlary, iň erbedem: waňkyryp ýere ýazylan
ikinji nökerini gördi. Serdar duzaga düşenini aňyp,
süriniň ortasynda aşak çökdi welin, çöken badyna-da
bir äpet it üstüne hopba boldy.
Ähli hilesini, emelini ulanyp, itden ölümiň öýünde
sypan serdar oljadanam, ordadanam ellibizar geçip,
ümdüzine tutdurdy. Gaçyp barýar. Bir görse, öňden
aldyrany bar ýaly bolup, täze garyndaş okdurylyp gelýär.
— E-eý, aňkaw, sen näme iliň tersine gaçýaň? Ýada ajalyňa barýaňmy? — diýip, ol täze garyndaşyň
deňine ýetmänkä gygyrdy. Ýöne garyndaşy maňa
aýdýamysynam diýenok, gözi ýok ýaly, göni serdaryň
ustüne gelýär. Serdar zordan sowlup ýetişdi. Sowlan
dessine-de, garyndaşynyň gapdallygyna egrelip duran
kuwwatly guýrugyna aýagy ilip, tüwdürildi. Hasyrdap
ýerinden tursa, täze garyndaş ýene üstüne atylyp gelýär.
Özem «Sypmarsyň, serdar! Bu gezek sypmaga hakyň
ýokdur!» diýip gygyrýar. Rejäniň geň däldigini aňan
serdar täze garyndaşy bilen dikleşdi.
Täze
garyndaş,
ýagny,
84
oglan-möjek
serdaryň
gabawdan sypyp gaýdanyny uzakdan görüpdi. Şol bada
hem öwrüm berip, onuň öňünden çykmaga alňasapdy.
Serdaryň öwredenje emelleri, ynha, şu ýerde özüne
ýagy boldy. Ol şunça gahar-gazap bilen topulsa-da,
oglan-möjek eger-eger asgynlar ýaly däl. Deň garpyşýar.
Serdar haýsy emele ýüz ursa, oglan-möjegem şoňa
laýygyny tapýar.
Şol barmaşa bir ýerden Boýnak, onuň yz ýanyndanam
Hudaýguly çopan ýetip geldi. Iki möjegiň garpyşyp
duranyny görüp, Hudaýguly çopan-a agzyny açdy.
Boýnak welin wagty ýitirmedi, serdaryň ýeke gulakly
kellesini nyşana alyp, onuň üstüne özüni zyňdy. Şeýdip
oglan-möjek bilen Boýnak ikisi serdary ýere ýazdylar.
Janyny jähenneme iberdiler.
Ine-de, biziň oglan-möjegimiz öz okan mekdebiniň
janly burçunda otyr. Janly burçuň gözeneginiň öňünde
hümerlenişip duran çagalara seredip, hem begenýär,
hem gynanýar. Hemmesi tanyş ýüz, tanyş ýerler.
Ynha, öňki klasdaşlary. Anha-da, inisi, gözenege
ýaplanyp, möjege ses-üýnsüz seredip dur. Onuň deňduşlary möjege öýkünip, uwlan bolýarlar, daşjagaz
oklaýarlar. Inisi welin bularyň oýnuna goşulanok. Ol
nämedir bir zadyň pikirini edýär. Belki, nam-nyşansyz
85
ýiten agasy hakynda oýlanýandyr...
Hudaýguly çopana duşandan soň, oglan-möjegiň
ykbaly oňuna boldy. Ilkibaşda ony Japar tas atypdy, ýöne
Boýnak oglan-möjegiň öňüne pena boldy. Hudaýguly
çopanam muny görüp, Japaryň elinden tüpeňi gaňryp
aldy. Şol günüň ertesi oglan-möjegi getirip, mekdebiň
janly burçuna tabşyrdy. Şondan soň tizara oglanmöjegiň ýanyna jadygöý geldi:
— Bo-how, ikilikçi dost, bärdemidiň asyl? Mekdepden
gaçsaňam, ýene mekdebe getiripdirler-ow! — diýip,
jadygöý oňa habar gatdy.
Oglan-möjek sesini çykarmady:
— Sen menden gaty görme, ikilikçi dost! Bu zatlaryň
hemmesi seniň öz islegiň boýunça bolup geçdi. Diňe
bir islegiňi ýerine ýetirmedim — seni gaýtadan adama
öwrüp bilmedim.
— Meni indi şu ýerden, adamlaryň arasyndan
aýyrmasaň bolýar! — diýip, oglan-möjek dillendi.
— Ýöne meni biderek gezip ýörendirem öýtme! Sen
möjekleriň arasynda gezip ýörkäň, men öz jadygöýlük
kitaplarymyň ählisini dörüşdirip çykdym, dünýäniň
dört künjüni aýlanyp gördüm, garaz, seni adama
86
öwürmegiň emelini gözledim. Ahyram tapdym...
Jadygöý şeýle diýenden, oglan-möjek ýokary-ýokary
towsuberdi. Ýöne jadygöý ony saklady:
— Dur entek! Gaty begeniberme! Biler bolsaň, ol
emel meniň elimde däl eken...
— Ol emel adamlaryň elinde — diýip, jadygöý
dowam etdi. — Eger adamlar saňa seredip: «Adam ýaly
akylly möjek eken!» diýip, üç gezek aýtsalar, sen adama
öwrülýäň, ýogsa-da ýok.
Ynha, şondan bäri, jadygöý bilen bolan duşuşykdan
soň oglan-möjek adamlaryň şol iki agyz sözüne garaşyp
ýatyr.
Bir gün mekdebiň okuwçylary özleriniň janly
burçuna möjek sowgat beren Hudaýguly çopany
duşuşyga çagyrdylar. Ondan bu möjegi tutuşy barada
gürrüň bermegini haýyş etdiler.
Hudaýguly çopan janly burçuň öňünde durup, bu
möjegiň bütin Garagumda ady belli Ýekegulak möjek
bilen söweşişi, ony ele salmaga kömek edişi barada
ýekänme-ýekän gürrüň berdi. (Möjekleriň hüjümi
barada Boýnaga habar ýetireniňem şu möjekdigini
bolsa Hudaýguly çopan bilenok.) Sözüniň soňunda ol
87
oglan-möjege tarap öwrüldi-de:
— Şu möjegi hor etmäň. Adam ýaly akylly möjek
eken bu! — diýdi.
Oglan-möjegiň ini üşüdýän ýaly, birhili galpyldap
başlady.
Çagalaram Hudaýguly aganyň yzy bilen:
— Dogrudanam, adam ýaly akylly eken... — diýiň,
iki-üç öwra gaýtaladylar. Möjege öňküdenem gowy
seretjekleri barada Hudaýguly çopanyň ýanynda söz
baryny berdiler.
...Şol günüň agşamlygam janly burçdaky möjek
gürüm-jürüm boldy. Ertesi gün gelip görenler janly
burçuň gapysynyň agzynda diňe bir oglanyň aýak
yzyny tapdylar. Yzy yzarlap gördüler, uly ýola baryp,
köpçüligiň aýak yzlaryna goşulyp gidipdir. Bir garagol
gelip, janly burçumyzyň gapysyny açyp gidipdir» diýlen
netijä geldiler.
— Hany, onda möjegiň yzy? — diýip, has düşbüler
sowal berdiler.
Jogap tapylmady.
Ol möjegi gaýdyp bizden başga gören-eşiden
bolmady.
88
***
Kim näme diýse diýibersin, adam bolmakdan gowy
zat ýok eken. Goý, kyn bolsun, goý, irden turzup,
mekdebe ibersinler, ýumuş üstüne ýumuş bersinler,
goý, käte käýesinlerem, barybir, adam bolmak hezil
eken, adamlar!
89
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Adam bolmak kyn - 1
    Total number of words is 3589
    Total number of unique words is 2061
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 2
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2010
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 3
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2050
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 4
    Total number of words is 880
    Total number of unique words is 622
    46.4 of words are in the 2000 most common words
    57.8 of words are in the 5000 most common words
    64.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.