Latin

Adam bolmak kyn - 2

Total number of words is 3537
Total number of unique words is 2010
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýol bilen mekdepden yzlaryna gaýdýarlar. Delje olaryň
kesek atym yzyndan pysyrdap, harabadan mekdebe
çenli, mekdepden haraba çenli ugradýar. Delje olaryň
haýsynyň sapaklaryna taýýarlyksyz barýanyny,
mekdepde haýsynyň nähili baha alanyny hatasyz
kesgitläp bilýär. Özüniň adybelli «ikilikçi» ülpetleri
ýüzlerini sallaşyp, sumkalaryny süýreşip geçiberdigi,
Delje «Gaýgy etmäň, oglanlar! Biziňem göz görkezjek
wagtymyz geler!» diýip, içinden olara göwünlik
bererdi. Sumkasyny oklap-gapyp, bökjekleşip barýan
«5-likçileri» görse, gözi giderdi. Öz-özüni köşeşdirmek
üçin, «Bolsaňyz bolupsyňyz-da «5-likçi!» Ony kim
oňarmaýar. Ýöne, hany, serçä öwrüljek bolup görüň!
Başaraýmarsyňyz!» diýerdi.
Serçeleriň
durmuşynda-da
29
gowy
günler
gaty
gysga bolýan eken. Delje heniz özüni doly dürsäp,
gerdenjiklerini oňly ýazmaga ýetişmänkä, serçeleriň
mesgeninde uly harasat gopdy.
Delje bir gün säher bilen uly gyk-baga, yzandaçuwanlyga gözüni açdy. Ol kellejigini höwürtgeden
daşaryk uzatdy-da, bada-bat yzyna çekdi. Harabanyň
içindäki turýan topalaň akyla sygar ýaly däl. Jüýgüldi,
jürküldi diýlen zat gulagyňy gapyp barýar. Ýelek-per
diýlen zat asmandan gar ornuna gaýyp düşüp dur.
Nirä seretseň, gara, melemtil reňkli nätanyş guşlar,
haýsy tarapyňa baksaň, ala-basgy bolşup, jyryp barýan
serçeler...
Delje bu zatlar düýşünde bolup durandyr öýdüp,
gözlerini mäkäm ýumdy. Bir salymdan ýene açdy.
Görse, onuň höwürtgesiniň edil öň ýanynda hälki
gara, melemtil guşlaryň biri hekgerip otyr. Özem
Deljäniň göni garagyna seredip, «Çyk-çyk-çyk!» diýip
tekrarlaýar. «Wiý, bu sar ahyryn!» diýip, Delje içini
gepletdi. Birhili ýüki ýeňläp, göwrümi giňän ýaly boldy.
Öňräk, adamka-ha onuň sarlar bilen arasy erbet däldi.
Hatda ýoldaşlaryndan kem galmajak bolup, sarlar üçin
bir-iki sany agaç höwürtge-de ýasapdy. Şonuň üçinem
ol ýaňkynyň ýüzüne bakyp, dostlukly äheňde: «Eý,
salam, sarmy sen?» diýdi. Sar hem oňa seretdi-seretdi30
de, birden: «Çyk-çyk-çyk-çyk!» diýip, çalt-çalt gaýtalap
ugrady. Deljäniňem gahary geldi. «Çykmaryn!» diýdi.
«Kimdirin öýdýäň-aý özüňi? Düýn dälmidi meniň
inimiň elinden däne çokup ýöreniň!» diýdi. Onuň bu
sözleri azda-kände täsir etdimi-nämemi, sar aljyrady.
Ne öňküsi ýaly «Çyk!» diýip bildi, ne-de uçup aňyrrak
gitdi. Ikijahan owarrasy bolup, höwürtgäniň agzynda
kän oturdy. Onýança ýene bir sar uçup geldi. Ol bir
öz garyndaşynyň, bir-de Deljäniň ýüzüne dikarynlap
seretdi-de: «Nijik-niçik-niçik?» diýdi. Öňden oturan
sar «Juk-juk-juk!» diýip başyny ýaýkady.
Onsoň iki sar beýleräk çekilip, nämedir bir zadyň
maslahatyny etdiler. Gaýtadan gelibem, geçdiler
Deljäniň daşyna. Hersi bir ýandan çokup, çekeläp, ütüp,
alarladyp barýarlar. Delje çydaman: «Dat, ýeteweriň!»
diýip gygyrdy. Ýöne serçelerden kömege geleni bolmady.
Hatda Deljäniň öz ýetişdiren serçelerem gara bermedi.
Halys ejizlän Delje «Eje-e!» diýip, sesiniň ýetdiginden
möňňüre-möňňüre, höwürtgäni taşlap gitdi.
10-njy bap
Tanyş serçeleriň dört-bäş sanysy bir topbak çöpüň
aşagyna üýşüp, gowur turzuşyp oturan eken. Delje-de
31
şolaryň ýanyna baryp gondy.
— Bular her ýyl şeýdýärler ahyryn! — diýip, serçeleriň
biri jibrinýärdi.
— Heý, bize-de şu biwatanlykdan dynmak barmyka?
— diýip, beýleki biri has-da janygyp gürledi. Öz
höwürtgesi bolmadygyň öz watany bolarmy! Iliň
höwürtgesinde gün görjek bolsaň, kysmatyň şudur-da!
— Ýeri, ýeri! Ters gürrüň ediberme! Serdara ýetirerin
welin, kysmatyňy gözüňe görkezer...
— Külejäniň näme, öz höwürtgesimidi eýsem? Ony
näme üçin çykaryp kowmadylar?!
— Näme, Küleje bilen özüňi deňeşdirýäňmi indi?
Şonuň güni bir başyňa gelmesin...
— Aý, hawa-da, ejize, hossarsyza sarlaryňam rehimi
inýändir-le!
Bu ýerde depesi tä beýnisine çenli çokulan hol bir
wagtky garagolja serçe-de bar eken. Onuň höwürtge
bilenem işi ýok, hossarsyz bilenem. Gürrüňiň arasynda
sähelçe böwşenlik tapdygy, sözi şu günki bolan söweşe
syrykdyrmaga çalyşýar:
— Pah, urşup keýpden çykdyg-aý şu gün-ä! Köpden
bäri şeýle hezillige sataşmandym... Ynansaňyz, bir özüm
32
üç-dört sary urup ýykdym-aý!
— Üç-dört sary urup ýykanyň-a göremzok welin, üçdördüň öňüne düşüp gaçyp barýanyň-a gördük — diýip,
diňleýji serçeleriň biri ony utandyrmaga synanyşdy.
— Men gaçan däldirin, yza çekilendirin! — diýip,
jalaýja eňek bermedi. — Üç-dördüň arasyna düşüp,
sag-aman yza çekiläýmegem öňýeteniň elinden gelýän
däldir.
— Hany, bes etsene paňkyldamaňy! Urdumýykdym-sürdüm diýibem aldyň-aý halys! — diýip,
ýelekleri hüžžerip duran bir ekabyr serçe onuň ýüzüni
dalady. — A-haw, serçeler, görýän welin, işiňizi tükedip
ýörsüňiz öýdýän sizem! Gowusy, çynlakaýrak gürrüň
tapsaňyzlaň, bir ýaňranyň agzyna aňkaryp oturmaň-da.
— Dogry. Gowusy, mundan beýläk nädip gün
görmeli diýlen meseläni çözeli-le.
Mesele diýlende, Delje çalarak tisginip gitdi. Göwnüne
bolmasa, özüne tarap biri barmagyny çommaldaga-da:
«Hany, tur ýeriňden, meseläniň çözgüdini sen aýt!»
diýäýjek ýaly boluberdi. Ýöne aladasy agdyk serçeleriň
onuň bilen işi-seri ýokdy.
— Be-e, indi şeýdip köçede galybermeli bolaýarmyka?!
33
— Alajyň näme eýsem?!
— Pena sorap, sarlaryň öňünde müzzerib-ä bolmaz.
— Müzzereniň bilen pena bererler öýdýäňmi?
Garagolja ýene ýoknasyzlygyny etdi:
— Ähli güýji jemläp, sarlaryň üstüne gaýtadan çozuş
etmeli, höwürtgelerini basyp almaly!
— Hä-ä, muny bildiň! Indi bar şolaryň ýanyna,
gözüňem akdyryp goýbersinler!
Serçeleriň bu janygyp, kelle döwüp oturyşlaryny
göreniňde «Hä, bular-a bir çykalga tapman goýjak dälow! Iň bolmanda, häzir öräge-de, höwürtge baryny
gurup başlarlar-ow!» diýdirýärdi.
Delje-de dili dek durýanlardan däl, onuňam gürläsi
geldi, mekdepdäki endigi boýunça, sag ganatyny
ýokaryk göterdi:
— Bagyşlaň, ýoldaş serçeler, bir soragym bar!
Serçeler: «Aýt-da-aýt!» boluşdylar.
— Aýtsam, ýaňky höwürtgeler aslynda kimiňki
bolmaly?
— Sarlaryňky! Ýeri, bolanda näme? — diýip,
serçeleriň biri göwni bir ýaly gürledi.
34
— O nähili «bolanda näme?»
— Ynha, şu hili-dä! Sarlar-a gurýar, gyş golaýlaýança
ýaşaýarlar-da, soň gyşdan gorkusyna göçüp gidýärler.
Bizem alaga-da, olaryň höwürtgelerini eýeleýäris.
— Özgäniň höwürtgesine dawa etmäge kim size
hukuk berýär? — diýip, Delje sesini gataltdy. —
Beýdip, ondan-oňa kowlup ýörenden, özüňiz höwürtge
guraýsaňyz bolmaýarmy? Haýasyzlar!
Serçeleriň arasyna dymyşlyk aralaşdy. Olaryň bary
bir salymlyk doňup galana döndi. Delje bu ümsümligi
öz peýdasyna ýordy. «Utandyrdym-ow bihepbeleri!»
diýip, içinden begendi.
Şol wagt garagolja serçä jan girdi. Ol göýä agyr
ukudan açylan ýaly, kellejigini silkdi, gözjagazyny
açalak-ýumalak etdirdi-de, kynlyk bilen dillendi:
— Hany, ýaňkyja sözleriňi ýene bir gaýtala...
Deljäniň ýüregi bir ýakymsyzlygyň boljagyny syzan
ýaly, çalt-çaltdan urmaga başlady. Şu aralykda onuň
hälki gaharam gaçmaga ýetişdi. Gahar bilen bile gelen
ýaňkyja batyrgaýlygam zym uçupdyr.
Onýança beýleki serçelerem «Gaýtala-da-gaýtala!
bolşup, onuň daşyna aýlanmaga başladylar.
35
Olar gitdigiçe gazaba münýärdi:
— Saňa hukuk gerekmi? Kimiň hukuk berenini
bilesiň gelýärmi? Biziň ýeňilmezek serdarymyz berýär
şol hukugy! Ýa-da onuň berýän hukugyna göwnüň
ýetmejek bolýarmy, hä?
Deljä agzyny açmaga maý bermediler.
— Sen biziň şöhratly neberämiziň üstünden güljek
bolýaňmy? Gel-gel, indi biz – dabarasy daglardan
aşan Lokga serçäniň nebereleri palçyga bulaşyp, çöpe
çolaşyp, höwürtge gurarysmy? Sen bizi hol Çotdy serçe
ýaly garamaýaklara deňäp, kemsitjek bolýaňmy?
— Ýeňiýoluk Çotdynyň jansyzydyr şu diýip arada
men kän jibrindim welin, gulak asan bolmady-da.
Delje «Wah, işim gaýtdy. Asyl bularda henizem baýgaryply zamana dowam edýär oguşýa!» diýip oýlandy.
Ýere has beter ýapyrylyp, gözlerini ýumdy.
— A-haw, merhemetli perdeşler, bu bir gelmişek
ahyryn! Munuň bilen deň bolup durmak bize gelişmeýär.
— Delje gözüni açsa, arada özünden «Klasdaşyň näme?»
diýip soran serçe gürläp dur. — Hawa, doganlar! Munuň
üçin janymyzy ýakyp, jöwenden gymmat wagtymyzy
ýitirip durmalyň. Bu samsyk gelmişek neberäni,
36
derejäni, abraýy nireden bilsin!
— Jöwen-ä oňat ýada saldyň-aý! Bişendir...
— Bişendir, bişendir! — diýip, serçeler tekrarladylar.
— Çozdukmy?!
— Çozduk, çozduk!
Deljäniň ýokary göterilmäge kuwwaty ýetmän, ýer
bagyrtlap kän ýatdy. Howpy üstünden sowan hälki
serçä içinden alkyş baryny okady.
11-nji bap
«E-e-eý, samsyk başym! — diýip, Delje ahmyr bilen
oýlandy. — Adamlaryň arasynda günüňi görüp bilmän
ýören halyňa, serçeleriň sürüsinde näme körüň bardy
diýsene!»
Onuň indi çydam käsesi püre-pür bolupdyr. Alajyny
tapsa, serçeleriň arasyndan edil şu pille sogrulyp
gitmäge taýyn. Bir arzuwy: araky jadygöýe sataşmak,
sataşaýsa, onuň hut aýagyna ýykylmakdanam gaýtjak
däl. «Menden näme ýasasaň ýasa, hala gurçuga öwür,
hala-da tomzajyga, diňe serçe bol diýmeseň bolýar!»
diýip özelendi.
37
Ýöne bar kinesini içine salyp, ümsüm gidibermegem
Deljä ýakanok. Bu gören görgüleri, «gelmişek» diýlip
kemsidileni üçin nädibem bolsa ar alyp gidesi gelýär.
Wah, şu wagt, şu ýerde-de mekdepdäki ýaly diwar gazeti
bolan bolsady, Delje bulary, baý, ýepbeklärd-ä! Bir wagt
özüni uly ile gülki edişleri ýaly, gülki ederdi. Serdardan
başlap, tä jalaýja serçä çenli ýeke-ýekeden suratlaryny
çekip, hersiniň aşagyna-da goşgy ýazardy.
Goşguly pikir Deljäni begendirdi. Goşgy üçin
gazetem hökman däl. Düz-de, gabady gelen ýerde üçdört serçäni daşyňa üýşürip, ýatdan okaber. Meselem...
meselem, ynha...
«Men serçejik, serçejik» diýen setir Deljäniň kellesine
aňsatja geldi. Yzam düzüldi gidiberdi:

Men serçejik, serçejik,

Gopgunçy hem gorkajyk.

Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok,

Açlykdan başga derdim ýok.

Men serçejik, serçejik,

Arpa-jöwen berdejik,
38

Aýdym diňle! Jik-jik-jik,

Jürk-jürk-jürk!
Goşgy Deljäniň göwnüne ýarady. Geň ýeri, goşgyny
serçelerem gowy gördüler. Özlerine bagyşlap, ýörite
goşgy düzülmegi olaryň başyny göge ýetirdi. Beýle
hadysanyň serçeleriň durmuşynda ilkinji gezek bolşudy.
Manysyna ünsem berip durman, olar goşgyny alyp
göterdiler. Ýokary galýança bäş gezek gaýtalasalar, ýere
düşýänçäler on öwran tekrarladylar.
Goşgy serdaryň gulagyna-da ýetdi. Ol hem Deljä
«berekella» aýtdy we ony özi bilen nahar edinmäge
çagyrdy. Deljäni sap ak çöregiň owuntyklary bilen
hezzetledi. Nahar başynda serdar özüne bagyşlabam
aýratyn bir goşgy düzüläýse kem bolmajakdygyny
ýaňzytdy. Delje şondan soň «Men serdarjyk, serdarjyk»
diýen täze goşgynyň ugruna çykdy.
Deljäniň sarpasy günsaýyn däl-de, sagatsaýyn
beýgelip ugrady. Indi ony tanamaýan az-azdy. Özi
hakda goşgy düzülmegini haýyş edip gelýäniň hetdi
bar – hasaby ýok. Hatda garagol serçe-de özüniň
edermenliklerini goşgynyň üsti bilen taryplamagyny
sorap, telim geldi. Deljäniň kellesine häzirlikçe ýekejede täze setir gelmese-de, ol gelenleriň hemmesinem
39
hoş söz bilen gaýtarýardy. Özüniň tizden örän uzyn
bir goşgy düzjekdigini, şol goşguda bolsa serçeleriň
ählisiniň adyny ýekän-ýekän tutup geçjekdigini aýdyp,
olary köşeşdirýärdi.
Şahyrçylyk etmek baradaky pikiriň öňräjik
Deljäniň kellesine gelmeýşini diýsene! Ýeri, şeýdip,
serçeleriň ýeke-täk şahyry bolda ýör-dä! Han özüňsoltan özüň. Goşgyň kapyýasyna at dakjak ýok,
bogun sany deň gelenok diýjek ýok. Näme düzseň,
geçjek durjak. Üstesine-de beýle şöhrat, bu hezzethormatlar. Kim bilýär, belki, serçelerem bir wagt aň
taýdan ýokary derejä ýetip oturyberseler! Onda dagy
serçeler edebiýatynyň düýbüni tutujy hökmünde Deljä
ýadygärlik dikäýmeklerem mümkin.
Abraý-şöhrat diýeniňem balyk ýaly sypjyk bir zat-da.
Ahmal bolsaň, eliňden sypýar ötägidýär. Delje süýjisüýji hyýallara gark bolup ýörkä, onuň ähli işini pyrryk
etjek başga wakalar başlanypdy. Serdaryň bir geňeşçisi
bardy. Adyna Dana serçe diýerdiler. Ynha, şol Dana
serçe özüniň äpet şänik ýaly kellesine zor sala-sala,
ahyrsoň Deljäniň düzen goşgusynyň manysyna düşündi
oturyberdi. Onam bada-bat serdaryň dykgatyna ýetirdi.
...Delje «Men serdarjyk, serdarjyk» diýen goşgynyň
40
üstünde kelle döwüp otyrka, iki sany serçe gelip, ony
alyp gitdiler. Delje barsa, serdar gahardan ýaňa, özüniň
oturan şahasy bilen bile sandyraýar.
— Ä-hä, şahyr, gel bakaly! — diýip, ol çüňküniň
arasyndan syzdyryp gürledi. Deljäniň bütin göwrejigi
bilen galpyldap duranyny görüp, ajy ýylgyrdy.
— Näme, şahyrlaryň hemmesem seniň ýaly
gorkakmy? Gel-dä golaýrak!
Iki-üç sany serçe Deljäni göter-göter edip, serdaryň
aşak ýanyndaky şaha iki gezek mündürdiler. Ikisinde-de
Delje patlap ýere gaçdy. Ahyrsoň ony şahanyň üstünde
söýgetläp tutup durdular.
— Sen öz bolgusyz goşgularyň bilen Lokga serçäniň
şöhratly nesillerine myjabat atýarmyşyň, olary
gorkaklykda aýyplaýarmyşyň diýip eşitdik-le! Çynmy
şol? Nä dymýaň, gürle! Gürle, ýogsa häzir iki gözüňem
özüm urup akdyraryn.
Delje seretse, iş gaýdyp barýar. Ol janhowluna bir
zatlar diýip pyşyrdady. Deljäni söýgetläp duran serçeler
onuň sözlerini sesli gaýtaladylar.
— Serdarymyz! Bu şeý diýýär: «Men gorkajyk diýen
sözi eýjejik diýip düzedäýsem bolmazmy?» diýýär.
41
Serdar gapdalynda oturan geňeşçisiniň ýüzüne
seretdi. Geňeşçi özüniň dana başyny ýaýkap goýberdi.
Serdar hökümli sesi bilen:
— Bolanok! — diýdi. — Hany, sen serçeleriň
höwürtgesi ýogam-a diýjek bolýarmyşyň?
Delje ýene çüňküni ysgynsyzja gymyldatdy.
Gapdalyndaky serçeler onuň bu gezekki pyşyrdysynam
serdara sesli aýdyp berdiler:
— Goşgynyň «Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok» diýen
setirini «Höwürtgäm bar, ýurdum bar» diýip üýtgedeýin
diýýä!
Delje görgüliniň bu teklibem kabul bolmady. Garaz,
oňa delalat etmek serçeleriň niýetinde ýok eken. Ýüp
syrylyp, toýnukdan geçen eken.
Deljäni bir jaýryga dykyp, dört tarapynam
petiklediler. Şu tümlükde demigip oturyşyna, Delje kän
zatlary ýatlady. Garryja enesinden we ejesinden başlap,
ala-mula pişiklerine çenli onuň göz öňünden hatarhatar geçdiler. Şu wagt garry enesi ýanynda bolan bolsa,
Delje oňa özüniň ähli başdan geçirenlerini gürrüň
bererdi, sansyz ertekini ýatdan bilýän enesi bolsa bar
ertekisini ýatdan çykaryp, agzyny açardy. Şu mahal
olaryň alaja pişigi mawlap gelsedi, bu zalym serçeleriň
42
baryny kowalap, allaowarra eltip gelerdi. Häzir ýanynda
klasdaşlary bolan bolsady... Wah, bolsady ekeniň
bilen gögerjek zat barmy? Indi Deljä ol adamlary, ol
ýoldaşlary görmek ýok. Her säher turup, uly şowhun
bilen mekdebe tarap eňmek ýok...
Deljäniň bir wagtky şahyrlara öýkünip: «Hoş indi» ýada «Gal indi» diýen ýaly gaýgyly bir goşgy düzesi geldi.
Ýöne bu tümlükde özünden başga diňlejek barmy? Häzir
kagyz-galam bolsa, Delje-de bir wagtkysy ýaly adam
dilinde gürläp we ýazyp bilýän bolsady, onda başga gep.
Onda Delje öz gören görgülerini goşga geçirip, kagyza
ýazyp giderdi. Klasdaşlaram ony bir wagt bolmasa-bir
wagt tapardylar, okap, gözlerine ýaş aýlardylar. «Şeýle
oňat, şeýle ukyply klasdaşyň gadyryny bilmändiris,
ikilikçi diýip göwnüne degipdiris!» diýip ökünerdiler.
...Gijäniň ýaryndamy ýa-da gündiziň bir çagymy, belli
däl welin, daşarda bir şytyrdy peýda boldy. Şytyrdynyň
yz ýanyndan kiçijik yş, yşyň agzynda-da bir serçäniň
çüňki göründi. Bu şol «Klasdaşyň näme?» diýip, Deljä
sowal beren serçe bolup çykdy.
— Eý, eý! Çyk, çyk! — diýip, ýaňky serçe pyşyrdady.
Delje süýrenip çykdy.
— Sen, Delje, git! Häziriň özünde! Basymrak öz
43
klasdaşlaryň arasyna bar. Bu ýerde saňa indi gün
garasyny görmek ýok. Ýaňyja serdarymyz seniň iki
gözüňem oýup, özüňem pişikleriň öňüne oklap gaýtmak
barada buýruk berdi. Ugra! Ýene sähel salym eglenseň,
işiň görülýär. Anha, gelýärlerem...
Ol serçe bir tarapa, Delje-de bir tarapa pysyrdaşyp
uçup gitdiler.
Bir salym uçandan soň, Deljäniň gulagyna yzdan bir
şuwwuldy eşidilen ýaly boldy. Seretse, bir topbak serçe
ýokary-aşak bolşup, ýetdim-ýetdim edip gelýärler.
Delje bar güýjüni jemläp, ganatlaryny ýetişibildiginden
galgatmaga başlady. Serçe bol, adam bol — jan her kime
süýjü-dä!
Deljäniň garaçynyny edip gaçýanlygyna garamazdan,
kowgy barha golaýlaýardy. Ynha, kowgularylaryň biri:
«Ä-hä, şahyrjyk, jyryp barşyňmy şu» diýip gygyrdy.
Delje bu şaňňy sesi yzyna seretmezden tanady:
Garagoluň sesi. Anha, onuň sesi eýýäm ýokarrakdan
bir ýerden eşidilip ugrady.
Ýagyrnysyndan inen urgudan ýaňa Delje tas
deňagramlylygyny ýitirip, aşak kelemenläp gaýdypdy.
Ýöne kynlyk bilen özüni dürsäp, ýene gaçyp ugrady.
Indi urgular çar tarapdan ýagyp başlady. Delje ahyrsoň
44
çydaman, özüni aşak goýberdi. Geldi-de, ýer bagyrtlap
ýatyberdi. Kowguçylar ony ýerde has-da gazap bilen
ütmäge durdular. Deljäniňem indi gaýtawul bermäge
gurbaty ýok. Ol diňe gözüni, kellesini penalamaga
çalyşýar. Adam wagtyndan galan endigiň etdirýänidä, ýogsam, gaýdyp kelledir gözüň hyzmatyndan
peýdalanmanyň miýesser etjegini ýa-da etmejegini kim
bilýär.
Birden serçeleriň biri: «Gaçyň, gaçyň! Gyrgy, gyrgy!»
diýip, galagoply gygyrdy.
Deljäniň kellesi abat galan borly, ol özünden
gitmänkä, diňe «Gutardy!» diýip pikir etmeg-ä däl,
eýsem, özüniň ýene az salymdan gyrgynyň garnynda
peýda boljakdygyny göz öňüne getirmäge-de ýetişdi.
12-nji bap
Ol bir mahallar gözüni açsa, töweregi çaýkanyp ýatan
suw, astam suw, üstem suw, gapdallaram suw. «Be-e,
ýaňky meni ýuwdan gyrgynyň içi durşyna suw ekenow!» diýip, Delje oýlandy. Seretse, daşynda ululy-kiçili
bir topar balygam ýüzüşip ýör. Hakyky, janly balyklar.
«Asyl gyrgy meni awlamazdan öň, balykdanam
geregini edinen eken. Ýöne bularyň heniz diri gezişip
45
ýörüşleri täsin!» Ony ýene bir geň galdyran zat: şu
ummasyz suwuň içinde ýatsa-da, özüniň hopukmaýşy
boldy. Bir wagtlar-a ol suwa bolanokdy, çümen badyna,
öwhüldäp, zompa ýokary çykardy. «A-how, meniň
özüm bir dirimikäm?!» diýip, ol ýene böwrüni diňledi.
Ganatlaryny gymyldadyp görse näderkä? Wiý, hany,
onuň ganatlary?! Ganat ýerine, her gapdalynda beýleki
balyklaryňky ýaly ýüzgüç gymyldap dur. Endam-janam
sowut geýdirilen ýaly, ýaldyrawuk teňňeden örtülen.
Ol bu ahwalatdan baş çykaryp bilmän, deňinden geçip
barýan balyklaryň birini saklady:
— Dost jan, aýtsana, men kim? Serçemi ýa balyk?
Ötegçi balygyň çüýşeden ýasalan ýaly göm-gök hemde tegelek gözleri öňküsindenem tegelenen ýaly boldy.
Agzy öweldi. Ol şeýdip durdy-durdy-da, «lykyr-lykyr»
edip, agzyndan bir süri düwme goýberdi. «Üstümden
gülýär-ow, peläket!» diýip, biziň balygymyz (öňki Delje)
içini gepletdi.
Ol ep-esli wagty şeýle gümürtik ýagdaýda geçirdi.
Özüni ilkibaşda serçä öwrüp goýberen jadygöý onuň
hakydasyna geldi. «Bu şondan başganyň işi däl —
diýip, biziň balygymyz belli karara geldi. — Hawa-da,
adamdan serçe ýasap bilýän jadygöý üçin serçeden
46
balyk ýasamanyň näme kynlygy bär!».
Oglan-balyk uzak oýlanyp durmady, içinden: «Aý,
muňa-da sag bol, jadygöý aga!» diýip, beýleki balyklaryň
arasynda goşuldy gidiberdi.
Balyklar serçeler ýaly «Kim sen, nireden geldiň,
kimiň jansyzy?» diýip, ýürege düşüp durmadylar. Asla
täze gelen balyga ünsem bermediler. Bularyň aladaly
görnüşleri, garabaşynagaý bolşup, eýläk-beýläk hars
urup ýörüşleri oglan-balygy geň galdyrdy. Bularyň
ýekejesini bir salym saklap, iç döküşjek gümanyň ýok.
Göräýmäge seni diňläp duran ýalydyr welin, birdenem
öwrüler-de, nirädir bir ýere peýkam kimin süýnüp
gider. Görseň, ýa-ha ol bir balygy kowup barýandyr ýada başga bir balyk onuň mekgesine münüp gelýändir.
Biziň balygymyz: «Bular bir möhüm zadyň ugrundaha çapyşyp ýörler welin...» diýen netijä geldi.
Diňe käte-käte dört-bäş sany balyk bir ýere üýşýärlerde, ýaltalyk bilen pallaşyp, özara pikir alyşmaga
durýarlar. Bir gezek şeýle özara pikir alyşma gatnaşmak
oglan-balyga miýesser etdi.
«Şu gün pylan bekre üç sany çapagy lak-luk agzyna
atdy» diýip, şonda üýşen balyklaryň biri gürrüňe
başlady.
47
«Ýaňyrak ol bekränem bir uly lakga lak-luk agzyna
atdy» diýip, ikinji biri söze goşuldy.
Üçünji, dördünji balygyňam gürrüňi kimiň-kimi
«lak-luk atanlygy» barada boldy.
— Tiz suwam-a sowap başlar — diýip, biziň
balygymyz gürrüňiň ugruny üýtgetmäge çalyşdy.
Balyklar onuň ýüzüne parhsyz seredişdiler. Ýaňky söze
başlan balyk pallady-da:
— Dogry aýdýaň! Suw sowar welin, onsoň hemmeler
söwenleri lak-luk atyp başlarlar, söwenler sowuk suwda
gaty gaçyp bilenoklar — diýdi.
Garaz, näme hakda söz açylsa-açylsyn, gep-gürrüň
syrygyp, «lak-luka» geldi durdy. Soňra bujagaz
söhbetiňem soňuna çykyldy. Balyklar ýene kimiň
kimi lak-luk atanlygyny ýada saljak bolýan ýaly,
çuňňur oýa batdylar. Şol pursat bulardan has kiçiräk
bir balyk haýaljak ýüzüp, gapdaldan geçiberdi welin,
gürrüňdeşleriň biri çaltlyk bilen öwrüläge-de, ony
ýuwdup goýberdi.
— Bu ýaňkyny lak-luk agzyna ataýdy! — diýşip,
beýleki balyklar hälkiniň öwgüsini ýetirdiler. Ol bolsa
kiçigöwünlilik bilen: «Aý, sizem-ä... üýtgeşik bir atan
zadym ýok-laý» diýip utanjyrady.
48
Şundan soň ýene öňki-öňkülik başlandy. Kow-hakow, ur-ha-tut. Anha, biri özünden kiçijik başga birini
ýuwdup goýberdi-de, gözlerini süzüp, biraz durdy. Şol
wagt has ulurak balyklaryň bir gelip, onam agzyna atdy.
Bu-da gözüni süzüp durka...
Bilesigelijilikden
oglan-balygam
adamyň
külembikesi ýalyjak bir balygy «lak-luk atyp» gördi.
Balyjak ýüzgüçleri bilen onuň tas bokurdagyny
ýyrtypdy. Oglan-balyk ony aňyrsyna geçirýänçä, azap
baryny gördi. Şunda ol balyk ýuwdan balyklaryň
keýpine gözlerini süzmeýändiklerine, ejirden ýaňa
şeýdýändiklerine akyl ýetirdi.
Ýuwdulan balyjak aňryk geçensoňam, oýun baryny
turuzdy. Oglan-balygyň içinde eýläk bir, beýläk bir ýüzdi
ýördi. «Wah, iç-goşlarymyň-a işini görendir!» diýip,
oglan-balyk howsala düşdi. «Içimdäkiden bir dynsam
bolýar. Soň etjegimi bilýän. Özüm-ä bir ýuwutmaryn,
beýlekileriňem bir-birini ýuwutmaklaryna ýol
bermerin» diýip, ol öz-özüne söz berdi.
Soň ol agzyny giňden açyp, çygylyberdi-çygylyberdi.
Onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, başy aýlanyberende,
hälki ýuwdan balygy agzyndan atylyp çykdy. Çykdyda, aňyrrak ýüzüp baryp, oglan-balygyň ýüzüne geň
49
galyjylyk bilen seretdi. Soň dodajygyny çömmeltdi-de,
öz ugruna ýüzüp gitdi.
Oglan-balyk bolsa häzir möhüm bir meseläniň daşyna
geçipdi. «Bularyň bu bolşunyň telekdigini özlerine
nädip düşündirmeli?! — diýip, ol oýlanýardy. Ýöne
düşündireniň bilen-ä düşünmezler. Düşünmedig-e «2lik» goýjak diýseň näderkä? Wiý, mekdep bolmadyk
ýerde «2-lik» näme işlesin diýsene! Onda mekdep
açaýmaly bolar-da... Mekdep açmaly we «Ähli balyklar
dostdur hem dogandyr» diýen temadan günde
azyndan bir sagat okuw geçmeli. Gulak asmadygyňam
«2-likden» ýüküni ýetirmeli. Ynha, şeýtseň, bulary
akylyna aýlandyryp bolar. Ýogsam, bir-birini ýuwdup
tüketjeg-ä bular!»
13-nji bap
Şeýlelik bilen, biziň balygymyz balyklaryň
arasyndaky ilkinji mekdebiň düýbüni tutdy. Mekdebiň
okuwçylygyna ol dürli ýaşdaky, dürli kysymdaky
balyklary seçip aldy. Onuň plany boýunça, dürli ýaşdaky,
dürli kysymdaky balyklaryň arasyndaky agzybir
ýaşaýşyň nusgasy hut şu mekdepden başlanmaly. Onsoň
mekdebiň okuwçylarynyň äbede-jüýjeligini görüp,
50
beýlekilerem öz boluşlaryndan utanmaly, ökünmeli we
şuňa meňzeşler.
Biziň balygymyz ätiýaçlylygam elden bererli däl, ol
mekdebe özünden iriräk balyklaryň birinem almady.
Bilip bolmaz, birden bularyň «lak-luk» keseli tutaýsa...
Günleriň bir günem «Hernä, 1-nji sentýabr bolaýsaň
gerek!» diýip, oglan-balyk okuwa başlap goýberdi.
Suwuň düýbünde ýerleşen iki sany tümmegiň
aralygyndaky uly boşlukda balyklaryň taryhyndaky
ilkinji okuw sapagy gyzyşdy.
Oglan-balygyň janygyp berýän gürrüňlerini balyklar
agyzlaryny öweldişip diňlediler. Gürrüňi bolsa ol has
aňyrrakdan — balyklaryň ýaňy döräp ugran döwründen
başlady. Ondan öňürtem, özüne mundan beýläk diňe
«Mugallym!» diýip ýüzlenmelidigini ýatlatdy.
— Hawa, görşüňiz ýaly, hiç bir jandaram, şol sanda
balyklaram aňsatlyk bilen emele gelmändir — diýip, ol
sözüniň soňunda öz mugallymlarynyň biriniň sözlerini
gaýtalady.
— Siz ýöne-möne balyk däl-de, eýsem, ýigriminji
asyryň balyklarysyňyz! — diýibem, başga bir
mugallymyň sözlerini üýtgedibräk ulandy. Onuň niýeti
— şunuň bilen bir günlük sapagy geçip gutarmakdy.
51
Ýöne şol wagt balaja balyklaryň biri ýoknasyzlygyny
edip, onuň bar keýpini uçurdy. Ýaňky balyjak özünden
öňde duranyň guýrugyndan saldy agzyna. Öňdäki
görgülini onuň agzyndan zordan aldylar.
Bu okuwçysynyň göz-görtele bihaýalygyna oglanbalygyň ýaman gahary geldi.
— Men seniň temmiňi bererin! — diýip, ol hälki
bezzadyň üstüne dergazap bolup gygyrdy. Şol pursat
«mugallymyň» edil alkymynda duran daýawrak biri
haýallyk bilen gozgandy-da:
— Mugallym, rugsat etseň, şonuň temmisini özüm
bereýin-le! Ol zaňňar düýn meniňem guýrugymdan
dişledi... — diýdi. «Mugallym» agzyny açmaga
ýetişmänkä-de, bu daýaw ýaňky garagollyk edeniň
ýanyna ýüzüp bardy-da, sen-men ýok ony ýuwutdy
oturyberdi. Soňam hiç zat bolmadyk ýaly, ýerine geçdi.
«Berekella!» hantamaçylygy bilen «mugallymyň»
ýüzüne seretdi. Oglan-balyk diňe:
— Bar, mekdepden gümüňi çek... — diýip bildi.
Bokurdagyna gelen gahar başga zat diýmäge oňa
mümkinçilik bermedi.
Temmi berlen ýeňsäni el ýaly etdi. Ýöne «mugallym»
wagty bilen köşeşip bilmedi.
52
— Bir-biriňizi symyşlap ýörenden, aç gyrlaýsaňyz
bolmaýarmy?! — diýip, ol okuwçylarynyň üstüne
gygyrdy. — Anha, ak amurlar ömrüni ot iýip geçirýärler,
açlykdan öläýenog-a şolar...
Balyklar özleriniň juda utanýandyklaryny aňlatmak
üçin, gabaklaryny aşak goýberip, guýruklaryny haýaljak
gymyldatdylar.
...Bu peýdaly sapaklar entegem kän-kän dowam
etmelidi. Oglan-balygyň mekdebiniň şöhraty gitdigiçe
uzaklara ýaýraýardy. Okuwçam kem-kemden köpelip
barýardy. Ýöne...
Bir gezek pälwansypat balyklaryň biri bularyň
mekdebini görmäge geldi. Sapagyň ýaňy gyzan wagtydy.
Biziň balygymyz bolsa gözlerini ýumup, ýüzgüçlerini
kelemenledip gürleýärdi.
Pälwansypat balyk çeträkde duran kiçileriň birinden
«Bu kim?» diýip sorady.
— Bu biziň mugallymymyz! — diýip, körpe balyk
buýsanç bilen jogap gaýtardy.
— Bä-ä-äý! Henize çenli mugallym diýlen balygyň
etini iýip görmändim-äý! Süýjüdir öz-ä! — diýip,
pälwan gözlerini süzgetletdi. Haýallyk bilen oglan53
balyga tarap ugrady. Körpe balygam onuň yz ýany bilen
öňe okduryldy. — Miltem edäýmegin! — diýip gygyryp,
pälwan sypatlynyň öňüne böwet boldy. Henize çenli
balygyň balygy gorajak bolup topulanyny görmedik
pälwan agzyny açaýdy. Ýöne bu geň galyjylyk körpe
balyk üçin heläkçilik bilen gutardy, ol badyny saklap
bilmän, göni gelip, pälwansypatlynyň aňalyp duran
agzyna girdi.
Onýança beýlekilerem özüni dürsemäge ýetişdiler,
hüwwe örüp, «mugallymyň» daşyna agyl bolup
aýlandylar. Özüne göwni ýetýänleriň dört-bäş sanysy
bolsa pälwan balyk bilen gidişip başlady. Eýleden
bir süsüp, beýleden bir çekip, onuň eňter-pelegini
öwürdiler. Pälwan balyk ahyrsoň çydamady, höküdikläp
gaçmaga ýüz urdy.
Oglan-balygyň
begenäýşini
bir
görsediňiz!
«Okuwçylarym meni ölümden gutardy» diýip
begenenok-da, «Okuwçylarym maňa düşünip
ugrapdyrlar» diýip begenýär. Adam wagtyndakysy ýaly
gerlip duran elleri bolan bolsa, ol häzir okuwçylarynyň
baryny ýeke-ýekeden gujaklap çykardy.
...Birden balyklaryň arasyndan «Gelýärler! Ýene
gelýärler!» diýen howsalaly ses çykdy. Seretseler, ynha,
54
bir topar men diýen balyk, suwuň astyny tolkundyryp,
süýşüp gelýärler. Iň öňde-de hälki ýeňse berip gaçan
balyk.
Biziň balygymyzy bu ahwalat aljyratdy. Ol näderini
bilmän, dört ýanyna garanyberdi. Dogry-da, suwasty
söweş boýunça onuň entek çigit ýalyjagam tejribesi ýok
ahyryn. Kesek atyşmaly ýa-da ýaka tutuşmaly bolsa, ol
hem agzyny açyp durmazdy. Iň bolmanda, serçe bilen
uruşdyrsalaram, bir gününi görerdi. Bu ýerde welin...
Onuň bu çykgynsyz ýagdaýyny aňdymy-nätdimi,
okuwçylaryndan özüne göwni ýetip ýören dogumlyja
biri öňe çykdy. «Pylanym pylany! Siz mugallymy
goraň!» diýip, ýoldaşlarynyň dört-bäş sanysyna
buýruk berdi. Galanlarynam ýerli-ýerinde goýuşdyryp,
goranyş meýdanyny berkitmäge başlady. Onýança
başky zarbanyň ilkinji tolkuny gelip ýetdi. Balyklaryň
arasynda adaty bolmadyk söweş başlady. Söweşýänleriň
bir tarap-a gara bokurdagyň ýesirleri, beýlekisem täze,
düşünjeli ýaşaýşyň tarapdarlary.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Adam bolmak kyn - 3
  • Parts
  • Adam bolmak kyn - 1
    Total number of words is 3589
    Total number of unique words is 2061
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 2
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2010
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 3
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2050
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 4
    Total number of words is 880
    Total number of unique words is 622
    46.4 of words are in the 2000 most common words
    57.8 of words are in the 5000 most common words
    64.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.