Latin

Adam bolmak kyn - 1

Total number of words is 3589
Total number of unique words is 2061
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
KÖMEK KULYÝEW
ADAM BOLMAK KYN ...
(erteki-powest)
ADAM BOLMAK KYN ...
(erteki-powest)
Waleriý Medwedewiň «Barankin, adam bol!»
atly powestiniň äheňinde.
1-nji bap
Olam ilki siziň ýalyrakdy. Kiçijik bir adamdy, ýöne
adamdy. Her gün säher bilen jaňly sagadyň sesine
tisginip turardy, demlengi duran çaýa agzyny ýakdyryp,
bir eline sumkasyny, bir eline-de kökesini alyp, mekdebe
tarap eňerdi.
Ullakan klas jurnalynda, il deňinde onuňam ady
bardy. Ýöne ol öz adyny asla halamazdy. Sebäbi, şol at
zerarly onuň gören görgülerini sanap çykjak bolsaň,
demiň tükenýär. Beýle diýsem, iliňkiden üýtgeşik,
iliňkiden ýaramaz ady bardyram öýtmäň. Onuňky
ýaly ady göterip ýören, özem birkemsiz göterip ýören
oglanlar bir däl, on dal, gaty kän. Ýöne onuň pikiriçe, şol
ady dakynyp ýören oglanlaryň hemmesem barypýatan
bagtsyz, keçmaňlaý bolmaly. Sebäbi şol at ony her gün
sazanaklap tagtanyň öňüne çykmaga çagyrýar. Şol
adyň yzynda iki eplenişip duran «2-likler» ony ene2
atasynyň, deň-duşlarynyň öňünde ýüzügara edýär.
Her gezekki ene-atalar ýygnagynda şol at tutulan
badyna, mugallymlar ýerli-ýerden jibrinişip, käýinişip
ugraýarlar. Ynha, indi alty-ýedi ýylyň içidir, ýagdaý
şeýle.
«Ýok, mundan at bolmaz, mundan durmuş bolmaz!»
diýip, ol içinden kän gezekler zeýrenerdi.
Klas aýnasynyň öňündäki agajyň o şahasyndan bu
şahasyna böküşip, gaýgy-gamsyz jürküldeşip ýören
serçelere onuň hut gözi giderdi. «Şularyňky hezil!»
diýerdi. «Süýji ukudan kesilip, säher bilen mekdebe
gitme aladalary ýok. Mugallymyň öňünde müzzerip
durma gorkusy ýok. Nirä gitselerem, näme etselerem –
öz ellerinde» diýerdi. «Wah, menem şularyň biri bolsam
bolmaýarmy! Ähli ýoldaşlarymyň içini ýakyp, aýnanyň
öňünde eýläk-beýläk bökjekläp ýörsem bolmaýarmy!»
diýip, ah çekerdi.
Serçelerem ony has öjükdirjek bolýan ýaly, «jürkdejürk», «jykyrda-jykyr». Bir köpi gören, garry serçe
bolsa käte edil aýnanyň öňüne gonýar-da, ýaňky oglana
seredip «juk-juk-juk» diýýär, hatda başjagazynam
ýaýkan bolýar. Garry serçäniň bu hereketini özüne
duýgudaşlyk hasap edip, oglanyň bokurdagy dolardy.
3
Şol garry serçeden başga oňa nebsi agyrýan ýok.
Serçäniňem duýgudaşlygyndan peýda barmy näme! Ol
görgüli «A-how, adamlar, bu ikilikçi neressä haýpyňyz
gelsin. Ony öz gününe goýuň!» diýip bilmese. Ýa-da
onuň ýerine ähli sapaklary özleşdip, «5-lik» alyp berip
bilmese. Iň bolmanda öý işini işlemäge kömek edip
bilsedi. Ýok-la, serçe nire – bu düşnüksiz mysallar,
meseleler nire. Wah, serçeleriňki hezil-le!
2-nji bap
Bir bar eken, bir ýok eken, bir jadygöý bar eken.
Özüniňem soňky döwürde işi şowuna däl eken. Asyl
nirä barsa, oňa ýüz berip, sözüne ynanýan adam
bolmasa nätjek. Ulularyň-a hemmesi ony samsyk
hasaplap, üstünden gülýän eken. Kimiň ýanyna baryp:
— Men jadygöýdürün, näme haýyşyň bolsa aýt! —
diýse:
— Göteril-ä, aňkasy aşan! Häzirem bir jadygöý
bormy? Bolaýanda-da, meniň jadygöýe galyp duran
işim ýok. Hemme zadymam bar, ýerbe-ýer! — diýip,
ony kowar eken. Yzyndanam:
— E-heý, sähne, bütinleý akylyňdan azaşaýmankaň,
4
tizräk doktora bar, özüňi bejert! — diýip, gygyryp
galýarmyşlar.
Gepiň gysgasy, jadygöý bütinleý işsiz galypdyr,
abraýdan düşüpdir.
Başga alaç galmansoň, jadygöý: «Iň bolmanda,
kiçileriň arasynda bir maňa hyrydar çykan
tapylmazmyka?!» diýip, şäherme-şäher, obama-oba
aýlanmaga başlapdyr. Özem bir gün adam sypatynda
aýlansa, ertesi towşana öwrülýärmiş, soň bir görseň,
guş bolup gaýyp ýör diýýär.
Jadygöý bir gezek penjiräniň öňünden geçip barýarka,
penjireden içerik seretse, birtopar oglanmy-gyzmy,
kitap okap, hat ýazyp, garabaşynagaý. Olaryň arasynda
bir oglanyň welin ne hat bilen işi bar, ne-de kitap bilen.
Iki elini dulugyna diräp, çuň oýa batyp otyr, özem kätekäte daşardaky serçelere seredip, uludan demini alýar.
Jadygöý onuň öňünde açylgy duran gündelige seredip
görse, gündeligiň gatlary küýküje-küýküje garynjadan
doly. Geň galan jadygöý gündelige has içginräk seretse,
ýaňky küýküjeler garynja däl-de, «2-lik» eken. «Ä-hä,
duruber bakaly! Görýän welin, gardaş, seniňem işleriň
ugruna däl bolara çemeli. Sen-ä meniň kömegimden ýüz
öwrüp durmasaň gerek!» diýip, jadygöý içini gepletdi.
5
Şondan soň, ol her gün garry serçäniň sypatyna girip
gelip, ýaňky oglanyň edýän pikirlerini okamaga, arzuwhyýallaryny öwrenmäge başlady.
3-nji bap
Günlerde bir gün ýaňky oglan mekdepden çykyp,
gamgyn halda öýlerine gaýdyp barýardy. Gündeliginde
bolsa täzeje bir «2-lik», «2-ligiň» gapdalynda hem
oglanjygyň kakasyny mekdebe çagyrýan hat ýatyr.
Birden oglanyň gulagyna «jirk-jirk, juk-juk» diýen
tanyş ses eşidildi. Ol başyny göterse, iki ädim öň
ýanyndaky topbajyk çöpüň üstünde şol garry serçe otyr.
Jany ýanyp duran oglan serçäni gorkuzjak bolup,
aýaklaryny tapyrdatdy, serçe sarsmady. Oglan aşak eglip,
ýerden kesek gözläp başlady. Serçe welin äwenogamş
gözüniň gyýtagy bilen oglany synlap, gozganman otyr.
Oglan ahyrsoň daşmy, kesekmi, bir zat tapyp, dikeldem
welin, ýaňky serçe çöpüň üstünden böküp düşdi-de...
adama öwrüldi duruberdi. Hälki ýumruk ýalyjak serçe,
ynha, indi görseň oglanyň üstüne abanyp:
— Salam, eý, ikilikçi oglan! Men jadygöý! Näma
haýyşyň bolsa, aýdyber! — diýip dur.
6
«Ikilikçi» lakamyny oglan juda ýokuş görýärdi. Häzir
bolsa ol şeýle bir aljyrady welin, hatda ýokuş görmegem
ýadyndan çykardy. Diňe biraz salymdan soň, kynlyk
bilen özüne geldi. Şol bada-da sumkasyna ýapyşdy.
Depderini çykardy. Ellerini sandyradyp, gerekli
sahypany açdy!
— Jadygöý aga, ş-şu meseläni işläp berermiň? Ynha...
«5 sany kökäniň hiç birini-de 6 bölege bölmän, olary 6
sany çaga deň paýlamaly».
— Aý, munyň-a, iň emelsiz, siziň diliňizde aýtsam,
«ikilikçi» jadygöýem çözer. Sen ýa-ha meni oýnajak
bolýarsyň, ýa-da synap görýärsiň!
— Ýok, meniň çypbakaý-çynym, jadygöý aga!
— Çynyň bolsa, diňle onda! 5 kökäniň 3-siniň her
birini iki deň bölege bölüp, 6 sany deň bölegiň her
birini bir çaga bereris. Soňra galan 2 kökäniň her birini
3 bölege bölüp, 6 sany deň bölek alarys we her birini
bir çaga bereris. Ine, şeýtseň, kökäni 6 bölege bölmegiň
geregem bolmaz — diýip, jadygöý meseläni çöp döwen
ýaly etdi.
— Bäý-bä-ä...
Okuwçy üçin şundan artyk jady gerek däl. Onda7
da ikilikçi üçin. Şeýle kyn meseläni bir demde çözüp
bilýän adam ýa jadygäý bolmaly, ýa-da mugallym.
— Başga nähili haýyşyň bar, oglan?
— Ertir meniň kakamy mekdebe çagyrýarlar. Men
zerarly, onuň ýene ýüzüni gyzardarlar. Olam gelip,
meniň eýimi ýetirer. Sen ertir mekdepde mugallymlaryň
hemmesi biragyzdan meni öwer ýaly et! Goý, olar
beýlekileriň kakalaryna diýişleri ýaly, meniň kakamada «Ýoldaş pylanyýew! Şeýle ukyply, akylly ogul ösdürip
ýetişdirýänligiňiz üçin, köp sag boluň!» diýsinler.
Jadygöý bir salym oýurganyp durdy-da, başyny
ýaýkady:
— Aý, ýok, oglanjyk, munyňy men oňarman.
Mugallymlara meniň jadym ýöremez. Olar menden
bilimli, menden akylly. Näme diýseň diý welin,
mugallym diýme...
Oglan jadygöýüň bu diýenleri bilen bada-bat ylalaşdy.
Başga näme haýyş etjegini bilmän, dymdy. Jadygöý
uludan bir pallady:
— Bar dilegiň şularmydy, oglan? Men-ä gidiberjek
onda!
Oglan alňasady:
8
— Dur entek, jadygöý aga...
Oglan ýeňsesini gaşady, jadygöýüň ýüzüne seredip,
ýuwdundy. Onuň ýaýdanyp durşuny görüp, jadygöý
ýylgyrdy:
— Hany, sen «Serçe bolsam!» diýip ýördüň-le?!
— Wiý, haw-wa!!! Sen ony nireden bilýäň?
Jadygöý onuň sowalyna sowal bilen jogap gaýtardy:
— Serçe bolasyň gelýäni çynyňmy?
— Çypbakaýja-çynym!
— Edil häzirmi?
Oglan ikirjiňlendi. Ikirjiňlemez ýalymy! Şunça
wagtlap adam bolup gezip, birdenem serçe ýa-da başga
bir zada öwrüläýmek oýun zatmy! Onsoňam şu wagt
serçä öwrülip oturyberse, onuň sumkasyny, kitapdepderlerini kim öýe eltsin.
Sumkasy, sumkanyň içindäki gündelik, gündeligiň
içindäki «2-lik» bilen kakasyna ýazylan hat ýadyna
düşende, oglan tisginip gitdi, ony gaýtadan der basdy.
Neresse:
— Hawa, häzir! Edil häzir! Duran ýerimde... —
diýiberdi.
9
— Onda men tä gözden ýitýänçäm, sen «jürk-jürkjürk» diýip, iki eliňem ganat ýaly galgat-da duruber.
Men gözden ýiten badyma, sen serçä öwrülersiň —
diýip, jadygöý ugraberjek boldy.
— Dur entek, jadygöý aga! Serçä öwreniňe görä meni
serçe dilinde gürlär ýalam et-dä!
— Bolýa, seniň diýeniň bolsun! Ýöne onuň deregine
sen indi adam diline düşüňsenem, gürläp bilmersiň.
— Aý, adam dilinde gürlemegiň maňa geregem ýok!
— diýip, oglanjyk elini salgady. — Serçelerde mekdep,
okuw, sapak diýlen zatlar ýokdur-a?
— Ol zatlar-a ýok. Ýöne sen ýene bir zady bilip goý,
men gaýdyp adama öwürmegiň tärini bilýän däldirin!
— O-da hiç!
Jadygöý yzyna öwrüldi. Onuň tä garasy ýitýänçä,
oglan göýä uçjak bolýan ýaly ellerini galgadyp, «jürkjürk» diýip, gaýtalady durdy. Birdenkä ol özüni guşuň
peri ýaly ýeňiljek duýdy. Gulaklarynda ýel şuwwuldap,
gözleri ýaşaryp ugrady. Ol gözüni açalak-ýumalak
edip, aşak seretse, jaýlar ýumurtga ýaly, adamlar hem
garynja ýalyjak görünýär. Asyl ol eýýäm uçup barýan
bolsa nätjek! Onuň «E-heý, adamjyklar, maňa serediň,
10
maňa!» diýip gygyryberesi geldi.
4-nji bap
Ol tä ganatlary ýadap, ysgyndan gaçaýýança uçdy.
Heziller edindi. Mekdebiň üstünden on-on bäş öwrüm
edip, soň öňki öýlerine tarap tutdurdy. Işikde ösüp
oturan garry tuduň şahasyna baryp gondy-da, aşakdaky,
ýeriň üstündäki durmuşy ýokardan synlamaga başlady.
Gapydan ilki bilen ýaňy mekdebe gatnap ugran inisi
çykdy. «Anha, indi öýüňem, mekdebiňem bar jebrini
özüň çekiber!» diýip, serçä öwrülen oglan içini güldürdi.
Onuň şu wagt hakyky serçe bolup, tuduň şahasynda
oturanlygyny biläýse, inisi näderdikä?! Geň galmakdan
hem görübilmezlikden ýaňa gözi hanasyndan çykardy.
«Eje-e-e, menem serçe boljak!» diýip, zörledip ugrardy.
Oglan-serçe durup bilmedi. Şuwlap aşak gaýtdy-da,
inisiniň edil burnunyň öň ýanyndan okkesdirme geçdi.
Inisi gorkudan ýaňa tas arkan ýykylypdy. Ol gözüni
elek-çelek edip, esli wagt durdy. Onýança içerden:
— Gyýw, Batyr, seret hany, gelmeýärmi? — diýip,
ejesiniň sesi çykdy. Inisi burnuny çekip goýberdi-de,
duran ýerinden töweregine garanjaklan bolup:
11
— Ä-ä, gelenok! — diýdi.
«Samsyk, agaň depäňde otyr ahyryn!» diýip, oglanserçe içini gepletdi.
Soňrak ejesiniň özi çykyp seretdi. Elini gözüniň
üstüne kölegeledip, kän durdy.
— Wah, şundan ýaňa göwnüm ynjalman, gulagym
dynman gitdi-dä! — diýip, hüňürdeý-hüňürdeý içeri
girdi.
Bäş-on minut geçmänkä, ejesi ýene çykdy.
— Batyr, bar, görüp gel hany, Gurban dagy gelipmi?!
Oglunyň klasdaşlary Gurban dagynyň bireýýäm
gelenini eşidenden son, ejesi hasam howsala düşdi:
— Allajanlarym, näme bolduka muňa? Maşynpaşynyň aşagyna düşmedik bolsa ýagşydyr hernä!
— Aý, näme bolandyr öýdýäň şo bihepbäňe! Sapakdan
soň mekdepde alyp galandyrlar ýa-da oglanlar bilen
pökgi kowalap ýörendir — diýip, kakasam içerden
dillendi.
— Wah, balajygym nirede bolanda-da, şu wagta
gelmel-ä! Gün ýaşyp barýar ahyryn!
Ejesiniň jibrinip, iki ýana zowzuldap ýörşüni görende,
12
oglan-serçäniň bogazjygy doldy. Ejesi özüni beýle gowy
görýändir öýdüp, onuň şu wagta çenli kellesine-de
gelenokdy. Ol saklanyp bilmän, tas «Eje, men bärde!»
diýip gygyrypdy. Özüniň indi adam dilinde gürlemäge
hakynyň ýoklugy ýadyna düşüp, hyrçyny dişläýdi.
Onýança ýokardan şuwwuldap bir topar serçe
geçiberdi. Oglan-serçe petekesini dolduryp, uludan
demini aldy-da, kynlyk bilen ýokary göterildi. Serçeleriň
yzyndan uçdy gitdi.
5-nji bap
Ilki-ilkiler ol barada serçeleriň arasynda uly
gürrüň boldy. Gürrüňiň başyny bir gözi çaşyrak,
uruşganlygyndan bolsa gerek — kellesi tä beýnisine
ýetiberýänçä
çokulan,
şol
bolşuna-da
juda
garagolsyraýan serçe başlady:
— A-haw, serçeler, täzeden bäri aramyzda biri
görünýär welin, asyl öň göze ilýän zat däldi-le?! Özem
hondan bärisiräp, ile goşulanog-aý!
— Haww-aý, gökden düşen ýaly öz-ä!
— Dilem çalgyrdrakmy-nämemi?..
— Dilini özi bilsin welin, asyl oňarýan zady ýok onuň!
13
Ne gurçuk çöplemegi oňarýar, ne-de çekirtge tutmagy.
— A-haw, birhili syrlyja görünýär welin, Çotdy serçe
dagynyň iberen jansyzy bolaýmasyn şu?!
— Aý, senem onarýaň-ow! Onun ýaly
nalajedeýindenem bir jansyz bolarmy! Hol Çalyň ýa-da
Körüň toparyndan azaşyp galan aňkaw diýerler oňa!
— Azaşanam däldir şol. Kowlup gelendir.
Iň ýokardaky şahada sesini çykarman oturan gartaşan
serçe bir ganatyny galdyrdy. Jedel tapba ýatdy. Gartaşan
serçe serçelere mahsus bolmadyk agraslyk bilen säze
başlady:
— Jemagat! Hemmäňiz pikiriňizi aýdyp bolan
bolsaňyz, indi maňa gulak asyň! Çalgyrt bolsa-da,
aňkaw bolsa-da, başga topardan bolsa-da, azaşyp ýada kowlup gelen bolsa-da, ol serçe. Ser-çe! Diýmek,
özümiziňki. Kesip taşlara ýerimiz ýok. Şonun üçinem,
ony gyrakladyp, gybatyny edip ýörmän, gaýtam,
özümize çekjek bolalyň! Belki, öwrenişip bilýän däldir,
belki, başga bir derdi bardyr. Meniň pikirimçe, oňa
haýsy-da bolsa bir möhüm ýumuş tabşyrmaly we şeýdip
ony zähmet arkaly terbiýelemeli!
«Zähmet arkaly terbiýelemek» diýmeklik serçeleriň
14
dilinde sütüniň süýnýänçä işletmekligi aňladýardy.
Şonuň üçinem serçeler ýaňky gartaşan serçäniň pikirini
bada-bat alyp göterdiler:
— Eý, biziň parasatly, ýeňilmezek serdarymyz! Seniň
sözleriňde diňe hakykat bar. Biz seniň akylyňa, adalatly
hökümiňe öňem boýundyk, häzirem boýun!
— Hawa, ojagaz deljäni serdaryň aýdyşy ýaly edip
terbiýelemeli!
— Goý, özüni görkezsin!
— Ynamy ödemese-de, görübiris!..
— Duruň-haw entek! Hany, oňa näme ýumuş
tabşyrarys?
Serçeleriň arasyna dym-dyrslyk aralaşdy. Olaryň
pikirini bilmek üçin, toparyň serdary — gartaşan serçede sesini çykarmady. Umuman, ol beýlekileriň sözlerini
diňläp-diňläp, iň soňundan hemmesinem ýalana
çykaryp goýbermegi gowy görýärdi.
Birhaýukdan soň, perleri sal-sal, bir serçe naýynjar
halda dillendi:
— Eger garşy bolmasaňyz, serdarymyzam makullasa,
şol täze gelen serçäni maňa berseňiz! Meniň maşgalam
agyr, eklejegem özüm. Kakalarynyňam... — diýdi-de,
15
gözlerini ýaşartdy.
— Ejizleme, Küleje, ejizleme! — diýip, bir ekabyr serçe
onuň sözüni böldi. — Seňkiden agyr maşgalany ekläp
gördük, ýeke özümiz ekledik. Şonda-da zeýrenmäň,
ejizlemäň nämedigini bilen däldiris. Merdräk bolarlar...
Maslahaty serdar jemledi:
— Onda mende şeýle bir teklip bar! Agsak
janawaryň nä güne düşenin-ä hemmäňizem bilýäňiz.
Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, pişige ýesir düşüp,
serçelerçe gurban boldy. Onuň ýanýoldaşam bir
bezzadyň kemanyndan heläk boldy. Höwürtgelerinde
bir topar ýumurtga eýesiz galdy. Ine, şol höwürtgäni,
şol ýumurtgalary täze geleniň — Deljäniň boýnuna
ýükläýsek diýýärin. Goý, sakçylyk etsin, çülpeler
ýumurtgadan çykansoňam ekläp-saklap, ile goşsun!
Serçeler mähellesi serdaryň bu teklibinem biragyzdan
alyp göterdi. Iki sany serçe ýör-hä-ýör bilen Deljäni
(oglan-serçä bizem indi Delje diýibereliň!) öňlerine
salyp geldi.
Serçeleriň düzüm-düzüm bolup oturanyny gören
Deljäniň huşy başyndan uçdy. «Hiýh, ene-atalar
ýygnagy oguşýan... Işim gaýtdy!» diýip, ol pikir etdi.
16
— Serdaryň ýanyna, serdaryň! — diýip, ony alyp
gelen serçeleriň biri çüňki bilen onuň ýeňsesini çalarak
gyzdyryp goýberdi. — «Wah, öňräjik, men entek
adamkam, şeýtjegiňizi bilen bolsadym, serdaryňyzperdaryňyz bilen birlikde dyr-pytrak ederdim welin...»
diýip, Delje içini hümlede-hümlede, serdaryň gaşyna
bardy.
Serdar oňa tarap gözüniň gyýtagyny çalaja aýladyda, serdar gedemligi bilen sowal berdi:
— Sen, bi, Agsaklaryň höwürtgesini bilýäňmi?
Delje görgüli Agsagy nireden bilsin — towsagy
nireden bilsin. Ol eginjigini gysdy.
— Bilmeseň, görkezerler. Şol höwürtge üçin,
höwürtgedäki ýumurtgalar üçin başyň bilen jogap
bermelisiň! Bu gün-erte ol ýumurtgalardan bir topar
eýjejik serçe çykar. Olary eklemegem seniň boýnuňa.
Ýatdan çykarma, eger şolara bir zat bolaýsa... — Serdar
haýbat bilen pysyrdady. — Onda men seni öz çüňküm
bilenjik üterin!
6-njy bap
Agsaklaryň
höwürtgesi
17
obanyň
garagörnüm
çetindäki harabanyň jaýrygynda ýerleşýän eken. Delje
bu harabanyň her bir kesegine, deşigine-jaýrygyna
bäş barmagy ýaly beletdi. Öň özi ýaly işýakmaz
oglanjyklaryň bir topary bilen höwürtge bozmaga telim
sapar gelipdi.
Delje köne höwürtgä, onuň içinde akjaryp ýatan
ýumurtgalara seňrigini ýygryp seretdi. Aýajygy bilen
olaryň birini çalarak depibem goýberdi. Birdenem,
serdaryň haýbatly sözleri ýadyna düşüp, töweregine
ýaltaklady. Uludan demini alyp, emaý bilen
ýumurtgalaryň üstüne çökdi. Bir salymdan soň, beýdip
oturmaga-da karary ýetmän, böküp daşary çykdy,
Gum-kesege öwrülip barýan harabany täzeden, serçe
nazary bilen synlady. Höwürtgeden ýere çenli aralygy
gözi bilen ölçäp gördi.
— Äý, nadanlar diýsänim! Ýerden ýigrimi bäş gulaç
ýokarda diýip öwýän höwürtgäňizem şumy? — diýip,
hälki özüni getirip giden serçeleriň yzyndan käýinjiredi.
— Munyňyz ýerden iki gulajam ýog-a! Bir oglanjyk
beýlekiniň egnine münse, bujagaz höwürtgäni kellesine
geýibem giderler... Aý, geýse-geýip geçsinler, tozdursatozdursynlar, maňa näme! Uçar-da giderin.
Şol wagt serdaryň «Öz çüňküm bilenjik üterin!»
18
diýen sözleri gaýtadan gulagyna gelen ýaly boldy, göýä
serdaryň polat çüňki depesinden inip gelýän ýaly,
boýnuny içine ýygryp, kellejigini eginleriniň arasynda
gizledi. «Üter, hökman üter! Perimi tozdurar, gözümi
akdyrar!» diýip, galagop halda oýlandy. «Ýeri, onda
nätmeli? Ýokarrakdan başga höwürtge gurmalymy? Aý,
täzesini gurýançaň, sütüniň süýner-le... Ýokarda boş
duran höwürtge ýokmuka?»
Delje pysyr-pysyr edip, o diwardan bu diwara, o
jaýrykdan bu jaýryga gatnap başlady. Uzak wagtlap
sermenenden soň, harabanyň belent ýerinde gurlan
bir bolgusyzja höwürtgäniň üstünden bardy. Onsoň bir
ýerden adamyň aýasy ýaly letde tapdy. Ýumurtgalaryň
birini şol letdäniň üstüne togalap, letdäniň dört
burçunam bir ýere jemledi-de, çüňküne gysdyryp, täze
tapylan höwürtgä eltip geldi. Ýumurtgalary şeýdip ýekeýekeden daşady. Öler ýaly ýadady. Ajykdy. Ýöne nätsin,
näme iýsin? Beýleki serçeler ýaly gurçuk-purçuk, mörmöjejik tutup garbanaýyn diýse, işdäsi alanok. Gaýtam,
beýlekiler: «Şu gün pylança gurçugy bir özüm lak-luk
atdym» diýip, öwnüşip ugrasalar, onuň aňyrsy bärsine
gelýär.
Bugdaý-jöwen bişerden bolsa entek ir.
19
Çörek owuntygynyňam çaşyp ýatan ýeri ýok. Bar
ýerinden çöpläýjegem bolsaň, ullakan töwekgelçilik
gerek. Başyňy etegiňe salyp gitmeli. Çörek owuntygynyň
pytrap ýatan ýerinde dyrnaklary syh-syh pişikleriň, eli
kemanly bezzatlaryň köwejekleşip ýörýändigini kim
bilmeýär?!
Önküler ýaly, «Gel, balam, naharyň sowady» diýere
ejesi ýok. Oýnap ýörkäň ajygaňda, «Bar, öýden çörek
getir! Üstüne-de mesge çalyp getir!» diýip iberer ýaly inisi
ýok. Aldap, elinden kökesini alyp iýerin diýse, agzyny
açyp ýören aňkaw Aman ýok. E-e-eý, o döwürler... o
günler... Gadyry bilinmändir-dä ol günleriň!
Deljäniň bir oňarýan zady uludan-uludan dem
almak, şony berjaý edensoň, höwürtgä geçdi-de, ajöze,
ýadaw halda uklamakçy boldy. Ýöne ýumurtganyň
üstünde ýatmaga endik etmänsoň, aşagy ýumakly ýaly,
eýläk-beýläk togalanyp, uzak gijäni ukusyz diýen ýaly
geçirdi.
7-nji bap
Delje bir gün gelse, höwürtge öňküsindenem daralan
ýaly. Ozal arkaýyn girip-çykaýmasy bardy welin, indi
kellesini soksa, guýrugy daşarda galýar, götinjekläp
20
girse-de, kellesi daşarda somalyp dur. «Bu nähili bolýaraý? — diýip, Delje kiçijik kellesine agram salmaga
başlady. — Ýumurtgalar köpelip-dagy edäýdimikä?
Hany, sanap göreýin: bir, iki, üç, ...Üstünde oturanymy
sanadym-maý?! Hany, bir, iki, üç, dört... Beh, öň bir
sanamda, jüp däl-de, täk çykan ýaly-la! Köpeläýen-ä
däldir-dä... Öz-özünden nädip köpelsin! Tersine,
azalan bolaýmasyn?! Azalan bolsa, onda höwürtge
daralman, gaýtam giňelmezm-aý? Hany, mugallym
näme diýip öwredýärdi entek?! Mukdaryň möçbere
bolan gatnaşygy... Ýok, möçberiň mukdara bolan...»
Deljäniň kellesiniň içi bulam-bujar boldy. Özüniň
hasapdan asgynlygyna ol ilkinji gezek ýaman ahmyr
etdi. Hasap diýlen zat serçe bolsaňam, gerek eken.
Wagt bolsa geçip dur, geçip dur. Delje eýlesinebeýlesine garanmaga ýetişmänkä, höwürtgedäki
ýumurtgalar gyzgylt öwsüp, gezekli-gezegine çyzyk
açyp başlady. Ine, bir günem olardan sary çüňklüje,
gyzyletene, birmeňzeşje jandarlar jüýgüldeşip çykdy.
Çykan batlaryna-da, «Iýjek-de-iýjek!» bolşup, Deljäniň
gulagyny guk etdiler.
Delje görgüli her gün iýmit gözleginde menzil-menzil
ýol geçýärdi. Diňe garaňky gatlyşyberende, ganatlaryny
21
zordan galgadyp, höwürtgä özüni atýardy. Daň ataram
welin, ýene şol öňki güzeran, şol öňki güzap.
Iýmit tapmak diýeniňem dilde aňsat ekeni. Ýokaryk
galsaň-a, depäňden gyrgy garawullap dur, ýere
gonsaňam, pişik ýapyrylyp gelýär.
Getiren iýmitiňi bu gyzyletenelere sag-aman
iýdiräýjek bolsaň, ondanam kyn. Ala-basgy bolşup,
bir-birinden öň iýjekler. Sähel göz-gulak bolmasaňam,
iýmite düwnüp, gök-dalak bolýarlar. Şonuň üçinem
olaryň hersi öz paýyny sag-aman bokurdakdan
ötüräýýänçä, Delje höwürtgäniň agzyny saklap oturardy.
Özem olaryň gurçuklary, mör-möjekleri açgözlük bilen
ýuwudyşlaryny görmejek bolup, gözüni ýumardy.
Ýumurtgalaryň biri juda haýal, hemmesinden soň
çyzyldy. Ýöne ondan çykan guş çagasy welin öňkisoňkynyň çaky bolmady. Asyl onuň garnynyň dok,
gözüniň doýgun wagtyna gabat gelip bolmasa nätjek!
Haçan görseň agzy açyk, haçan görseň iýermen. Özem
kän symyşlaýanlygyndanmy-nämemi, günsaýyn däl-de,
sagatsaýyn ýognap, ulalyp barýar. Sanly günüň içinde ol
Delje bilen deňeçer boldy, soň ondanam ozdurdy. Indi
ol Deljäniň getirýän iýmitini diläp däl-de, basyp alyp
iýýärdi.
22
Bu bedähediň syry basym äşgär boldy.
Käte-käte bir ýerlerden ikatýoguň «Iki-at-ýok! Iki-atýok!» diýip zarynlaýan sesi gelýär welin, ýaňky mähnet
guş çagasam symyşlamasyny goýup, diňşirgenýär. Soň
o-da öňe-öňe omzap, bogazyndan «Kat-ýo-ok» diýen
ýalyrak ses çykarýar.
Delje bir gezek bu hadysanyň edil üstüne geldi.
«Ikatýok köplenç öz çagasyny özi eklemeýär. Heniz
ýumurtgadan çykmanka, ony başga guşlaryň
höwürtgesine taşlap gidýär» diýip, mekdepde eşiden
gürrüňi güpbe ýadyna düşdi. Nämäniň-nämedigine
göz ýetiren Deljäniň gahary bokurdagyna geldi.
«Men seniň atyňy bir gözüňe görkezeýin-le!» diýip,
ol ikatýokjygyň üstüne topuldy. Öňdenem darajyk,
çagşan höwürtgäniň içinde gopdy bir topalaň. Boldy
bir güpür-tapyr. Deljäniň «Mugthor! Ýatyber! Bihaýa!»
diýen janyýangynly jibrinmesi, ikatýoguň naýynjar
jüýgüldisi, zähresi ýarylara gelen çülpe serçeleriň
galagoply pysyrdylary...
Delje mugthor ikatýoguň eýini mazaly ýetirenden
soň, höwürtgeden çykyp, hol beýlede gondy.
Jany agzyna gelen ikatýoguň iňlemä meňzeş
jüýgüldisi içerden soňam geldi durdy.
23
Gahary ýatyşyp, birneme köşeşenden soň, Deljäniň
ikatýokjyga nebsi agyryp ugrady. «Ýowuzrak daraýdym
öýdýän! — diýip, ol içini gepletdi. — Hakyna seretseň,
munda günä-de ýok ýaly. Günä muny şeýdip taşlap
giden ata-enesinde».
Delje biraz oturyp, dem-dynjyny alansoň, awuň
gözlegine çykdy. Bir çalajan ýagyş gurçugyny çüňküne
gysdyryp gaýdyp geldi. Onuň garasyny görenden,
ikatýokjyk gorkup, höwürtgäniň bir böwrüne gysyldy.
— Näme sandyran bolýaň? Iýesim ýok! Al, düwnüp
geçen...
Delje getiren iýmitini onuň agzyna atdy-da, hüňürhüňür edip, çykyp gitdi.
Ertesi goňşy serçe oňa sowal berdi:
— Ýeri, Delje, düýn höwürtgäňde näme gopgun
turdy? Gykylygyňyz-a ýaman belentden çykýardy.
— Aý... — Delje ganatyny salgap goýberdi. —
Ýumurtgalaryň birinden ikatýok çykdy.
— Senem ony ekläp ýörmüň? Kow ony, derrew kow!
Gümüni çekip goýber!
— Kowaňda, ol nirä gitsin? Enesi bolmasa, atasy
bolmasa, agasy ýa inisi bolmasa. Guş diýeniňde iň
24
bolmanda klasdaş-zadam-a ýok, bir gije öýünde
ýataýaryn diýer ýaly.
— Klasdaşyň näm-aý? — diýip, goňşy serçe onuň
ýüzüne jiňkerildi.
— Dost, ýoldaş diýen ýalyrak-da!
— Dost-ýoldaşyň näme?
— Saňa nähili düşündirsemkäm... Höwürtgedeş
diýen söze golaýrak-da!
— Hä-ä! Şeý diýsene!
8-nji bap
«Bir goýundan ak hem dogar, gara-da» diýenleri
çyn ekeni. Serçe çagajyklarynyň hemmesi birmeňzeş
ýumurtgadan çyksa-da, hersi özbaşyna häsiýet bolup
döredi. Biri agrasja, hatda tekepbirrägem, beýlekisi onuň
tersine, barypýatan gykylykçy, uruşgan, üçünjisi gorkak
hem gysganç, bir zat iýende-de, aňyrsyna bakman,
gizlemän iýip bilenok. Ikatýokjyg-a öňdenem serçe iline
goşulýan zat däl. Onuň diňe agzy boş durmasa bolýar.
Tekepbirligiň bilenem işi ýok, gykylygyň, gysgananyň
bilenem.
Delje bu ganatly ýetimjikler bilen uly görgä galdy.
25
Sähel haý-küş etmeseň, biri ters öwrülip, dommarylyp
otyr, nämemiş, iýmiti agzyna tutdurmanmyşynlar, şonuň
üçinem öýkelänmiş. Ýöne onuň bilen oňuşsa boljakla. Derdiň ýamany beýlekide — gykylykçyda. Özüne
getirilen zady iýmän, hamana, gysganjyň iýmitiniň
baly bar ýaly, şoňa ýapyşýar. Gysganç diýeniňem özüňe
belli, ýekeje owuntyk hakyny giderenden, şol owuntyga
düwnüp ölenini gowy görýär.
Ine, onsoň, iki doganyň arasynda turýar bir dawa,
turýar bir topalaň. Ol aňryk çeker, bu bärik, ol urar
çüňki, bu-da ondan kem galmaz. Şeýdip, iýmitem
ýatdan çykar, beýlekem. Şol aralykda, bularyň agzyna
seredip, ýuwdunjyrap oturan ikatýokjyk assyrynlyk
bilen geläge-de, ikisiniňem paýyny lak-luk atýar.
Soňurrak, aç galan gysganç «Nätdiň, nätdiň?!» diýip,
aglamjyrap ugrar. Uruşgan bolsa çünki bilen o ýerinibu ýerini barlaşdyran bolup oturyşyna «Hakyňdan,
deňje paýlaşan bolsaň, ikimize-de ýeterdi!» diýip, ony
barha öjükdirýär. Agras serçejik bolsa doganlarynyň
ikisiniňem üstüne gygyrýar-da, soň ikisindenem
öýkeläp, dymýar.
Delje bulary ýaraşdyrjak, oňuşdyrjak bolup, ganatperden, güýç-kuwwatdan aýrylyp barýardy. Halys
26
degnasyna degensoň, onuň käte-käte «Sizdenem bir
dogan bormy, bihepbeler! Ynha, biz öz doganymyz
bilen...» diýip gygyryberesi gelýärdi. Ýöne özüniňem
inisi bilen oňşugynyň şundan öwerlik bolmanlygy ýada
düşüp, sesini çykarmazdy.
Deljäniň bagtyna, serçejikler tizarada uçmagy
öwrendiler.
Ilki bilen uruşgan uçdy. Uzakly gün höwürtgede iýmit
getirilerine garaşyp oturmaga onuň karary ýetmedi. Ine,
onsoň, bir gün höwürtgeden kellejigini çykaryp, aşak
seredip otyrka, ýerde gyrmyldap barýan jandarjygy
gördi-de: «Jik-jik, möjejik! Jirk-jirk, möjejik!» diýip,
göni aşaklygyna gaýdyberdi. Onuň gapdalynda oturan
gysganç ýerdäki möjejigi görmese-de, doganynyň bir
zat tapanyny aňdy. Onsoň doganyndan öňürtjek bolup,
o-da aşak eňdi. Ikisem daş gaçan ýaly bolup, patlap ýere
düşdüler.
Soň-soň ýere patlap däl-de, gaýyp düşmegi
öwrendiler. Soň aňyrrakdan öwrüm berip gaýtmany
çykardylar. Garaz, şeýdip, uçmak işi oňuna boldy-da
gidiberdi.
Indi höwürtgede köplenç agrasja serçe bilen ikatýok
ikisi galýardy. Galanlary gazanç bilen mübtela.
27
Agrasja-da näler uçjak welin, arman, agras-agras
pikirleri oňa päsgel berýär. «Hany, entek pikirlenip
göreýin! Uçmak diýlen zat oýunjak iş däl ahyryn!»
diýip, ol oýlanýardy. Höwürtgeden ýere çenli aralygy
gözi bilen ölçäp, uzakly gün kelle döwýärdi.
Ahyrsoň, açlyk-mätäçlik ähli hasaby bulaşdyryp
başlansoň, ol ýüregine daş baglap, gözjagazlaryny
ýumup, höwürtgeden üzüldi... Bir gün özüni aldap,
deşige sümüp giden gurçukdan gaty gördi, ertesi ernini
dyrnaçaklan tomzajykdan öýkeledi. Ýöne herniçigem
bolsa, eýdip-beýdip gün-güzeran görmegi öwrendi.
Iň soňunda ikatýokjyk galdy. Iýmitlenmek üçin,
agzyňy açyp, gözüňi petredip oturmakdan başga-da
ýollaryň bardygyna düşünensoň, o-da uçmak bilen
boldy. Bir günden bir gün bolsa, ol awa gitdi-de, gaýdyp
gelmedi. Delje oňa kän garaşdy, geler ýerde gelmänsoň:
«Aý, bir kebelegiň ýa-da teneçiriň yzyna düşüp,
kowalaşyp gidendir-dä!» diýen netijä geldi.
9-njy bap
Serçejikleri aman-sag kemala getirip, guş hataryna
goşansoň, Deljäniň birazajyk dünýäsi giňäp, reňki
durlanyp başlady. Çüňkleri bilen ganat-perini
28
arassalaşdyrmaga-da, daş-töweregi, aşak-ýokaryny
synlamaga-da az-kem wagt tapyp ugrady. Daştöwerek bolsa şeýle bir gözel eken, şeýle bir hezil eken.
Hol garagörnümde saýa salyp, şaglap oturan baglar
diýermiň, ýaýylyp ýatan ekinzarlyklar diýermiň, dürli
dilde, dürli heňde saýraşýan guşlar diýermiň. Gözüni
ýumaga-da, aýdyma gygyryberesiň gelýär.
Her günem säher bilen harabaçylygyň gaýrasyndaky
gumak ýoldan çagalar mekdebe geçýär. Öýlänem şol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Adam bolmak kyn - 2
  • Parts
  • Adam bolmak kyn - 1
    Total number of words is 3589
    Total number of unique words is 2061
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 2
    Total number of words is 3537
    Total number of unique words is 2010
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 3
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2050
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Adam bolmak kyn - 4
    Total number of words is 880
    Total number of unique words is 622
    46.4 of words are in the 2000 most common words
    57.8 of words are in the 5000 most common words
    64.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.