Turkmenarrow-right-bold-outlineTuvan Learn Turkmen

“gün” on Turkmen-Tuvan dictionary

Literature Examples
favicon
Add meaning, image or audio
Turkmenarrow-right-bold-outlineTurkmen open-in-new
at. 1. Gyzyl ot bolup duran we daşynda Ýer we beýleki planetalar aýlanýan togalak şekilli ägirt uly asman jisimi. Gün dogup, äleme nuruny saçdy, dünýäni ýagtyltdy (A. Gowşudow). 2. Ir ertirden agşama çenli bolan wagt aralygy. Uzyn gün. Uzakly gün. Her gün. On gün. Gün içinde bir gezek. Günüň dowamynda. Taňryň berha güni. 3. Ýaşaýyş, durmuş; güzeran. Günüm üçin günim oglun allalaryn (Nakyl). Günüň namarda galmasyn. ◆ Gün bermezlik azar bermek, ezýet bermek, ruhy taýdan ejir çekdirmek. Güne gargap oturmak uzak wagtlap günüň aşagynda oturmak. Gün geçirmek wagt geçirmek. Güni gelmek bir zat sebäpli özi üçin köp mümkinçilikler döremek, döwran aýlanmak. Kösäniň güni geldi ("Görogly"). Möjek bolsa şunuň ýaly şum gijäniň gelmegine garaşýar, şeýle başagaýlykda onuň güni gelýär (B. Gurbanow). Gün görmek durmuş üçin zähmet çekmek, güzeran görmek, eklenç etmek. Gün orta bolmak günüň gözýetimde iň ýokarda durýan wagty bolmak, günortan çagy bolmak. Gününe goýmazlyk öz erkine goýmazlyk, biriniň raýyna garaman azar bermek. Indem ol naçaryň öňki adamsy gününe goýmaýarmyş (G. Ezizow). Garry geolog bolsa oglanlary getiriň diýip, bizi günümize goýman bärik iberdi (N. Baýramow). Gününe it aglamak jebirjepada ýaşamak, kyn durmuş geçirmek. Ýyl agyr gelende, çopanyň gününe it aglardy. Gününi bulamak (çaýkamak) rahat durmuşy bozmak, maşgala durmuşyna agzalalyk salmak. Gününi geçirmek bir işi ýerine ýetirmek üçin köp eglenmek. – Dükana diýip gideliň näçe wagt boldy, o ýerde günüňi geçiräýdiňle!? Gününi sanap barmak çalt ösmek, ulalmak, günsaýyn ösmek. Gün tertibi1) ýygnakda garaljak meseleleriň jemi, yzygiderliligi. 2) gündelik edilmeli işler hakynda düzgün, tertip. Günüňe ýanaýyn! tabşyrylan işi ýerine ýetiriji düýbünden oňarmadyk ýada örän ýaramaz ýerine ýetirende şonuň özi babatynda aýdylýan söz. Gün ýamanyny görmek agyr günde bolmak, kynçylyk çekmek, gaty horlanmak, jebir-sütem çekmek. Türkmenistan özbaşdak bolýança halk gün ýamanyny gördi. Iş güni 1) edarada, kärhanada işlenýän gün. 2) taryh. kolhozçylaryň zähmetini hasaba alyş birligi. Ýele – ýelken, güne – galkan (bolmak) yssy, sowuk diýmän zähmet çekmek, işlemek. Ol bütin ömrüne ýele – ýelken, güne – galkan bolup, güngüzeranyny aýlapdy, şeýdip atasyz galan çagajyklaryny ulaldyp, adam edip ýetişdiripdi.
message-reply
Turkmenarrow-right-bold-outlineEnglish open-in-new
n. day. n. sun.
message-reply
Meaning of “gün” in Tuvan language – definitions, images, pronunciation, examples, synonyms, antonyms, learn more...
Request to translate if there is no definitions or definitions is not clear enough "gün"?
Ask a question if something is not clear about the word "gün".