Turkmenarrow-right-bold-outlineKurdish Learn Turkmen

“köp” on Turkmen-Kurdish dictionary

köp
Literature Examples
favicon
Add meaning, image or audio
Turkmenarrow-right-bold-outlineEnglish open-in-new
adj. many, much, lots of, a lot of, abundant, multitude, mass, more.
message-reply
Turkmenarrow-right-bold-outlineTurkmen open-in-new
syp., hal. 1. San, mukdar taýdan kän, möçber boýunça ýeterlik, bol. Bu çäreleriň köp bölegi şu mahal durmuşa geçirilýär ("Edebiýat we sungat"). 2. Wagt taýdan uzak, dowamly. Köp ýatdyk, ýaranlar, turulsyn imdi! (Seýdi). 3. Ýygy-ýygydan, çalt-çalt, tiz-tiz. Olar köp duşuşýarlar. Köp görşüp durmak gerek. 4. at, göç. m. Köpçülik, köp adam, jemagat, il. Köpüň dilegi köl bolar (Nakyl). ◆ Köp bilmek 1) köp zat hakynda bilmek. 2) mekirlik edip, şeýle hereket etmek, şeýtmek. Ol gaty köp bilýär, ýönelige biz bilen gidenok. Köp çarşenbäni başyndan geçiren birtopar kynçylygy, şatyny, muşakgaty gören, uly durmuş tejribeli. Köp gar basan köp ýaşan, kän zady başyndan geçiren (adam). Köp gepli gepi-gürrüňi köp edýän, pikirinden üýtgäp duran. Köp gepli adam. Köp görmek biriniň ýeten derejesine göriplik, içigaralyk etmek, bir zady birine rowa görmezlik. Köpi gören köp wakany başdan geçiren, durmuşyň ajy-süýjüsini dadan, wakalaryň içinde gaýnap, tejribe toplan (adam hakynda). Köpi geçip (ötüp), azy galan ömrüniň köpüsi geçen, garrylyk ýaşyna ýeten (adam). Köpi gözläp, azdan galmak nebsiňe haý diýmän, azyrganyp aç galmak, ýeten derejäňe kanagat etmezlik. Köp nokat dil b. gutarylmadyk sözlemden, sözlerden soň goýulýan "we şuňa meňzeşler, beýlekiler" diýen many aňladýan dyngy belgi. Egerde sözlem gysgaldylyp alynsa, onda gysgaldylan ýerinde köp nokat (...) goýmaly bolýar. Köp sözüň başyna ýetmek (başyny agyrtmak) köp gürlemek, öňki-soňkyny agzamak.
message-reply
Meaning of “köp” in Kurdish language – definitions, images, pronunciation, examples, synonyms, antonyms, learn more...
Request to translate if there is no definitions or definitions is not clear enough "köp"?
Ask a question if something is not clear about the word "köp".