Turkmenarrow-right-bold-outlineKumyk Learn Turkmen

“adam” on Turkmen-Kumyk dictionary

Literature Examples
favicon
Add meaning, image or audio
Turkmenarrow-right-bold-outlineTurkmen open-in-new
at. 1. Pikirlenmäge we geplemäge, şonuň ýaly-da oýlap tapmaga, gural döretmäge hem-de durmuşda ondan peýdalanmaga ukyby bolan ynsan. 2. Jemgyýetiň agzasy, şahsyýet, adamlaryň biri, kişi. Älem içre adam gezmez, at gezer (Nakyl). Dag daga duşmaz, adam adama duşar (Nakyl). Adam bar, müň tümen iýdirseň azdyr, Bardyr adam, iýen nanyna degmez (Magtymguly). 3. Ýan-ýoldaş, ýassykdaş, är (düýp söze birinji, ikinji we üçünji şahsy görkezýän goşulma goşulyp ulanylýar, şeýle-de birinji hem-de ikinji şahsy görkezýän -ym, -yň, -iň, -im goşulmalaryndaky dar çekimli uzyn aýdylýar). ◆ Adam başy daşdan gaty adamzat hemme kynçylyga çydamly. Adam başy daşdan gaty diýleni. Biziň görmedigimiz gördedir ("Edebiýat we sungat"). Adam bolmak 1) kemala gelmek, ulalmak, ýetişmek, öz başyňy çarar ýaly bolmak. Ýeri, goýsana, namartaý, ogluň elmydam şu bolşuna bolup gidesi ýok-la, gelin alyp berenimizden soň, eklenç başyna düşenini biler, adam bolar (A. Durdyýew). 2) adamkärçilik mertebesini saklamak, düzelmek. Ol-a asyl adam bolaýypdyr. 3) näsaglykdan, heläkçilikden sagalmak, gutulmak, ölmän galmak. Biz, ony adam bolar öýtmändik (B. Pürliýew). Adam etmek ekläp-saklap kemala getirmek, ýetişdirmek, ile goşmak, terbiýelemek. Adam etjek bolsaňyz, terbiýe bermek gerek. Adam sanyna goşulmak (girmek) terbiýeli adama öwrülmek. Menem adam sanyna goşuldym (T. Taganow). Adam saýmazlyk äsgermezlik, adam hasap etmezlik. Ýelliniň ony adam saýman aýdan sözi Wüşi keliň gaharynyň öňündäki böwedini böwüsdi (A. Gowşudow). Adam taňryly adamy ala tutýan, gorkmasa sylamaýan; çekinýän, gorkýan adamsyny görende boýun egýän, çekinmeýän adamsyny görende hereketini üýtgetýän. Beýle adam taňryly bolmazlar ("Edebiýat we sungat"). Adam ýaly adama mahsus bolan belent adamkärçilikli häsiýetleri özünde jemleýän, edepli (adam hakynda). Sen bir adam ýaly gürlesene!
message-reply
Turkmenarrow-right-bold-outlineEnglish open-in-new
n. man, person, human being. n. husband.
message-reply
Meaning of “adam” in Kumyk language – definitions, images, pronunciation, examples, synonyms, antonyms, learn more...
Request to translate if there is no definitions or definitions is not clear enough "adam"?
Ask a question if something is not clear about the word "adam".