Turkmenarrow-right-bold-outlineKonkani Learn Turkmen

“iki” on Turkmen-Konkani dictionary

Literature Examples
favicon
Add meaning, image or audio
Turkmenarrow-right-bold-outlineEnglish open-in-new
num. two.
message-reply
Turkmenarrow-right-bold-outlineTurkmen open-in-new
san. 1. 2 belgisiniň ady we onuň aňladýan sany. Olar netijeli hyzmatdaşlyga geçmek üçin iki halkyň erk-islegi gerek diýen bir pikiri aýtdylar ("Watan"). 2. Mekdepde ýetişige berilýän baha. Edebiýatdan iki alan okuwçy bizde ýok. ◆ Iki aşdan (toýdan) galmak bir oňa, bir muňa hyýal edip, ikisinden hem galmak, köpe kowalaşyp, azdan galmak. Iki at depişer, arasynda eşek öler güýçlüler çaknyşsa, ejiz heläk bolar. Iki aýagyny bir gonja salmak howlukdyrmak, gyssamak.Iki aýakly gepl.d. adam. Onuň bilenini iki aýakly hem bilmez. Iki aýakly iki günde eýläňi-beýläňi bakmankaň ýetişmek, kemala gelmek (çaga hakda). Iki barmagyňy burnuňa sokmak boş gelmek, hiç zatsyz gaýdyp gelmek. Iki barmak ýaly1) örän kiçi, ujypsyz, az. Ol saçakdan iki barmak ýaly çöregi döwüp aldy. 2) gysgajyk, birnäçe sözden ybarat (hat barada). Ikibaşdan oňi-soňy, barybir, ahyrsoňy. Gaçmasam-da, men munda, Hemişelik galmaly. Näme bolsa, şol bolsun, Iki başdan ölmeli (A. Kekilow). Iki bolup bilmezlik çenden gaty begenmek, çakdanaşa şatlanmak. Iki bolup bire degmez iki sany iş başarmaýan, nalajedeýinler, emelsizler. Eý-ý, gardaşlar! Iki bolup bire degmezler! Iki bolup, bir çagany oňaraňzokmy?! (B. Kerbabaýew). Iki bükülmek biriniň öňünde öz mertebäňi kiçeltmek, ýalynjaňlyk etmek, ýaýaplamak. Iki egninden dem almak halys tapdan düşmek, dem almasy kynlaşmak, ölümiň öňüsyrasynda ýatmak. Iki egninden gum sowurmak bir zady haýýarlyk bilen boýun almazlyk, kes-kelläm garşylyk görkezmek. Iki egnini gysmak bilmezlik, düşünmezlik. Iki el-de, bir aýak başagaý. Iki elini boş goýmak doly ygtyýarly etmek, öz erkine goýmak. Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý (Nakyl). Iki elläp doly, bütinleý, garşylyksyz, ýaýdanman. Bike eje onuň ähli aýdanlaryna iki elläp razy bolupdyr (N. Pomma). Iki erni bir ýere gelmezlik şatlanmak, gülmek. Iki gat göwreli. Iki gepiniň birinde häli-şindi, tiz-tiz gaýtalama. Iki göwünli ýaýdanyp, belli bir karara gelip bilmeýän, göwni bölek, ikirjiňlenýän. Iki göwünli adam. Iki göwünli bolmak. Iki gözi ýolda galmak biriniň gelerine köp wagtlap garaşmak, gözi ýolda galmak. Ogluna garaşyp, enäniň iki gözi ýolda galdy. Iki gözüň dört bolmak öýlenmek, gelin almak. Görogly agamyz gelýär, ondada iki gözi dört bolup gelýär ("Görogly"). Iki hasap bir otuz barybir. Iki jähennemiň owarrasy ne eýläk, ne beýläk, belli bolman galmaklyk, ikaralyk, içýakanlyk. Biziň bu bolşumyz iki jähennemiň owarrasy bolýar (B. Seýtäkow). Ikini islemez ýaly etmek bir iş eden adama gaýtawul berip, ikilenç şeýle zada baş goşmaz ýaly etmek. Iki oduň (daşyň) arasynda galmak iki meseläniň haýsy birine ýykgyn etjegini bilmän, arada janserek bolup galmak, näme etjegiňi bilmän kösenmek. Iki oýnamsekiz sany. Iki oýnam köke. Iki sözüň başyny çatyp bilmezlik gowy gepläp bilmezlik, diýesi gelýän zatlaryny ýerbe-ýer aýdyp bilmezlik. Iki sözüň başyny çatyp bilmese-de, ile gep owretjek bolýar. Iki tarapyny deňlemek näme bolsa, şol bolsun etmek. Iki üzüp, bir ýalmamak ýom-ýok etmek, lak-luk atmak. Şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp bir ýalmardym ("Türkmen halk ertekileri").Iki ýanyňy deňlemek ser. Iki tarapyny deňlemek.
message-reply
Meaning of “iki” in Konkani language – definitions, images, pronunciation, examples, synonyms, antonyms, learn more...
Request to translate if there is no definitions or definitions is not clear enough "iki"?
Ask a question if something is not clear about the word "iki".