Turkmenarrow-right-bold-outlineKonkani Learn Turkmen

“bir” on Turkmen-Konkani dictionary

Literature Examples
favicon
Add meaning, image or audio
Turkmenarrow-right-bold-outlineEnglish open-in-new
num. one.
message-reply
Turkmenarrow-right-bold-outlineTurkmen open-in-new
san. 1. 1 belgisiniň ady we onuň aňladýan sany. Awçy bir gün et iýer, Ýüz gün let iýer (Nakyl). 2. Nämälimligi, näbelliligi aňladýan söz. Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir tört atly gelip: "Turgul" diýdiler (Magtymguly). 3. Ýeke, ýalňyz, diňe. Şu ýerde bir men galdym. ◆ Bir agza bakmak köpçülik bolup, bir adamyň diýeni bilen hereket etmek, bir adama gulak asmak, agzybir bolmak. Bir almany iki bölen ýaly örän meňzeş, biri-birine meňzäp duran. Bujagaz çagalaryň iki sanysy edil bir almany iki bölen ýalydy. Bir aýakdan sürmek parhlandyrmazlyk, aýyl-saýyl etmezlik, tapawut goýmazlyk. Hemme adamy bir aýakdan sürmeli däl. Bir başa ýüzüň ugruna, durman, saklanman. Ol ähli işini bir başa gutardy. Bir başy, bir dabany degmek başagaý bolmak, iş-alada bilen hasanaklap ýörmek. Bir çukura tüýkürmek köpçülik bolup belli pikire gelmek, köpçülik bolup bir pikiri makullamak. Bir demde çaltlyk bilen, bir bada. Olary bir demde sanap, soňuna çykar ýaly hem däl ("Watan"). Bir elde iki garpyz tutdurmazlyk birbada iki ýa ondan köp işi ýerine ýetirip bolmazlyk. Bir gapydan girip-çykmak bir öýde bile ýaşamak. Bir gepli (sözli) wadasyna wepaly, wadasyny ýerine ýetirýän. Bir gez beýgelmek bir zat üçin begenip ruhuň göterilmek. Bir gözde görmek hemmä bir meňzeş garamak, hemme kişini deň tutmak. Ol hemmäni bir gözde görjek adalatly, işeňňir, örän sagdyn adam (B. Kerbabaýew). Bir gözi aýa bakmak, bir gözi şetdaly kakmak gözi gyşyk, çaşy. Bir gulagyndan girip, beýleki gulagyndan çykmak ýatda saklamazlyk, üns bermezlik, diňlemezlik. Bir gysym (sykym) bolmak 1) gaýgy, ünji zerarly horlanmak, iglemek. Igdir aýaly ýadyna düşende, öňküsinden-de kiçelip, bir gysym boldy (B. Seýtäkow). 2) sustuň basylmak, ruhdan düşmek, müzzermek. Bir howa birneme wagt aralygy, bir salym. Ol bir howa ýere seredip oturdy. Bir işiň başyny tutmak bir düýpli işe başlamak, girişmek. Bir jan (göwre), bir ten bolmak 1) birikmek, dost, agzybir, bile bolmak. 2) är-aýal bolup ýaşamak. Bir janly göwrä öwrülmek birigip, bilelikde hereket etmek. Bir meýdan ser. Bir salym. Bir meýdan oýnandan soň, ýene göre girip gitdi ("Görogly"). Bir okda iki towşan awlamak iki bähbidi birden bitirmek. Bir ölüp, bir direlmek gaty agyr ýagdaýa düşmek, uly kynçylyk çekmek. Ene perzendiniň düşen gününe bir ölüp, bir direlýärdi. Bir özi hiç kim bilen däl-de, diňe özi. Toýa öýlerinden bir özi barypdyr. Bir salym bir azajyk wagt, azajyk wagt, bir meýdan. Ol bir salymdan gelse gerek. Bir sanaç uny artyk iýmek ýaşy uly bolmak, tejribesi köp bolmak, köpi gören. Şu oturanlaryň hemmesi sizden bir sanaç uny artyk iýendir (B. Annageldiýew). Bir söz az, iki söz köp ynjyk, sähel zady göwnüne alýan. Bir süri (zat, adam) gepl.d. gaty köp (zat, adam). Ogluňa bir süri zat getiräýipsiňle, ony gaty gowy görýäň öýdýän. Köçeden bir süri adam geçip gitdi. Bir ugurdan gopmak pikirdeş bolmak, biri-biriňe raýdaş bolmak. Bir wagt(lar) bireýýäm, mundan köp wagt öň. Olar-a bir wagt şähere göçdi. Bir ýeri depip durmak öz diýeniňi makullatjak bolmak. Biz diňe bir ýigitlere, at-ýaraga daýanyp, bir ýerini depip hem durmaly däldiris (N. Saryhanow). Bir ýüzli etmek 1) hemmesini ýerbeýer etmek, gutarmak, tamamlamak. Meýdan işleri bir ýüzli edildi. 2) eýläk ýa-da beýläk etmek, bir ýaňalyk etmek. Meseläni basymrak bir ýüzli etmek gerek. Bir ýumrugyň artmak maşgalada çaga sany köpelmek, ogul çaga dünýä inmek. Bir zaman ser. Bir salym. Dalaşma, dildarym, bir zaman goýgul (Halk aýdymyndan). Iki bolup bire degmez iki adam bolup, bir adamyň oňarýan işini edip bilmeýän, nalajedeýin (adam hakynda). Siz-ä bir iki bolup bire degmez ekeniňiz, bitiren işiňiz ýok. Bir zat diýmek 1) bir zat aýtmak. 2) gaty-gaýrym söz aýtmak, ýakymsyz söz diýmek. Oňa bir zat diýmäge neneň diliň barýar?
message-reply
Meaning of “bir” in Konkani language – definitions, images, pronunciation, examples, synonyms, antonyms, learn more...
Request to translate if there is no definitions or definitions is not clear enough "bir"?
Ask a question if something is not clear about the word "bir".